23:54 Ene hakynda | |
ENE HAKYNDA
Goşgular
Ene! Mähribandyr, ene melekdir. Ynjytmañ, aglatmañ eneriñizi! Siziñ üçin, ähli zada taýyndyr, Güldenem näzikdir ene ýüregi. Ene! Mukaddesdir, ynjytmañ ony, Aýagynyñ basan ýeri Jennetdir. Eneñize güler ýüzli baksañyz, Sizden razy, ömürboýy minnetdar! Şeýle, sözler bilen bezäp beslenen, Internetde paýlaşdym, owadan mowzuk. Guwanyp, ýürek basylan sesleriñ, Ýene-de gözledim, sözleriñ gowsyn. Hassa ýatan enem bolsa, hyk -çoklap, Menden suw diledi, "wagtym ýok" diýdim. Internetde bolsa, ene hakynda, Like gazanjak bolup, mowzuk köp goýdum. Remezan MÄMETGURBANOW. 26.11.2022ý | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |