01:21 Edebiýatyñ ruhy ~ Halkyñ ruhy | |
EDEBIÝATYŇ RUHY – HALKYŇ RUHY
Edebiýaty öwreniş
(M. Amansähedowyň döredijiligi hakda oýlanyp) Haýsy aýda nähili eser ýazjagyny öňünden planlaşdyryp, şol düzen planyndan çykman işleýän adamlara men haýranlar galýaryn. Megerem, meniň bu haýran galmam ömrümi galyba salyp bilmeýänligim üçin bolsun gerek. Ýazaryn diýip taslap, belläp goýan zatlarym az-küş däl, ýöne, köplenç duýdansyz tapylan pikur ähli etsem-petsemlerimiň enter-pelegini aýlap, meni öz dünýäsine salýar. Onsoň onuň hökmürowanlygyna tabyn bolup, stoluň başynda kagyz yzyna kagyz garalap oturandyryn. Ýazyp başlan eserimiň nähili derejede gutarjakdygyny-da bilemok. Ýöne, stoluň başynda bir keramat-a bar. Ol sarç keýik deýin seni öz islän ugruna alyp gidýär. Men «mus-mus» diýmek bilen, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň (onuň ýörgünli ady Muhammetguly däl-de, Hanguly. Muhammetguly adyny iň bärkisi ejesi bilen kakasy hem tutmaýan eken, şeýle bolansoň, men hem pasportdaky adyny tutup, resmilik etjek bolup durman, makalada Hanguly diýmekçi) kitabyny okap çykanymdan soňky dörän pikirler iş-aladalarymy, etsem-goýsamlarymy bir gyra süýşürip, meni kitaplarda gozgalýan möhüm problemalar, umuman, türkmen poeziýasy, türkmen edebiýaty öwreniş ylmy hakda oýlandyrdy we şu makalany biygtyýar ýazdyrdy diýmekçi bolýaryn. Hanguly poeziýa hakda gürlemegi gowy görýär. Onuň gürrüňlerini diňleseň, dünýäde diňe poeziýa bar, başga hiç zat ýok ýaly duýulýar. Asyl ol poeziýa bilen ýaşaýar, işleýär. Men muny Hangulynyň Çärjewiň pedagogik institutyny tamamlap, şol institutda hem mugallym bolup işe galyp, indem çärýek asyr wagt bäri türkmen edebiýatyndan okadyp ýörenligi üçindir öýderdim. Soň görüp otursam, ol mekdep ýyllary joşup goşgy goşar eken. Ýaşaýan obalary Mary şäherinden uzakda bolmansoň, oblast gazetiniň edebiýat birleşmesiniň her gezekki ýygnanyşygyna sypdyrman gatnaşýan eken. Basdaşy Atamyrat Atabaýew eken. Oblast gazetinde çykýan her bir goşgusy ony ruhlandyrypdyr. Magtymguly, Kerim Gurbannepesow ýaly ökde şahyr bolmak isläpdir. Pylany gysganç diýýärler. Durmuşyň gysyklygy bilen deňeşdireniňde, bendesiniň gysgançlygy witjik. Adam durmuşdan gaty kän zatlara garaşýar. Durmuşam saňa gaty kän zady söz berýär, goltugyndan gop berýär. Soňunda welin, durmuş beren sözüniň müňden birinem bitirenok. Käbir ýalançy kişiler deýin erte-erte bilen ömür salyňy altmyşa ýetirýär. Altmyşa ýetip ýalançy durmuşyň gyltymyna kowalaşandygyňa düşünýärsiň. Hanguly hem şahyrlykda deňsiz-taýsyz bolaýjak ýalydy. Onuň goşgularyny baý öwmek öwüpdiler. Ýöne, durmuş Hanguly babatda edil Jeýhun derýanyň oýnuny etdi, ony holtumyna saldy-da, başga bir öwrümden çykardy. Ol şahyr bolmak, özem iň ökde şahyr bolmak, sowadyny çykmak üçin Çärjewe okuwa gaýdypdy. Basdaşy Atamyrat Atabaýew hem şahyr bolmak üçin Aşgabada okuwa gaýtdy. Öň günde-günaşa duşup duran iki basdaş şahyryň arasyna bäş ýüz otuz kilometr aýralyk düşdi. Tötänlikler, garaşylmadyk wakalar tipik däl diýip, edebiýatçylar bize olary peýdalanmakdan gaça durmagy maslahat bererdiler. Ýöne, durmuş diýmek tötänlik hem garaşylmadyk waka diýmek eken. Sosrealizm, durmuşyň şu iki sütünini aýyryp beýan etmek diýmek eken. Ýaş şahyr M.Amansähedowyň durmuşy tötänliklerden hem garaşylmadyk wakalardan doly. Hanguly tötänliklere we garaşylmadyk wakalara durmuşyň tagamy diýýär. Men Hangulynyň gürrüňini diňlänimde poeziýa ýugrulan epiki esere çümen dek bolýaryn. Institutda ol merhum şahyr Ymarat Meredow bilen bile okapdyr. Ymaradyň goşgularyny diňläp, «Baý-bow, goşgy beýle ýazylýan eken-ow. Beýle gowy goşgulary men ýazyp bilmerin. Ýazyşym ýalam ýazmaly däldigi düşnükli bolaýdy indi. Men şahyr däl ekenim. Hakyky şahyr Ymarat eken» diýip, Hanguly goşgy goşmasyny goýaýypdyr. Magtymguly ýaly ökde şahyr bolmak arzuwam şonuň bilen galyberipdir. Poeziýa – Hangulynyň ýetip bilmedik söýgüsi. Poeziýa – onuň kalbynyň telwasy. Poeziýa – onuň köňlüniň beýany. Poeziýa – onuň ömrüniň manysy. Men Hanguluda özümi görýärin: poeziýa meniň hem ýetip bilmedik menzilim. Men hem mekdep ýyllary şahyr bolmak isleýärdim. Edil Hanguly ýaly, poeziýa hakda makala ýazanymda, çäksiz lezzet alýaryn. Poeziýa meniň söýgim. Adama bir ömür azlyk edýär. Eger adama birbada on ömür berilse-de, ol azlyk ederdi. Biz on ömrüň birini keýpi-sapa üçin bererdik. Ýene birini çagalarymyzyň gowy adamlar bolup ýetişmegine bagş ederdik. Ýene birini ýurt görmäge, beýlekisini ylmyň düýbüni deşmäge, il-güne bahbitli işleri bitirmäge rowa görerdik. Birini poeziýa, başga birini edýän işimize bagş ederdik… Adam ýeke, ömür ýeke. Ömrüňi bagyş edeniňe degýän zatlar welin müňlerçe. Onsoň adam bende ömrüňi bagyş edeniňe degýän gowy zatlaryň arasynda haýyr-heläk bolýar. Men bu zatlary diýmek bilen, Hangulynyň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyny, aýratyn hem türkmen poeziýasyny ykbal işine öwrendigini nygtamakçy bolýaryn. Gürrüňdeşlikleriň birinde ol: «Meni ýazan zatlarymdan tanap bilersiňiz» diýdi. Bu dogry eken. Onuň ýazan makalalarynda şahyrana ýüregi görnüpjik dur. Onuň makalalaryny, synlaryny okanyňda şahyr hyjuwyny, joşgunyny, söýgüsini duýmak kyn däl. Onuň öz şahsyýetine-de, edebiýaty öwrenişdäki ylmy şahsyýetine-de belet diýip aýdyp biljek. Dogrusyny aýtsaň, edebiýatçy alymlaryň içinde ýazyjy-şahyrlaryň özi tarapyndan, onda-da olaryň tas hemmesi tarapyndan ykrar edilen alymlar seýrek bolýar. Hanguly şol seýrekleriň hataryna girýär. Ykrar edilýänleriň azlygynyň sebäbini düşündirip biljek, ýöne ol gaty uzyn gürrüň boljak. Ýöne, gysgaça aýtmaly bolsa, Hangulynyň alymlyk şahsyýetinde, meniňçe, esasy üç sypatyň tebigy hem sazlaşykly suratda jem bolmagy onuň doly ykrar edilmegine getirdi. Ol sypatlaryň birinjisi aşa okumyşlygy, ikinjisi – güýçli intellektligi. Adam diňe özünden ökdäni ykrar edýär. Ylymda intellekt alymyň teoretiki pikirlenmä ukyplylygy netijesinde kemala gelýär. Gep üçünji bir sypat, esasanam, edebiýatçy alym üçin zerur, professional şahyr-ýazyjynyň ykrar etmesine esasy sebäp bolýan sypatda. Edebiýatçynyň söz sungatynyň inçeligini tas intuitiw häsiýetde syzmak ukybydyr. Çyn edebiýatçy bolmak üçin ylym adamlarynyň köpüsine ýetmeýän zat şudur. Edebiýatçy iş ýüzünde, aýdylyşy ýaly, şygyr ýazmaýan, ýöne şahyr bolmaly, şahyr ýürekli, şahyr duýguly şahsyýet bolmalydyr. Diňe şeýle halatda ol ýazyjy-şahyrlaryňam ýüreginden turup bilýär hem şolary-da çeper sözi iňňän inçeden duýup bilşi bile haýran edip, olaryň hormatyny gazanyp bilýär. Ýokarky üç sypatyň bir şahsyýetde jemlenmegi häzirki zaman türkmen edebiýatçysynyň şahsyýetini kemala getirýär. Zähmete werzişlik bolsa, ol şahsyýetiň kämilligine badalga bolýar. Men Hangulyny ýokarky üç sypaty edinen edebiýatçy diýip tanaýaryn. Onuň soňky ýyllarda zähmet siňdirip döreden iki sany kitaby muňa hasam oňat güwä geçýär. Onuň «Lirikada obrazlar sistemasy» hem-de «Lirikada şahyrana şahsyýet» atly kitaplary söz sungatynyň bu žanrynyň düýp tebigatyny, onuň öň känbir göze görünmeýän taraplaryny açmakda biziň ylmymyz hem edebi jemgyýetçiligimiz üçin bütinleý täzelik bolup durýar. Bu kitaplarda Hanguly hem teoretik, hem tankytçy, hem edebiýat taryhçysy hökmünde çykyş edýär. Emma bu diňe edebiýat ylmynyň çägindäki berip boljak bahadyr. Ýöne orta atylýan meseleleri çözmekde awtor gerek ýerlerinde estetigiň, filosofyň, jemgyýet bile edebiýatyň arabaglanyşygyny açyp bilýän sosiologyň, edebiýat psihologynyň ukyplaryny-da görkezmäni başarýar. Garaz, XX asyryň ahyrynyň türkmen edebiýatçysynyň şahsyýetiniň köpgyraňly bolmalydygyny iş ýüzünde görkezýär. Galyberse-de, kitaplaryň kä joşgunly, kä liriki, duýguçyl, publisistik stilde ýazylanlygy bu ýerde sözüň içki energiýasyny geregiçe ýüze çykaryp bilýän ezber publisistiňem bardygyna güwä geçýär. Aramyzdan gaty ir giden, zehinli edebiýatçy Ahmet Bekmyradowyň hem makalalaryny şeýle hörpde ýazandygyny köpler belläp geçdiler. Dogrusyny aýtsaň, Ahmet hem edil Hanguly ýaly goşgy goşardy. Ol şahyr ýürekli ýigitdi. Soň ol men şahyr däl diýen ynanç bilen goşgy ýazmasyny goýdy-da, bar ukybyny, başarnygyny, zehinini, joşgunyny edebiýat hakdaky oýlanmalaryna, makalalaryna siňdirdi. Şonuň üçin hem onuň makalalaryny okanyňda edil goşgy okaýan dek lezzet alýarsyň. Hangulynyň makalalary hem edil çeper eser ýaly şüwlümli okalýar. Onuň setirleriniň arasyndan şahyr ýürejigi görnüp dur. Iň oňat kitap – diňe täzeligi, üýtgeşikligi bile okyjyny haýran etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň öz göwnünde-de täze duýgulary hem oýlanmalary oýaryp bilýän kitapdyr. Iň oňat kitap – diňe bir döredijiligiň täsin nusgasy bolman, eýsem okyjyny-da döredijilige höweslendirýän, gop berýän kitapdyr. Iň oňat kitap – durmuş ýa edebiýat barada üýtgeşik, ýakymly gürrüň bolmak bilen çäklenmän, okyjy bile edebiýatyň arasynda köpri salyp bilýän kitapdyr. Hangulynyň agzalan kitaplary olarda orta atylýan meseleler barada meniň birnäçe oýlanmalara ulaşmagyma sebäp boldy. Çingiz Aýtmatowda gowy pikir bar. Ol kitap okanyňda täze-täze pikirleriň döreýändigini, kitabyň pikir harazydygyny nygtaýar. Dogrudanam şeýle. Kitapdaky gozgalýan problemalar seniň pikir harazyňda üýtgeşik pikirleriň birgiden tapgyryny döredip goýberýär. Ol dörän pikirler kitabyň içindäki pikirleriň ol ýa-da başga bir formada ýüze çykmasy däl, ýok, olar geň galaýmaly ýeri, okan kitabyňdaky gozgalýan problema bütinleý diýen ýaly dahylly bolmadyk täze pikirler. Meniň berk ynanjym bar: oýlanyp ýörsem, mende gowy pikir dörär öýtmeli däl, gowy pikir tapmak isleseň, kitap okabermeli. Bu pikiri kitap okamagy propagandirlemek üçin aýtmaýandygyma okyjylaryň düşünmegini isleýärin. Men halysalla ýürejigimi aýdýaryn. Hangulynyň kitabyny okap çykmagym hem meni Hangulynyň gozgan meseleleri hakda oýa batyrdy, käbir pikir döredi. Şol pikirler hem şu makalanyň döremegine sebäp boldy. Elbetde, meniň Hanguly bilen ylalaşýan ýerlerim hem bar, ylalaşmaýan ýerlerim hem. Ylalaşmaýan öz subýektiw pikirlerimi aýdanym üçin Hangulynyň menden öýke-kine saklap ýörmejekdigine berkden berk ynanýaryn, şonuň üçin hem men pikirlerimi örän açyk formada beýan edýärin. Men, elbetde, aýdylyşy ýaly, ylymdan çörek iýýän adam däl, ýöne boş wagtlarym edebiýat barada, durmuş barada pikir öwürmäni, olary ýazga geçirmäni erbet göremok. Muny ýazyjy üçin özüňi kämilleşdirmegiň bir usuly hasap edýärin. Çünki häzirki döwürde iň oňat edebiýatçy şahyr bolmaga, şahyr kalply bolmaga, iň oňat ýazyjy-şahyr bolsa ylymly, intellektual sowatly edebiýatçy bolmaga ymtylmalydyr diýip pikir edýärin. Mazmun çuňňurlygy, pikir gözýetiminiň giňligi boýunça «Lirikada şahyrana şahsyýet» we «Lirikada obrazlar sistemasy» düýpli ylmy kitaplar. Anyk ylmy meseleleriň goýulanlygy hem çözülýänligi bilen bir wagtda, bularda örän köp inçe edebi-teoretiki meseleler we ägirt köp faktiki maglumatlar jemlenipdir. Bu kitaplary türkmen lirika sungatynyň milli aýratynlyklaryny hem taryhyny bitewülikde, janly proses hökmünde derňeýän ilkinji bitewi ylmy işler hasaplaýaryn. Terminologiýa, meseleleri derňemegiň usullary, sungatyň tebigatyny kesgitlemekde ulanylýan pikir serişdeleri babatda bu ýerde öňküler bilen deňeşdireniňde köp täzelikler bar. Şonuň kanunalaýyk netijesi hökmünde-de lirika täzeçe düşüniliş, ony täzeçe görüş, täzeçe duýuş bar. Şonuň üçinem men bu kitaplaryň täsiri astynda dörän pikirlerimi aýry-aýry böleklere bölüp, okyja ýetirmegi göz öňünde tutdum. Şunda, elbetde, meniň galam ýörediş ezberligimiň, ylym ýollaryndaky ýolbeletligimiň Hangulyňkyça bolmajaklygy düşnüklidir. Hangulynyň ylma getiren anyk täzelikleri gürrüňsiz tekrarlanmaly we boýun alynmaly, eýýäm hakykat ýüzünde amal bolan zatlardyr. Ylma getirilen täzelikler diýlende, meniň pikirimçe, ilki bilen, täze pikirler we täze terminler göz öňünde tutulýar. Hut şu tarapdan Hangulynyň kitaplarynyň uly artykmaçlyklary bar. Kitaplarda edil şu manydaky, «Ine, şu täzelik» diýip görkezäýer ýaly pikirler, terminler bar. Hususanam, onuň kitaplarynda men türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda ozal duş gelmedik alty sany täze termine gabat geldim. Özem bu terminler ähmiýetsiz, ownuk-uşak hadysa bolman, eýsem biziň lirika sungatymyza, poeziýa garaýşymyzy ep-esli üýtgedýän, şol garaýşy has giňeldýän hem çuňlaşdyrýan hakyky ylmy terminlerdir. Edebiýat ylmyndaky ylmy termin – edebi hadysalaryň we faktlaryň arasyndaky janly baglanyşygy täzeçe aňladýan düşünjelerdir. Şonuň üçin bular ylym üçin örän uly zatdyr. Ylymda täze termini döretmek edebiýatda tebigaty we hili boýunça bütinleý täze obrazlary ýa-da obrazlar ulgamyny, täze çeperçilik açyşlary geçirmek bilen deň derejedäki zatmyka diýýärin. Ine, Hangulynyň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna getiren alty sany täze termini: a) şahyrana şahsyýet, b) roldaky gahryman, ç) liriki portret, d) terjimehal gahryman, e) awtoportret, ä) tebigat portreti. Edebiýaty öwreniş ylmy bilen gyzyklanýan her bir adam bu terminleriň edebiýata gelmeginiň nähili uly ähmiýetiniň boljakdygyny bada-bat aňan bolsa gerek. Hangulynyň kitaplarynyň täzeliklerini diňe şu göze dürtülip duran täzelikler bilen çäklendirmek bolmaz. Kitaplarda ilkinji gezek dolanyşyga girýän täze pikirler, eserler, olaryň dürs ylmy derňewi, netijeler kän. Meniň esasy söhbetim şolar hakda bolar. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |