10:10 Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter | |
Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter, Ýaz möwsüm köňül girýan bizi gülüstana ýetir. Eý, jan gözne totyýa, nirä gitdiň beýle sen, Gel, sen, tamdyrymyzda rehmet suwlary gaýnasyn. Gel, ýeri şordan sapla, mazarlar bag-bakja dolsun, Turşy üzümler süýjesin, saçak çörekden dolsun! Eý, köňül, jan güneşi görküňden Gün uýalandyr, Gel, gör palçyk kepbäni, bizi goýbermez bolandyr. Ýüzüň gudrat-kereminden tikenler bakja döndi, Ynam-iman etdik, ýüz-müň ykrar bagyş et indi. Eý, baky yşk, janymyzy halas et şu zyndandan, Biribara ýetmäge hoş söz bolmazmy senden? Eý, yşyklar saçan säher, gam çagy şatlyk ýarat, Gijäniň içinde gündiz, deň-taýsyz gündiz döret. Göwhere öwren sadaby, ýaryp Zöhräň ödüni, Ýoklugy soltan eden, öwgi edýärin adyňy. Nirde gözler, yzyň tozuň görer ýaly biz bakyp, Delil eşitjek gulak hem akyl ýetirjek akyl?! Köňül şekerçiňrik görüp, haýyr-yhsan sanalar, Dat, lezzet her diş düýbünden başlar atyp naralar. Bölek bitin bilen gidýär, gul hem gowuşýar güle, Bar zat tiken tussagyn azat diýen ses gele. ______________________________ Tamdyryň gaýnamagy. Gurhanyň 11-nji («Hud») süresiniň 40-njy aýaty. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |