23:13 Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... | |
Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz, Gark edýän suwa düşdük, nähili ýüzýärsiňiz? Dünýäni sil alsa-da gomlar, düýä barabar, Suw guşlary gökde guşlaň iýmitinden bihabar. Ýüzümizde şükür bar arasynda gomlaryň, Balyk biz, tutan saklar balyklaryň janlaryn. Eý, şyh, bize gaýyk ber! Musa, ur sen hasaňy, Maňa sakyň şeraby bes! Sizde-galan hasaby. Saky düýn ýolda alypdy serhoşlaryň başgaplaryn, Hyrkamyzy soýmak üçin guýýar bu gün şeraplaryň. Eý, Aýyň, Müşteriniň gözi gidýän gözel sensiň – Nirä äkidýäniň aýtman, sen gizlin biz bilen bilesiň. Wah, men bilen bilesiň, goşa didämiň nury, Isle meýhana äkit, ýa ýokluk makam sary. Dünýäni Tur dagy bil, biz Musa deý nur islän, Hakyň nury gelip dur, dagy parçalap kesýän. Bir görseň ýaşyl bolup, bir görseň oňdan ak, Bir görseň dür bolup, bir görseň lagyldyr päk. Eý, ony görmek islän, sen Hak nurly daga bak, Eý, dag, içen şerabyň nä, geliň, serhoş çaga bak! Eý, bag eýesi bagban, gujaklap, goýbermän bizi, Iýlen üzüm bedeniňe aldyň ahyr sellämizi. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |