13:02 Esassyz galmagal | |
ESASSYZ GALMAGAL
Publisistika
Gitler we onuñ nasistleri Atatürki gowy tanaýardylar. Nasistik ideologiýa-strategiýa we türk garaşsyzlyk hereketi boýunça deñeşdirmeli ylmy-taryhy iş ýazan Stefan Ihrig "Nasistler we Atatürk" kitabynda bu barada giñden durup geçipdir. (Awtoryñ Kembriž uniwersitetiniñ taryh bölüminde ýazan bu doktorlyk dissertasiýasynyñ subýektiwligi we käbir ýalñyşlyklary goýberýändigi gürrüñimiziñ temasy däl). Birinji jahan urşunyñ soñunda ýeñen ýurtlar - Antanta döwletleri Germaniýa bilen Wersal, Awstriýa bilen Sent-Žermen, Wengriýa bilen Trianon, Bolgariýa bilen Neuilly, Osmanly bilen Mondros, yzyndan Sewr şertnamalaryny baglaşdy... Diñe Atatürküñ mejbury boýna dakylan imperialistik şertnamalary ýyrtyp zyñyp, döwlet azat-edijilik urşuny turzup, masgaraçylykly ýeñlişiñ küllerinden täze döwlet gurmagy nasistik neşirlerde gündelik synlandy. Garaşsyzlygy gazanmak üçin Atatürki nusga edindiler: "BIz nämüçin türkler ýaly Wersaly ýyrtyp zyñamzok?". Gürrüñimizi şu soraga baglasym gelýär: * * * Mondros we Sewr şertnamalaryny ýyrtyp zyñan Lozan ýaraşyk şertnamasy näme sebäpden şindizem jedelli gürrüñligine galýar? "Lozan şowsuzlykmyş!" "Lozanyñ gizlin maddalary barmyş!" we ş.m. Wagtal-wagtal biynsaplyga alyp barýan ýüz ýyllyk jedel bu... Şeýle pikirleri orta atýanlar anyk maglumat, resminama bilen hereket edýärmi ýa belli bir ideologiki gümanlamalara salgylanýarmy? Şeýle pikiri orta atýanlaryñ salgylanyp biljek ýeke ylmy çeşmesi ýok. Meselem, professor Seha L.Meraýyñ sekiz jiltlik "Lozan ýaraşyk şertnamasy. Tutaryklar we resminamalar", Bilal Şimşiriñ Lozan bilen Ankaranyñ arasyndaky hat-habar alyşma hakda ýazan - 544 resminamanyñ berlen iki jiltlik "Lozan telegrammalary", Taner Baýtokyñ iñlis arhiwlerindäki müñlerçe maglumaty öwrenip ýazan "Iñlis maglumatlary esasynda Sewrden Lozana", Lozana geñeşçi bolup giden professor Jemil Bilseliñ ýa-da žurnalist Ali Naji Karajanyñ "Lozan" kitaplarynyñ, şeýle-de Daşary işler ministrliginiñ "İnönü Vakfı" neşirýatynyñ neşirleriniñ ýa-da Çagry Erhanyñ, Ýaşar Ýazyjyoglynyñ, Taha Akýolyñ, Sefa Kaplanyñ, Sewtap Demirjiniñ ýazan kitaplarynyñ ýeke sahypasyny açyp okandyklaryna şübhelenýärin. Türkiýe diýilýän ýurt okaman-etmän pikir satýanlaryñ ýurdy... * * * Lozanyñ "şowsuz" bolandygyny aýdýanlar esasan gündelik syýasy propogandanyñ wekilleri. Rauf Orbaýyñ ýolbaşçylygyndaky osmanly delegasiýasynyñ iñlis admiraly Somerset Artur Gof-Kaltorp bilen şampan çakyşdyryp gol çeken Mondros ýaraşyk şertnamasy barada agzasy gelýän ýok! Düýp mesele näme bilýärsiñizmi? Ýokary Halk Mejlisindäki fraksiýalaşmalardy. Umumy maksat “milli ýaraşyk” ("misaki milli") baglaşylandan soñ ilkinji nobatda soltanlygyñ ýatyrylmagy ýaly düýpli üýtgeşmelere mejlisdäki bir topar garşy çykýardy. Lozan konferensiýasynyñ birinji tapgyry 1922-nji ýyldan 20-nji noýabryndan 1923-nji ýylyñ 4-nji fewralyna çenli 77 günläp dowam etdi. Ykdysady we hukuk kapitulýasiýalarynyñ ýatyrylmagy ýaly käbir maddalarda ylalaşyga gelinmänsoñ, konferensiýanyñ işi wagtlaýyn togtadyldy. Ara wagt düşen badyna hökümet mejlise maglumat bermek üçin 5-nji fewralda gizlin ýygnanşyk geçirdi. Ali Şükri, Hüseýin Awni, Ziýa Hurşit ýaly oppozisionerleriñ başyny çekýän deputatlaryñ nyşanasynda Atatürk bardy. Lozan aslynda bahanady... Mejlisde gepleşikler 6-njy marta çenli dowam etdi. Wagtal-wagtal dartgynly çekişmeler bolup geçdi. Çekişmeler, dikleşmeler, sene-meneler sebäpli ýygnanşyklaryñ arasy kesildi durdy. Mesele Lozan konferensiýasy bolmakdan çykdy, garşydaş topar hökümeti agdarmak üçin mejlisi toparlamaga başlady. Atatürk bir zada düşündi: ýaraşyk döwrüne geçilende Birinji Ýokary Halk Mejlisi taryhy missiýasyny tamamlapdy. Ol "kellesiniñ" alynmak islenýändigini duýýardy! Hökümet 6-njy martda ynam sesini (вотум доверия) alandan soñ 1923-nji ýylyñ 1-nji aprelinde saýlaw geçirmegi makul bildi. Ine, şondan bärem garşydaşlaryñ turuzýan esassyz galmagaly ýüz ýyl bäri gaýtalanyp dur. Maksat hemişe bir aslynda: Atatürk. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |