09:35 Adonisiñ gözünden täze Siriýa | |
ADONISIÑ GÖZÜNDEN TÄZE SIRIÝA
Publisistika
Adonisiñ pikiriçe zerur üýtgeşmeler "aýal-gyzlaryñ azatlyklarynyñ artdyrylmagy, jemgyýetiñ hak-hukuklarynyñ, aç-açanlygyñ we içerki garaşsyzlygyñ berkidilmegindedir". "Adonis" ady bilenem tanalýan siriýaly ýazyjy Aly Ahmet Esber Finikiýa-kengan mifologiýasyna degişli "Adonis" lakamy bilen tanalýan şahyr Aly Ekber Esber ol hakdaky pikirijiz ha peýdasyna bolsun, ha garşysyna, siriýa we we hatda arap medeniýetiniñ simwollarynyñ biridir. Ol eýýäm 100 ýaşa ýeteñkirledi (94 ýaşynda), bulam onuñ garaşsyzlyk döwründen respublika, Şükrü el-Kuwwatly we yzyndan bolup geçen harby döwlet agdarylyşyklar döwrüne, soñra türk-ihwançy ("Musulman doganlar") Arap baharyna, ogul Esadyñ wagtlaýyn gaýdyp gelşine, yzyndan agdarylyşyna we gaçyşyna, şu günki el-Julani we onuñ doganlarynyñ döwrüne çenli Siriúanyñ dürli döwürlerini başdan geçirendigini añladýar. Şeýle ajaýyp ýaş tablisasyna kökleri arap, şahalary günbatarly medeniýeti-de goşuñ. Adonisiñ özi doly dünýewi adam. Ol yslamçylar beýlede dursun, özi ýaly dünýewi pikirli ýazyjy-şahyrlaryñam käbirleri tarapyndanam batyny (ýapyk) syýasy meýillere ýykgyn etmekde aýyplanýar. Bu hormatly we goja siriýaly intellektualyñ soñky çykyşy edebi baýragyñ gowşurylyş dabarasynyñ öñüsyrasynda Parižde geçirilen metbugat ýygnanyşygynda aýdanlarydy: - Meniñ Siriýadan 1956-njy ýylda çykyp gaýdanym. Şonuñ üçinem bu barada düýpli geplärlik derejede Siriýany bilemok. - Adonis sözüniñ üstüne şuny-da goşdy: - Men hemişe režime garşy boldum. Fransiýanyñ paýtagty Parižiñ golaýynda ýaşaýan Adonis metbugat ýygnanyşygynda edil häzir Siriýada bolup geçjek üýtgeşmäniñ reallygyny-da derñäp, şeýle diýdi: - Onuñ (Esadyñ) ýerine geçenler näme ederler? Mesele režimi üýtgetmekde däl, jemgyýeti üýtgetmekde. Adonisiñ pikiriçe zerur üýtgeşmeler "aýal-gyzlaryñ azatlyklarynyñ artdyrylmagy, jemgyýetiñ hak-hukuklarynyñ, aç-açanlygyñ we içerki garaşsyzlygyñ berkidilmegindedir. Jemgyýeti üýtgedip bilmesek, hiç zat oñarmarys. Bir režimi başgasy bilen çalyşmak öz-özüñi aldamakdan başga zat däl". Ine, medeniýetimiziñ siriýaly simwoly şeýle diýdi. Siriýadaky bu çarkandakly syýasy şertlerde bagtyýarlyk duýgulary we bir döwürden, hatra garañky, rehim-şepagatsyz Esad döwürlerinden halas bolma şatlygynyñ ortasynda Adonis bilen bir pikirde däl we onu dürli aýyplamalar bilen garalamaga synanyşjaklar hem hökman bolar. Emma pygamberimiz (s.a.w) bize eýesi kim bolsa-da, hikmetli garaýşy kabul etmegi ündäpdir. Haýsy çeşmeden bolsa-da, hikmetiñ möminiñ ýiten malydygyny, ony nirde tapsa almaga iñ köp şonuñ mynasypdygyny öwredipdir. Galyberse-de, Adonisiñ aýdýanlary dogry. Ol umumy medeni, bilim we gymmatlyga esaslanýan sistemany üýtgetmegiñ gerekdiginu aýdýar. Şahyr muny aýtmanda-da, görnüp duran hakykat. Rehimsiz we banditçilikli Esad režimini her dürli garañky etmişde günäkärläp (ol bu günäkärlemelere añryýany ýany bilen mynasyp), yzyndan ýazgaran duşmanyñyzyñ edenlerini gaýtalamakçy bolýarsyñyzmy? Siriýa ýolagçylygyñ parahatçylyk, ylym-bilim, sabyr-kanagat, arzuw-umytlar nukdaýnazaryndan howpsuzlykda we asudalykda isleýän menziline ýetmegi mümkinmi? Şu günüñ meselesi şudur. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Ýekşenbe, 15.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |