13:38 Eýran meseläniñ ganyny sarkdyrýar | |
EÝRAN MESELÄNIÑ GANYNY SARKDYRÝAR
Publisistika
Gaza halkyny we olardanam öñ Günorta Liwanyñ halkyny gorkunç ysraýyl güýjüniñ penjeleriniñ we dişleriniñ arasyna aw diýip oklady. Fotosurat: Ybraýym Ebu Mustafa / Reuters 1989-njy ýylda Eýran-Yrak urşy soñlanyp, Eýranyñ Ýaragly Güýçlerine täzeden serenjam berilenden soñ has öñki dört edaranyñ täze gurluşa goşulmagy bilen "Kuddus güýji" döredildi. Palestinada ýaşaýanlar we musulmanlar, jöhitler, hristianlar üçin deñ derejede dini, taryhy, syýasy ähmiýete eýe Ierusalim (Kuddus) şäheriniñ adyny alan bu edaranyñ maksady eýran režimiñ peýdasyna daşary ýurtlarda operasiýalary geçirmekdi. Yrakda, Siriýada, Liwanda, Ýemende, Aziýa, Afrika, Ýewropa, Demirgazyk we Latyn Amerika ýurtlarynyñ birnäçesinde muny amala aşyrdy we hemmesini-de Ierusalimiñ adyndan etdi. Eýranyñ "Tasnim" habarlar gullugy düýn öz agzy bilen Gazadaky "Palestin goragyndaky habarly çeşmelerden" "Hamasyñ" "Aksa tupany" operasiýasynyñ üstünde işleýändigini, goragyñ geçmişde-de sionistik gurluşyñ meýillerini bozmak we ahyrynda bu operasiýa arkaly duşmany ýeñlişe uçratmak üçin öñüni alyp çäreleriniñ çäginde şuña meñzeş tejribä eýedigini habar berdi. Eýran habarlar gullugynyñ bu aýdanlary Eýranyñ syýasy we strategik çelegi üçin Palestinadaky garyp halkyñ ganynyñ dökülmeginiñ hasabyna amala aşyrylýandygyny görkezýär. Eýran habarlar gullugy gorkunç Gaza urşy hakdaky bu täsin habaryny şeýle sözler bilen dowam etdirdi: "Hamas" bu gezek Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahuny garşylyk bermäge mejbur etmek üçin operasiýa başlady. Şeýtmek bilen goşuny ýeterlik taýýarlygyny görüp ýetişmänkä Gazada operasiýa geçirmäge mejbur bolmalydy. Bu sözler Gaza halkynyñ ýitgilerini piñine-de almazlygyñ we ajy hakykaty ýuwmarlajak bolmagyñ aýdyñ subutnamasydyr. Olar bolýan wakalary eýran leksikonyna laýyklap gürrüñ berýärler. Mundan öñem "Hizbullahyñ" Liwanda gaýyrýan işlerini ylahy ýeñiş hökmünde baha beripdiler. Ýogsam bolmasa, bular iñ esasy-da Günorta Liwanyñ halkyna ullakan betbagtçylyk bolupdy. 30-njy ýyllaryñ ahyrynda Palestina araplaryñ meselesine öwrülenden soñ Eýranyñ palestin konfliktiniñ liniýasyna goşulmagyny täzelik hasaplamaly... Syýasy we taktiki taýdan bu meselede Jemal Abdynasyr, Saddam Hüseýin, Hafyz Esed, Aly Abdylla Salyh ýaly ýolbaşçylar we elbetde Kaddafi bu meselä aýratyn üns berdiler. Emma Homeýni režimi häzirki Gaza urşuna çenli şu boýunça iñ aktiw tarap bolup çykyş etdi. Tähranly liderler "mukaddes palestin kelamyny" eýran naýzalarynyñ ujuna dakyp ýokary galdyryp, syýasy we propoganda oljasyny edinmek bilen arap-yslam meýdanyna inýärler. Bularyñ barsy Ierusalimiñ adyna duwlanyp edilýär, emma Ierusalim Eýranyñ turuzýan galmagalyndan hiç zat gazanmaýşy ýaly, tersine syýasy mümkinçilikleri, howpsuz ýaşaýşyñ miwelerini we parahatçylygy-dq elden giderdi. "Rewolýusion Gwardiýa" bilen bir hatarda Arap dünýäsinde özüne bagly bandalaryñ üsti bilen Eýran araplaryñ ençeme gezek oñlan we 1967-nji ýylyñ serhetlerine dolanyp gelip iki döwlet gurmagy, Ysraýyla garşy gönükdirilen basyşy artdyrmagy we global goldawy şunuñ bilen ugurdaşlykda herekete geçirmegi maksat edinýän syýasy tagallalary-da paltalady we her gün paltalamagyny-da dowam etdirýär. Eýran palestin konfliktiniñ gubkasyny gazaly raýatlaryñ ganynyñ iñ soñky damjasy akyp gutarýança sykarly görünýär. Gaza halkyny we olardanam öñ Günorta Liwanyñ halkyny gorkunç ysraýyl güýjüniñ penjeleriniñ we dişleriniñ arasyna aw diýip oklady. Ol palestinalylaryñ ýapyşan iñ soñky şahasyny otlamakdan başga zat edenok. Ysraýyl öwezini dolduryp bolmajak zyýan çekmez. Eýranam şeýle. Ýeke-täk utuljak tarap Gaza we Palestinanyñ galan bölegindäki adamlar, ýok bolup gitjegem araplaryñ howpsuz we gönençli ertire bolan umytlarydyr. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 14.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |