21:37 Erkekler aglamaýarlar | |
ERKEKLER AGLAMAÝARLAR
Goşgular
Käte şeýle bolýar, men erkek diýip, Gynanjyň gözýaşyn gizlejek bolýaň. Ýürek gyýylsada eýýäm gan öýüp, Şonda-da mertlerçe sözlejek bolýaň. Emma başaraňok, bokurdak dolup, Damagyňdan bir ses çykmajak ýaly. Özüňi saklajak bolýaň,zor salyp, Şeýtseň gözüňden ýaş akmajak ýaly. Sessiz aglamaklyk, gör niçik agyr, Dem almak kynlaşýar, öýken gysylýar, Ýürek paralanýar, dilinýär bagyr, Belki ömrüňden hem ýyllar kesilýär. Naçarlar aglaýar, goý aglasynlar, Ýürekleri giňär, dertleri ýeňlär. Olar erkeklere bil baglasynlar, Aýralyk derdini, aglamak ýeňýär. Ýaradan, meň senden bir dilegim bar, Diýýärler, erkekler aglamaýarlar. Ýöne sen aglatma hiç bir aýaly, Erkek adamlaryň aglaýşy ýaly. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||