12:22 Durmuşy kadalaryň ulgamy | |
Türkmen jemgyýetiniň taryhy durmuş kadalar ulgamy, bu halkymyzyň asyrlardan-asyrlara uzaýan ýoly – Türkmeniň ýoludyr. Sazandalaryň, şahyrlaryň aýdyşy ýaly, öz ýoluňa düşünmek bolsa özüňi tapmagy, zanny-ýasawyňy ýitirmezligi hem-de yzygiderli kämilleşmeklige mümkinçiligi aňladýar. Şoňa görä-de ilkinji nobatda, taryhy türkmen jemgyýetiniň emele gelmegini, dowam etmegini, kämilleşmegini we etrusklaryň, hettleriň, assiriýalylaryň jemgyýetleri ýaly taryhyň jygba-jyg gerdişlerinde öz-özünden dargap ýitip gitmän, häzirki güne çenli gelip ýetmegini üpjün eden durmuş kadalarynyň mazmuny, görnüşleri hem-de olaryň jemgyýetdäki ähmiýeti barada söz açmak ýerlikli bolar.
Hukuk maslahathanasy
Mälim bolşy ýaly, adamlaryň arasyndaky dürli gatnaşyklaryň ummasyz toplumyndan emele gelýän jemgyýet, ähli zatdan öňürti tertip-düzgüne mätäç. Sebäbi diňe bir adamlaryň döredýän jemgyýetleri däl, eýsem ähli janly-jandarlaryň, hatda iň kinniwanja mör-möjekleriň-de emele getirýän jemgyýetjikleri diňe tertip-düzgüniň esasynda döreýär we hereket edýär. Mysal üçin, garynjalar. Biziň her birimiz çagalykda, bu zähmetsöýer jandarjyklaryň iki-ýana ibirt-de-zibirt gatnaýyşlaryna haýran galyp, syn edendiris. Hetdi-hasaby bolmadyk garaja janawerleriň biri eýläk, biri beýläk, şol ýadawsyz, dynuwsyz gatnap durlar, gatnap durlar…Göräýmäge, ine saňa giden bir bulam-bujarlyk, her möjejik islänini edip ýören ýaly. Emma üns berip, siňe synlaýarsyň welin, olaryň hereketlerinde tükeniksiz tertip-düzgüniň bardygyna düşünýärsiň. Şol tertip-düzgün hem garynjalar ýaly kinniwanja janawerlere, olaryň gabarasy bilen deňeşdireniňde mähnet hem gorkunç görünýän dünýäde, ýüz müňlerçe ýyllaryň dowamynda, ähli tebigy hadysalaryň, keselleriň gazabyna döz gelip, ähli ýagylaryny ýeňip ýaşamaga mümkinçilik berip gelýär. Ýöne garynjalaryň we beýleki janly-jandarlaryň adamdan tapawutlylygy, Tebigat olaryň aladasyny edipdir. Tebigat adamdan özge ähli mahlukyýeti özi bilen deň-derejede goýman, öz ýoluny we durmuşyny saýlamaga mümkinçilik bermän, olaryň gamyny özi iýipdir. Öz ýaradan jandarlarynyň hiç haýsynyň pikirini soramazdan, islegini nazara almazdan Tebigat, dünýäde iň ökde Kanunçykaryja öwrülipdir. Tebigat ol jandarlar heniz dünýä inmänkäler kabul eden, üýtgedip bolmaýan, goşmaça girizseň aýylganç betbagtlyklara getirýän, dünýäde iň mäkäm kanunlary bilen öz perzentleriniň ählisiniň ykbalyny kesgitläp goýupdyr. Möjekmi?! Doglanyndan beýläk awçy hem sergezdan bolmaly. Garynjamy?! Ömrüni öz hininiň hyzmatynda geçirmeli. Guşmy?! Ykbaly erkinligiň ebedilik aňlatmasy – asman bilen bagly. Balykmy?! Ömri suw bilen… Umuman adamdan özge ähli jandarlaryň ýoly öňünden kesgitlenip goýlupdyr. Diňe jahanda iň uly serpaý hökmünde paýhas bagyşlanan ynsana, hökmürowan Tebigat, onuň üçin öz döreden kanunlaryna uýmakdan başga-da öz durmuşyny, öz ykbalyny kesgitlemäge mümkinçilik beripdir. Adammy?! Isle tokaýda ýaşa, isle dagda-düzde ýaşa, isle deňizde ýa-da howada… Halys özüňe peşgeş berlen Zemine sygmasaň bolsa, öz paýhasyň güýjüne daýanyp, Älem giňişligine çyk-da, ýyldyzlara toýnak sal… Emma adamyň paýhasynyň barlygyndan gelip çykýan saýlamaga we erkinlige bolan hukugy bilen bir wagtda Tebigat tarapyndan onuň üçin hem ençeme çäklendirmeler girizilen. Şol çäklendirmeleriň iň esasysy hem, rahat we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek üçin adamyň hemişe tertip-düzgüne mätäç bolmagydyr. Eýsem, garynjalaryň jemgyýetinde tertip-düzgüni tebigy kanunlar ýola goýýan bolsa, ynsan jemgyýetinde tertip-düzgüni nämeler emele getirýärkä? Bu sowalyň jogaby “durmuş kadalary” diýen ýeke jümleden ybarat. Mälim bolşy ýaly, durmuş kadalary diýlende, adamlaryň jemgyỳetde özüni alyp baryşlaryny kadalaşdyrỳan, olaryň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny aňladỳan, umumy häsiỳetdäki düzgünlere düşünilýär. Durmuş kadalarynyň ahlak kadalary, däp-dessurlar, edim-gylymlar, syỳasy düzgünler, toparlaýyn kadalar, dini kadalar we hukuk kadalary ýaly görnüşleri bardyr. Elbetde durmuş kadalarynyň islendik görnüşiniň bir özüniň aýratynlykda jemgyýetde zerur tertip-düzgüni üpjün edip bilmejekdigi öz-özünden düşnüklidir. Mysal üçin, durmuş kadalarynyň iň bir mäkäm hem-de döwletiň mejbur ediji güýji bilen kepillendirilýän görnüşi bolan hukuk kadalaryny alyp göreliň. Jemgyýetde hukuk kadalary bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň diňe belli bir bölegi, özi-de beýleki böleklerinden köp bolmadygy kadalaşdyrylýar. Ine, türkmeniň durmuşynda wajyp waka bolan gelin toýy. Hukuk kadalary diňe Türkmenistanda nika ýaşyna ýeten zenan bilen erkek kişiniň maşgala gurup bilýändiklerini, şonuň ýaly-da maşgala gurmak üçin haýsy şertleriň zerurdygyny, raýatlaryň özara baglaşan nikasyny haýsy döwlet edarasynda, nähili tertipde resmileşdirmelidigini kesgitläp berýär. Nikalaşýanlaryň toý tutmagy, toýuň geçiriliş tertibi, toýuň dowamynda amala aşyrylýan hereketler bolsa hukuk kadalarynyň ünsünden düşüp galýar. Ine şol ýerde-de däp-dessurlar, edim-gylymlar, ahlak kadalary ýaly beýleki durmuş kadalary herekete girýärler. Ol kadalaryň tertip-düzgüni üpjün edişleri hem hukuk kadalarynyňkydan peslär ýaly däl. Toýuň öňysyrasynda geçirilýän geňeş toýunda ýaşulylaryň kabul eden çözgütleri hukuk taýdan resmileşdirilip, ýazmaça görnüşde berkidilmese-de, toýuň geçirilýän çäginde uludan-kiçä hemmeler üçin hökmany ýerine ýetirilmäge degişli bolup durýar. Toýda daň horazlary bilen bir wagtda örüp, ýarym ukuly halda tüssä boglup nahar atarmagyň, çaý gaýnatmagyň, soňra toýa myhman bolup gelýän ymgyr mähellä hyzmat etmegiň hele-müçük bolmadyk zähmetdigini hiç kim inkär edip bilmez. Özem bu zähmet üçin hak tölenmeýär, ony amala aşyrmagyň tertibi hem haýsydyr bir düzgünnama ýa-da gözükdirme bilen kadalaşdyrylmaýar. Emma şonda-da toý eýesi haýsydyr bir ýörite döredilen kärhana bilen toýuň hyzmatyny etmek barada şertnama baglaşyp, töleg geçirmese-de, her biri ýüz adamy doýurmaga niýetlenen kyrk gazan atarylýan türkmen toýlarynda iş ýerde ýatmaýar. Toýda hyzmat edip lüti süýnen daýaw-daýaw pyýadalaryň, degenek jahyllaryň arasynda-da öz zähmetiniň “hakyny” talap edýän ýeke adam ýok. Olar üçin iň uly serpaý toý eýesiniň “taňryýalkasyn, toýuňyzda gaýtsyny” hem-de toý bikesiniň eginlerine atýan gyraly ýaglygy. Hukuk kadalary jemgyýetde jemgyýetçilik tertibiniň möhüm düzüm bölegi bolan hukuk tertibini üpjün edýärler. Durmuş kadalarynyň bütewi toplumy bolsa tutuş jemgyýetçilik tertibini berkarar edýärler. Durmuş kadalarynyň islendik görnüşiniň hem özboluşly wajyplygy bar. Olaryň hatda ýekeje görnüşiniň hem degişli derejede hereket etmezligi jemgyýetdäki sazlaşygyň ýitmegine we ýola goýlan düzgün-tertibiň bozulmagyna getirýär. Durmuş kadalarynyň hiç haýsy-da biri-biriniň ýerini tutup bilmeýär. Mysal üçin, hukuk kadalary adamy masgaralamagy, kemsitmegi gadagan edýär we şeýle hereketleriň edilmegi üçin temmi berilmegini üpjün edýär. Emma hukuk kadasy her bir adamyň beýleki bir adama salam bermegini kanuny hökmanylyk hökmünde berkitmeýär. Adamlaryň birek-birege salam bermegi gadymdan gelýän dessur. Emma dessur hem bir adam beýleki adama salam berende onuň äheňiniň nähili bolmalydygyny, özüni nähili alyp barmalydygyny gutarnykly kesgitlemeýär. Salamyň sylag-hormata ýugrulmagyny ahlak kadalary üpjün edýärler. Elbetde durmuş kadalary we jemgyýetiň guralyşy barada ýokarda görkezilen kanunalaýyklar köp jemgyýetlere hem mahsusdyr. Emma päkizeligi we halallygy ähli zatdan ýokarda goýmaga endik eden türkmen halkynyň içindäki gatnaşyklarda, durmuş kadalarynda öz beýanyny tapýan sylanyşyklylyk, tertiplilik, ahlak arassalygy, dostluk-doganlyk we ş.m. ýörelgeleriň ýerine ýetirilişiniň has hem inçeden yzarlanýandygyna gündelik durmuşymyzda hemişe duş gelmek bolýar. Türkmen jemgyýetiniň tertip-düzgünli gurluşynyň taryhyna düşünmegiň iň möhüm açary bolsa halkymyzyň şadessanlary, dessanlary, goşgy-gazallary we esasan hem nakyllarydyr. Gadymy rimliler ýöne ýerden öz gadymy hukukçy alymlary Ulpiýanyň, Gaýyň, Modestiniň, Paweliň, Papiniýanyň, Labeon bilen Kapitonyň we beýleki ençeme danalarynyň özlerine miras goýup giden ýörelgeleýin düzgünlerini “ratio scripta-ýazylan paýhas” diýip atlandyrmandyrlar. Olar dana ogullarynyň döreden tymsallary arkaly öz halklarynyň, öz jemgyýetleriniň döreden kadalarynyň hiç haçan ýitmejek, ýok bolmajak ebedilige eýe boljakdygyna, bütin dünýäniň hem özleriniň “ýazylan paýhasyny” ykrar edip, ol kadalary jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda özlerine gollanma hökmünde kabul etjekdigine düşünipdirler. Ýazylmadyk hem bolsa, ata-eneden ogul-gyza geçip, dilden-dile geçip gelen biziň nakyllarymyz-da türkmen halkynyň iň ajaýyp paýhas goruny, iň kämil däp-dessur, ahlak, edim-gylym, toparlaýyn we beýleki kadalaryny özlerinde jemleýärler. Olaryň türkmen jemgyýetiniň taryhyny öwrenmegiň açary bolup durýanlygy hem şundan ybaratdyr. “Ula sylag, kiçä hormat”, “Myhman ataňdan uly, myhman öý eýesiniň guly”, “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir”, “Daş bilen urany aş bilen ur”, “Toýa barsaň doýup bar, täze donuň geýip bar”, “Egri azar, dogry ozar”, “Är lebizden koý bogazdan”, “Il bilen gelen toýda baýram” ýaly müňlerçe nakyllar hem tymsallar gadym döwürlerden bäri türkmen jemgyýetinde tertip-düzgüni üpjün ediji dürli durmuş kadalarynyň wezipelerini ýerine ýetirip gelipdirler. Ol ýörelge-nakyllar häzirki döwürde hem öz ähmiýetlerini ýitirmeýärler. Hukuk nazaryýetinde bir düşünje bar. Haçan-da döwlet tarapyndan kabul edilen hukuk kadalary jemgyýetiň gursagyna siňip, halkyň ruhy dünýäsinde orun alyp, ahlak kadalaryna ýa-da däp-dessura öwrülse, şonda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky tapawutlyklaryň agramly bölegi ýitýärler-de, olar bir jan bir ten ýaly, bütewilikde hereket edip başlaýarlar. Şeýle ýagdaýlar hem hukugyň hereket etmeginiň iň kämil görnüşidir. Sebäbi döwlet tarapyndan kabul edilen hukuk kadasy, hiç-hili mejbur edijilik güýji ulanmazdan adamlar tarapyndan öz-özünden ýerine ýetirilip başlansa, bu şol jemgyýetiň we döwletiň kämilligiň ýokary sepgitlerine tarap dogry ýoldan barýandygyny aňlatmaýarmy eýsem?! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |