20:13 Hasratdan püre-pür ýolagçylygymyzdan ýatlama | |
HASRATDAN PÜRE-PÜR ÝOLAGÇYLYGYMYZDAN ÝATLAMA
Ýol ýazgylary
Bu ýowuz Gündogarda ýa ýer-ýurdumyzdan jyda düşürilip ýa-da göçegçi bolup doglarys ýa bolmasa gelmişek ýa-da gurban bolup öleris Bu ýer-ýurdundan jyda düşürmelere birinji gezek gabat gelemzok we soñky gezegem bolmaz. Ýöne ykbal bize munuñ iñ uzak ýer-ýurtdan jyda düşürilme döwrümiz bolup biljegini we ýakyn wagtda ulalan öýlerimize gaýdyp gelmejegimizi aýdýar. Gaýdyp gelmek üçin adatdan daşary mugjyzalara mätäçligimiz bolup biler. Bu gezek sygynalgamyz ýok, bizi gyşyñ añzakly sowugyndan ýa-da tomsuñ jokrama yssysyndan gorajak çatmamyz ýok, bedenimizden galanlary gorajak diwarlarymyz ýok. Hoşlaşan we yzda galdyran öýlerimizde gury küýsegden başga hiç zat galmaz. Ine, sürgün kyssamyza täze bölüm goşýar, öwrenişjek täze öri meýdanlarymyz üçin gadyr goýan ýerlerimizi terk edýäris. Ýurdumyzy belkäm arakesme ýerine belki-de ymykly mekanyna alyp barýarys. Soñky göçümiz we asyl watanlarymyzda gören mähir-şepagatyñ birmeñzeşini görme umydymyz hakda setirleri ýazarys. Bir asyrdan gowrak wagt öñ ýerlerimizde bir garyş ýer galmanda bize gujak açan Allatagalanyñ uç-gyraksyz ýap-ýaşyl dünýäsine ýene bir gezek gadam basarys. Munuñ özi Gündogarda öwrenişilen ýagdaý. Köp sanly adam ýa ýeñlipdir, ýa mejbur bolupdyr, ýa-da diri galmak üçin dünýäniñ şu sebitini terk edipdir. Tejribeler öýüni, obasyny ýa-da şäherini terk eden hiç bir awara edilen kişiniñ, bosgunyñ ýa-da göçegçiniñ yza gaýdyp barmandygyny görkezýär. Öýlerine gaýdyp baranlaram gaýtadan taşlap gaýtmaga mejbur bolýar. Iki derýanyñ arasyndaky täze sürgünimizde Kitaniniñ günortasyndan demirgazygyna, Litaniniñ demirgazygyndan Ewweliniñ demirgazygyna, Ewweliniñ demirgazygyndan Iklim el-Harruba we Şufa ýa-da Beýruta we ol ýerdenem demirgazyga, gündogara ýykylan öýlerimizi, obalarymyzy, boşap galan şäherlerimizi yzda galdyrýarys. Yzda diñe ýok bolan janlar we ýok edilen güzeran çeşmeleri galýar: alawlaýan otlar, harabalar, ýykan-ýumranlyklar... Öýler ýaşaýjysy taşlap gaýdanda ölýär. Oba-şäherlerimiz we ol ýerdäki öýlerden galanlar ýalñyzlykdan we adamlarynyñ ýoklugyndan ölýär. Palestina, Liwan, Siriýa, Yrak diasporasynyñ ýolagçylygy, wagtlaýyndygy aýdylan lagerlerde olar üçin gyssagly gurulan çadyrlar, Gündogar Ortaýer deñzinde başga kenarlara giden gaýyklar, bosgun lagerleri ýa-da tertipsiz göçegçileriñ ýatakhanalary şolbir hekaýany, ykbaly we taryhy paýlaşýar. Enäniñ çagalaryna garry enelerinden, öz enesinden gürrüñ berýän hekaýasy. Munuñ özi basybalyjy goşunlaryñ guryýerden girip, uçarlar bilen yza dolanan taryhy. Käbirleri koloniýalaşdyryldy, käbirleri ýerleşdirildi, käbirleri basylyp alyndy. Aralarynda köplenç bizi dolandyrmalary ücin olary belleýänlerden has zalym bolan bizin adamlarymyzam bar. Bu hekaýalary biri-birine baglaýan ýeke-täk zat tutanýerlilikdir. Şahslar, jemgyýetler, şäherler, paýtagtlar we ýurtlar bolup biz kese ýerli talañçylaryñ we açgöz goñşularyñ edýän işleriniñ bahasyny şirin janymyz bilen ýerine salmagymyzy dowam etdirýäris. Her on ýyldan bir gezek Beýtulmukaddesden, Ramallahdan, Haýfadan, Akkadan, El-Halilden, Jeninden, Nabusdan Basra, Bagdada, Mosula, Humsdan, Halapdan, Hamadan, Idlibden, Deradan, Şamdan Beýruta, Sura, Bint-Jubeýle, el-Hyýama, Nebatiýä çenli şäherlerimiziñ ýer bilen ýegsan edilendigini görýäris. Jebel Amiliñ ýüregi bolan Nebatiýe sistematiki ýagdaýda ýok edilýär. Binalarynyñ, ýaşaýyş raýonlarynyñ, bazarlarynyñ külüni göge sowurdylar. Simwoliki gurluşlary we köpçülikleýin hakydasynyñ aýdyñ mysallary öçürildi. Nebatiýe - halkynyñ, goñşularynyñ we myhmanlarynyñ hakydasynda Günorta Liwany, Demirgazyk Palestinany we Günorta Siriýany biri-birine baglanyşdyrýardy. Bu ýer olaryñ hassahanasy, mekdebi, kafesi bolup hyzmat edýärdi. Sebitleýin söwdany özünde jemleýän bazarlary halk üçin didarlaşmagyñ ýeridi. Köpdürlilihi we köpçülikleýinligi bilen biziñ islän Liwanymyzyñ mikrokosmosydy. Uzak wagta çeken ýer-ýurtdan jyda düşürilme taryhymyzyñ ilkinji bölümleri Marib bendiniñ çöküşiniñ yzysüre gelen uly siliñ yzyndan bu sebite (Günorta Liwana) göçen ýemenli amile taýpasynyñ gürrüñini berýär. Döwürdeş bölümlrr Gazäni we Jebel Amiliñ oba-şäherlerini syryp-süpüren we olary gury ýatlama öwrüp taşlan sil heläkçiliginiñ yzyndan amile taýpasynyñ barsynyñ Günorta Liwandan nähili sürülişini aýdyp berer. Gazada we günortada ölmän galanlar has-da uly umytsyzlyk döreden weýrançylykly siliñ döreden umytsyzlygy barada birmeñzeş ýatlamalary paýlaşarlar. Howpsuz ýa-da ýarym howpsuz durmuşyñ gözlegi bilen dowam eden ýolagçylygymyz bilen bu üýtgeşik ýurduñ başga aýratynlygy hasam emele gelýär - ýer-ýurdundan jyda düşürilme we göçüşligi-de miras alan "mobilizasiýa" atalarymyzdan miras galan aýratynlyk. Öz şahsyýetnamamda doglan ýylym we ýerim bilen birlikde graždanlyk urşy ýyllarynda doglandygym we 1978-nji ýyldaky Litani operasiýasyndan soñ birnäçe günortaly ýaly ýer-ýurdumdan jyda düşürilendigim ýazylgy. 1982-nji ýyldaky okkupasiýadan soñ göçdüm we 1989-njy ýylda Mişel Awnyñ urşy döwründe gaýtadan günorta göçüp geldim. 1993-nji ýyldaky "Hasap berip bilme" operasiýasyndan we 1996-njy ýyldaky "Gazap üzümleri" operasiýasyndan soñ gaýtadan günortadan göçdüm. 2006-njy ýylda harap bolan Beýruta gaýdyp geldim. Häzir bu ýerde meniñ deñ-duşlarymyñ her biri we menden öñki-soñky nesiller bilen birlikde uzak wagtlap ýer-ýurdundan jyda düşürilme kitabymyzda täze bölüm ýazýarys. Bu ýowuz Gündogarda ýa ýer-ýurdumyzdan jyda düşürilup ýa-da göçegçi bolup doglarys ýa bolmasa gelmişek ýa-da gurban bolup öleris. Mustafa FAHS. Şenbe, 19.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |