13:48 Men durmuşdan uzak ömür dilämok... | |
MEN DURMUŞDAN UZAK ÖMÜR DILÄMOK...
Goşgular
![]() Men durmuşdan uzak ömür dilämok, Sepleşen ýyllardan gözlämok many. Şu gün bir dostumyň başyny gorap, Erte bu dünýäden gitmäge razy. Aslynda, bu ömrüň manysy näme? Goýan maksadyňa baryp ýetmekmi? Ýa assa ädimläp, birek-biregi Ses edip, tabytda alyp gitmekmi? Ýok, ömrüň manysy düşünerden kyn, Bir kada kime çyn, kim üçin galat. Onda ulumsylyk etmişe ýakyn, Ejizlemek bolsa uly jenaýat. Diýmek bu dünýäde ejiz adam ýok, Ynsan başy ýokardadyr eginden. Durmuşda agsamak - ejizlemek däl, Durmuşda käýarym agsaýar merdem. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |