21:05 Eýran režimi... Ne hakyky yza ädim, ne-de reforma | |
EÝRAN REŽIMI... NE HAKYKY YZA ÄDIM, NE-DE REFORMA
Publisistika
Eýrandaky üýtgeşmeleri ýakyndan yzarlaýanlaryñ bir bölegi reformistleriñ we ylymlylaryñ onlarça ýyllyk dolandyryş tejribesinden soñ režimi içerden reformirlemegiñ kyndygyny oýlaýar. Eýran režimi "ahlak polisiýasyny" ýatyrsa-da, ýatyrmasa-da, esasy zat onuñ protestleriñ basyşyna çydaman ilkinji yza tesişini edenligidir. Gelinen kararyñ ýüzi açyk-aýdyñ ortada. Munuñ özi gönüden-göni emonstratlary gysymyna gysmak üçin umytsyz synanşyk bilen edilen eglişikdir. Kararyñ içki ýüzi barada aýdanda bolsa, içinde örän köp syr bar. Režimiñ uçran konfliktiniñ çuñlugyna düşünmekden geçen, gaýtam agressiw hereket edip, ýagdaýlary öz isleýän ýagdaýyna bap getirmek üçin dogry şertlere ýardam edip biljek wagt faktorynyñ üstünde jedele giren signallaryny berýär. Emma on hepdeläp dowam eden sahnada režimiñ düşünmeýån bir zady bar, olam - wagtyñ onuñ peýdasyna däl-de, zyýanyna işleýänligidir. Köçe topalañlaryna öwrülen protest hereketleri režimiñ içki gurluşynda seslenme döretmäge, "yslam rewolýusiýasynyñ" we döwletiñ ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny režimiñ alyp barýan işlerine garşy çykmaga iterdi. Öñki reformist prezident Muhammet Hateminiñ ýakyn wagtda beren beýanaty režme garşy çaprazlygyñ iñ bärkijje mysalydyr. Hatemk "talyplara ýardam eliniñ uzadylmagyna we gaty gijä galynmanka hökümetiñ ýalñyşýan ýerleriniñ boýun alynmagyna" çagyrdy. Hatemi režim güýçlerini gaharlandyran we gazaply ýagdaýda nägileliklerini döreden çykyşynda, hamana, garşylyklaýyn pikirini aç-açan yglan edýän ýalydy. Onuñ garşylyklaýyn pikiri şeýle bir sepgide ýetdi welin, Hatemi protestleriñ "Zenan, Ýaşaýyş, Azatlyk" görnüşindäki baş şygaryna ajaýyplyk diýip baha berdi. Muña teokratik režimde ruhanynyñ görkezen mertligi we täsirli şahsyýetiñ batyrgaýlygy hökmünde baha berip bolar. Hateminiñ inisiatiwasy ünsden sypanok, muña dürli baglanyşyklaryñ we mümkinçilikleriñ çäginde seredibermeli. Käbirleri Hatemini režimiñ käbir partiýalary tarapyndan köçäniñ galagoply howasyny kiparlatmak üçin öñe sürülmekde aýyplasa-da, onuñ niýetine şübhe bildirmek kyn. Şeýle aýyplamalara garşylyklaýyn şular ýaly ähtimallyk bar: Režim tarapdan kimdir biriniñ gijä galynmanka Hatemiden haraý soraýan bolmagy mümkin. Her näme-de bolsa, Hateminiñ protest hereketiniñ öñe sürýän iñ esasy prinsiplerini goldandygy hakykat. Režimiñ bu babatda eglişik etmejegi görnüp dur. Eýran režimiñ ikitaraplylygy hakda şeýle sorag ýüze çykýar: Režim yza ädim ädip bilermi? Öñki prezident Hateminiñ talaplaryndan belli bir derejede peýdalanyp bolarmy? Iñ ýakyn ähtimallyk şeýle - režim tebigatyna mahsus gylygyny edip, eglişik etmeýär. Ýagny, reforma maksatly ädimler ätmegi mümkin däl. Şu babatda, käbirleri hernäçe reformistler bolmazdan reformalar bolmaz diýen şekilde alagöz seredip bolmajakdygyny aýtsa-da, reformalary we reforma hereketini aýyl-saýyl etmek gerek. Aslynda režimiñ bürenjek meselesinde yza ädim ätmegi mümkin däl. Hatda "ahlak polisiýasynyñ" ýatyrylmagy onuñ diñe missiýasyny talabalaýyk ýerine ýetirip bilmeýänliginden gelip çykýar. Şol missiýa esasanam bürenjek atynmaýanlara bank hasaplaşygynda bökdençlik döredýän maliýe gadagançylyklar ulgamyndan ybaratdygy nazara alynanda, täze we has kämil görnüşde ýerine ýetirilmegi üçin başga gulluklara berilip bilner. Mejbury bürenjek režimiñ kemala gelmeginiñ ideologik perdesidir. Onuñ ýatyrylmagyny isleýän kişi şol perdäni sypyryp aýyrmak isleýän adam ýalydyr. Režimiñ leksikasynda bolsa beýle zada ýer ýok. Yza çekilmegiñ reformalaryñ başlangyjy bolmagyna gezek gelende welin, režim protest hereketi üçin magnawy ýeñiş bolaýanda-da, göz üçin yza tesensireýär. Bu babatda, Eýrandaky üýtgeşmeleri ýakyndan synlaýanlaryñ bir bölegi reformistleriñ we ylymlylaryñ onlarça ýyllyk dolandyryş tejribesinden soñ režimi içerden reformirlemegiñ kyndygyny oýlaýar. Şeýle ýagdaý häkimiýetde oturan döwründe syýasy reformist akymyñ respublikan režimiñ gurluşyna täsiriniñ pesdigini görkezýär. Şeýlelikde öñki prezident Hateminiñ bolşy we haýsy baglanyşykda baha berlip boljakdygy hakda sowallar ýüze çykýar. Eýranly progressiw Mustafa Melekiýanyñ pikirinde eýran režimini reformirlemek ähtimallygy babatda umytsyzlyk bar. Melekiýan "Men reformist däl, sebäbi ähli ýollaryñ soñunyñ petikdigini gördüm" diýdi. Munuñ özi eýranly elitanyñ arasynda režimde reforma geçirmegi mümkin däl hasaplaýanlaryñ bardygyny görkezýär. Mustafa FAHS. 10.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |