10:54 Durmuş mekdebi | |
DURMUŞ MEKDEBI
Edebi makalalar
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ägirt uly işler Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy arkaly amala aşyrylýar. Onuň maşgalasynyň- ýedi arkasynyň milli göreldesi bolsa durmuş mekdebine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim- paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň her biri halkymyz üçin bahasyz hazynadyr. Bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaň salan “PAÝHAS ÇEŞMESI“ ýaly onlarça eserleri halkyň ýan kitabyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ”Älem içre at gezer”, ”Döwlet guşy” romanlary durmuşda duş gelen kynçylyklary, päsgelçilikleri parasatlylyk, belent adamkärçilikli hereketler bilen ýeňip geçmegiň nusdalyk beýanydyr. Romanlary okanyňda bütin ömrüni Watanyna, il-gününe bagyşlan, halallygyň belent nusgasyny görkezen adamlaryň adamkärçilikli sypatlarynyň açylyp görkezilýändigine göz ýetirýärsiň. Romanlaryň baş gahrymanlary Berdimuhamet aganyň we onuň ogly Mälikgulynyň durmuş ýoly, milli göreldeleri yzarlanylýar. Olaryň ýaşaýşynyň, ýöl-ýörelgeleriniň türkmen halky üçin durmuş mekdebidigine aňry ýany bilen göz ýetirýärsiň Halkyna, Watanyna päk zähmeti bilen hyzmat etmekligiň aýdyň nusgasyny görkezmekligi,okuwçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanyp, hemişe hemaýat berip durmaklygy olarda bu beýik mugallyma uly söýgi döredipdir. Hormatly Prezidentimiziň ”Döwlet guşy” romany özuniň ajaýyp keşplere baýlygy bilen bada-bat özüne çekýär.Çünki dartgynly wakalar, täsirli pursatlar, maksada okgunlylyk,içki dünýäni açyp görkezmekligi okyjyny tolgundyrýar. Romandaky wakalar durmuş hakykatyndan alnan. Bu bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Berdimuhamet Annaýew çarwa obalarynyň birinde mekdep direktory bolup işlän döründe oba adamlary bilen dogan ýaly bolup gatnaşyk etmegi, boş ýatan mellegi bag-bakjalyga öwürmegi, obanyň birnäçe ýaşulylary bilen gatnaşyklary, watansöýüjiligi nusgalyk mekdebe öwrülýär. Ata Watany söýmek, halkyň, daş-töwerekdäkileriň bähbidini arap ýaşamak romanyň gahrymanlarynyň her birinde açyk aýdyň görnüp dur. Berdimuhamet aganyň maşgalasy obada hemmä görelde bolýar. Maşgala agzalary türkmene mahsus asylly ýörelgeleri, nusgalyk däp-dessurlary ýöredýär.Nahar iýlende “bismilla” öý ýaşulusynyň başlamagy we öý ýaşulusynyň “omyny” arkaly tamamlanmagy bilen ýerine ýetirilýär. Berdimuhamet aga edep- terbiýäni ilki bilen çagalaryndan başlaýar. Her bir işde iliň öňünde bolup, olary belent maksatlara itermegi başarýar. Kitapda Hormatly Preidentimiz “Men özüm üçin çendenaşa mähriban we ýakyn, ýöne meni görüp bilmedik adamyň agtygy bolanyma biçak buýsanýaryn... Bütin ömrüme men özümi atama deňedim hem-de hemme mesele babatda oňa meňzemäge çalyşdym” diýen sözleri bilen başlanýan setirlerinde Agtygyň atasyna bolan ýürek buýsanjy täsirli beýan edilýär. Kitapda mugallymçylyk kärine bütin durky bilen berlen Berdimuhamet aganyň hakyky mugallym hökmünde kemala gelşi yzarlanylýar. Halkyna, Watanyna päk zähmeti bilen hyzmat etmegiň aýdyň nusgasyny görkezmekligi, okuwçylarynyň gyzgyn söýgüsini gazanmaklygy, olara hemişe hemaýat edip durmaklygy, olarda bu beýik mugallyma uly söýgi döredipdir. Oba adamlary bolsa obada sowatsyzlygy ýok etmekde ýaşlara bilimdir terbiýebeýe bermekde, täze mekdepleri gurmakda öňdebaryjylaryň biri hökmünde hormatlapdyrlar. Berdimuhamet Annaýew gowgaly günlerde öz ornunyň mekdepde däldigine oňat düşünýär. Şonuň üçin hem meýletinlik bilen Watan goragyna gitmek barada arza ýazýar. Emma Berdimuhamet mugallym ýaly işine ezber, sowatly, tejribeli adamyň obada ýetmezçilik edýänligi sebäpli onuň haýyşy birbada kanagatlandyrylmaýar.Oňa aýdylan söz hemmeleri tolgundyrýar.Çünki Berdimuhamet mugallym fronta gitjek bolsa ýedi sany gyzy özi ýaly mugallym edip taýynlamalydy. Ol şeýle hem edýär. Ýedinji klasy tamamlan gyzlardan mugallym taýynlaýar. Olara mugallymçylygyň inçe tilsimlerini öwredýär. Berdimuhamet mugallym kynçylyk ýyllary çagalaryny okuwa ibermeýän adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirýär hem-de olara ýüzlenip:” Mähriban adamlar! Meniň sizden etjek bir haýyşym bar. Ýurtda uruş gidýär diýip çagalaryňyzy okuwdan alyp galyjy bolaýmaň. Gagalar okasyn” diýýär. Ol çagalaryň bilim almaklarynyň örän möhümdigini düşündirýär. Hormatly Prezidentimiz öz sözlän sözünde ”Şeýle agyr şatylara merdi merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn” biýip aýdýar. Berdimuhamet mugallym maşgalasy bilen hoşlaşmazdan öň bedew aty Dagarman bilen hoşlaşýar. Önuň bilen adam dilinde sözleşýär. Bedew at eýesiniň kalbyndaky duýgylary syzýar. Şeýle-de bolsa mähriban ynsandan aýra düşmek ýeňil däl. Ol Dagarmany özi ýaly görüp idetjek, saklajak Berkeli aga tabşyrýar. Eserde bu pursatlar has täsirli beýan ediýär. Türkmeniň bedew ahal-teke atyna bolan söýgüsi arkama arka dowam edip gelýär. Ahal-teke atyna bolan söýgi Berdimuhamet mugallymyň geljekke agtygy türkmen halkynyň Arkadagy Hormatly Prezidentimizde jemlenýär. Çünki Hormatly Prezidentimiz ahal-teke atyny janyndan eý görýär. Watanyň möhüm işleriniň köpdügine garamazdan wagt tapsa şol atlar bilen wagtyny geçirýändigini, olara bolan söýgüsiniň çäksizdigini görýäris. Eserde Dagarmanyň hereketleri yzarlanýar. Ol birnäçe gezek Berdimuhamet agalara gelýär. Eýesini tapman yzyna gaýdýar. Ýeri gelende aýtsak frontçy esgeriň ýaralanyp obasyna dolanyp gelýärkä bolan ýagdaýy okyjyny has-da tolgundyrýar. Berdimuhamet aga Akmyrat takyryň paýtuny bilen oba tarap gaýdýar. Onuň gelýänini hemmeden öň Dagarman duýýar: ”Oglanlaryň gykylygyna Dagarman birden togsaň-tebil tapdy, gulaklaryny gyrpyldatdy, burnuny pyrryklatdy. Soňam ötgün bir ses bilen kişňäp,çarpaýa galdy... Hana, ol tanapyny süýräp ýol bilen hol allowarada görünýän Akmyrat takyryň furgonyna tarap okdurylyp, Mälikguly bolup barýar... Mälikguly atyň yzyndan eňdi. Ol ylgap däl, uçup barýardy. Kakasynyň aýdyşy ýaly, döwlet guşy ahyryn ol!” Şeýlelikde romanda aýdyljak bolunýan Baş pikir we çeperçilik howalasy öz çözghüdini tapýar. Dadarman Mälikgulynyň arzuwlarynyň ganatyna, döwlet guşunyň nyşanyna öwrülýär. Romanda Berdimuhamet aga söweş meýdanynda , aldym-berdimli şöweşlerde türkmen ýigidine mahsus häsiýetlerini özünde jemleýär. Onuň söweşjeň ýoldaşlary bilen gatnaşygy, birek-birege beren goldawlary, has aýdyň görünýär. Onuň frontdan iberen hatlary hemmeleri şatlandyrýar. Urşuň kynçylykly döwründe ýaşaýan maşgala agzalaryna güýç-kuwwat berýär. Kynçylyklardan ejizlemän zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Öz hatynda: ”Men siziň üçin janymy bermäge taýýar ahyryn. Siz meniň ömrümiň manysy, Siz meniň kuwwatym, daýanjym” diýip ýazýar. Haty okanyňda Berdimuhamet aganyň öz maşgalasyna bolan çäksiz söýgüsini görmek bolýar. Romanyň esasy gahrymanlarynyň biri hem Berdimuhamet aganyň ogly Mälikgulynyň keşbidir. Mälikguly ýaşlykdan uly adamlaryň hataryna goşulmaly bolýar. Ol uly ýşly adamlar bilen deň durup ekin meýdanlarynda zähmet çekýär. Kakasynyň il içindäki hormatyna guwanýar, buýsanýar. Onuň ynamyny ödemek üçin oňat okaýar. Eserde ýaş oglanjygyň oýlanmalary, wakalara garaýyşlary halky dilde ussatlyk bilen beýan edilýär. Kakasynyň edil uly adama ýüzlenen ýaly maşgalanyň ojagyny özüne tabşyryp, gelýänçä maşgala sütünini abat saklajakdygyna ynanýandygyny aýdanda özüne ulyjogapkärçiligiň ýüklenýändigine düşünýär... Ol kakasyna: "- Gelýänçäňiz gujur-gaýratymy gaýgyrmaryn. Men siziň ynamyňyzy ödärin” diýýär. Tyldaky kynçylyklary ýeňmäge bolan uly ynam oglanjygy kämillige alyp barýar. Onuň mekdep jaýyny täzelemekde görkezen erjelligi, synpdaş oglanlary bilen kolhozyň ekin ekilen ýerlerini sürüşleri, ýeke galan hojalyklara kömek edişleri, belent adamkärçiligi bilen oba adamlarynyň dilini tapyşy, ýokary guramaçyllygy, sähel wagt tapsa mellekde işläp, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmegi biziň her birimiz üçin milli göreldeli durmuş mekdebidir. Romanda Mälikguly aganyň ýaşlyk ýyllarynda eden işlerine buýsanç bilen garaýarsyň. Mälikgulynyň dostlary bilen gatnaşyklary eserde has-da täsirli berilýär. ”Dostlary bilen bolmakdan tükeniksiz lezzet alýardy. Olaryň içen suwlary aýra gidenokdy, üçüsi klasyň bäşlikçileridi. Olaryň üçüsem halal, päk oglanlardy, dogruçyldylar, dosta wepalydylar”. Onuň dostlary bilen örän özüne çekiji gatnaşyklary ýaş nesilde dosta wepalylygyň nusgasy bolup durýar. Onda häzirki döwrümizde ýaşlarymyzda görmek isleýän oňat häsiýetleri görýärsiň... Mälikguly sowatly, ýokary düşünjeli adam bolup ýetişdi. Ol ýurdumyzdaky harby bölümlerde, soňra metbugatda işledi. Türkmen diliniň taryhyny, edebiýatyny ahlitaraplaýyn öwrendi. Ony wagz etdi we ylmy-usuly işleri ýazdy. Ýaşlykdan döredijilik işleri bilen meşgullandy. Romanda Mälikguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny halka okap bermegi, örän köp goşgulary, üç sany dessany ýatdan bilmegi ýokary ahlaklylygyň, doganlyk-dostlugyň nusgasy hökmünde ýaşlary terbiýelemekde baý çeşme bolup hyzmat edýär. Ol Watan, il-ýurt barada ajaýyp şygyrlary ýazýar. “Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, "Ýürekleriň buýsanjy –Watan”, ”Gideliň biz atalaryň ýolundan”, ”Köp ekeliň dänäni” atly şygyrlary ýetginjeklerde Watana bolan söýgüni oýarmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetlidir. Bu eserler ýaş Watançyny kemala getirmekde, terbiýelemekde egsilmejek hazynadyr. Hormatly Prezidentimiziň "Döwlet guşy” romany türkmen halky üçin milli göreldeli terbiýe mekdebidir. Ol esasan hem ösüp gelýän ýaşlar, mugallymlar, terbiýeçiler üçin bolsa bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, uly gollanmadyr. ” Mugallymlar gazeti” 1.08.2014 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |