17:43 YŞYD we Moskwa terakty | |
YŞYD we MOSKWA TERAKTY
Publisistika
Russiýanyñ Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiñ işgärleri 2024-nji ýylyñ 24-nji martynda düşürilen şu suratda Russiýanyñ Moskwa şäheriniñ daşynda bolup geçen ýaragly hüjüm we ýangyndan soñ şäher häkimligine degişli "Crocus" konsert zalynda gözleg-barlag işlerini alyp barýar / Fotosurat: Reuters Moskwanyñ etegindäki "Crosus" söwda merkeziniñ konsert zalyna gönükdirilen YŞYD teraktyndan öñ YŞYD-Horasan Talibanyñ ýolbaşçylarynyñ Gandagarda geçirjek ýygnanyşygyny nyşanalapdy. Moskwada häzire çenli 150-den gowrak adamyñ wepat bolan, onlarçasynyñ agyr ýaralanan konsert zalyna edilen çozuşyñ yzysüre YŞYD-Horasan öwünmek bilen muny amala aşyrandygyny mälim etdi. Muña goşmaça maglumat hökmünde "A'mak" atly "resmi" internet saýty arkaly terakty agzalarynyñ amala aşyrandygyny subut edýän wideo ýaýratdy. YŞYD ähli toparlanmalary bilen şindizem aktiw we geçen çarşenbe güni YŞYD-yñ Subsahara Afrikasyndaky toparlanmasynyñ Nigerde hökümet goşunlaryna garşy amala aşyran teraktynda otuz harby gullukçy wepat boldy. Geçen ýanwar aýynda-da YŞYD-yñ Horasan topary Stambuldaky buthana terrorçylykly akt amala aşyrypdy. Bular YŞYD-yñ diñe ýakyn wagtdaky terakylarynyñ netijeleri we YŞYD-dyr "el-Kaide" ýaly toparlaryñ gutarandygyny pikir edýänler bar bolsa, munuñ ýöne bir umytdan ýa ýalta islegden başda zat däldigini bilmeli. Bu toparlaryñ teraktlaryny, beýanatlaryny, hereketlerini, çekişmelerini ironiki görnüşde rus sosial ulgamy bolan "Telegram" ýaly platformalartñ öz kanallarynda yzarlaýan hünärmenler bize YŞYD-yñ ymykly ölmändigini, gaýtam tersine, iñ güýçli şahasy bolan YŞYD-Horasanyñ üsti bilen gasam güýçlenendigine şaýat bolandygyny aýdýarlar. Russiýa barada aýdanda, YŞYD-Horasanyñ Russiýany nyşana almagynyñ özüne ýeterlik sebäpleri bar. Bu toparyñ agzalary Owganystandan, Täjigistandan we beýleki Orta Aziýa musulmanlaryndan düzülen. Bularyñam Sowet Soýuzy döwründen Putin döwrüne çenli Russiýa bilen taryhy duşmançylygy bar. Russiýanyñ Siriýanyñ hökümetini goldamagy we siriýa topraklarynda YŞYD, "el-Kaide" ýaly terrorçylykly toparlaryñ hinine suw guýandygy sebäpli ýüze çykan täze duşmançylygyñ entek gürrüñinem edemzok. Bu uruş başga formalarda şindizem dowam edip dur. YŞYD-yñ öldürilen lideri we "halyfy" Ebu Bekir el-Bagdady 2014-nji ýylda beren bir wagyzynda YŞYD-yñ birinji duşmanlarynyñ ABŞ bilen bir hatarda Russiýadygyny aýdypdy. YŞYD-yñ Ukraina we Günbatar bilen uruşynyñ ortasynda (şumat) Russiýany nyşana almagynyñ tutaryklary barada aýdanda, "el-Naba" gazetiniñ 8-nji fewralyndaky makalasynda aýdylyşy ýaly, YŞYD Russiýa bilen Günbataryñ arasyndaky dartgynlylygy möwjetmek isleýär. Şeýle-de Moskwadaky soñky konsert terakty ýokarda gürrüñi edilen baglanyşykdan gyşarmandygyny görkezýär. 2015-nji ýylda Şarm el-Şeýhden Moskwa uçan rus uçaryna ýerleşdirilen bombanyñ jogapkärçiliginiñem YŞYD-Horasana ýüklenendigini ýatladalyñ. YŞYD ähli toparlanmalary bilen ýok ediji zarba urmaga ukyply we köp sanly gara sanawy bar. Putiniñ Russiýasy bu gara sanawyñ başyny çekýär, emma ýeke özü-de däl. Näme üçin? Çünki YŞYD içine ýapyklygy we pidaýylygy bilen taryhdaky haş-haşylar ýaly ýapyk ideologiki topar (şeýle-de haş-haşylaryñ teraktçy agzalaryna geçmişde pidaýy diýlipdir). Munuñ özi Günbataryñ Russiýa garşy global kontrrazwedka YŞYD-y ulanmandygyny añladýarmy? Beriljek jogap şeýle tabşyryklar bilen näme islenendigine we formalaryna bagly. Bähbit kesişmesi ýa-da kämahal Russiýa ýa bolmasa Günbataryñ beýleki bäsdeşlerine zyýan bermek maksady bilen "göz ýumma" ara düşüp biler. Hernäçe amerikan howpsuzlyk gulluklarynyñ öñräk Russiýany YŞYD terakty howpuna garşy ätiýaçly bolmagy duýdurandygy aýdylsa-da, kontrrazwedka dünýäsiniñ wagşylygy iniñi düýrükdirýär. Putin we onuñ egindeşleri-de YŞYD-yñ ýa-da diñe YŞYD-yñ jogapkärligi boýnuna aljagyna ynanaslary gelenok, belki-de dolulygyna Ukrainany jogapkär görmek üçin bat bilen ellerini owkalaýarlar. Her niçik-de bolsa biziñ bular bilen hiç hili baglanyşygymyz ýok, bular biziñ daşymyzdaky dünýäniñ argumentleri, emma özümizi doly komplimasiýa teoriýalaryna aldyrmajak we munda öte geçmelere ýol bermejek bolmaly. Bärde biziñ paýymyz ýa-da medeni keselçilikleriñ paýy: bize halyflyk, ebedi jihat, küpür ýurdy, iman ýurdy we ş.m. pikirleri kabul etmäge taýýar añyýetleri öndürýän käbir agalyk ediji düşünjeleriñ kemçiligi? Ine, hut şu ýerdenem başlamaly bolarys. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Çarşenbe, 27.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |