23:40 Enäniň ykbaly | |
ENÄNIÑ YKBALY
Goşgular
Kerim Gurbannepesowyň ýadygärligine Gara duman ýer ýüzüni büredi, Doňan buzlar damja bolup eredi, Sebäp bäş balasyn dünýä indiren Ene gözlerini ýumdy ebedi. "Hany, tur, aýaga galsana, eje, Ümmüldeşip, çaý içeli bileje! Ýa-da indi seniň şol mährem gözleň Ýumuldymy müdimilik bu gije?!" Diýip, ogul enäň zaryny çekip, Ýalbarardy ejiz dyzlaryn epip, Haraý isleýärdi pany dünýäden Ýaralanan ýüregine duz sepip. Emma ne-hä enäň,ne-de bir dünýäň Hemaýat bermäge gurbaty ýetýär. Ykbal öz wagtynda enäni berip, Ýene öz wagtynda ony äkidýär. Goşgynyň başynda diýipdim, dogry Şol enäniň perzendi bäş bolmaly. Ýöne nämüçindir dört ogul ýokda,- Enäniň ýasyny tutýar bir ogly? ...Bäş ogluň ulusy bir gün dänjiräp, Öýi terk etmäge tapypdy bir tär: "Özüm, gelnim hem-de çagalam bilen Siziň hemmäňizi edýärin inkär!" Diýende ak saçly mähriban ene Ak saçly başyny goýdy-da ýere, Nurdan dolup-daşýan gözlerin süzüp, Öz ogluna ýalbarypdy müň kerem: "Balam, kakaň pahyr ýogalan çagy Garyldy gözümiň garasy agy Indi, balam,sen hem meni terk etseň Para-para bolar seň eneň bagry". Şonda enesini ýerden galdyrman, Çykdy gitdi öýden göýä bir myhman. Şodur-şodur ne-hä öýün gördi ol, Ne-de habar aldy ene pahyrdan. Enäň şol ogluna habar baranda Ol göýä çolaşan ýaly emgege, Hat ýazdy yzyna wagtyn ýitirmän: "Men baryp bilmerin, gömäýiňsene!" ,,Gömäýiňsene'',şeýleräk sözi Heý ynsan ogluna diýip bolarmy? Onda-da bu sözi öz enesine Diýipdi enäniň şol uly ogly. ... Enäniň ikinji ogly öýlenip, Gelnine wepaly gul deýin boldy. Şondan bäri öçüripdi huşundan Enesiniň öýüne barýan ýoly. Ikinji ogluna gelende habar Eline aldy-da habarly hatyn, Bir bukjaň içine salyp iberdi Reňki solup giden elli manadyn. "Şundan başga zada güýjüm ýetenok, Men nädeýin, pesiräk-dä ýagdaýym. Onsoňam men işli, baryp bilmerin, Soň bir gün gubryna baryp gaýdaryn". Diýip, hat iberdi dogduk öýüne Göýä harajaty çökeräk ýaly. Emma baýlygyny deňeşdiräýseň Karun mülkünden-de köpüräk ýaly. Şeýle baýlygyndan birje janlyny Mährem enesine rowa görmedi. Emma başyna täç gelnine bolsa Günde göwherdir dür sowgat bererdi. ... Üçünji ogluna gelende habar ( Özüňiz çözüň-dä, çynmy ýa galat) Diýdi:,,Ýaşlar ýaşap, garrylar ölse Gynanara zat ýok, bu bolmaly zat. Ýöne welin men-ä baryp bilmerin, - Şu gün meniň iň bir wajyp ýygnagym. Ertirem, birgünem, gepiň keltesi Soň bir gün görünip gaýdar aýalym''. Dokuz aý göwrede göteren enä Dokuz minudynam sarp eýlemedi. Hatda perişde deý enesi bilen Razylaşyp, hoşlaşmaga gelmedi. ...Dördülenji ogul başyny sallap, Mährem enesiniň ýasyny tutýar. Ýaraly ýüregin tanapsyz baglap, Kalbynda gussaly harasat gopýar. Enäniň bu ogly çopan bolsa-da Enesi bir gezek çytaýsa gaşyn, Tagzym edip enesiniň aýagna, Ah çekip goýardy öz gara başyn. Bäşinjiden bolsa hiç habar ýokdy, Şol hütdüjek öýden çykyp gidişi. Özüni eneden, enäni bolsa Özünden müdimi mahrum edişi. ...Hawa ulus-iliň gerdeni bilen Göterilip barýar enäň tabydy. Bir tarapyn ogly göterip barsa, Üç tarapy ýalňyz barýan ýalydy. Mazarystanlyga alyp geldiler, Salladylar çuň çukura ýüp bilen. Enäň jesedini ele alanda Oglunyň ýüregi çişdi güp deýin. Şeýdip kümüş saçly beýik enäni Ýerlediler mes toprakly zemine. Enäniň mazary tümmeklenilip, Iki jür agajy dikileninde Mazarystanlyga gelen il-güne Heniz görülmedik gudrat göründi. Entek sowamadyk mazara goýlan Enäň iki jür agajy gülledi. Hemmeler baş egip bu keramata, Enäň mazaryna tagzym etdiler. Göz ýaş döküp, ýüreklerin ýeňledip, Kä agajy, kä mazary öpdüler. ... Meşhur bolmasam-da men bu dünýäde Her sözi dür bolan halypam deýin, Nowça perzentlerden bir dilegim bar: Mährem eneleriň gadyryn biliň! 15.07.2017. | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |