13:50 Zangezur koridory... indiki gezek Kawkaz çaknyşygy | |
ZANGEZUR KORIDORY... INDIKI GEZEK KAWKAZ ÇAKNYŞYGY
Publisistika
Öñki uruşlar soñlandy, emma täze çaknyşyklaryñ ýoly arçaldy Eski ýaranlarynyñ (Moskwa we Tähran) gözüniñ öñünde Eýran iñ güýçli geosyýasy we geoykdysady kartlaryndan birini taryhy duşmany Ankaranyñ ýarany we hyzmatdaşy bolan ezeli garşydaşy Bakuwa aldyrdy. Günorta Kawkazyñ jedelli sebitleriniñ ýaşaýjylary Birinji jahan urşundan öñki üç imperial güýjüñ (Patyşa Russiýasy, Gajar Eýrany, Osmanly Türkiýesi) arasyndaky güýç göreşiniñ we yzyndan Staliniñ döwründe etniki we dini geografiýanyñ boşadylmagyna gönükdirilen meýilnamalaryñ ýetiren täsirleriniñ hununy ýene bir gezek tölemeli boldy. Gürrüñi gidýän döwürde Moskwa bu halklaryñ üstünde demografiki we geografiki taýdan basyş etdi we bu ýagdaý Sowet Soýuzynyñ ýykylan pursatyndan şu günki güne çenli daşardan etniki we dini häsiýetli ýaly bolup görünýän, emma özeninde syýasy we ykdysady sebäpleri saklaýan çaknyşyklaryñ sebäplerini emele getirdi. Sowet Soýuzynyñ ýüz ýyllyk oñşuksyzlyga we ambisiýa şert döredip, Transkawkaz ýurtlarynyñ (Gürjüstan, Ermenistan, Azerbaýjan) kartalaryny täzeden çyzmagyñ sözüñ doly manysynda bir asyrdan soñ Azerbaýjanyñ 20-nji sentýabrda Daglyk Garabag oblastynda galan iñ soñky ermeni ilatly nokadyna uran aýgytlaýjy zarbasy Günorta Kawkazyñ geosyýasatyny ýüzlerçe ýyl yza sarady. Şol sanda Hytaýdan Garadeñiz deltasynyñ portlaryna ýükleriñ daşalşy we Orta Aziýadan, Eýrandan, Azerbaýjandan dünýä akýan nebit-gaz geçirijileriniñ geçýän Ýewropa bilen Aziýanyñ arasyndaky ähmiýetli sebitde ýerleşen ykdysady koridorlaryñ gözegçiligini täzeden Ankaranyñ eline gysdyrdy. Şeýle bolýan bolsa, Bakunyb peýdasyna geosyýasy üýtgeşme Ankaranyñ peýdasyna ykdysady geosyýasy üýtgeşme diýmegi añladýar. Aýratynam Bakunyñ Eýran bilen Ermenistanyñ arasyndaky we ol ýerdenem Ýewropa gidýän ýoly kesen günorta çäk zolagynyñ gözegçiligini eýelemeginden soñ Ankara bilen Türk dünýäsiniñ (Orta Aziýa) arasyndaky gapy doly açyldy. Ankarany Ýewraziýanyñ iñ möhüm transport çatrygynyñ goragçysy edýän Zangezur koridorynyñ üstünden Türkiýäniñ we Azerbaýjanyñ arasynda, ol ýerdenem Hytaýa çenli Orta Aziýa ýurtlary bilen baglanyşyk ýola goýlar. Daglyk Garabag sebitiniñ üstündäki otuz ýyllyk ermeni agalygyny soñlandyran soñky azeri hüjüminde rus ylalaşdyryjy güýçleriniñ sesi çykmady. Kreml birnäçe aý bäri dowam edip duran Ukraina hüjümini yza serpikdirmek bilen has köp başagaý bolýardy we bolup biläýjek gûýzki hüjümine garşy durmak üçin goragyny güýçlendirmäge synanyşýardy. Şol sebäpli Kremldäki karara gelijiler Waşingtona has ýakyn durýan Ermenistanyñ premýer-ministri Nikol Paşinýany ýola getirmegiñ pikirindedi. Russiýanyñ Bakuny raýyndan gaýtarmak babatdaky islegsizligi bilen Ýerewany ýola getirmek meýliniñ arasyndaky nämälimlik pursatynda ermeni karara gelijileriñ bir bölegi tradision jedelleriniñ uly bähbitlere durýandygyny duýdular. Moskwanyñ bu tapgyrda hökmany öñe sürýän prinsipi günorta serhetleri däl-de, iñ esasysy Günbataryñ sanksiýalarynyñ garşysynda koridor hyzmatyny ýerine ýetirýän hyzmatdaş hökmünde Türkiýe bilen baglanyşykly bähbitleridi. Şol sanda bu sebitde kim üstün çykanda-da, Russiýanyñ bähbitleriniñ bir bölegini gorap biler. Şonuñ üçinem diñe häzirlikçe günorta çäklerindäki howply geosyýasy öwrülişiklere göz ýummaga mejbur boldy. Tähran demirgazyk serhedindäki çaknyşyklary ýakyndan synlaýardy we karar berijileriñ koridorlarynda top sesleri eşidilýärdi. Emma deñlemäniñ üýtgemesiniñ öñüni almak üçin elinden hiç zat gelenokdy. Daşarky ýagdaýlara seredende, Tähran Moskwanyñ ýerini tutup bilmeýär we onuñ muña güýjem ýetmeýär. Emma ol häzir daşarky çaknyşyklary gowşatmaga dyrjaşýar. Şonuñ üçinem Tähran etniki, ideologiki, geografiki taýdan bulaşyk sebitde gönüden-göni çaknyşyga girmekden saklanar. Içerki ýagdaýlara seredende bolsa, etniki düzümiñ ýaýrawy taýdan eýran azerileriniñ ýurtda ikinji ýerde durýandygy we taryhy taýdan bäş asyrdan gowrak wagtlap Eýrany dolandyrup gelen agalygyñ esasylaryndan hasaplanyp, döwletiñ möhüm ýerlerinde düýpli täsirleriniñ bardygy göz öñüne tutulsa, Eýrdanky häkimiýetiñ Azerbaýjanyñ garşysynda Ermenistany goldamagy içerki durnuklylygyny görnetin bozar. Islendik pursat partlap biljek sosial, medeni we gün-güzeran dartgynlygynyñ bolýan geçiş döwründe, aýratynam türk-azeri şaýy identiçnosty beýgelende azerileri tarapsyz saklamak eýran režiminiñ birinji etmeli işidir. Galuberse-de, Eýran daşarda döwlet howpsuzlygyna, içerde bolsa territorial bütewiligine howp salýan ikileme bilen bir öwrülişik nokady bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Ankara Bakunyñ üsti bilen Kawkazyñ koridorlaryna agalyk etmegi başardy, Türk dünýäsi bilen arasyndaky düwüni çöşdi, Tährany daşlaşdyryp, Moskwany wagtlaýyn täsirsizleşdirdi, öñki uruşlary soñlandyrdy, emma täze çaknyşyklaryñ ýoluny arçady. Mustafa FAHS. Ýekşenbe, 08.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |