12:15 Eýran: Suw seňrikden agdymy? | |
EÝRAN: SUW SEŇRIKDEN AGDYMY?
Publisistika
Hamaneý gurujy dini lideriň oruntutary bolup iş başyna gelen wagtyndan bäri, ilkinji gezek taýagy bulaýlap durmaly däldigini görkezýän kyn ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Gijem bolsa, ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hamaneý şuňa göz ýetirdi: režimiň howpsuzlyk we harby güýçleri protest demonstrasiýalaryny basyp ýatyrmagyň hötdesinden gelip bilmedi, demonstrasiýalary sem etmek mümkin däl ýagdaýa geldi, hatda güýç ulanylmagy we demonstratlary çem gelen ýerde ölüm jezalary bilen gorkuzyp, Eýrany daragaçlary respublikasyna döndermek ne demonstratlaryň howuny basybildi, ne-de režimiň ýagdaýyny 16-njy sentýabrdan öňki ýagdaýyna getirebildi. Bu bolup duran zatlary synlap duran aýatolla bürenjek mejburylygy konflikti boýunça sessizligini bozup, eýran zenanynyň döwletiň ideologik edaralaryndan görýän basyşy hakda dil ýarmaga mejbur boldy. Dini ýolbaşçynyň bu ädimi gaty gijä galynmanka köçäni gözegçilik astyna almak üçin režim, rewolýusiýa we döwlet piramidasynyň çürbaşyndan gelen synanşyk howasyny berýär. Geçen çarşenbede dini lider bürenjek düzgünlerine doly eýermeýän aýal-gyzlaryň rewolýusiýa garşy gitmekde we dinsizlikde aýyplanylmagyna garşydygyny mälim etdi. Muny Eýranda dini we syýasy taýdan iň ýokarky wezipeli şahsyň yza äden uly ädimi hasaplap bolar. Dini režim bilen aýal-gyzlara berýän çäkli hak-hukuklaryň arasyndaky gatnaşygyň tebigaty bilen baglanyşykly Hamaneý eýranly bir topar aýal-gyzyň öňünde “Bürenjek düzgünine doly eýermeýänlerem biziň öz gyzlarymyz. Ýapynmagyň parzsdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Emma bu, bürenjek düzgünine doly eýermeýänleriň rewolýusiýa garşy gitmekde we dinsizlikde aýyplanmagyna sebäp bolmaly däldir. Bürenjek boýunça eglişige gitmek dogry däl, ýöne şeýdenimiz bilen diniň we rewolýusiýanyň çygryndanam çykdygymyz bolmaz” diýdi. Hamaneýiň sözlerini analiz etmekçi bolsak, onuň bu çykyşyny iki nukdaýnazardan açyk yza çekilme hökmünde baha berip bileris. Birinjisi ara düşen wagt. Sebäp bu beýanat Mahsa Amini atly ýaş gyzyň “ahlak polisiýasynyň” elinde gynalmalar astynda aradan çykmagynyň yzyndan tutaşan protest hereketleriniň başlamagynyň üstünden 15 hepde geçensoň geldi. Protestler başlanan birinji gününden bäri eýran režiminiň binýady bolan dini we harby struktura garşy “Zenan. Ýaşaýyş we Azatlyk” şygaryny öňe tutdy. Emma režimiň düşünmeýän bir zady bardy: olam – protestler bürenjek meselesinden aşyp, has giň tutumly maksatlara ýöneldi. Ikinjisi bolsa, içerki merkeziň düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly. Munuň özi Eýranda suw seňrikden agandygyny we mundan soň hereketleri togtatmagyň mümkin däldigini görkezýär. Hususanam dini ýolbaşçynyň hemlesi konflikti kiparlatmak üçin nämälim netijeleri bolan synanşyk ýagdaýyna getirýär we aslynda režimiň strukturalarynda mundan beýläk üsti örtülmegi mümkin däl çuň konflikti orta çykarýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Eýranyň Şura Mejlisiniň (parlament) başlygy Muhammet Bakyr Kalybafyň geçen ýekşenbede “hökümet sistemasynda hemmetaraplaýyn reformalary geçirmegiň gerekdigi” hakdaky beýanatyna režimiň konflikti basyp ýatyrmakdaky şowsuzlygynyň boýun almasy hökmünde garap bolar. Aslynda dini lideriň beren beýanatlary bürenjek mejburylygy konfliktinden has beter güýç merkezleriniň özara çaknyşyklarynyň näderejededigini görkezýär. Hamaneýiň içerdäki we daşardaky şeýle çylşyrymly döwürde durýan pozisiýasynyň ol wezipeden gidenden soň boş galjak kürsüsi üçin boljak göreşde we geçiş döwrüniň üstünde berjek gönüden-göni effekti bar. Bu boýunça karar kabul etme merkezleriniň zallarynda dörejek çekişmeler özara bölünişikleri hasam çuňlaşdyrsa gerek. Geçiş döwründe halk köpçüliginiň goldawyny almak üçin Hamaneýiň bürenjek meselsindäki pozisiýasynyň arkasynda durjak tarap barka, režimiň ideologik gurluşyna aşa berilen beýleki tarap konserwatiw gatlagyň garşysynda kynçylyklary başdan geçirer we garşydaş tarapyň basyşyna, aýyplamalaryna sezewar bolar. Iň täsir ediji zat bolsa, režimiň we rewolýusiýanyň taryhynyň şeýle çetin sepgidinde dini ýolbaşçynyň geň galdyryjy ýagdaýdaky ýumşak tutumunyň bir tarapyň ýanynda ýer almak ýa-da bir tarapy beýleki tarapdan ýokarda tutmak hökmünde baha berilmegidir. Munuň özi aýratynam mejbury bürenjek meselesinde eglişik etmäge garşy çykýanlary dini lideriň tutumyny bir tarapa garşy bir tarapy saýlamak ýaly baha berilmegine iterjekdigi görnüp dur. Hamaneý gurujy dini lideriň (Homeýniniň –t.b.) oruntutary bolup iş başyna gelen wagtyndan bäri, ilkinji gezek taýagy bulaýlap durmaly däldigini görkezýän kyn ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şoňa görä-de suw seňrikden agandan soň berilýän iň kyn sowal hem şu: Demonstratlaryň talaplary diňe bürenjek bilen çäklenýärmi? Mustafa FAHS. Şenbe, 07.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |