23:13 Eýran nyşanadamy? | |
EÝRAN NYŞANADAMY?
Publisistika
Soñky hepdelerde bolup geçýän üýtgeşmeler Günbataryñ 2024-nji ýyldaky esasy ünsüni Eýranyñ gol-ganatyny döwmäge gönükdirjegini görkezýär. General Kasym Süleýmanynyñ ölüm ýyldolanşygynda bolup geçen we YŞYD-yñ amala aşyran partlamasy munuñ iñ bärkije görkezijisidir. Ondan öñem Siriýada eýranly generallaryñ biri Mossad jansyzlarynyñ gurnan terakty netijesinde öldürilipdi. Edil häzirem Günbatardan hetdini tanamagy üçin Eýrana garşy haýbat atyjylykly duýduryşlaryñ yzy üzülenok. Ysraýyl şonsuzam uzak wagt bäri Eýrana garşy dişini gyjap ýörd we premýer-ministr Netanýahu ýurdunyñ öñündäki iñ uly howpyñ Eýrandygyny aýdýar. Häzir Gazadaky uruş we Eýranyñ goldawyndaky toparlaryñ Gyzyldeñizde söwda gämilerine howp abandyrmagy Ysraýyla we onuñ arkasyndaky Günbatara garaşýan amatly pursatyny we bahanasyny döredip berer. Ýogsa-da, nämüçin ala-böle Eýrany nyşana alýarlar? Munuñ iñ birinji sebäbi-de, Eýranyñ sebitde Günbatar bilen kelle süsüşýän we Ysraýyla garşy göreşýän palestin toparlaryna dilujundan däl-de, hut iş ýüzünde kömek bermegi, ýarag, ok-däri, logistiki we beýleki gerek-ýarak serişdelerini ugradýan ýeke-täk musulman ýurdy bolmagydyr. Beýleki yslam ýurtlarynyñ Palestina berýän goldawy bolsa umuman pöwhe sözler bilen bezelen magnawy we diplomatiki goldawdan, şeýle-de heläkçilik pursatynda ugradylan ýorgan-düşek, çadyr, azyk serişdeleri ýaly ownuk-uşak maddy kömeklerden ybarat. Olam köplenç suw señrikden agansoñ, ýagny Gaza ýa-da Ysraýylyñ bombalan başga bir ýeri ýer bilen ýegsan bolandan soñ. Dogrusyny aýtmaly bolsa, Palestinada Ysraýyla garşy göreş soñky otuz ýyl bäri Eýranyñ goldawy bilen dowam edýär. Eýran bolmasa "Hamas", "Yslam jihady", "Hizbullah" ýaly toparlar Ysraýyla garşy bular ýaly uzak wagtlap göreşibem bilmezdi, ortada Palestina diýilýän ýurdam galmazdy. Palestinalylaryñ elinde azda-kände ýer bölegi galan bolsa, munuñ Tährandaky mollalaryñ tagallasy bilen galandygyny mertlerçe boýun almak gerek. Ýagdaýy hasam aýdyñlaşdyrmak üçin Palestinany Azat-ediş guramasynyñ (PAEG) ýolbaşçylyk edýän Palestinanyñ Awtonom hökümetiniñ ýagdaýyna seredop geçeliñ. Hökümet başynda oturan Mahmud Abbas kürsä geçeni bäri aga-gara gatyşman, guk ýanyndaky Gazada telim gezek bolup geçen gandöküşlige dartgynly epizodlara baý golliwud kinofilmine tomaşa edýän ýaly sesini çykarman ýördi. Üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edip duran Gazadaky uruş boýunça Abbasdan dünýäniñ ünsüni çekip biljek güýçli çykyş, beýanat, duýduryş eşitdiñizmi, gördüñizmi? Abbas şolar ýaly derejede towşantüý we ýuwaş welin, Ysraýyl islän wagty elini-goluny sallap Palestinanyñ Awtonom hökümetiniñ garamagyndaky ilatly nokatlara girip, islän adamyny öldürip ýa-da tussag edip äkidende-de demini çykaryp bilýän adam däl. Gaýtam tersine, her bolýan zady sesini çykarman kabul edýär. Onuñ bar gaýgysy halkynyñ asudalygyndan we Palestinanyñ geljeginden has beter öz kürsüsini saklap galmak. Ine, Ysraýyl şular ýaly yrga hökümetiñ bolmagyny isleýär. Bärde Ysraýylyñ ähli etsem-petsemlerini Eýranyñ goldawyndaky "Hamas" bozýar. Pars aýlagy ýurtlary, Türkiýe, Indoneziýa ýaly käbir musulman ýurtlar "Hamasa" Gazadaky mekdepler, hassahanalar ýaly jemgyýetçilik çykdajylary üçin maddy goldaw berse, Eýran ýarag, ok-däri, logistiki goldaw we harby tälim berip, goragyñ dowam etmegine kömek berýär. Eýranyñ "Hamasa" we Ýemendäki husilere berýän goldawy ähli ünsüñ Tähranyñ üstünde jemlenmegine getirdi. Gyzyldeñizde howpsuzlygy üpjün etmek üçin eýýämden 22 ýurtlyk koalisiýa emele geldi. Munuñ özi Eýrana garşy uly frontyñ düzülýändigini añladýar. Eýsem-de Eýran özüni gorap biljek ýagdaýdamy? Gynansak-da, bu soraga oñyn jogap bermek kyn. Eýran geografiki taýdan ykjam ýerde ýerleşendigine, ýerasty baýlyklarynyñ we we ilat sanynyñ köplügine garamazdan, harby taýdan juda gowşak we kemter gaýdýar. Ysraýyl uzak wagt bäri Eýranyñ içinde-de, daşynda-da eýran obýektlerini ýekän-ýekänden ele salyp ýok edýär. Meselem, eýranly inžener-tehnikler Tähranyñ köçelerinde oka tutulýar, Ýakyn Gündogarda iş geçirip ýören eýranly generallar Damask, Bagdat, Beýrut ýaly şäherlerde bombaly teraktlara uçrap wepat bolýarlar. Wagtal-wagtalam ysraýyl reaktiwleri we dronlaey Eýrandaky käbir desgalary bombalaýar. Muña garamazdan Eýrandak ysraýyl obýektlerine garşy gönümel jogap göremzok. Gaýtam tersine, Eýran "Hamas", "Hizbullah", husiler ýaly Ýakyn Gündogardaky käbir toparlaryñ üsti bilen Ysraýyly nyşanalajak bolýar. Elbetde, bu deñ jogap däl. Biri sizi aç-açan ýumruk salýar, siz güýjüñiz ýetmeýändigi üçin başgalary duşmanyñyza garşy küşgürip, ar almaga synanyşýarsyñyz. Ýakyn Gündogarda Günbatary ynjalykdan gaçyrýan iki ýurt bar: biri Eýran, beýlekisi Türkiýe. Elbetde, bärde hiç kim bilen harby ýaranlygynyñ bolmandygy üçin iñ goragsyz we gowşak ýagdaýda durany-da Eýrandyr. Şonuñ üçin Eýran nyşanada we şu ýylyñ dowamynda onuñ gol-ganatynyñ döwüläýmegi juda mümkin. Eýran gyssagly ýagdaýda Russiýa, Hytaý ýaky iki supergüýç bilen harby bileleşik gurmaly, şeýle-de Türkiýe, Päkistan, Pars aýlagy ýurtlary gatnaşyklaryny güýçlendirmeli. Eýran muny edip bilse, Ysraýylam, ABŞ hem Tährana hüjüm etmäge mily edip bilmez. Arap dünýäsinde Ysraýyl we Günbatar bilen kelle süsüşip biljek ýurt galmady. Soñky Gaza hüjüminde arap ýurtlarynyñ özüni alyp barşy hemmelere mälim. Edil häzir Eýrandan soñ Günbataryñ tekerine taýak sokup biljek ýeke-täk musulman ýurt Türkiýedir. Emma Günbatar ýaranlygynyñ arasyndaky Türkiýäniñ daşyny aýlap duran halka-da barha ýygrylýar. Yrakdaky Kürdüstanyñ yzysüre Siriýada hem ABŞ-nyñ eli bilen täze Kürdüstan gurulýar. Hem Türkiýäniñ terrorçy topar hasaplaýanlaryny ABŞ özüne ýaran tutunýar. Başgaça aýdanda, ABŞ Ýakyn Gündogarda Türkiýäniñ halamaýan, özüne howp hasaplaýan näme zady bar bolsa, şony edýär. Dogry, Türkiýe bilen Eýranyñ hijem jyny jyñkyryşyp gidiberenok. Siriýa, Garabag ýaly başga-da birnäçe regional konfliktlerde iki ýurt oñuşyp bilenok. Emma Türkiýe bärde bir zada düşünjek bolmaly: Eýranyñ gol-ganaty döwülse, gezek hökman Ankara-da geler. Şonuñ üçin iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklar haýdan-haý düzedilmeli we ösdürilmeli. Ýyrtyjy haýwanlar hakda düşürilen dokumental filmlerdde görýänsiñiz: Ýolbarslaryñ biri öküz sürüsinden bir öküziñ mekgesine münýärem welin, beýleki öküzler howpsuz aradaşlykdan bu bolýan zada syn edip durýarlar. Öküzler sürlenşip gelse, ýolbars ýok bolup gaçybam gidýär, şeýtseler onuñ penjesine düşen öküzem halas bolýar. Emma süri herekete geçibermeýär, öküzi-de ýolbarslar lak-luk atýar. Eýranda beýle ýagdaýyñ bolup geçmezligi üçin bileleşip hereket edilmegi köp zady çözýär. Eýran ysraýyl, amerikan, iñlis, fransuz istrebitelleri tarapyndan bombalanyp durka, Türkiýe, Müsür, Saud Arabystany, Päkistan ýaly ýurtlar bir gyrada sesini çykarman dursa bolmaz, beýle ýagdaýa ýol bermeli däl. Ýogsa, indiki gezek olaryñ özüne-de gelip biler. Musulman ýurtlaryñ Gaza meselesinde özlerini alyp baryşlary umydygär bolmaga onçakly mümkinçilik bermese-de, näme diýeli, Alladan umyt kesibem bolmaz. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 09.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |