08:37 Egosy pöwhe çöññelik | |
EGOSY PÖWHE ÇÖÑÑELIK
Maliýe we ykdysadyýet
Plutokratiýa… Dolandyryş ygtyýarlygynyñ maddy taýdan ýokary birnäçe baý kişiniñ bölüşen oligarhik-ýeñillikli kiçijik toparynyñ häkimiýetde oturan dolandyryş formasy. Şunuñ üstünde durup geçmekçi: ABŞ we maliýe krizisi ikisi birden agzalanda ilki bilen 1929-njy ýylyñ çöküşligi ýada düşýär! Ýogsam bolmasa. Bu ýurt onuñ ýaly ýykgynçylygy nijeme maliýe yza tesişliklerini başdan geçirdi. Mysal üçin, 1907-nji ýylyñ krizisi... 2008-nji ýylyñ krizisiniñ simwoly - añyrsynda 613 milliard dollar bergi galdyryp, şonca bergisiniñ bardygyny mälim eden amerikan banky "Lehman Brothers" nähili bar bolsa, 1907-nji ýylhñ krizisiniñem simwol banky bardy: "Knickerbocker"… "Knickerbocker"-iñ başlygy Çarlz T.Barni spekulýatorlar bilen dil birikdirip, misiñ bahalary bilen oýnady welin, bazarda güpür-tapyrlyk boldy. Gelejeginden endişelenen kişiler we telekeçiler depozitlerini nagt pula öwürmek üçin banklara çozdy. Nýu-Ýork biržasy we birnäçe bank çökdi. Barni öz janyna kast etdi we ş.m. Krizisiñ özüni-de ýok etjegini gören J.P.Morgan uly mukdarda resmi depoziti öz bankirlik gurluşyna we bagly banklaryna çekip, maliýe çökgünliginiñ geçmegini gazandy. Şeýle-de, Rokfeller we Rotşild maşgalalarynyñam kömegini aldy... ABŞ-nyñ 1893-njy we 1896-njy ýyllardaky maliýe krizisini başyndan geçiren J.P.Morgan "Bu iş beýle dowam edip bilmez, her daýym pul syýasatynyñ gözegçiliksiz ulanylmagyna düýpli üýtgeşmeler gerek" diýdi. Bu "üýtgeşmeleri" häkimiýetiñ goldawyny alman girizmek mümkin däldi. • GIZLIN TOPLANŞYK Nelson Oldriç - amerikaly respublikan senator... Gyzy Ebbi Oldriç J.D.Rokfeller Jr. bilen ýaşaşýardy. Jon D.Rokfeller III, Nelson Oldriç Rokfeller, Lourens S.Rokfeller, Wintrop Rokfeller, Dewid Rokfeller, Ebbi A.Rokfeller bularyñ agtyk-çowluklarydyr... Bir ogly W.W.Oldriç bankir, beýleki ogly R.S.Oldriç senatordy. ABŞ-nyñ Prezidenti T.Ruzwelt 1907-nji ýylyñ krizisine çözgüt tapmak maksady bilen "Döwlet Pul komissiýasyny" gurdurdy. Komissiýanyñ başlygy edibem ýigrimi alty ýyllap senatorlyk eden we bank üýtgeşmelerine-pul syýasatyna esewan edýän (halkyñ "baýlaryñ wekili" diýip at beren) Senatyñ maliýe komitetiniñ başlygy Nelson Oldriçi belledi. Öñem baý bolan senator Oldriç "JP MORGAN" bilenem işleşýärdi. Oldriçiñ maliýe krizisine düýpli çözgüt tapmak üçin J.P.Morganyñ Georgia Jekwill adasyndaky klubynda gizlin toplanşyk geçirmegi sýurpiz däldi. Dokuz gün dowam eden toplanşyga gatnaşanlar şulardy: Senator Oldriç, Gazna ministrliginiñ kätibi Abram P.Andrew, Rotşild we "Warburg"-yñ wekili aklawjy Pol Warburg, "Rokfeller"-iñ wekili Frank A.Wanderlip, "J.P.Morgan Company"-nyñ şärikdeşi Anri P.Dawison, "First National Bank of New York"-yñ başlygy Çarlz D.Norton we "J.P.Morgan"-yñ wekili Benjamin Strong… Olar Döwlet Ätiýaçlyk bankyny (Merkezi bank - FED) gurmagy kararlaşdyrdylar. Mesele bardy: Monopoliýalary böleklemegi esasy işine öwrüp, antitrest göreş alyp barýan Prezident T.Ruzwelt FED-e garşy çykdy. Geçen asyrda iki gezek Merkezi bank gurulanam bolsa, maliýe krizisleriniñ öñüni alyp bolmandy. Epton Sinkler ýaly ABŞ-nyñ öñdebaryjy sosialist ýazyjydyr žurnalistleri, Robert M.La Follette ýaly progressiw senatorlary FED-e garşy çykdy. Soñra näme boldy? • SEKIZ BANK Senator Nelson Oldriç FED-iñ gurulyş düzgünnamasyny mejlisiniñ dykgatyna ýetirdi. Esasy gurujy paýdary bolup sekiz bank çykyş edýärdi: - Londonyñ we Berliniñ "Rothschilds" banky… - Parižiñ "Lazard Brothers" banky… - Italiýanyñ "Israel Moses Seif" banky… - Gamburgyñ we Amsterdamyñ "Warburg" banky… - Nýu-Ýorkuñ "Lehman Brothers" banky... - Nýu-Ýorkuñ "Kuhn-Loeb" banky… – Rokfellerler maşgalasynyñ "Chase Manhattan" banky… - Nýu-Ýorkuñ "Goldman Sachs" banky… Prezident T.Ruzwelt ýaly eserdeñ W.Howard Taft hem düzgünnamany - Oldriçiñ meýilnamasyny ret etdi. FED-iñ tarapdary baýlar saýlawlarda goldan adamy W.Wilsony 1913-nji ýylyñ 4-nji martynda Ak Tamda prezident kürsüsinde oturtdy. (Ýogsa Wilsonam halkyñ goldawyny aljak bolup, FED-i goldamajakdygyna söz beripdi!) Wilsonyñ giýewi Uilýam Gibbs Mak-Edu bolsa Gazna ministri wezipesine bellendi. Aglabasy Demokrat kongresiñ agzalary bolansoñ, ýurt Noel baýramçylygynyñ bosagasynda durka, 1923-nji ýylyñ 23-nji dekabrynda FED düzgünnamasy gyssagly tassyklandy! FED-i guran amerikan plutokratiýasy birinji jahan urşundan peýdalanyp, imperialist işdäsini daşary ýurtlarda-da dowam etdirmek üçin jahana açyldy. Ol häzirem eksplutasiýasyny FED-iñ üstünden dowam etdirýär... Aradan ýüz ýyldan gowrak wagt geçdi. Käbirleri şeýle diýen bolýar: “- FED-i käbir maşgalalaryñ dolandyrýandygyny aýtmak komplimasiýa teoriýasydyr!" Haýranym hekgerýär, bu egosy pöwhe çöññelige… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |