16:52 Harby gullukdan soň ilkinji goşgy | |
HARBY GULLUKDAN SOÑ ILKINJI GOŞGY
Goşgular
![]() Könelen ýüzüniň perdesin çekip, Döwür diýilýän zat üýtgeýär, bilýän. Ýöne ''täze dünýäň '' pidasy edip, Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Dünýäde her derde müň sany em bar, Emma derman barmy mähri deý enäň? Näçe ynjytsaňam ýaş dilär, emma Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Hawa, wagt geçipdir, bolupsyň ata, Ýaşlyk edeniňe indi düşünýäň. Ýatlamada däl-de ol heniz barka Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Ýogsam bir gün öpüp bir tümmek gumy, Mazaryň daşyna degirip kelläň, Ökünç, gözýaş bilen aýdarsyň şuny: ''Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!'' Maksat SEÝITLIÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||