17:32 Düwmelere siňen duýgylar / oçerk | |
DÜWMELERE SIÑEN DUÝGYLAR
Aýdym-saz sungaty
Toýa gelen myhmanlaryň öňünde akkordeon çalyp aýdym aýdyp duran, Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýewi diňläp duran on-on iki ýaşly Handurdy, kakasy—Jumadurdy mugallyma ýüzlenip: ¬—Kaka, o bagşyň çalyp duran saz guralynyň ady näme? —Akkordeon. Nätanyş saz guralynyň üýtgeşik owadan sesine maýyl bolan Handurdy, öýe gelýänçä, ýolboýy: “Akardyýon, akardyýon” diýip, henjikläp geldi. Enaýy saz guralyna çagalykdan aşyk bolan Handurdy, şol günden, tä ömrüniň ahyryna çenli, saýlap alan guralyna wepalylygyny saklady. Emma, ilkibaşda ol dutara synanyşypdy. Ilkinji halypasy—kakasyndan dutar düzmäni bir günde öwrendi. Jumadurdy mugallym her tilsimleri ulanyp ogluny synagdan geçirpdi: düzüwsiz dutaryň “eşeginiň” ýerini üýtgedip görer; aşaky tary gowşadyp, ýokarkyny dartdyrar; ilki özi düzüp, birnäçe gezek kakar-da, tarlary gowşadyp, “Ýaňky düzüwi tap” diýer. Üşüklije şägirtjik halypasynyň buýran işini ýalňyşman ýerine ýetirip otyr. Soňabaka halypa sazandalaryň çalýan sazyň äheňiniň (tonallygynyň) düzüwini ýatdan düzüp ugrady we ýeňilräk sazlaryň çetinden girip başlady. Ýaňy sag eliniň başam we süýem barmaklary bilen “burup” almany öwrenende we çep eliniň başam we orta barmaklaryny geňzew perdede (dördünji perde) saklap, süýem barmagyny birinji perdä ýetirip, barmaklarynyň arasyny “ýirip” başlanda, ykbal onuň eline başga saz guralyny gowşurdy. Handurdy özünden uly basdaş agasy—Begdurdy bilen basalaşýar. Elbetde, Begdurdy ekabyrrak, Handurdyny derrew astyna alýar-da, bir elini arkasyna towlajak bolýar, Handurdy çydaýar, garşylyk görkezýär we öňe omzaýar. Oglanlaryň ejesi, Ogulgurban gelneje: —Begdurdy, seresabrak bol! Ol entek kiçi, çaga—diýip, duýdurýar. Jumadurdy mugallym ogullaryna ýüzlenip: —Mallara suw görkezdiňizmi, dölelerini arassaladyňyzmy? —diýip, ýatladýar. Oglanlar çykyp gidensoňlar: —Handurdyny şäherdäki mekdep-internata beräýmeli. —Hany, otaýyk ýetim-ýesirler tabşyrylanokmy nä? —diýip, Ogulgurban gelneje ör-gökden gelýär. —Seň diýýäniň—çagalar öýi. Bu bolsa beýleki mekdepler ýaly, ýöne ýatymlaýyn okamaly. —Wiý, onuň naharyny-suwyny kim taýynalar, üst-başyna kim sereder? —Hemme iş ýola goýlan: gündiz okuwlaryny okaýarlar, sapaklardan soň bolsa okuwçylar bilen terbiýeçiler bolýarlar. —Onda, Begdurdy janam äkit, ol hernäm bolsa ekabyrrak, jigsine-de göz-gulak bolar. —Ol maňa bärde gerek, hojalyga-da biri seretmel-ä. Onsoňam her ýekşenbede, baýramçylyk günlerinde we dynç alyşda öýe goýberýärler-ä. Şol ýyl Handurdy Begdurdy ýaly batga batyp, goňşy obadaky orta mekdebe gatnamakdan azat boldy (obada diňe başlangyç mekdep bolansoň, uly synply okuwçylar goňşy oba gatnap okaýardylar). Ilki baran günleri gulagy jam ýaly Handurdynyň pioner otagyndan gelýän aýdym-sazyň sesi ünsüni çekdi. Ol çekinjeňlik çalarak açyk gapydan jyklap gördi. Onuň ilki gözüne ilen pianinonyň gapdalyndaky oturgyjyň üstünde goýlan çalymtyl akkordeon boldy. Kakasynyňky ýaly üç-dört sany rejelenip goýlan dutar bilen gyjaga soň gözi düşdi. Asyl bu otag saz gurallarynyň köşgi bolsa nätjek! Mekdebiň mandolinem, depregem, surnaýam, baýany hem bar eken! Ýöne, Handurda gelnalja gidýän lökgeleriň saýrýan seslerine çalymdaş, her dürli owazly, tolkun-tolkun ýaýrap, iniňi jümşüldedýän akkordeonyň owazy beýleki saz gurallaryndan has mylaýym eşidilýärdi. Agşam ýakynlaýar welin, Handurdy bedenterbiýe mugallymy, hem terbiýeçisi, Myrat Halmämedowa ýalbaryp durandyr: —Ýoldaş mugallym, ýarym sagatjyk, diňe ýarym sagatjyk... Diňe akkordeon çaljak, eýlekilerine elimem degirjek däl. Beräýiň-dä açary! —Öýe berlen sapaklaryňy etdiňmi? —Hawa. —Çaga üýşüräýme, gapyny gulplap, açary maňa tabşyrarsyň. Eliň akkordeonly ýatakhanada göräýmäýin!—diyip, Myrat mugallym berk tabşyrýar. Açary aýasyna gysyp, Handurdy begenjine uçup gidýär. Ýarym sagat nire, ýatyljak wagtyň öňüsyrasy ýaşajyk sazanda sag eliniň barmaklaryny köýneginiň ilikleriniň üstinde gezmeleşdirip, hiňlenip gelýändir. Oglanlar boş wagtlary futbol,woleýbol oýnasalar, Handurdy saz otagyna howlugardy. Ol kä ýekşenbede öýüne-de gitmän, akkordeonjygy bilen ikiçäk galardy. Ýaşajyk sazanda emaý bilen iki ýarym oktawaly, ýetginjekler üçin niýetlenen çaklaňja akkordeonyny gutysyndan çykarar, esgijigi bilen arassaja guralynyň “tozanyny” süpürer; soňra, edil dutary eline almanka edýän endigine görä, akkordeonyň bedenine Köpetdagyň kemer-kemer daglarynyň çalymtyl, ak-gara fotosuratyna meňzeş, üstine lak çalnan, her dürli öwüşginli geometrik figuralarynyň çekilen şekillerine: göniburçluklara, nädogry göniburçluklara, üçburçluklara alnyny degrip, ýüzüne sylar-da, saz öwrenmäge oturar. Ilkinji gezek nätanyş guraly ilki eline alanda, nämeden başlajagyny bilmän ikirjeňlenip durdy-da, sag eliniň barmaklary ak-gara düwmelerine (klawişlalryna) basyp ses çykaryp, bir-birden diňläp gördi. “Hä, bular-a dutaryň perdeleri ýaly” diýip, düşündi. Soňra çep eliniň barmaklary bilen akkompanement (ba:s) düwmejiklerini barlap gördi-de: “Düşnüksizräk, bu sesler bilen-ä saz çalyp bolmaz. Onda-da, Mämi Çar-a iki elinem ezber oýnadýar. Nädip ulanmaly-ka bu garaja düwmejikleri? Ilki sag elimi özleşdireýin, çepimi gabat gelemde halypadan soraýaryn” diýip, netijä geldi. “Ýetim oglan öz göbegni özi keser” diýilşi ýaly, ýaş sazanda akkordeony halypasyz özleşdirmeli boldy. Ilkibaşda ol başam barmagy bilen dutaryň ýokarky taryny “tapdy”, soň süýem barmagy bilen aşaky tary gözlemäge başlady we üstünden baran ýaly boldy hem, emma näme üçindir başam barmakdan aşak dördünji klawişany bassaňam, bäşinjini bassaňam şol bir owaz—dutaryň düzüwine ikisi hem örän meňzeş. Oýlandy-oýlandyda, dulda duran dutarlaryň birirni aldy-da ýokarky taryny ak klawişleriň birine deň düzdi, soň dutaryň aşaky taryny ýokarka görä düzdi. Düzülen dutaryň tarlaryna kakyp, onuň owazyny akkordeondan gözläp başlady. Ahyry üstünden bardy: ýokarky taryň sesini berýän başam barmagyň basýan klawişesinden, dördünji klawişä süýem, ýa orta barmaklaryň bilen basanyňda aşaky taryň sesini berýän ekeni! Bu düzgüne, ýagny dutaryň-gyjagyň kwarta (iki ýarym ton), skripkanyň bolsa kwinta (üç ýarym ton) düzülýänligini soň-soňlar—saz teoriýasyny (nazarýetini) öwrenende düşünipdi. Indiden beýläk akkordeonistler türkmen halk sazlaryny çalanlarynda sag eliň başam barmagy dutaryň ýokarky tarynyň, orta barmak bolsa süýem bilen gezekleşip aşaky taryň “wezipesini” ýerine ýetirip, goşa ses kwartanyň düzgünini üznüksiz berjaý ederler, diňe şirwan perdelere düşülende başam barmak “jigilerine” ýardam bermek maksady bilen wagtlaýynça ornuny üýtgeder. Handurdy kakasynyň öwredişi ýaly: ilki ýönekeýden başlap, çylşyrymlysyna geçmegi ýüregine düwdi. Ol akkordeonyna ilki türkmen halk sazlarynyň “aňsadraklaryny” öwredip başlady, soň has “kynlaryna” geçdi. Her sazy öwrenende begenjini kakasyna buşlardy. Sazanda kämilleşdigiçe akkordeondan çykýan owazlar owadanlaşyp, asyl keşbine girip başlady. Ýöne, entek halkyň öňüne çykardan irräkdigine düşünýärdi. Indi ba:s düwmejiklerini sag eliň klawişleri bilen sazlaşdyrmaly—bir perdeden gopdurmaly. Mämi halypa ýadyna düşdi. Ýaş sazanda göwni ýeten Mämi Çary, akkordeon saz guralynyň “syryny” açdy: “Her halkyň öz saz guraly bar, önuň bilen başga milletiň sazyny çalmak aňsat düşenok, çalaýaňda-da asyl nusgasyna doly derejede meňzänok. Akkordeon Ewropada dörän saz guraly. Şol ýurtlaryň sazlaryny çalaňda iki eliň hem barmaklary öz-özleri barmaly düwmejiklerine barýar. Akkordeonyň ba:syny häzirki zaman türkmen sazlarynda ulanyp bolýar we owadan, sazlaşykly gelişýär, ýöne welin, halk sazlaryna gezek gelende asgynrak gelýär. Türkmen halk sazlarynyň köp bölegi simfoniki eser mysaly, ýagny dört bölümden ybarat. Ansambllarymyz halk sazlarmyzyň birnäçesini orkestral görnüşine ussatlyk bilen geçirip, sahnada şowly çykyş edýärler. Emma, ýüzlerçe ýyl kebşirlenip we kämilleşen milli nusgawy sazymyzyň asyl nusgasyny küýsämizde biz ýene dutara ýüzlenmeli bolýarys. Hemme sazlarmyz akkordeonda ellermizi jübüt basdyraýanok. Şonuň üçin bardy-geldi iki eliň jüpüne düşmäýen ýagdaýynda ruhdan düşmeli däl, sag eliň bilen çalaý. Guwanýan! Akkordeon dutaryň dilini öwrenjek bolýar! Ana täzelik! Halk sazlarmyzy ilkinji bolup akkordeona geçirip ullakan asyl iş edýäň. Sen meni örän begendirdiň inim! Üstünlik arzuw edýärin!” diýip, ak pata beripdi. Hakykatdanam, Han däde (dostlary-ýoldaşlary onuň adyny şeýdip tutardylar) soň-soňlar, kämilleşensoň, çalýan sazlaryny üns bilen diňläniňde, häzirki zaman sazlaryny we käbir halk sazlaryny çalanda ba:s düwmejiklerini goşup çalardy. Handurdynyň ilkinji şägirdi—inisi, Baýramdurdy mugallym boldy. Han däde: “Baýramdurdy menden gowy çalardy, ýöne ömri gysga ekeni-dä neressäň” diýip, aram-aram inisini ýatlaýar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Bally (Täçmuhammet) Hajyýew dokuzynjy synpda okap ýörkä Handurdy Jumadurdyýewi halypa tutunýar. Ol sapakdan boş wagtlary Peşanalydan Mara gatnaýar. Ol “Essalawmaleýkim!” diýip Hadurdyň gapysyndan ätläp, onuň aýaly, Nurbibi gelnejesi bilen saglyk-amanlyk soraşansoň: “Gelneje, halypa öýdemi?” diiýip, sorar. Han däde-de köplenç öýüne myhmandyr. “Bally jan, Agaň-a oba, toýa äkitdiler” diýip, Nurbibi gelneje uzakdan gelene myhmana çaý-nahar hödür edýär. O döwürde näme bular ýaly ykjam telefon barmy, öňünden habarlaşar ýaly. Bally toýyň salgsyny alyp, arkasyna akkordeonyny atyp, welosipedli, oba tarap ýelk ýasaýar. Birnäçe ýyllar geçer Ballyň ogly Suhanberdi hem Han dädäň şägirdi bolar. Han aga üç oglunyň gelinlerine “gyzym”, “balam” diýip, ýüzlenerdi. Iýjek almasynyň ýarpa bölüp alyp galyp, galan ýarsyny “gyzlaryna” berer, Nurbibi gelneje bolsa gelinleri bilen basdaş ýaly: “A, maňa!?” diýýär. “Dilberim, saňa bitinini bereris” diýip al ýaňak almalaryň birini uzadar. Han däde telewizorda ýewropa ýaýlymalynyň görkezilýän filmleriniň birini görüp, kinoň soňunda çykýan awtorlarynyň uşak harplar bilen ýazylan sanawyny synlap oturşyna: —Bäý-bä, bu filmi düşürmäge şunça adam gatnaşdymyka?! Maryň ilatynyň ýarysyça bar, gutarar ýerdde gutaranog-a, bi. Haý näbileýin, bu şol kinony gören adamlaryň sanawy bolaýmasa. Biziňem adymyzy ýazmazlarmyka bu sanawa?!—diýende, goňşysy gapydan girip salam berýär. Saglyk-amanlyk soraşansoňlar, goňşysy: —Han däde, jaýy nädýäň? —diýip soranda, iki gat jaýynyň birinji gatyna ýaňyrak göçüp gelen Handurdy ýokarky, ikinji gata elini salgap: —Jaýyň özünden sorasana “Hàny nätdiň?” diýip. Degişip-gülüşip bolansoňlar—Sen gurluşygyňy nädýäň, dynyşdyrýaňmy? —Hawa. Ýöne, bir “Kamaz” gum-a galdy, nätsemkäm ony? —Gömäýsene—diýip, Handurdy goňşysyna “maslahat” berýär. Han däde gartaşyp başlanda saglygy gowşap başlady. Ol keselini bejertmek üçin wagt-wagt hassahana girip bejergi almaly bolýardy. Ir bilen onuň bejerýän lukmany näsaglary aýlanyp görüp, iň soňunda Han dädäň bolýan otagyna, girende, onuň yz ýany bilen bir elini tirseginden epläp, näsagyň özi hem girýär. —Han aga nireden gelýäňiz? —Ganymy barlaga tabşyryp gaýtdym. Gan öýmez ýaly eliňi eplemeli diýdiler welin... Doktor elim-ä epläp bilýän welin, başga ýerime sanjym ýazasyňyz ýog-a?! Han dädäň her bir sözüne gülmäge taýyn bolup oturan otagdaş näsaglary wakyrda berýär. Lukman hem gülkisini saklap bilenok. Gülki köşeşensoň, ol: —Lukmanlar ir bilen näsaglaryna aýlanýan wagty ýeriňizde bolmaly. Bu wagta çenli şepagat uýalary barlag alyp gutarýarlar ahyryn, Siz bolsa barlaghana iň soňunda barypsyňyz—diýende, Han däde: —Obadan gaýtmaly boldum, ýetişmedim... —diýip, dilini dişläp ýetişmänkä agzyndan sypdyrýar. —Obadan!? O nähili?.. Düşünmedim. —Aý, agşam ýaramajak boldum welin, öýe gidäýdim—diýip, boýnynyna alýar. Otagdakylar ýene gülüşýärler. Lukman näsagyň gan basyşyny ölçäp bolansoň, agras sesi bilen: — Öýe gitmek gadagan. Özüňizi biynjalyk duýan ýagdaýyňyzda nobatçy şepagat uýasy nobatçy lukmany çagyryp berýär. Hawa, nämäňiz “ýaramajak” boldy? —Bagrymmy-öt haltammy, umuman içim durşuna-da. —Häzir bir sanjym ederler welin, ähli agyryňyz zym-zyýat bolar. —Doktor, o derman nebsiň agyrsa-da kömek edýärmi? Otagdakylar gyzyl-jyran boluşýarlar. Türkmenistanyň at gazanan artisti, Ata Täçmämmedowyň ogly—Döwran Täçmämmedow Mara gelse Han dädesini görmän gitmez. Ýaş sazandaň “Burny aşagy”, “Maral geldini”, “Gyzdurdyny” ussatlarça çalyp oturşyny üns bilen synlap diňlän Handurdy aga: —Tüweleme, tüweleme! Örän oňat! Elleriňe güller bitsin! Biz-ä indi orta ýaşadygam welin, bular ýaly owadan sazlaň golaýyna-da baryp bilmän daşyndan aýlanyp ýörendiris, çetinden girip başlasaň bar gözelligi bozulaýjak ýaly. Aý, kakaň ikiňiz Çary agaň (Türkmenistanyň halk artisti Çary Täçmämmedow) bu sazlaryny entek dünýä inmäkäňiz öwrenip goýan bolaýmasaňyz. “Ýandymam”, “Saltyklaram” çalýansyň-a?! —Hawa, halypa—diýip, Döwran gülkisini zordan basyp jogap berýär. —Aý berekella! O sazlary çalmasaň-a “Täçmämmedow” diýeniň bilen seni tanamazlar. Bu gün dekabryň on dokuzy. Ertir Han dädäň doglan güni. Ertirki baýramçylyga saý-sebäpli görünip bilmejek artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýazyjy-şahyrlaryň bir bölegi sazandany hem wäşini gutlamak üçin şu gün ýygnanyşypdyrlar. Toýyna gelen dost-ýarlary ymykly ornaşansoňlar, Han däde akkordeonyny alyp olara ýüzlenýär: —Ýekşenbe güni hem bolsa biziň obamyzyň adamlary ir oýanýarlar—her kimiň öz aladasy bar: kimiň bazarlyk işi bar, kim toýyň ugrunda. Ýöne, adamlardan öňürti horazlar aýaga galýarlar—diýip, akkordeonynda uzakdan-ýakyndan gelýän horazlaryň her dürli seslerini çykarýar; horazlaryň sesine towuklaram “wak-wak” edişip, pysyrdaşyp başlaýarlar; her ýerden-her ýerden itleriň hawlaşyp üýrýän seslerini obaň eşekleri dowam etdirýär—Ana, Pirguly aga geçen bazar geçmedik sygyryny ýene malbazara äkidip barýar—diýýärde, sygyrň molaýan sesini berýär—Bu gün Amanmyrat gelin edinýär. Gelnalja gidýän maşynlar hatara düzülişip “ugradylar”: “maşynalryň sesi” jaýy doldurýar. Han däde “gelnalyjyny ugradyp, sag-aman getirensoň”, diňleýjilere birnäçe saz çalyp berýär. Han dädäň repertuary giň we dürli-dürlidi. Ol diňleýji dostlaryny bir sagada golaý güýmäp oturşyna “Nowaýynyň”, “Balsaýadyň” birnäçe nusgalaryny popurri görnüşinde çalyp, finala geçýär: baş sazy—“Durdy bagşyny” çalyp gutarýar. Sazanda entek konsert gutaranok, artist arakesmä çydy diýen manyda, “argyn” akkordeonynyň gapdalyndaky düwmejigine basyp “wass” etdirip, “uludan dem aldyrýar-da”, gapdalynda goýup, söhbete başlaýar: —Akkordeonda hemme saz gelşenok. “Karar oldum” gargy tüýdige gowy gelişýär. “Gelin ýörişi” (“Sallanar”), “Daraýy donly” gelin-gyzlar, “Maýagözel”—bular dutaryň şelpeli kakuwlary üçin döredilen, akkordeonda çalsaňam çalýaň welin, dutaryňky ýaly mylaýym çykanok. Hawa, “Dilberi”, “Bilbil gördümi”, “Kiçini”, “Halyndan gara gözliniňi” , “Zülpüň seniňi”—bulary akkordeonda meňzedip bolýar. Tahyryň “Gitsem geler menini”, Mahymyň “Galmanam sendenini”, Hemranyň “Selbinýazym gal indinisi” çalyp başlanyňdan akkordeon hamsygyp başlaýar, höre-köşe edip goýduraýýan, bolmasa zöledip aglajagam şu. Emma, “Haýyt ýykan”, “Ýar gara gözli”, “Garry gyrk” ýaly şadyýan sazlary çalaýsaň welin, ähli gam-gussasy ýitirim bolýar, begenjine orta çykyp tans edäýjek bolýar—eliňden sypyp, turup barýar, zordan saklaýan. Myhmanlar sazandaň meňzetmelerine hezil eedip gülüşýärler. Ara böwşenlik düşmänkä oturanlaryň biri şorta söz aýdyp märekäni “gyzdyrýar”. Ony başga biri alyp göterýär—her bir henekçi gezegi gelende täze “doglan” şortany oklap, myhmanlary gülüşdirip otyr. Han dädäni güldirmek aňsat düşenok, ýöne ýylgyrýar-da oňaýýar. “Bu anekdotyň şeýleräk görnüşini Pylany, pylanynjy ýylda, pylan ýerde aýdypdy” diýip, keşbi üýtgän “täze” şorta sözüň asyl nusgasyny aýdyp berýär. Ýomakçylaryň biri: “Han däde, seň ýanyňda anekdot aýtmaga ýaýdanýas-ow! Barsyndan habaryň bar”. Han dädäň ýany adamsyz bolmazdy. Içi gysyp, ýekesiräp başlanda dostlaryna til kakar: “Gelnejeň süňk atardy, dogry bir sagatdan bişýär. Günortan nahary bizden iýmeli. Gelmeseň bolanok”, ýa-da: “Ýertudanalam ýetişdi. Her biri erik ýaly, ilkinji hasylymy seň bilen bileje dadaýayn diýdim. Gelýäňmi? Garaşýan.” Onuň bagynyň alçasy-erigi sowlansoň, üzümi-nary ýetişýär, iň soňunda hurma bişýär—aýaz düşýänçe mellegi göksüz bolanok. Maňa lukmanlar “Gök önümleri ýygy we köp iý, känräk hereket et—mellegiňde-bagyňda işle diýdiler” diýip, akkordeony bilen pilini gezekli-gezegine ulanardy. Wekilbazar etrabynyň, “Gökje” obasynyň, Baýramaly—Mary ýolunyň gyrasynda ýerleşýän “Perreňçäge” böleginiň çetindäki baglyga bürenip oturan iki gat jaý ünsüňi özüne çekýär. Näbelet ýolagçylaryň käbirleri: “Bu owadan jaý kimiňki-kä? Öz-ä gurplyrak adamyňka meňzeýär” diýişýärler. Handurdy Jumadurdyýewiň ähli baýlygy—akkordeony, onuň bilen çalan türkmen halk sazlary we şorta sözleri. Olary hem maşgalasyna, şägirtlerine, dost-ýarlaryna miras goýup gitdi. “Ýagşydan at galar” diýileni: ol hem Mämi Çary ýaly, akkordeona ilkinji bolup, türkmen dilini bitirenleriň biri hökmünde aýdym-saz muşdaklarynyň hakydasynda ömürbaky galdy. [b]Kakajan Balkanow[/b] 2020 ý. Handurdy (Han däde) Jumadurdyýewiñ 50 ýaşynyñ toýuna Ýarym asyr ýaşan äpet daragtyñ nahalka böwrüne ýazylan ýazgy: “HANDURDY+ACCORDEON=” Köplerde sungata döretdi söýgi. “Deñdir” belgisinden uzan şahalañ— biri—Sapar Berdi, biri—Bally Hajy. Ýene-de biri—Allamyrat Kössek Orsýetden ýollaýar ol salam haty. Hommat Gara saýa salýar Günorta, Aman Ýagmyr Gündogary ýyladýar. Ýene-de bir topar şägirtler şaha-şaha eriş-eriş gollaryny 488 müñ kw. kilometere uzadýar. Gyşda seni possum edip ýapynýas; tomsuñ jöwzasynda saýañ halasgär. Sen saýañda ýaş-juwanlar duşuşýar; saýañda Watanyn goraýar esger. Señ saýañda läle kakýar çagalar, oýnaýarlar “Aýterek hem günterek” Señ saýañda tutulýar: SÜNNET TOÝ, GELIN TOÝ, Tam Toý, Ýaş toý. Señ saýañda her gün bişýär ak çörek. Alladan dileýäs güýçli kök-damar, şahalañ abraýny goramak üçin; bolmasa eýesiz galyp barýan deý, “Durdy bagşyñ”, “Haýyt ýykanyñ”, hem “Kiçiñ”. Belki, her ýyl, elli ýyllap, ýene-de nesip etsin çaý içmek señ saýañda. Ýüreklermiz giñap, galkynsyn göwün, Elleriñde akkordeonyñ saýranda. Handaragtda gördüm täze bir ýazgy: “SATIRA we ÝUMOR+HAN däde”. Eger-de, “deñlik” goýup, “ÝÜZLÜK”, “SAGLYK” sözlerin yzyna goşsak, gelerdi bir kada. Kakajan BALKANOW. Dekabr 1996. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |