14:13 "Erkek adam ýurduny taşlap uruşdan gaçarmy?" | |
"ERKEK ADAM ÝURDUNY TAŞLAP URUŞDAN GAÇARMY?"
Publisistika
Türkiýede gündelik durmuşda-da, sosial mediýada hem uzak wagtdan bäri migrantlara we bosgunlara garşy linç kampaniýast alnyp barylýar. Köçeden geçip barýan ýönekeý raýatdan başlap teleýaýlymlarda dünýä täzeliklerini teswirleýän "atly-owazaly" hünärmenlere çenli hemmeler bosgunlara çöwjeýär. Hamana häzir Türkiýede migrant ýa-da gelmişek bolmak ullakan aýyp we etmiş. Ilki bilen şuny nygtap geçeýin, bosgun bilen migrant biri-birinden aýry manyly sözler bolsa-da, Türkiýede ikisem bir manyda ulanylýar. Şonuñ üçin bizem bärde tapawut goýmazdan ikisinem manydaş sözler hökmünde ulanmaly bolýarys. Ýönekeý türk raýatlary Youtuber-leriñ taýýarlaýan köçe reportažlarynda migrantlara agyzlaryndan gelen hapa-paýyş sözlerini ýagdyrýan bolsa, gijesi-gündizi bilen teleýalymlarda oturan meşhur hünärmenlerem olardan pes galanok. Gaytam tersine, ýüregiñi bulaýjy birtopar samsyklaç zatlary aýdýarlar. Bularyñ birem "İYİ" partiýasynyñ Balykesir şäheri boýunça halk deputaty Turhan Çömez. Ol Owganystanda 2021-nji ýylyñ awgust aýynda respublikan režimiñ dargamagyndan soñ ABŞ tarapyndan tälim berilen 500 müñ owganystanlynyñ hamana agzalalyk we dawa-jenjel döretmek maksady bilen Türkiýä getirilendigini we bularyñ köpüsiniñem Türkiýede oba ýerlerinde we daglarda çopançylyk edýändigini aýdýar. Çömeziñ ýene bir öñe sürýän pikiri şeýle: "Bu 500 müñ owganystanly metanfetamin atly psihotrop maddasynda ulanylýan efedra atly ösümligi götermek üçin goşhalta ulanýar. Talihan amerikanlar bilen işleşen bu owganlaryñ gitmegine olaryñ aýallaryny we çagalaryny zamuna alandan soñ rugsat berdi, ýagny özüñiz gidiberiñ, aýallaryñyz we çagalaryñyz bize galar diýdiler". Turhan Çömez aklyndan azaşan telbäniñem aýtmajak bular ýaly samsyklaç pikirini aýdandan soñ özüniñ hemme zatdan ötri alymdygyny we komplimasiýa teoriýalaryny ýigrenýändigini, öñe sürýän pikirleriniñ owgan dostlaryndan edinen ygtybarly maglumatlara esaslanýandygyny aýdýar. Ilki bilen şuny aýtmak gerek, owgan harby we hukuk goraýjy işgärleri jemi alanda 300-350 müñ harby gullukçydan we polisiýa işgärinden ybaratdy. Soñky ýyllarda goşundan we polisiýadan işini taşlap gaçýanlaryñ sany köpelendigi üçin bularyñ sany 2021-nji ýyla gelinende ýarpa inipdi. Talibanyñ Käbile giren 2021-nji ýylyñ 15-nji awgustyndan bäri bir aýyñ dowamynda 120 müñe golaý owganystanly amerikan we NATO uçarlary bilen Günbatara uçuryldy. Bularam dargan režimiñ ýokary wezipeli ýolbaşçylaryndan, ISAF we BMG üçin işleýän owgan dilmaçlaryndan, gullukçylardan, sungat işgärlerinden, žurnalistlerden, harby gullukçylardan ybaratdy. Ýönekeý harby gullukçylar harby lybaslaryny çykaryp obalara dargady, sowatly ýokary düzüm bolsa Günbatara gaçdy. Respublika döwründe Owganystanda üç müñe golaý gysgaça NGO diýilýän daşary ýurt haýyr-sahawat guramalary işleýärdi. Bular 400-500 müñ adamy ekläp-saklaýardy. Bu ýerlerde işleýän ýönekeý owganystanly 500-750 dollar aýlyk alýardy, bulam 10 adamlyk maşgalanyñ gününi dolamagyna ýetýärdi. Talibanyñ gelmegi bilen ähli NGO-lar Owganystandan çykyp gitdi. Işsiz galan ýarym million çemesi sowatsyz owganystanly alaçsyz Günbatara sary ýola rowana boldy. Eyranyñ üstünden daglary paýu-pyýada aşan bu ýaş oglanlaryñ ýanyna goş-golamly çemodan almaga ýagdaýlary ýokdy, olaram iki laý eşigini salmak üçin ýanlaryna ýeñiljek goşhalta (el sumkasy) alypdylar. Owganystanda we bütin Orta Aziýada temmäki ýapragyndan ýasalýan çygly ýaşyl madda ulanylýar, oña nas diýilýär. Nas sowatsyzlara we garamaýaga mahsus keýp beriji madda, sowatly adamlar nas atanok, çilim çekýär. Çilim ýaly adama keýp we rahatlyk berýändigi üçin owganlaryñ ýanynda nasynyñ bolmagynda geñlärlik zat ýok. Çömeziñ öz ýanyndan pal atyp zäherli psihitrop maddasy diýýän zady nas bolmaly. Çömeziñ 500 müñ tälim berlen owgan diýýän adamlary, ine, şol NGO-larda işläp, soñam işsiz galyp ýollara çykan we Türkiýede çopançylyk edýän bilimsiz garyp owganystanlylardyr. Şonsuzam oba ýerlerinden gelen bilimsiz owganystanlylaryñ köpüsiniñ Türkiýede iñ başaraýjak işleri ekin-tikin we maldarçylyk. Munyñ nämesi erbet? Galyberse-de, Türkiýede çopançylyk edýänleriñ köpüsi dil problemasy bolmadyk owganystanly türkiler, ýagny özbekler we türkmenler. Olaram ahyrsoñunda poh-püsüliñ arasynda ýa-da dagda-düzde iñ agyr işlerde işläp, iñ pes aýlyk hakyny alýarlar. Bikanun ýagdaýda ýurda girendikleri üçin uly şäherlerden we polisiýanyñ eliniñ ýetip biläýjek ýerlerinden daşda bolmak olaryñ peýdasyna. Görlüşi ýaly, Turhan Çömez ondan-mundan edinen çala-çapdyr maglumatlary bulen özi üçin şeýle bir owadan komplimasiýa teoriýasyny düzüpdir we muny-da ýörite ähmiýetli maglumat ýaly edip köpçüligiñ dykgatyna ýetirýär. Geñ we gülkünç ýeri, Çömeziñ özüne komplimasiýa teoriýalaryny halamaýan alym adam hökmünde baha berýändigi. Sözbaşydaky sorag barada aýdanda, Türkiýede bosgunlara we migrantlara iñ köp berilýän soraglaryñ biri. Muny soraýanlar bir zat bilmek, kanagatlanarly jogap almak üçin däl-de, aýyplamak, kemsitmek, degnasyna degmek üçin soraýarlar. Taryhçy Ilber Ortaýla çenli juda ýokardan garaýan gopbamsylyk bilen "öz ýurduny goramaýan adam bilen meniñ ne işim bolup biler?" diýýär. Bir zat aýdaýyn, Ortaýlynyñ özem Ikinji jahan urşunda Krymdan gaçan tatar maşgalasynyñ çagasydyr we Awstriýadaky bosgunlaryñ lagerinde düneä inipdir. Ilki bilen şuny aýratyn belläp geçmek gerek, uruşdan gaçmagyñ watansöýüjilige ýa-da dönüklige dahylly ýeri ýok. Taryhyñ dürli döwürlerinde dürli halklardan bolan adamlar garşysyna göreşip bolmajak uly kynçylyklara sezewar bolanlarynda ýaşaýan ýerlerini taşlap gidipdir. Munuñ özi aslynda akylly-başly we pragmatiki adamlaryñ edäýjek zady. Bärde ýalñyş zat munuñ tersi - ýagny ömrüñi bihuda ýere kül etmekdir. Ýaşaýan ýurduñyz parçalanan bolsa, graždanlyk urşy turan bolsa, hatda öz döwletiñiz we goşunyñyz sizi bombalaýan bolsa, işlemäge iş bolmasa, baran edarañyz para bermeseñ gapyny ýüzüñe ýapýan bolsa ýa-da iş oñarmaýan bir çöññe birgiden akyllynyñ üstünden höküm sürýän bolsa, ýönekeý raýat hökmünde siziñ etjek iñ akylly-başly, oýlanyşykly edip biljek zadyñyz - şol ýurdy taşlap gaýtmakdyr. Ol ýerde gorar ýaly zat, arkasynda durar ýaly gymmatlyk galmadyk bolsa, kimi, nämäni, nämäniñ hatyrasyna gorajak? Emma ortada adamlaryñ ynanyp biljek uly dawasy we maksat birligi bar bolsa, hemmekee soñuna çenli goraram, gerek bolsa şirin janlaryny-da orta goýar. Muña ýekeje mysal, 1979-njy ýylda Sowet Soýuzy Owganystana girende owganlar aýaga galyp, ýurtlaryny goradylar we bütin dünýäniñ söýgüsini gazandylar. Edil häzirem bir gysym bolup galan palestinaly ýitip-ýok bolup gitmegiñ bäriýanynda ýurduny goraýar we depelerinden bomba ýagyp durka-da adamlar oba-şäherlerini terk edenok. Häzir Türkiýede kemsidilýän we masgaralanýan siriýalylaram ýurtlary dört-bäş bölege bölünmedik bolanlygynda we ortada goramaga zat bir zat galanlygynda soñuna çenli göreşjekdiklerine birjigem şübhelenmeýärin. Türkiýede bosgunlaryñ we migrantlaryñ ýurduñ arkasynda uly agram döredendigi dogry. Emma muny migrantlara agzyñdan gelen hapa-paýyş sözleri aýdyp, olary kemsidip, masgaralap gündelik durmuşymyzda başdan geçirýän kynçylyklarymyzyñ we şowsuzlyklarymyzyñ awusyny olardan çykaryp ýeñledip bilmeris. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Sişenbe, 20.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||