14:22

Edebiýat ogurlygy hakda kelam agyz

Edebiýaty öwreniş
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 488 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.6/7
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 hoşowaz  
390
Ylalaşamok. Pikirimi aýtsam wirtual jahan urşy turar. Şoň üçin... okamak üçin gowy material. Skuçny däl hernäme-de bolsa. Gyzykly.

0
2 Bagabat  
43
Edebiýat ogurlygy (plagiat) elmydama-da bolupdyr (ýa-da hasaplanypdyr) hem-de bu işi gaýyrmakda aýyplanmadyk az-az.

0
3 Remezan  
1397
Rowaýat, erteki bu barada plagiat bolmaga belli bir derejede halk döredijiligi bilen baglanşykly.
Halk döredijiligi dilden dile geçip halkyñ añynda galanlygy onuñ belli bir awtory ýoklugy sebäpli erteki ýazdym diýen atly ýazyjylar öz adyndan ýazmagy üýtgetme girizip ýazsada şol görnüşde ýazsada erteki ertekiligine galýar. Şygyr goşgy meselesin-de bu başga...

0
4 Bagabat  
43
Haçan-da siz bir awtoryň ýazanyny alsaňyz - bu plagiat bolýar, haçan-da köpüsinden alsaňyz - bu eýýäm ylmy seljermedir. :-)

© Uilýam Mizner

0
5 Bagabat  
43
Adam ataňky hezillik eken! Eger-de ol şowly degişse, köne degişmäni gaýtalamandygyna ynamly bolup bilipdir.

© Mark Twen

0
6 Bagabat  
43
Täzeje akylly pikir kelläňe geldimi – ony gugllap gör! Belki ol seniňki däldir.

© Näbelli awtor

0
7 Bagabat  
43
Söýgi barada näme ýazsaňam – bu plagiat bolar.

© Aşot Nadanýan

0
8 Bagabat  
43
Aýdylanlardan ilkinji gezek aýdylan hiç zat ýokdur.

© Publiý Terensiý Afr (b.e.ö. 159 ý.)

0
9 Bagabat  
43
Pelsepeşynas-alymlar gadymy dünýäniň pelsepeçileriniň daş asyrynyň pelsepeçileriniň pikirlerini plagiat edendiklerini anyklapdyrlar.

© Rimma Hafizowa

0
10 Bagabat  
43
Meniň meşhur tymsalymy ýazanyma iki aý geçdi, şonuň üçinem bu tymsaly häzir kimiň kimden ogurlandygyny anyklamak juda kyn: ýa men Sokratdan ogurladym, ýa-da Sokrat menden.

© Ýewgeniý Hankin

0
11 Bagabat  
43
Plagiatçy – bu zehinliň saçagyndaky agyzdan galan süňk-saňky gemirýän gedaýdyr.

© Ýewgeniý Rýabyý

0
12 Haweran  
411
Serdar aga, bu aforizmleri özbaşdak blog edip açan bolsañyz, bu günki çekişmelere goşmaça gollanma hökmünde has gowy bolardy. Ýogsam bolmasa, çekişmäniñ gozgaýan meselesini bulaşdyrýar. Sebäp, asyl gozgalmak islenýän mesele - özgeden nusgalap özüñki ýaly edip aýtmak. Gürrüñ pikirleriñ, duýgularyñ gaýtalanmagy barada gidenok. Bolmanam herimiz bir planetadan gelemzog-a. Adam atadan bäri adamlaryñ duýgysam şol bir duýgy, pikirem şol pikir, şatlygam şol bir şatlyk, hasratam şol bir hasrat... Şol sanda adamam şol bir adam.
Megerem, "Süleýman pygamberiñ patyşalygy" atly çeper filmi gören bolsañyz gerek. Indi özüñiz aýdyñ, şol döwürdäki jynlaryñ adamyñ ruhuny eýeländen soñky mahluga öwrülýän "adam" bilen Andreý Platonowyñ "Jan" powestindäki "jan" halkynyñ, ýa bolmasa Çingiz Aýtmatowyñ "Asyra barabar gün" romanyndaky Ýolaman mankurtyñ, ýa bolmasa soñky döwür köp agzalýan zombileriñ arasynda näme tapawut bar?
Bularyñ haýsy birini biri-birini gaýtalamakda aýyplap bileris. Ýa bolmasa ýene bir mysal, Nuhuñ tupanynyñ hindileriñ "Mahabharatasynda", şumerleriñ "Gilgameşinde" agzalýandygy üçin asmandan inen soñky dört mukaddes kitaby bu sýužeti "ogurlamakda" aýyplap bilerismi?
Dünýäniñ biri-birinden üzñe dört künjünden: Kosta-Rikaly şahyryñam, madagaskarly şahyryñam, türkmenistanly şahyryñam, koreýaly şahyryñam duýgulary-da, pikirleri-de biri-birinden aýry birmeñzeş formada gaýtalanyp biler. Gürrüñ bu barada gidenog-a. Gürrüñ Enwerini "ogurlaýyşlary" ýaly ogurlygyñ üstünde barýar.

0
13 Babyşgalaly1628  
1559
...Плагиатчы... бу созун манысына-ха душундим. Инди бир душнуксиз ягдай...
Барыпха он докузынжы асырын аягында америкалы Робертсон Морган диен фантаст языжы бир китапча язяр. Бу китап 1912-нжи йыла ченли гечмэн дуканларда ятяр. Хачанда "Титаник'' гэмиси гарк болансон бу китабы товса готерипдирлер. Оказывается, языжы бу хелакчилиги бирнэче йыл онунден билип, жикме-жик суратландырыпдыр. Инди шол языжы "Сиз менин язышым ялы, реал дурмушда шейле херекет эдипсиниз'' дийип гохлашып, судлашып билердимикэ? Я болмаса языжы Жюль Верн... ол оз вагтындан гаты оне гидип коп техники ачышлары онунден суратландырып гидипдир. Шонун язгылары эсасында хазирки доврун камил тезникалары ойланып тапылды. Шол затлары дореден, кэмиллешдирен адамларам "плагиатчы'' дийип атландырмалы болармы?

0
15 bbaygeldiyew  
770
"Haçanda "Titanik gämisi" gark bolanda bu kitaby towsa göteripdirler...

"Öñdengörüjilikmi ýa-da..." makalasynda okapdym.bu kitapdaky gäminiñ ady "Titanik" däl-de 'titan" bolmaly. Ýalñyşmasam "Titanigiñ" heläçiliginden 10 ýyl öñ yazylan. Geñ galmaly ýeri hem gäminiñ ölçegi sataşan katastrofasy birmeñzeş.

0
14 Kovalevskiy  
1521
Ýokarky makalany gaýta-gaýta okadym. Biziň ürç edip okaýan söýgüli ýazyjylarymyz hakynda ýazylan ajy hakykaty okamak agyr degdi. Emma soňky gelen teswirler meni birazajyk hem bolsa köşeşdirdi. Sebäbi eýýäm ençeme gün bäri biz sözme-söz diýen ýaly ogrulanan eserler barada gürrüň edýäris. Şygyr ogrulary hakynda eýýäm näçenji gezek ýazýan, ýazýanyma gynanýan. Sebäbi olara bu zatlaryň hiç hili peýdasy ýok. Eserleri yzygiderli ogurlanan awtorlaryň makalalaryny okamak gaty agyr degýär. Görüň-ä olar indi näçe hakyky awtoryň aýagyna badak saldylar.
Men häzir döredijilikden dolulygyna sowaşdym, emma onuň özüne ýetesi başga sebäpleri bar.
Dörediji awtorlardan ullakan haýyşym, hiç hili ruhdan düşmäň, özüňize ynanyň we ýazyň, dörediň!!!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]