21:18 Esedulla Oguz | |
ESEDULLA OGUZ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Asly türkmenistanly žurnalist Esedulla Oguz 1968-nji ýylda Owganystanyñ Gunduz şäherinde dünýä indi. Oguzyñ maşgalasy otuzynjy ýyllarda Staliniñ zorlukly kollektiwizasiýa syýasaty netijesinde ýitip-ýok bolma howpy abanansoñ, Türkmenistandan Owganystana göçdi we Gunduz şäherine ýerleşdi. 1979-njy ýylda basybalyjylykly sowet operasiýasynyñ başlamagy bilen Oguz maşgalasynyñ ýaşaýan ýeri sowet istrebitelleri tarapyndan bombalanyp, maşgala ikinji gezek dogduk depesini taşlap göçmäge mejbur boldy we segseninji ýyllaryñ başynda Türkiýä göçdi. • Üç ýurtda bilim Esedulla Oğuz heniz çaga ýaşyndaka ýurtdan göçmäge mejbur bolnandygy üçin üç dilde we üç ýurtda bilim aldy. Ol başlangyç bilimini Owganystanda, liseýi Türkiýede, ýokary bilimi Germaniýada aldy. Ömrüniñ ýigrimi ýylyny Günbatarda (Germaniýada), beýleki ýigrimi ýylyny-da Gündogarda (Owganystanda we Türkiýede) geçiren Esedulla Oguz her iki medeniýetiñ adamlarynyñ düşünjesini we ýaşaýşa bolan garaýyşlaryny ýakyndan synlama we öwrenme mümkinçiligini tapdy. • Žurnalist Oguz 1988-nji ýylda talyp bolup okap ýörkä, Germaniýada merkezi Mýunhen şäherinde bolan "Radio Liberty" amerikan radiosynyñ garamagyndaky iki ýyllyk editor kursuny tamamlandan soñ bu radio yñ türkmen dilinde gepleşik berýän bölüminde sekiz ýyl editor we redaktor-spiker (alyp baryjy) bolup işledi. Oguz "Radio Liberty"-däki bitiren işleri üçin şol wagtyñ ABŞ-nyñ Prezidenti Bill Klintondan minnetdarlyk hatyny aldy. Ýerli we daşary ýurt gazet-žurnallarynyñ birnäçesinde Orta Aziýa we Owganystan boýunça 500-den gowrak makalasy çap edilen Oguzyñ Türkmenistandan we Owganystandan söz açýan üç kitaby bar. 2001-nji ýylyñ oktýabrynda "Doğan Kitap" neşirýatynda çapdan çykan "Nyşanada Owganystan" ("HEDEF ÜLKE AFGANİSTAN") terrorçylykly hüjümleriñ ýygy-ýygydan bolýan döwründe uly gyzyklanma döredipdi. • Bank işgäri Togsanynjy ýyllaryñ ortalarynda "Radio Liberty"-niñ merkezini Mýunhenden Praga geçirmegi bilen radiodan çykan Oguz Mýunheniñ Ludwig Maksimillian adyndaky uniwersitetiñ garamagynda ýokary okuw jaýlarynyñ birinde (Betriebswirtschaftslehre) bank ugrundan okap, býužetde fond we gymmatly kagyzlar boýunça işleýän nemes banklarynyñ birinde işledi. Emma bank işiniñ özüne laýyk iş däldigini gören Oguzyñ karýerasy 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr teraktyndan soñ düýbünden täze ugra gönükdi. • Geñeşçi Esedulla Oğuz 11-nji sentýabr teraktyndan soñ nemes goşunyna Owganystan boýunça ýörite hünärmen bolup işe girdi we Kýoln şäheriniñ ýanyndaky Psihologik hereket merkezinde "ýurt geñeşçisi" (Landeskundlicher Berater) bolup işledi. Sekiz aýlyk düýpli harby bilim we türgenleşikden soñ nemes goşunynda maýor çini bilen işe başlan Esedulla Oguz 2004-2007-nji ýyllarda Owganystanda ISAF-da Psihologik hereket serkerdesi bolan nemes polkowniginiñ geñeşçisi bolup işledi. Sebite beletligi we çuññur tejribesi bilen ýolbaşçylarynyñ öwgüsine mynasyp bolan Oguz Owganystandaky bitiren işleri üçin nemes goşunynyñ bürünç medaly we NATO-nyñ hyzmat medaly bilen sylaglandy. • Sebit hünärmeni Maşgala ýagdaýy sebäpli 2008-nji ýylyñ ahyrynda Germaniýadan Türkiýä dolanan, häzirem Stambulda ýaşaýan Esedulla Oguz birnäçe wagt bäri "NEWSWEEK" žurnalynda Orta Aziýa, Owganystan, Päkistan boýunça makalalar bilen çykyş edýär. Owganystanda bolan ýyllarynda Prezident köşgi, owgan patyşalyk maşgalasy, halk deputatlary, goşun generallaryn ýerli žurnalistler we Kabuldaky daşary ýurtly gumanitar guramalaryñ wekilleri bilen dostana gatnaşyklary bolan Oguz sebitde çuñ habar çeşmelerine eýe. Oguz aýratynam Owganystandaky ýaly kän bolmasa-da, Päkistanda we Orta Aziýada aragatnaşyk saklaýan möhüm çeşmeleri bar. Şonuñ üçinem ol habar çeşmelerini birinji elden edinip bilýär. • Bäş dil bilýär Türkmen dili bilen birlikde türk, pars, iñlis, nemes dillerini suwara bilýän Esedulla Oguz gazak, özbek, gyrgyz dillerini-de düşünip-gepleşik biljek derejede gowy bilýär. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |