08:27 Ene | |
ENE
Goşgular
![]() Ak tüýnükli alty ganat ak öýüň Rahatlykdan demin alýan töründe, Ýalňyz özi süzüp gara gözlerin, Ak pagtasyn egrip otyr bir ene. Onuň göz-guwanjy - ýalňyz balasy Bu gün Watan üçin aýaga galdy. Hawa, ol öz iýen mukaddes duzun Müň kerem halallap, ýerine saldy. Aýlar aýlananda, ýyllar aşanda, Kyrk üçünjiň maýy gelende çapyp, Hat geldi ýigitden ýaşyl bukjada, Üç burçuny üç tarapa galgadyp. Obaň ulus ili şol üçburç haty Okap berdi enä göýberip hata. Şeýle gysga haty dürs okamazça Ulus-il aňrybaş sowatsyzmy-ka?! ...Ine, onçasyna menem bilemok, Ýöne umyt edip, şol mährem enäň Soňky deme çenli ýoluna garap, Gözün açyp, göre girenin bilýän. 24.12.2017. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |