18:15 Eýranda häkimiýet we döwlet | |
EÝRANDA HÄKIMIÝET we DÖWLET
Eýran Yslam Respublikasynyñ prezidenti Ibrahim Reisini, daşary işler ministrini we režimiñ käbir adamlaryny alyp barýan weryolýodyñ heläkçilige uçramagy meniñ pikirimçe Eýranda käbirleriniñ garaşýan "düýpli" üýtgeşmesine ýol açmaz. Sebäp režimiñ jylawy dini lider Ali Hamaneýiñ elinde. Dini lider Eýranyñ Ýaragly Güýçleriniñ we ähki howpsuzlyk gulluklarynyñ serkerdebaşysy. Suduñ başlygy, Konstitusiýany Goraýjylar Geñeşiniñ (KGG) agzalarynyñ ýarsyny, jumga gününiñ ymamlaryny döwlet teleradio kanallarynyñ başlyklaryny belleýänem şol. Dini lideriñ milliardlarça dollara barabar haýyr-sahawat guramalary-da eýran ykdysadyýetiniñ uly bölegine gözegçilik edýär. Dini lideriñ elinde saklaýan güýçleriñ iñ esasylarynyñ birem KGG-dir. 12 din alymyndan we hukukçydan ybarat edara bolan KGG prezidentlige kandidaturasyny goýýan islendik kişini tassyklama ygtyýarlyga eýe edaradyr. Edara režimiñ baýry "din alymlaryndan" biri bolan Şeýh Ahmet Jenneti başlyklyk edýär. Soñky prezident saýlawlarynda kandidaturasyny goýmak üçin ýüz tutan 590 adamdan 7-si KGG tarapyndan tassyklanyldyr we hiç bir aýalyñ kandidaturasyny goýmagyna ýol bermändi. Wezipe ygtyýarlarynyñ arasynda täze dini lideriñ bellenmegini tassyklamak ýa-da ony birden artyk kandidatlaryñ arasyndan saýlamak bolan Hünärmenler Mejlisi-de bar. Emma bu mejlisem kandidatlaryñ parlamente, prezidente, Lider hünärmenler geñeşiniñ saýlawlaryna kandidaturasyny goýmagyñ öñüni alyp bilýän Ahmet Jennetiniñ başlyklygyndaky KGG tarapyndan kontrollykda saklanýar. Dini lideriñ elindäki ýene bir struktura-da režimiñ gara güýji we fiziki ýüzi bolan "Rewolýusion Gwardiýadyr". Gwardiýa ýurduñ daşynda-da hereket edip bilýän ykdysady topar bolmak bilen birlikde ýerli edaralardyr milisiýa otrýadlaryndan düzülen gullukdyr. Eýran režimi syýasy sistemalar boýunça kartada döwletleriñ ýerli edaralarynyñ formal barlygy bilen Latyn Amerikadaky rasizme gol ýapýan çepçi militarist toparlara meñzeş, emma dini häsiýetli anarhust rewolýusioner hereketleriñ utgaşygy bolan täze nusgadyr. Şonuñ üçinem Eýranda häkimiýet we döwlet ýörite hem-de deñsiz-taýsyz ýagdaý bolanlygyndan has öñ görlüp-eşdilmedik täze çemeleşme hödür edilmelidir. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Sişenbe, 21.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |