05:28 Haj we wezipe borjuny ýerine ýetirme ukyby | |
HAJ we WEZIPE BORJUNY ÝERINE ÝETIRME UKYBY
Publisistika
Saud Arabystany döwleti üçin haj her dürli taryhy degerlendirmeden owal saud hökümetiniñ we halkynyñ egnine düşýän borçdur Saud Arabystany patyşalygynyñ mirasdüşer şazadasy we premýer-ministri Muhammet bin Selman Italiýadaky "G7" duşuşygyna gatnaşyp bilmändigi sebäpli ötünç soramak üçin Italiýanyñ premýer-ministri Jorja Melonä ünsi çekiji hat ýollady. Hatyñ doly tekstini "SPA" habarlar gullugy çap etdi. Hatda çakylyk üçin minnetdarlyk bildirilýär we Saud Arabystany-Italiýa gatnaşyklary magtalýar. Hatyñ dowamynda bolsa, Saud Arabystany patyşalygynyñ mirasdüşer şazadasy haj möwsümine gözegçlik etmek, hajylar bilen gyzyklanmak we iki mukaddes metjide hyzmat etmek bilen başagaý bolandygy sebäpli, "G7" duşuşygyna gatnaşyp bilmändigi üçin ötünç soralýar. Bolup geçen bu ýagdaý has owal Saud Arabystany döwletiniñ, hökümetiniñ, halkynyñ haj ybadaty, haj, umra ýa-da zyýarat maksady bilen Mekge-Medinä gitjek bolýanlaryñ duýmaly "wezipe borjy" hakda aýtmaga mümkinçilik berdi. Saud Arabystany döwleti üçin haj her dürli taryhy degerlendirmeden owal saud hökümetiniñ we halkynyñ egnine düşýän borçdur. Bu borç Saud döwletiniñ irki döwründe Ymam Saudyñ halka haj parzynda öñbaşçylyk eden wagtyndan bäri köne borçlaryñ biri bolmagynda galýar. Ymam Saud bin Abdyleziz kakasy Ymam Abdyleziz bin Muhammediñ patyşalygy döwründe mirasdüşer şazadaka 1801-nji ýyldakt ilkinji haj parzyny amal edende halka öñbaşçylyk edipdi. Taryhyñ dürli döwürlerinde haja gidip-gelmek dürli howp-hatarlar we elhenç başdan geçirmeler bilen doludy. Bu hadysalar şeýle bir ýagdaýa gelipdi welin, Andalusdaky we Marokkodaky käbir alymlar haja barýan ýollarda we Mekgede howpsuzlygyñ ýola goýulmandygy üçin raýatlara haja gitmegiñ parz däldigi barada fetwa çykarypdylar. Bu perişan ahwalyñ taryhda köp sanly mysallary bolup geçdi. Ýakyn taryhdan habarly we "Emiruş-Şuara" ("Şahyrlaryñ emiri") Ahmet Şewkiniñ şygyrlaryny okap gören islendik kişi onuñ Beýtullany zyýarat edýänlere garşy edilen jenaýatlardan soñ gözýaşa boglup, döwrüñ häkimiýetiniñ üstünden şikaýat edip ýazan şygyryny bilýändir. Şewki osmanly soltanyna arz etdi... Emma peýdasy bolmady: "Hyjaz bulaşdy, Käbe we "Mesjidi-Haram" gapma-garşylyga duçar boldy. Ymmatlar Mekgede Hudaýa ýalbardy". Döwleti esaslandyryjy patyşa Abdyleziz Saud Arabystany döwletiniñ Hyjazdaky şertnamasyny baglaşanda, şu meseleler onuñ iñ esasy gaýgysydy. Patyşa Abdyleziz haj parzyny paýtagt Riýaddan ýa düýäniñ örküjinde ýa-da has soñra awtoulaglar bilen birnäçe güne çeken tapdan gaçyryjy çöl ýollarynda hut özi synap gördi. Hajyñ we haj hyzmatlarynyñ biziñ günlerimIde nähili ýagdaýa gelendiginiñ gürrüñini edip durjak däl. Şonsuzam ony hemmeler görüp, bilip dur. Biziñ bu çykyşymyz saudlaryñ bu belent yslam ybadatyna bolan wezipe borjuny ýerine ýetirme ukyby hakynda. Bu çykyş düýn esaslandyryjymyz patyşa Abdyleziziñ çykyşydy. Häzir bolsa esaslandyryjymyzyñ ogly Selman we agtygy Muhammediñ çykyşydyr. Ruh - şobir ruh, borç - şobir borç... Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Anna, 14.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |