14:12 Eser döretmek hakda oý-pikirler | |
Sylapberdi Muhamowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Şenbe, 12.08.2023 ý. Men bu ýazgyny hyýalymda özüme we gaýry ýazýan-pozýan adamlara ýüzlenip ýazyp başladym. Biz bir zat, hekaýa powest, roman, goşgy, poema parhy ýok bir zat ýazmak üçin elimize galam alyp ýa laptobymyzyñ başyna geçenimizde ilkibada näme ýazýandygymyz hakda we ony näme üçin ýazýandygymyz barada oýlanyp gördükmi?! Onuñ a:lyjenaby Ylham belki muña ýol berýänem däldir. Biz döredýän wagtymyz bagtlydyrys diýen ganatly jümle bar. Emma biziñ bagtyñ çür başyna çykyp ýazýan eserlerimiz biziñ okyjylarymyzy bagtly edip bilýärmukän?! Biz bu hakda oýlandykmy?! Hususan-da özüm özüme seljerme berip, ýazýan zatlarym hakynda oýlananymda, "durmuşyñ düýbine" düşenler hem "ýaşaýşyñ garañky tarapynda galanlar" hakynda ýazýan zatlarym meniñ okyjyaryma näme berýärkä, kanagatlanma duýgusymy ya-da "çal gussa" diýip ozumi azara goýýan. Sebäbi ýazan wagtym-a bilemok, tamamlap, bir hatar syntgylanymdan soñ durmuşda dramatik ýagdaýlara sebäp bolýan, çylşrymly wakalaryñ çözgüdini tapman kösenýän gahrymanlaryñ obrazyny döredenimden soñ bular meniñ okyjylaryma näme berip biler diýip pikirlere berilýän. Diñe gyzygyp okap goýmaklary üçinmi? Aý ýok ol-a däl. Bir zat añlamaklary üçinmikä?! Aý ýok meñ okyjylarym gaty intellektual adamlar bolmaly. Onda diñe özüm ýazyp içimi boşatmakmy? Eger şeýle bolsa, ýaz-da gapdala goýuber. Halka hödürläp näme etjek. Ýok, ýokarda sanap geçenlerimdenem başga bir zat bar bolmaly. Şol hem bizi ýazmaga, ýazmaga hem halka hödürlemäge mejbur edýär. Bu hakda galamdaşlarymyñ, adaty okyjylaryñ pikirini bilesim gelýär. • Awtor hakda Sylapberdi Muhamow 1980-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki Gurbansoltan eje adyndaky) etrabynda ýerleşen Garagaç obasynda eneden dogdy. Başlangyç bilimi obasyndaky 21-nji orta mekdepde aldy. 2010-2019-njy ýyllar aralygynda öz welaýatyndaky "Daşoguz habarlary" gazetiniň Syýasy jemgyýetçilik bölüminde uly habarçy wezipesinde işledi. 2018-nji ýylda welaýat häkimliginiň garamagyndaky liseýde kitaphanaçy we arhiwçi hünäri boýunça bilim aldy. 2014-nji ýylda sungat we döredijilik ugurlary boýunça geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Maşgalaly. Häzir Russiýada ýaşaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 10 | ||||||||||
| ||||||||||