23:29 ...Esada içini çekip oturaýmak galdy | |
...ESADA IÇINI ÇEKIP OTURAÝMAK GALDY
Publisistika
Ol siriýalylardan gelen taryhy peşgeşden ýüz öwürdi we boljak iş boldy Fotosurat: Rami Al Saýed / AFP Käbir mediýa platformalarynyñ gaçgak prezident Beşşar Esadyñ beýanatynyñ hakykatdanam özüne degişlidigine şübhelenýändigine garamazdan, beýanatyñ dili, ruhy, ulanylan sözleriñ "sowuklygy" we bilgiçligi beýanatyñ Esad tarapyndan berlendigine arkaýyn ynanmagymyza sebäp bolýar. Siriýa respublikasynyñ prezidentliginiñ arasynda rus "Telegram" platformasynyñam bolan sosial mediýa hasaplaryndan berilen beýanatda Russiýadaky gaçybatalgasyndan Beşşar Esad (elbetde onuñ özi muny boýun alasy gelmedi) gaçyş şertlerini gürrüñ berdi. Milli göreş karýerasyndan, liderlik aýratynlyklaryndan, şahsy bähbitlere esaslanmaýan artykmaçlygyndan we gaýry zatlardan söz açdy. Beşşar Esadyñ beren beýanatynda şeýle sözler bar: - Men wezipä kowalaşýanlardan däldim, has dogrusy milli maksatnamanyñ eýesidim. Beýle bolýan bolsa, nämüçin Yrakda Saddam Hüseýin, Liwiýada Kaddafi, Ýemende Aly Abdylla Salyh ýaly ýurduñyzy taşlaman, iñ soñky demiñize çenli söweşmediñiz?!. Beşşar beýanatynda bu soraga şeýle jogap berýär: - Terroryñ döwleti ele salmagy we haýsydyr bir zady orta atma we etme mümkinçiliginiñ elden giderilmegi bilen, wezipe we dereje boş zada öwrülýär duruberýär, hiç hili manysy galmaýar we ygtyýarlynyñ wezipesinde galmagynyñam manysy bolmaýar. Eýsem bu, Beşşaryñ syýasy işlerden hemişelik el çekendigi we Ýakyn Gündogaryñ gaý-tupanlaryndan we ýanardaglaryndan alysda, ölümsiz Sibir-rus añzagynyñ ritminde doñup galjagyny añladýarmy? Beşşar beýanatynda rus "Hmeýmim" harby-howa bazasyndan rus uçary bilen Günbatar Siriýa daglarynyñ üstünden "gaçmagynyñ" Beşşaryñ hekaýasynyñ soñlanandygyny añlatmaýandygyny aýdyp, bizi geljekdäki maksatnamasy hakda duýdurýar we şeýle diýýär: - Bu hiç bir ýagdaýda Siriýa we halkyma duýýan hakyky ýakynlygymdan el çekendigimi añlatmaýar. Munuñ õzi wezipä ýa-da ýagdaga görä üýtgemeýän durnukly ýakynlykdyr. Azat we garaşsyz Siriýanyñ gaýdyp geljekdigi umydy bilen doly ýakynlykdyr. Eýsem bu, özüniñem aýdyşyşyndan "hakyky ýakynlyk" we "azat we garaşsyz Siriýanyñ gaýdyp gelmegi" ýaly Siriýada gaýtadan prezidentligine gaýdyp gelme arzuwyna ýakynlyk wezipä we hemişelik şol ýerde galmaga bolan söýgüsi dälmi näme?!. Bärde Esadyñ şu badyhowa sözi ýada düşmeýärmi: - Men hiç wagtam wezipä we derejä kowalaşmadym. Gaýtam tersine, özümi hemuşe goldawyny özüne ynanan halkdan alan milli maksatnamanyñ eýesi hökmünde gördüm! Soñky ýüzlenme belgisini meniñ özüm goşdum, beýanatyñ tekstinde ýok. Şeýle pikirler we signallar gurluş we many taýdan soñky çärýek asyr bäri ýurdy dolandyryp gelen Esad añyýetiniñ göýdükdigini görkezýär. Ortada reallykdan üzñeleşme, hyýaly howa şaryny çişirip içinde ýaşama, dünýäni şonuñ içinde oturan ýeriñden arzuw etme ahwaly bar. Dogrusyny aýtmaly bolsa, Endulusda Girnatanyñ (Grenada) iñ soñky emiri Ebu Abdylla el-Sagiriñ duşmanlaryna boýun egmeginden, paýtagty taşlap gaýtmagyndan we mal-mülküni gorap bilmän elden gidermeginden soñ ejesiniñ oña aýdandygy aýdylýan sözden başga aýdara agramly söz tapamok. Taryh üçin dogruçyl bolmaly bolsa, onda siriýalylaryñ köpüsi Beşşar Esadyñ özlerine baştutanlyk etmegine garşy bolmadylar, gaýtam ol ilkibaşda iş başyna gelende muny gowulygyñ alamaty hasapladylar. Onuñ mezhebine-de üns berip durmadylar, kakasy Hafyzyñ döwri üçin ony günäkärem hasaplamadylar. Emma ol siriýalylardan gelen taryhy peşgeşden ýüz öwürdi we boljak iş boldy Allatagala Şamy, Halaby we Ebul-Fidanyñ şährini nämälim geljekden gorasyn. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Penşenbe, 19.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |