18:40 Duýduñmy?!. | |
DUÝDUÑMY?!
Goşgular
Dañdan turup, gündogara bakdyñmy?! - Sähranyñ üstünden ýel öwüsýändir. Señ üstüñde atan ýöne ak dañmy ~ Ak dañy gören ýüz gül öwüsýändir. Ol gülleriñ ~ üfläp agzyn açanyñ, Nämedigni, kimdigini bildiñmi?! Ýene açylypdyr güli alçanyñ ~ Bu ýyllaryñ endigini bildiñmi?! Gün ýaşanda günbatara bakdyñmy?! ~ Erte üçin şapak bu gün gyzaran. Özüñi sabadan, şamdan tapdyñmy?! ~ Öñküsinden birazajyk Gün uzan. Ol iñrigi ~ ýüpek şalyn gijäniñ, Üstüñe atdyñmy?! Ýene Aý ýagty. Ömrüñ barha-barha has süýjeýänin, Duýduñmy bir gezek berilýän bagty?! * * * Jañ edip duruñ siz maña! Gije diýmän, gündiz diýmän. Hem maña goltgy-gop beriñ! Kän gerek güler ýüz maña. Tapmadygmy-da tapberiñ, Içimi gysmaga goýmañ! Hat ýazyp duruñ siz maña, Ara uzagrajyk diýmän. Açylsyn ýürek depderim. Goýmañ parz işleri soña, Heñin beriñ ak kepderiñ, Gara garga günüm goýmañ! Salam iberiñ siz maña! Salama geljek zat ýokdur. Salam-myrady köpleriñ, Kän gerek ýyly söz maña. Ony her kesden tapmaryn, Salam ~ ýürege ak ýoldur. Soram halymy siz meniñ! Soraşmak derdi tükeder. Baş ýok ahyr agyrmajak. Bir-bire hoşnut ýüzleniñ! Hoş niýet ömri äkider Añyrrajyk, aññyrajyk. * * * Iki ýerden egin deñlär ikisi, Aýallary gara zähmetde gatan. Ogul-akabasy, agtyk-sakasy ~ Birisi kakam oñ, Birisi atam. Ömür käte erkek bolup aglara Mejbur edýär ~ ýalñyz başda müñ elem. Taýyn şol dem lerzan köñli awlara ~ Birisi ejem oñ, Birisi enem. Günler ar alarlh hasapsyz iýseñ, Aljak göni gelen hilesem, a:lam. Kyn günde alnymdan dirän kim eýsem?! ~ Birisi inim oñ, Birisi agam. Men bir çig süýt emen, bu göni ýoldan Gyşaraýýan, başa barman hyýalym. Şonda sagdan soldan, gol beren soldan ~ Birisi gyzym oñ, Biri aýalym. Dert gelmesi añsat, kyn aýrylmasy, Süñk hossardan ilki uzadyp destin, Oda-köze düşüp ýör aýñalmasam ~ Birisi goñşym oñ, Birisi dostum. * * * Peýwagtyna inenleriñ, baýtallañ Ýaýrap sonarlaýan, otlan ýerine, Bir ömürde iki gezek gaýtalap bolmaýan, ýeke-täk zatlañ ýerine. Ter, dury damjaly otlañ ýerine, Uçgundan tutaşan o:tlañ ýerine, Ýakynlañ ýerine, Ýatlañ ýerine, Sessiz garyñ, sesli ýagşyñ maýdalap, Ýa güýçlenip pürkmesinden ýaýdanman, Şol gidip otursañ, ýogy bar edip, Özgä başartmadyk wysala ýetip. Gowşut ŞAMYÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||