17:51 "Ertekiniñ gahrymany bolaryn, hem erkin bolar, özümi duýşum..." | |
"ERTEKINIÑ GAHRYMANY BOLARYN, HEM ERKIN BOLAR, ÖZÜMI DUÝŞÜM..."
Goşgular
Ýaşyl başmy, Gara başmy? Bilmedim. Bendi edip, gussa doly ummana, Gidip bilmän garabasýan dünýeden, Mejbur men... Men mejbur boldum dymmana... Dünýä-zyndan, Gussam-jeza ömrüme, Daşyma çekilgi serhet zolagy. Ganatym gyryldy. Erkin däl erkim, Rugsat ýok uçmaga, Erkin gonara. Wah, Arman! Wah... Mende rowgat galmady... Bolanda-da zynjyrlandy zyndana, Allam! Maña, Gudratyñy peşgeş ber! Ynsabyny gaýdyp berjek bendäñe... ... Ele alagada dünýäñ kartasyn, Ýyrtyp-ýyrtyp täzedandan düzlesem, Akylyndan jyda düşenleri men, Nadanlyga serhet berip gizlesem... Ýok, onda-da çykalgasy bolanok, Çäklendirip bilemok men hiç zady. Ýitirýärin, elimden zat gelenok. Başaryp bilemok bolaýjak zady. Görnüşe görä-hä ähli zat añsat, Ýa-da meni göýberenok, gussalam. Garyşyp içinde ham-hyýal bolup, Tapamok, gözlänim, yhlas etsemem. Gözleýänim näme? Onam unutdym, Näme ol? Oýuma gelenok herhal... Iki elimi hem başyma goýup, Pikirleñ jümmüşinde sergezdan... ... haçan oýanaryn, oýa bolaryn, Gözlerimi açyp, terk edip düýşim. Maksat-myradyma gowşaryn belkem, Ertekiniñ gahrymany bolaryn, Hem erkin bolar, özümi duýşum... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |