14:54 "Maña bu durmuşdan kän zat gerek däl..." | |
"MAÑA BU DURMUŞDAN KÄN ZAT GEREK DÄL..."
Goşgular
Maña bu durmuşdan kän zat gerek däl, Eger arka atyp saldamly ýaşy, "Ejem gezip ýörse ýeriň ýüzünde'', Hemem belent bolsa kakamyň başy. Maña bu durmuşdan kän zat gerek däl, Meň üçin sarp edip gymmat wagtyny, Mydam ýaňagymy gyzardyp dursa Edepli agamyň gyzgyn şarpygy. Moda bolanmyşyn köp gyzy "söýmek", (Şeýdip şek ýetirýäs belent söýgä-de). Maňa bu durmuşdan kän zat gerek däl, Bir ömrüme bir gyz berse söýmäge. Olam Walentina gün üçin däl-de, Bolup dünýäň iň wepaly aýaly, Özüni öýmäniň astynda gizläp, Perzentlermiň başyn sypalar ýaly. Hemem dostum bolsa syrym aýtmaga, Ýüzünden ýüregi owadan, pes päl... Ömrüm, şular üçin minnetdar saňa, Maňa bu durmuşdan kän zat gerek däl. 20.03.2022 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |