02:36

Terakta hakyky synanyşykmy, iş beýle añsatmy?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 662 | Добавил: Gökböri | Теги: Mişari Zeýdi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Ependi  
284
Bular ýaly güýçli döwletiň ýolbaşçysy boljak bolsaň, şonça-da düşmanyň köpdügini özlerem gowy bilýändir. Ýöne, bir zada düşünemok. Ol nädip üçege çykyp atyp bilýär, ana şoňa haýran?.. Birgiden polisiýa işgäri, içki gizlin gulluk işgärleri muny görmedimik-a? Ýeri, görmedi diýeliň ýalňyşlyk bilen. Ýokarda, kameraly uçýan dronlar aýlanmaly ahyryn. Ol üçek, gülle jaýyň içinden, penjireden atylanok. Onuň üçege dyrmaşyp barýanny gören şaýatlar bar eken. Onam, Trampyň öz janpenasydyr öýdüpdirler. Ýöne, muny Tramp boş goýmaz, birgiden tutha-tutluk başlanmasa-da biri. Atan oglanyň şahsyýeti bilen tanyşýaň welin, 21 ýaşly, entek gögele oglan eken. Özem, respublikanlara garşy demonstrasiýalara gatnaşýanlartň biri eken. Ok atmanam tir-e gatnap öwrenipdir. Mümkin, gyzmalyk edendir. Bu taýda, ilkinji bilen jogap bermeli, ýene şular, janpenalar. Men ýöne synymy ýazdym, bulaň syýasatyna goşulmaga meýlim ýok.

0
2 Pegass  
1546
Ronald bilen Donald nädip atdaş bolýarka? :)

0
3 Gökböri  
136
Atdaşmy ýa däl, ony men biljek däl. Makaladan bolşy ýaly terjime etdim, özümden goşmadym. Özümçe aýrybam bilemok. Her kimiñ öz pikiri. Iñlisçe adam atlarynyñ añladýan manysyny gör, belkäm manysy birdir, belkäm däldir.

0
5 Pegass  
1546
Bolmanam, men terjimeçä hiç zat diýemok. Makalaň awtorynyň ýazanyna diýýän.

0
4 hanturebs  
755
Ronald: رونالد
Donald: دونالد
Arapça ýazsaň atdaş bolýa...

0
6 Gökböri  
136
@hanturebs, minnetdar, berekella :)

0
7 Pegass  
1546
Olaň atlary ilki bilen iňlisçe ýazylýar.

0
8 Pena  
1790
Başladylar, türkmene biri biriň etini iý diýseň :)

0
9 Moderator  
1471
Hadyslarda şeýle rowaýat bar: Muhammet pygamber (s.a.w) yslamy wagyz edip başlanda, oña gazaply duşmançylyk beslän iki adam üçin Allatagaladan "Iki Omardan birini maña ber!" diýip dileg edendigi aýdylýar. Bu doga-dilegiñ bereketi bilenem Omar ibn Hattab (Çaryýarlaryñ ikinjisi) uýasyny we onuñ adamsyny yslama giripsiñiz diýip ýenjip duran ýerinden, birdenkä ýüregine giñlik girip, musulman bolmak bagtyna gowuşýar. Emma Hakyñ rahmetinden binesip galan beýleki Omar bolsa, ýagny, Amr ibn Hişam (Omar ibn Hattabyñ daýysy we pygamberiñem daşgyn garyndaşy) hem "Ebu Jehil" lakamyny alyp, ömürlik dowzaha giriftar bolýar...
Diýjek bolýanym, arap dilinde her ikisiniñ adynyñ ýazylyşy aýry, meselem, Amr ibn Hişam, Amr ibn As, Omar ibn Hattab, Omar ibn Abdyleziz we ş.m. Emma ikisi-de bir at.
Şu nukdaýnazardan seredenimizde, makalany arap žurnalistiniñ ýazandygyny gözden salmalyñ. Ýazylan dilini, añladýan manysyny bilmän bir zat diýibermeli däl. Ýogsam bolmasa üns bereniñe-de, jogaplanyña-da degmeýän ownuk bellik şu. Munuñ "et iýmek" bilen baglanyşygy ýokmuka diýýärin. Başgalara añsatlyk bilen ýüzugra bellik edişimiz ýaly, bize edilen belligi ýa düzedişi hem añsatlyk bilen kabul edip başarmaly. Makalanyñ temasyndanam daşlaşdyk. Magadyna ýetmän ýazylan ýekeje gereksiz we maýda bellik şeýdýär-dä...
Şu taýda biziñem säwlik goýberýän ýerimiz bar bolmagy mümkin. Netijede bizem arap dilini bilemzok. Muña garamazdan bir zady anyk bilýärin:
Adam atlaryny terjime edilen diliniñ grammatikasyna kybap getirmek iñ dogrusy. Žurnalist hem şol nukdaýnazardan ugur alan bolmaly. Meniñ pikirimçe bärde ýalñyş zat ýok. Türkler adam atlaryny asyl nusgasynda ýazýarlar. Meselem, "Michael" sözüni şo durşuna alýarlar, şonuñ üçinem olaryñ dilinde belli kada giren düzgünler ýok, bulam-bujar. A ruslar bolsa "Maýkl" diýip alýar, dogrusy-da şu bolmaly. Biziñem türkmen dilimizde hem soñky döwür adam atlarynyñ ýazylyşy boýunça gödek ýoýulmalaryñ bolýandygy göze ilýär we gynansak-da bulara dogrudyr öýdülýär. Bu eýýäm aýratyn makalanyñ gürrüñi bolandygy üçin sözümize şu ýerde nokat goýýarys.

0
10 Pegass  
1546
Düşünmedim, o nämäň "magadyna ýetmän ýazylan teswiri"? "Gereksiz" bolup biler, oňa dawam ýok. Magadyna ýetdirmek üçin düşnükli ýazylmaly dälmi makala? Hatda terjimeçiň özi hem bilenok eken meň soragymyň jogabyny. Hanture aýdansoň bildi. Gökbörini gor(ld)ap, uzyn jogap ýazanyň üçin minnetdar, Moderator aga.

0
11 Jeksparro  
405
Käbirleri şunuň Tramp tarapyndan gurnalandygyna ynanýar. Sebäbi Trampyň garşysyndaky jaýyň krişasyna kimdir biri münýär we ony kamera hem düşünýärler. Adamlar bir zadyň ters gidýändigine bilip aýtsalaram Tramp hiç zat bolmadyk ýaly tribunada dur. Haçanda Trampyň gulagyndan atylanda aşak ýatan bolýar Tramp.

0
12 Pena  
1790
Bir tarapdan gurnalan bolsa ala-böle gulagyndan degişini. Edil gurnalyp gulakdan atmaly diýelen bolayanda-da KELLEDEN degme ähtimallygy gaty uly. Ynanyp bolmajak risk eden ýaly Donald aga. Gurnalan bolanda beýle riske girmek üçin natural, sag beýni bilen edip bolmazmyka diýýän, bir zatlar içip etýän hereketiň riskini bilmez ýaly derejede beýnini dolandyraýmasaň bilmedim-da. Hemem beýle ýagdaýa özüňi goýup gör, nähili derejede şoka giriljegini göz öňüne getir. Beýle situasiýa özüň düşüp görmezden plan zat eden bolýa diýmeg-ä ýöne bir warsaky bolýar.

0
13 Moderator  
1471
Birini bilýän (jigimiñ klasdaşydy)... Görgüli 13 ýaşyndaka kakasynyñ tüpeñini alyp, hemişekisi ýaly daga awa gidýär. Dagda tüpeñ yzyna göçüp, kellesine şikes ýetýär. Kän wagt öler-ölerde kösenip ýatdy. Ýöne çeýnemeli çöpi gutarman eken ("Ýatan ölmez, ýeten öler" diýleni-dä, ol çagajyg-a dikelip gitdi, jigimem şol ýylyñ tomsy tarpa-taýyn aradan çykdy).
Çagajygyñ kellesinde seçme bölejikleri galdy. Häzir özüni alyp barşy ruhy taýdan näsag adamyñ bolşy ýaly... Ýogsa, akyly-huşy hem ýerinde, ýöne kellesine erk edip bilmeýän bolmaly, ýüzüni saga-sola öwrüp duran geñsi hereketleri bar.
Diýjek bolýanym, Trampa garşy terakty özi gurnatdy diýmek üçin kelläñden ok degip, beýniñde seçme aýlanyp ýören biri bolmaly.
Jan bokurdagyña gelsin bakaly, ol-a münberiñ aşagyna bukulmak eken, syçanyñ deşigine-de gireniñi bilmän galaýarsyñ edil!

* * *

Häzir Trampyñ garşysyna her zat diýlip bilner. Komplimasiýa teoriýaçylarynyñ eli geldi!
Ýöne öz pikiriñ bolmazdan, gör kimleriñ warsakysyny gaýtalamagyñ nä hajaty barka.

0
14 Pena  
1790
Dogru-da walla, gurnalanmyş. Her zat diýer eken adam pahyr. Aýtdym-a "şow bolar" diýip

0
15 Pena  
1790
"Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup..." diýýär eken öňem bir ýaşok. Takal warsakylary goýuň, 100% gurnalmadyk. Bu takallar diňe gury, boş takallardan çörek iýýänleriñ tapan zady. Eger kimde-kim gurnalan diýýän bolsa goý özi Trampyň ýerine özüni goýup subut etsin - özi okuň öňüne "meniň gulagymdan atan boluň" diýsin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]