11:12 Eý, akyl! Kaýda sen! | |
EÝ, AKYL! KAÝDA SEN?
Publisistika
Nasreddin Ependiniñ iki ogly bar eken. Bir ogly kerpiç guýup satypdyr, beýleki oglu-da daýhançylyk edip gününi dolapdyr. Ependi bir gün kerpiç guýup satýan ogluny görmäge barypdyr: - Ýagdaýlar niçik, ogul? Ogly: - Howa bulutly... Eger ýagyş ýagaýsa-ha ejem aglar, kaka - diýipdir. Ependi soñ daýhançylyk edýän oglunyñ ýanyna barypdyr: - Ýagdaýlar niçik, ogul? - Ýagyş ýagmasa-ha ejem aglar, kaka - diýip, ikinji ogly jogap beripdir. Ependi agşam öýüne gelensoñ aýaly sorapdyr: - Çagalar neneñ? Ependi agyr gaýga batyp, boýny buruk halda jogap beripdir: - Walla, keýwany... Olary gaýgy etmesene, sen özüñe seret! Ýagyş ýagsa-da, ýagmasa-da sen aglamaly bolarsyñ! * * * Garyp nämüçin garyplaşdy? Muny sorajak bolýanam ýok. Ýurtda adalatsyzlygyñ, korrupsiýanyñ soñuna çykman garyplygyñ soñuna çykmak mümkin däl. Ençeme ýyllap kanunlara pitiwa etmän amala aşyrylyp gelinen we dünýämizi garaldan ykdysady syýasatlar bilen şu sepgide gelip ýetdik. Soñam "rasional syýasatlara dolanyp gelmeli bolýarys" diýip, ministr çalşyklary arkaly ykdysadyýetde bireýýäm towsa göterilen aklymyzy tapmaga synanyşýarys. Ýeke ministr hemme zady düzedip bilýärmi? Onuñ elinde ykdysadyýeti düzedip biljek şahsy düzüm, işine ezber işgärler barmy? Muny nämüçindir hiç düşünýän ýok! Soñky ýyllarda weýran bolan ykdysadyýeti düzeltmek üçin añymyzy düýpden özgertmeli bolýarys. Ýogsam işimiz kyn. Döwlet edaralarynyñ köp ýagdaýda abraýy ýok, halkyñ ynamyndan düşüpdir... Şonuñ üçinem indi döwlet edaralarynyñ mälim edýän statistiki görkezijilerine ýurtda ynanjak bolýanam ýok ýaly! Ýurtda hukuk döwleti berkarar edilmese, ynamam bolmaz, ykdysadyýetem düzelmez! • HENEKLER • Näçe döwüm çörek iýýäñ? Dursun Temelden sorapdyr: - Garnyñ boş wagty näçe döwüm çörek iýýäñ? Temel: - Üç döwüm. Dursun gülüpdir: - Ýalñyş! Diñe bir döwüm iýip bilersiñ. Sebäbi bir döwüm iýensoñ, garnyñ boş bolmaýar-a! Temel öýüne gelenden soñ aýalyndan sorapdyr: - Boş garnyña näçe döwüm çörek iýip bilersiñ? Aýaly: - Bäş döwüm. Temel: - Aý boljak däl öýdýän - diýip, başyny ýaýkapdyr. - Üç döwüm diýen bolsañ, saña gowy degişme aýdyp berjekdim... • Ýiten itiñ bildirişi Temel dosty Dursunyñ ýanynda derdinipdir: - Aýtmasana, byradar... Meniñ pamyk tüýli, owadan itim ýitirim bolaýdy, gördüm-bildim ýok! Dursun: - Meñ maslahatymy alsañ-a, gazete bildiriş ber - diýipdir. Temel dodagyny ýañsyly müñküldedipdir: - Peýdasy näme... Meniñ garamañlaý itim okap bilenog-a! • Ýarym Trabzonly, ýarym stambully Çaýhanada gürrüñ edip otyrkalar, her kim biri-birinden nirelidigini sorap, her kim ýaşaýan ýerini aýdyp magtanýan eken... Bir çetde sesini çykarman oturan Temelden sorapdyrlar: - Sen nireli borsuñ, ýigit? Temel: - Men ýarym trabzonly, ýarym stambully bolaryn. Oturanlar geñ galyp sorapdyr: - O nähili beýle bolýar-a? Ejeñ stambullymy? Temel: - Ýo-ýoo... Men näçe ýyl Trabzondan gaýdamda agramym kyrk bäş kiledim. Stambula gelemsoñ iki esse agraldym, häzir togsan kile... • Görşüñ ýaly! Iki gözi kör adam bilen agsak sataşypdyr. Kör agsakdan soraýarmyş: - Iki aýagyñam kesik halda nädip ýöreýäñ? Agsak oña şeýle jogap berenmiş: - Görşüñ ýaly! • GÜNÜÑ SÖZLERI - "Biz güýçli döwlet!" diýip gygyranyñ bilen güýçli döwlet bolup bolanok! - Durmuşyñ manysyny ýitirmek durmuşy ýitirmekden has beterdir! - Üstünlik hemişe ynanýanlara gülüp bakýar! - Durmuşy oýun sanýan bolsañ, jemleýji sahnany-da mazaly oýlanyp-ölçer! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||