09:51 Erdoganyñ taryhçysy | |
ERDOGANYÑ TARYHÇYSY
Publisistika
Onuñ jynaza namazyna Din işleri ministri professor Aly Erbaş ymamlyk etdi. Jynazasynyñ başynda Prezident Erdogan söz sözledi: "Hakykatdanam, taryhçy, akyldar hökmünde Ýawuz Bahadyrogly ötgür galamy bilen işiniñ hakyky pidaýysydy we hiç mahalam döredijiligik işinde ýöwsellik etmedi. Galamyny hut şu hususda doly Suraty-Müstakymda ýöretdi we ýöredi..." Turgut Alp ýa-da Saltyk... Çaka beg ýa-da Boris... Malkoç beg ýa-da Peşdeli Kerem, Gulaksyz Omar, Köse çawuş... Kümüş tegin ýa-da Balaban, Lukman, Dälibozuk Hydyr, Ogul Tamyş... Ýa-da Frenk Süleýman, Ýaltyryk Bekir, Teýmir, Kel Sadyk, Molla Doşan, Adli ussa, Arnawut Messan, Ýaman Kazym, Gargaburun, Sary Lagod… Erdogan bu ýüzlerçe roman personažlaryny hakyky real şahslardyr, hakykatdyr öýdýärmikä? "Hakyky taryhçy" diýip kime diýilýär? Pahyryñ ady-da hakyky däldi ahwetin: Ysmaýyl Birinji, Şeref Baýsal, Weýsel Akpynar, Bahadyr Alp, Nurjan Sewinç, Ýawuz Bahadyrogly ýaly edebi lakamlary ulandy. Döredijiligine çagalar üçin ertekileri we taryhy romanlary ýazmakdan başlady. Ilkinji gezdk "Sungurogly", "Buhara ýanýar", "Hoş gal, Buhara" atly çeper-taryhy romanlary bilen döwrüniñ syýasy 1971-nji ýylyñ 12-nji mart harby agdarylyşygynyñ ruhuny beýan etdi. Sosializme garşy gidýän bu hyýaly eserler çepçilere garşy göreşýän konserwatiw ýaşlaryñ ýankitabyna öwrüldi... (Özem bu eserler Çingiz han, Teýmirleñ ýaly musulman däl türkleri ynsapsyz, rehim-şepagatsyz, gyzyl sakgally şeýtan hökmünde suratlandyrýar! Käbir dindarlarymyzyñ bugünki düşünjesinde musulman däl türk şahsyýetlerimiziñ otrisatel tipde ýer almagyny nädipdl düşündirse bolar?) Erdogan baryp-ha Ymam Hatyp liseýinde okaýarka hakykatda bolmadyk wakalara ýugrulyp döredilen bu taryhy romanlar bilen tanşan bolmaly. Emma... Prezident Erdoganyñ çagaka okanlaryny bugün hakykatdyr öýtmegi ullakan bir problema. • HÄKIMIÝETIÑ TOPARYNA SAZLAŞYKLY Taryhy roman... Taryhy wakalary we ýagdaýlary dogruçyl beýan etmegiñ deregine çeperçilik gurluşuny we düşünjelerini hakykat ýaly suratlandyrýan bolsa problemalydyr. Çünki: Taryhy romanda personažlar we taryhy goşundylar çeper suratlandyrmanyñ öñüne geçse, edilen iş diñe syýasata we propoganda öwrülýär. Romanda taryhy tezisleri öñe sürmek we taryh bilen baglanyşykly çekişmeleri döretmek ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Biziñ ýurdumyzyñ taryhy prozasynyñ wekilleri öz ýaşan döwürleriniñ ideologik ýüze çykmasy hökmünde taryhy wakalary özleriçe ulanýarlar. Ýaşan döwrüniñ syýasy şertlerine görä taryhy wakalardan islän netijelerini çykarýarlar, islän pikirlerini goşup, islän ugurlaryna gönükdirýärler! Uzak geçmişden döredilen we "kesekilere" garşy döwüşýän-göreşýąn halasgär gahryman düýnüñ hakykatlaryna däl-de, şu günüñ ideologik-syýasy zerurlyklaryna görä çykyş edýär! Ýazyjynyñ "syýasy hünärmenlik" ugruna görä hereket edýär! "Gahryman" özünden talap edileni ýerine ýetirmäge mejbur edilen ýazyjynyñ guludyr! Ine... Bahadyrogly hem taryhy romanlarynyñ gahrymanlaryny syýasy atmosfera döretmegiñ serişdesine öwrüp propoganda ýaragyna öwürdi. Taryhy - añlarda täzeden döredip, syýasatyñ maksadyna gulluk eder ýaly hala getirdi. * * * Aradan çykanyñ yzyndan bu zatlary ýazasym gelenokdy. Emma Prezident Erdoganyñ nädogry sözlerine jogap bermesegem bolmaýar. Gepiñ keltesi, Ýawuz Bahadyroglunyñ taryhy temaly eserleriniñ hakykatdygy ýa däldigi beýle-de dursun, olary roman hem hasaplamak mümkin däl. Merhum ýazyjynyñ eserlerinde edebi estetikadan nam-nyşan ýok... Bu kitaplar zol-zol "biz we saýry" bölünşigini edip, urha-urlugy mahabatlandyryp, erkek gegemoniýasynyñ dilini ulanyp, dini we etniki bölünişikleri adaty ýagdaýa getirip "syýasy bildiriş" ýazan populýar eserlerdir. Gynansak-da... urha-urly taryhy romanlar Erdogan düşünjesiniñ-häkimiýetiniñ dilini-estetikasyny görkezme biçüwiniñ şekillenmegi hökmünde ulanylan ideologik aýgytdyr diñe. Netijede, Erdogan ýaly syýasatçylar ýöredýän syýasatyna laýyk "geçmiş gollanmasy" hökmünde toslama taryhy romanlary hakyky taryhy çeşme ýaly görkezip, propagandalaryna serişde edýär! Ýawuz Bahadyrogly, Kadir Mysyrogly ýaly "taryh toslamaçylaryna" odalar hut şu maksat bilen düzülýär. Ýogsam bolmasa... Hakykat aslynda şudur: Nesilleri taryhy roman aldawaçlygy bilen ýetişdirmek ýurduñ gelejegini garaltmakdyr... Öñler respublika döwründe taryhy romanlaryñ giriş sahypasynda şeýle ýatlatma bolardy: "Bular ýaly kitaplary ynanmak üçin däl-de, diñe wagtyñyzy hoş geçirmek üçin okamalysyñyz. Çünki bularyñ hiç biri taryha we hakykata esaslanmaýar." Megerem, Erdogan birinji sahypany okaman geçen bolmaly! Şuny pugta belläñ, taryh - sosial ylymdyr! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.01.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |