19:16 Ine, Palestinada syýasatyñ degýän peýdasy | |
INE, PALESTINADA SYÝASATYÑ DEGÝÄN PEÝDASY
Publisistika
Syýasy basyşyñ gysgyjy Ysraýyldaky ekstremizmiñ tarapdarlaryny awundyrýar we olaryñ elini-aýagyny baglaýar. Ysraýylyñ Gaza sektoryny bombalamagynyñ döreden weýrançylygy / Fotosurat: AFP Ysraýylyñ Gazä we Palestina gönükdiren harby operasiýalaryny duruzmak we strategiki taýdanam iki döwletli wariantyñ orta atylmagy Saud Arabystanynyñ mälim eden we Beýrut konferensiýasynda araplar tarapyndan tassyklanan Arap Parahatçylyk inisiatiwasynyñ durmuşa geçirilmegi ugrundaky halkara syýasy-hukuk basyşlary gün geçdigisaýy artýar. Ýagny, munça adam ýitgisinden we weýrançylykdan soñ, gynansak-da, ilkibaşdaky ýerimize gaýdyp geldik. Meñzeşi ýok we täze günbatarly görüniş bilen garşyma-garşy bolýarys: Günbataryñ Ysraýyly mawy asmanyñ astyndaky ýer togalagynyñ islendik ýerinde hemmetaraplaýyn goldama babatynda birnäçe ýyllap üýtgemän gelen ruhy ahwalynda aç-açan üýtgeşmesine şaýatlyk edýäris. Üç ýewropa ýurdy (Norwegiýa, Irlandiýa, Ispaniýa) 28-nji maýda Palestina döwletini ykrar etjekdiklerini mälim etdiler. Munuñ özi birnäçe synçynyñ pikiriçe özbaşdak Palestina döwletiniñ gurulmagyny çaltlandyrjak, häzirki meseläni iki döwletli çözgüt we ykrar edilen halkara kadalaryñ binýadynda çözüp biljek esasy we öñdebaryjy ädim bolar. Bu ýolda ädilen soñky halkara ädimler Halkara Adalat diwanynyñ Genosid jenaýatynyñ öñüniñ alynmagy we jezalandyrylmagy ylalaşygyna esaslanyp, Ysraýyl Gaza sektorynyñ günortasyndaky Refaha gönükdiren harby hüjümini we beýleki harby operasiýalaryny derhal togtatmagy talap edip karar çykarmagydyr. Saud Arabystany bu karary uly şatlyk bilen garşylady we Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda "Palestin halkynyñ ahlak we hukuk haklaryny gowulandyryp biljek oñyn ädim" hökmünde baha berdi. Beýanat şol bir wagtyñ özünde Palestinanyñ tutuş territoriýasyny öz içine alýan halkara kararlaryñ gymmatyny nygtady. Pars aýlagy ýurtlarynyñ Geñeşiniñ (PAÝG) baş sekretary Jadim el-Budeýwi BMG-nyñ iñ ýokary sud organy tarapyndan berilen bu kararyñ halkara jemgyýetiñ halkara hukuga we adalata bolan baglylygyny añladýandygyny aýtdy. Ol PAÝG-na agza ýurtlaryñ palestinalylaryñ hak-hukuklaryny gazanma we öz döwletlerini gurma boýunça kanuny göreşlerini doly goldaýanyklaryny aýtdy. Mundan öñem Halkara Jeza beriş sudy Ysraýylyñ premýer-ministrini, Goranmak ministrini, "Hamasyñ" guran hüjümlerine ýolbaşçylyk eden Sinwardyr Daýfy tussag etmek hakdaky kararyny çykarypdy. Bolýan şeýle üýtgeşmeleriñ barsy her iki tarapda-da ysraýylly we palestinaly ekstremizmiñ tarapdarlaryna ýer ýokdugyny añladýar. Netanýahuwa, Ben Gwire, Sinwara, Daýfa we beýlekilere ýer ýok! Şeýle üýtgeşmeler şol bir wagtyñ özünde arap elitalaryndan (süni we şaýy yslamçylar bilen ekstremistik nasionalizmiñ galyndylarynyñ gürrüñinem etjek däl) hasaplanýan käbir hatyplaryñ aýdyşy ýaly syýasatyñ mesele çözüp bilmeýändigi batada aýdýanlarynyñ ýerliksizdigini görkezýär. Çünki, ine, syýasy basyşyñ gysgyjy Ysraýyldaky ekstremizmiñ tarapdarlaryny awundyrýar we olaryñ elini-aýagyny baglaýar. Esasan, Saud Arabystany we Arap Yslam komitetiniñ öñbaşçylyk edýän arap tagallalary arkaly amala aşjak syýasy çözgüt uly täsiriniñ bardygyny subut etdi we horjunynda has köp basyş guralynyñ bardygyny aýdyp bolar. Ysraýylyñ ekstremistik tarapdarlary bilen Günbatarda olaryñ goldaýanlaryñ bu ýagdaýa begenmejekleri belli. Emma şol bir wagtyñ özünde haýsydyr bir bähbit we gulluk üçin onlarça ýyllap şu boýunça ýumşamanyñ öñüni almaga garaşly ekstremistik arap we musulman toparlaryny-da az gynandyrmaz. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Duşenbe, 27.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |