21:19 Dutaryñ owazy | |
DUTARYÑ OWAZY
Aýdym-saz sungaty
■ DUÝDANSYZ TUTULAN TOÝ Türkmen milli aýdym-sazlaryny ussatlarça ýerine ýetirmekde Saryhan Sapaýewiň halk arasynda ykrar edilen bagşydygyny bilýärdik. Onuň üýtgeşik labyzly sesi özüne çekijidi. Daşyndan utanjaň ýaly bolup görünse-de, märekeman, gep-sözi ýerinde bolan adamdy. Özüniňem toý-tomaşa ýaraşyk berýän, il-günüň hormat-sylagyny gazanan mertebeli we salyhatly adamdygy, uly-kiçi toý-tomaşada aýdan aýdymlaryna baha kesip, pul hantamaçylygyndan daşdagyny barada köp eşidipdim. Ýöne, bir şäherde, bir ýaşaýyş toplumynda duldegşir ýaşaýan bolsak-da, onuň bilen içgin tanyşlygymyz ýokdy. Birek-biregi görenimizde güler ýüz bilen gadyrly salamlaşardyk, emma söhbetimiziň çägi şondan aňry geçmezdi. Saryhan bagşy köplenç Ahal sebitlerne toýa giderdi. Bu ýerde oňuň üýtgeşik bir labyzda ýerine ýetirýän aýdymlarynyň muşdaklary barmak basyp sanardan köpdi. Baharlyda ýaşaýan Çöpli aga onuň ýakyn dostydy. Ol türkmen aýdym-sazynyň ölemen aşygydy. Ýygy-ýygydan bagşyny myhmançylyga aýdym-saz diňlemäge mähelle bary ýygnanardy. Bir gezek şol etrapda tutulan toýa meniň talyp dostum Baýmuhammet hem gatnaşyp bagşynyň aýdymlaryny diňläp göwnühoş bolupdyr. - Nesip bolsa, oglumyň durmuş toýunda Saryhan bagşyny çagyrjak. Onuň aýdymlarynyň ölemen aşyklary biziň etrapda gaty köp.—diýipdi: - Toý çakylygyny oňa sen ýetirmeli bolarsyň. Ynsan durmuşyndaky adaty ýaly bolup görünýän waka hem adamlary ysnyşdyryp biljek eken. Bir arada zerurlyk dörände, oňa ýakyndan hemaýat edenleriň biri men bolup çykdym. Şonda menden tüýs ýürekden hoşal bolandygyny mälim eden halypa: - Ýagşylygyňy unutmaryn, bally! Toý-tomaşa etseň, nesip bolsa, aýdym-sazy meniň boýnumadyr! - diýip, elimi mäkäm gysypdy. Men ol kiçijik ýardamymy gaýtargy tamasy bilen etmändigimi aýtdym. Özem bu hakykatdanam şeýledi. Öwezine ondan bir haýyş etmek ýadymda-küýümde-de ýokdy. Emma ol welin ýatdan çykarman eken. ...Işleýän edaramdan üç otagly ýaşaýyş jaýyny berenlerinde maşgalamyzyň begenjini hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Aýagymyz ýeňil gopsa-da heniz goňşularymyzyň kimdigini hem oňly bilemzokdyk. Täze jaý alanlaryň hemmesiniňem dert-aladalary başlaryndan agdykdy. Biz hem şol gün işden soň goş-golamlarymyzy täze mekana daşamagyň aladasyndadyk. Üstesine ussalaram täze satyn alan mebelimizi gurnamalydylar. Gapy kakylanda ussalardyr diýip çakladym we çaý içip oturan ýerimden “Geliberiň, giriberiň!” diýip ejaza berdim. Öýe giren bolmansoň, saçagyň başyndan turup gapyny açan keýwanym: - Seni soraýarlar. Sungat işgärleri öýdýän, ellerinde saz gurallary bar ýaly – diýip, habar berende “Kim bolup biler?” diýip inkise gitdim. Işigiň agzynda garaşyp duranlar Saryhan bagşy bilen onuň sazandalary eken. Olary güler ýüz bilen garşy alyp: - Hoş geldiňiz, geleweriň-de geçeweriň! - diýip, töre geçirdim. “Türkmeniňki gök çaýdyr, şony berse göwni jaýdyr” diýlenine eýerip, çaý başynda gysgaça hal-ahwal soraşdym-da: - Ugur haýyrly bolsun, agam! - diýdim. - Ugur-a haýyrly, bally! - diýip, Saryhan niýetini mälim etdi. - Ata-babalarymyz “Ýoly ýörän ýeňer, bergini beren” diýipdirler. Boýnumda galan şol garamatdan dynmak üçin geldim. Toý-tomaşa üçin heniz taýýarlygymyz bolmasa-da “Baryny beren uýalmaz” diýenlerini etdik. Keýwanym nahar-şamyň ugruna çykdy. Basym desterhan giňden ýazylyp, hazy-nygmatlar çekilip başlandy. Hä diýmän täze binadaky jaýda dutaryň, gyjagyň sazlaşykly owazy eşidilip başlandy. Tizden bagşynyň pessaý heňi hem olaryň üstüni ýetirdi. “Toýuňyz gutly-mübärek bolsun!” diýip, täze göçüp gelen goňşy-golamlar eli saçakly gelip başlanda, bir-birlerimiziň ýüzüne syrly seredişýän keýwanym ikimiz “Toý-beýleki edemizok” diýip aýdybam oturmadyk. Barybir ynanmazlar öýtdik. Myhmanlary gadyrly garşylap, başardygymyzdan hyzmat etdik. Gije ortalaberende otaglarymyz aýdym-saz muşdaklaryndan hyryn-dykyndy. Bagşa dürdäne der gelende gije ýarymdan agypdy. Öýden çykýan aýdymyň sesi asuda gijäniň tämiz howasynda has uzaklarda ýaňlanyp eşidilýärdi. Aýdym-sazyň ölemen muşdaklary şirin labyzly bagşa “göter-de, göter” diýşip, onuň hyjuwly çeküwlerine goltgy berýärdiler. - Toý sowgadym saňa nesip etsin, bagşy! Maňa-da bir aýdym aýdyp ber! - diýip, öňe omzaýanlar hem köpelip başlady. Hawa, biziň täze ojagymyzda tutulan şol toý barasynda soňundan edişen gardaşlarymyzyň, dost-ýarlarymyň arasynda “Bizi näme üçin çagyrmadyňyz, gutlardyk, gatanç ederdik” diýip, göwün edenleri hem boldy. Şol günki toýda bagşy Saryhan Sapaýewiň ýanynda sazandarlyk eden dutarçy Hanaly aga soň duldegşir goňşymyz boldy. Gyjakçy Begjan aga hem sorap-idäp otursak biziň daşgynrak guda gardaşymyz eken. ■ BALKAN BILBILI 1962-nji ýylda dutarçy Saryhan Sapaýew bilen gyjakçy Güýç Nurýagdyýew Bereket etrabynyň medeniýet bölüminde işleýärdiler. Ýaşlara dutar we gyjak çalmagyň gizlin tilsimlerini ýadaman-ýaltanman öwredýärdiler. Maldarlaryň, demirýol işgärleriniň, halyçylaryň arasyndaýygy-ýygydan bolanlarynda, höwesjeň ýaşlary hem ýanlaryndan galdyrmazdylar, olar bilen bilelikde aýdym-saz edip, hezil bererdiler. Sungat işgärleriniň ikisiniň saýlawçylaryň arasynda türkmen halk aýdymlary bilen çykyş edendigi barasynda 1962-nji ýylyň 11-nji fewralynda “Sowet Türkmenistany” (häzirki “Türkmenistan”) gazetinde makala çap edilipdi. Saryhan Sapaýew uly bilen uly, kiçi bilen kiçi bolup gürleşmegi başarýan sada we ýuka ýürek kişileriň hilindendi. Onda jemlenen adamkärçiligiň oňat sypatlary onuň muşdaklaryny özüne maýyledýärdi. Ol Ahal welaýatynda, aýratynam Baharly etrabynda ýörgünli, söýülip diňlenýän bagşylaryň biridi. Sebitde toýlar uludan tutulanda Saryhanyň orny tördedi. Şol etrapda ýaşaýan Çöpli aganyň özi aýdym aýtmakda, saz çalmakda meşhurlyk gazanmadyk bolsa-da aýdym-saz sungatynyň ölemen aşygydy. Saryhanyň ýakyn, ýürekdeş dostlarynyň biridi. Bagşy Baharly etrabyna toýa çagyrylanda hemişe onuň bilen çaý başynda söhbet ederdi. Birek-birege sungata dahylly maslahatlar salnardy, käte onuň soňy çekişmeler bilen tamamlanardy. Baharlyda meniň ýokary okuw mekdebinde okan talyp dostum Baýmuhammet , etrabyň Durun obasynda goşun gullugynda bolan esger ýoldaşlarym Myrat, Sapar, Nury dagy ýaşaýarlar. Tomua paslynyň ilkinji aýynda zähmet rugsadyna çykap “Arçman” şypahanasynda dynç almaga gitdim. Şonda tanyşlarym meni zyýpata çagyrdylar. Köp ýyllaryň dowamynda duşuşyp, didarlaşmandyk. Şonuň üçin edere gürrüň, kellesini agyrtmaly mesele ýeterlikdi. Etrapda tutulýan toýda “ Balkan bilbili” ady bilen halk arasynda meşhurlyk gazanan halk bagşynyň aýdym aýtjakdygyny habar berip, bize toý çakylygyny gowşurdylar. Aýdym-saz sungatyny söýmeýän adam belki dünýäde ýokdyr welin, ýöne meniň we ýoldaşlarymyň bu ugurda sowadymyz ýeterlikdi. “Balkan bilbiliniň” aýdymlaryny diňlemäge howlugýardyk. Gijara bir topar adama goşulyp durmuş toýy toýlanýan ýere bardyk. Ol ýerde mähelle hyň berýärdi, oturara-turara orun-mesgen ýok diýen ýalydy. Myhman hatyrasy üçin maňa bagşa golý ýerde orun tapyldy. Törde, türkmen halysynyň üstünde oturan iki dutarçy gyjakçy bilen eginlerinde gyrmyzy donlaryny ýelpegeý atynyp, gurallaryny sazlaýardylar. Dutarçylaryň arasyndan Saryhan Sapaýewi bada-bat tanadym. Sazandalaryň ikisi baharlyly bolsa gerek diýip çakladym. Bagşy Saryhana meniň bereketlidigimi aýdansoňlar, ol ör tutup gadyrly hal-ahwal soraşdy. Toý güni halk bagşysynyň näçe aýdym aýdanyny takyk bilmesemde, onuň şol bir aýdymyny ikilenç gaýtalap aýtmadygyna güwä geçip biljek. Adamyň durmuşynda käte şeýle pursatlar bolýar. Şol pursatlar kalbyňdan, hatyraňdan asla çykanok. Şol günki halk bagşysynyň joşup-gaýnap aýdan aýdymlary edil şu gün hem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. ■ SAÝRA, DUTARYM SAÝRA! Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Tuwakmyrat Bugaew, etrap hassahanasynyň wrajy Begenç Atakörpäýew dagymyz bagşynyň hassalandygyny eşidip, hal-ýagdaýyny soramak üçin öýüne baranymyzda ol şahyr dosty Gurbannazar Dowjanow bilen söhbet gurap otyrdy. ”Adam bir gyzyl güldir...” diýlişi ýaly hassalyk eýýäm bagşyn horlap ýetişen eken. Düşekde ýatan halyna Saryhanda ejizligiň alamaty duýlanokdy. Gaýtam degişmegiň, bize göwünlik bermegiň aladasyndady. Biraz wagtlyk söhbetdeşlikden soňra ol diwara kakylan çitme türkmen halysynyň ýüzünde asylan, daşy halyça gaply dutary äbermegi sorady. Bu ýere gelenleriň körpesi bolanym üçin hemmelerden çalasyn hereket etdim. Şonda ol gadymy gazma dutarynda ilki iň ýakyn dostlarynyň biri, şahyr Gurbannazar Dowjanowyň goşgusyna döreden aýdymyny, soňra “Çagdyr, bu çaglar!” diýen halk aýdymyny çalaja hiňlenip aýtdy. Bagşynyň şirin owazy, aýdymlary aýdyş tilsimi özgeleriňkiden üýtgeşikdi, muşdaklaryny biparh goýanokdy, olaryň kalbyny gozgalaňa salýardy. Şol arada öýe garaýagyz ýetginjek geldi. Şonda halk bagşysy Saryhan: - Al, ballym, dutara indi sen eýe çykmalysyň, bu saz guraly saýramak, göwün açmak üçin ýaradylandyr - diýip, iki asyra golaý ömri bolan saz guralyny oňa uzatdy. Hawa, şol wakadan köp ýyl geçdi. Balkanda tutulan uly toýlaryň birinde maňa Türkmenistanyň halk bagşysy Saryhan Sapaýewiň gazma dutarynyň saýrak owazyny eşitmek nesip etdi. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |