19:44 Hany, ýer yranmalary nirde, şeýh Frank? | |
HANY, ÝER YRANMALARY NIRDE, ŞEÝH FRANK?
Publisistika
Saud halk edebiýatynda aýdylyp gelinýän gülkünç henekleriñ biri bar. Ýüz ýyldan mundan öñ Arabystan ýarymadasynyñ ortasyndaky Nejid obalarynyñ birinde metjidiñ ymamy jumga hutbasyny aýdyp durka obaly jemagat tarapyndan ýat tutulyp giden hutba dilegleriniñ birine gezek ýetende, aljyrap, aýtmaly sözleriñ birini ýatdan çykarypdyr. Onuñ beýtmegine jemagat geñ galypdyr. Metjit jemagatynyñ ýaşyndan garrysyna hemmeleriñ ýatdan bilýän dileginde şeýle diýilýän eken: "Eý Allahym, ýurdumyzdan we bütin musulman ýurtlaryndan gymmatlaşygy, ýokanç keselleri, süýthorlugy, zynany, ýer yranmalaryny, kynçylyklary, açyk we gizlin ähli ýaramaz pitneleri dep et". Ymam ýer yranmasy sözüni näme sebäpdenem bolsa ýatdan çykarýar welin, jemagat biragyzdan gygyrypdyr: - Ýer yranmalary... ýer yranmalary, şeýhim! Emma ymam ýeke gezekde okap bolýan dilegi gaýtalap başyndan okamaga ýaltanypdyr we şeýle diýipdir: - Ýer yranmalary indiki jumgada bolar! Ýer yranmalary we geologiýa boýunça hünärmen, gollandiýaly alym Frank Hogerbetsiñ soñky aýdanlaryny we düşündirişlerini okanymda şu henegi ýadyma saldym. Geçen çarşenbe güni Hogerbets araplar hakda täze twit atdy. Hogerbets "X" sosial ulgamyndaky resmi hasabynda medeniýetleriñ arasyndaky ýakynlaşmalar barada şeýle diýdi: "Dürli medeniýetlerden bolan adamlaryñ arasyndaky rasizmiñ we duşmançylygyñ artýandygyny görmek meni gynandyrýar, aýratynam Ýewropada. Soñky birnäçe þylda medeniýetleriñ arasyndaky baglanyşyklarym artdy. Iñ ýakyn dostlarym hökmünde görýänlerimiñ käbiri arap. Hemmämiziñ bir planetada ýaşaýan adamlardygyny ýatdan çykarmalyñ". Şeýle sözler bilen twitini jemlän Hogerbets öñräk Gaza sektoryndaky uruşy ýazgarmak üçin öz fondunyñ hasabyndan twit aymagy goýbolsun edipdi. Derwüşpisint sypaty bilen özboluşly görnüşe eýe bu adam "kritiki geometriýa" sebäpli jedelli gürrüñlere tema boldy. Bu teoriýa laýyklykda ýer yranmalarynyñ we ýer ýüzündäki çaýkanşyklaryñ hereketleri planetalaryñ hereketleri we sinodlary bilen baglanyşdyrylýar. (Şu ýerde öñki palçylyk medeniýetine ýakynlaşýarys!) Astronomlar we geologlar bolsa Hogerbetsiñ jedelli teoriýalaryny ylma ters hasaplap ret edýärler. Planetalaryñ hereketi, seteran düzülişi we simodlary bilen dünýädäki ýer yranma hereketiniñ arasynda hiç hili baglanyşygyñ ýokdugy öñe sürülýär. Galyberse-de, bu alymlaryñ köpüsi şan-şöhrat gazanmak ýa-da sosial mediýada öz agzyna garatmak maksady bilen adamlaryñ arasynda howsala ýaýýan hünärmensumaklara garşy hüşgär bolmagy tabşyrýar. Ylmy çekişmeleri geologlaryñ we ýer yranmasy boýunça hünärmenleriñ ygtyýaryna goýýarys. Olar öz hünärleri boýunça etmeli işlerini ederler. Hogerbetsem bu boýunça öz teoriýalaryny öñe sürer. Bizem bu çekişmeleri kesesinden synlarys. Emma Hogerbetsiñ özi üçin möhüm ýer yranma temasyny taşlap, düşündirişleriniñ dogrudygyna ýa-da ýalñyşlygyna garamazdan jedelli temalarda düşündiriş berýän syýasy aktiwiste öwrülmegi ondan garaşylýan zat däl. Hany, ýer yranmalary nirde, şeýh Frank Hogerbets? Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 11.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |