20:36 Derýadan deñize çenli hemmelere ýer bar | |
DERÝADAN DEÑIZE ÇEÑLI HEMMELERE ÝER BAR
Publisistika
Palestina-Ysraýyl meselesini, yzyndan Yslam-Günbatar meselesini, onuñam yzyndan Gündogar-Günbatar meselesini bulam-bujar edip taşlaýan faktorlardan birem ähli taraplardaky dini ölçegdir. Köp adam palestin meselesiniñ "aýratynlygynyñ" sebäbini soraýar. Afrikada palestin synagyndan has ýowuz basybalyjylygy synap gören fransuz, belgiýa (özem munuñ Kongoda täsin kyssasy bar), italýan, ispan kolonializmiñ boýunturugy astynda ýaşan ýurtlar we halklar bar. Aziýada-da gorkunç we uzaga çeken kolonializm synaglary we döwürleri bar. Bularyñ iñ meşhury we uzaga çekeni-de Hindistanyñ iñlis basybalyjylygy synagydyr. Gorkunç synag bolan Ýaponiýa we Koreýa ýaly aziýa ýurtlarynyñ biri-birlerini basyp alandyklarynyñ dagy gürrüñinem edemzok. Palestina nämüçin beýle aýratyn orna eýe? Bu soraga dürli hili jogaplary berip bolar, emma iñ esasysy-da dini tarapynyñ bardygy, içindäki uly arzuw-hyýallaryñ joşguny we özi bilen baglanyşdyrylan şygarlaryñ hyrujydyr. Amerikan ýokary okuw jaýlary bilen Günbatar dünýäsiniñ başga ýerlerinde demonstratlar tarapyndan täzeden janlandyrylan "derýadan deñize çenli" şygary-da bularyñ biri. Munuñ özi arap nasionalizmi tolkunynyñ we yzyndan yslamçy tolkynyñ höküm sürýän günlerinde gaýtalanyp duran, häzirki ýerli amerikan talyplary bilen bir hatarda günbatarly ýokary okuw jaýlaryndaky arap we musulman talyplary bilen dünýäniñ beýleki halklaryndan düzülen demonstratlar tarapyndan janlandyrylan köne şygar. Demonstratlaryñ hemmesi-de musulman aktiwistlerden, nasionalistlerden, çepçilerden, anarhistlerden we beýkekilerden emele gelen garym-gatym topar. "Facebook" gözegçilik edarasy birnäçe gün öñ bu sözde rasizmiñ alamatynyñ bardygyny-ýokdugyny öwrendigini aýtdy. "Facebook" öz ulanyjy agzalarynyñ bu sözüñ ulgamyñ agressiw çykyşy ýa-da rasizme gylaw berme düzgünlerini bozandygy batada habar berlenden soñ "Facebook" gözegçilik edarasynyñ edil häzir muny derñändigini mälim etdi. Şeýle-de, ýemenli "ihwançy" aktiwist Tewekkül Karman hem "Facebook"-daky "Akylly adamlar" komitetiniñ agzasydy, ýöne onuñ häzirem şo ýerdedigini ýa däldigini bilemok?!. Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahunyñ özüniñem ýanwar aýynda Ysraýyl döwletine howp abandyrjakdygyny bahana edip, özbaşdak Palestina döwletini gurmak pikirine garşy çykýandygyny aýdanda, "deñizden derýa çenli" söz düzümini ulanandygy aýdylýar. Ysraýylyñ "el-Ahbar" kanalynyñ şol döwür beren habarynda Netanýahu "Ysraýylyñ geljekde derýadan deñize çenli tutuş sebite eýelik etmeginiñ gerekdigini" aýdanmyş. Ýagny, arzuw-hyýallar-a uly, çäklerem kiçi. Iordan derýasyndan Ortaýer deñziniñ kenarlaryna çenli aralykdaky ýer dünýäniñ beýleki ýerlerine garanda dyrnak ýalydygyna garamazdan, şujagaz dyrnak ýaly ýerde hekaýatlardan, mukaddesliklerden, arzuw-hyýallardan köp zat ýok. Ýeke söz bilen aýdylanda, şolar ýaly uly arzuw-hyýallara çokunýan ysraýyllylaram, şolara öýkünýän palestinalylaram, dünýäde her iki tarapdan bu hyýalbentleri goldaýanlaram ýeke özi diñe öz hyýallaryny derýadan deñize çenli aralykdaky sebite dakyp bilmezler. Hemmeler, şol sanda olaryñ şygarlaryny oñlaýanlar we tarapyny tutýanlar bu ýerde iki tarapyñam hyýallaryny sygdyrmaga ýer bardygyny kabul etmeli. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Ýekşenbe, 12.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |