12:58 Eýran: Brutlaryň garşysynda režim ýalňyzlaşýar | |
EÝRAN: BRUTLARYŇ GARŞYSYNDA REŽIM ÝALŇYZLAŞÝAR
Publisistika
Eýran sahnasynda režimiň öwrülişik sepgidindäki dil ahwalyny aňladyp bilhek jümle her ýagdaýda “Sen hem Faridamy?” bolsa gerek. Farida Muradhani / Surat: YouTube Eýranda 16-njy sentýabrdan bäri dowam edip gelýän protest hereketleri ýurtdaky syýasy, medeni, sosial, hatda sport durmuşynda yzlaryny goýmaga başlady. Eýran režiminiň ýüzbe-ýüz bolan iň kyn garşylygyndan birem şu soňky protest hereketi bilen bir hatarda syýasat sahnasynda, hökümetiň öz içinde we hatda döwleti guran syýasy maşgalalaryň jümmüşlerinde režimiň Sezary böwründen pyçaklan Bruta meňzeden birden köp adamy orta çykýar. Eýran sahnasynda režimiň öwrülişik sepgidindäki dil ahwalyny aňladyp bilhek jümle her ýagdaýda “Sen hem Faridamy?” bolsa gerek. Eýran režiminiň lideri aýatolla Ali Hamaneýiň ýegeni Farida Muradhani aslynda oppozision maşgaladan. Faridanyň maşgalasy öýüň atasynyň 2000-nji ýylda “Ewin” türmesinde gynamalar astynda aradan çykandygyny aýdýar. Emma bu çynlakaý aýratynlyk Faridanyň režimiň güýjüne nägilelik bildirmek üçin uly öwrülişik pursatyndan peýdalanýan ýaly görkezen çykyşynyň ähmiýetini azaltmaýar. Farida protestleri gönüden-göni goldaýandygyny paýlaşan wideoýazgysynda şeýle sözler bilen düşündirdi: - Eý, azat halklar! Bizi goldaň we hökümetleriňize çagalary öldürýän eli ganly režimi goldamakdan el çekmegi aýdyň. Bu režim dini prinsipleriň ýekesine-de eýerenok. Ol gara güýje we häkimiýete ýüz urmakdan başga zady bilenok. Farida Muradhani režimiň ýolbaşçylygynyň dili bilen aýdanda, ýeke Brut däl. Orta çykanlaryň içinde ondan öňem 1979-njy ýyl režiminiň gurujy maşgalalarynyň çagalary bar. Iň agyr “pyçak urgusy” bolsa yslamçy režimiň düýbüni tutujy Homeýni maşgalasynyň özünden we häkimiýetiň binägäri hem-de Homeýni döwründen Hamaneý döwrüne çenli häkimiýet geçelgesiniň kanuny gözegçisi bolan Rafsanjani maşgalasyndan geldi. Ýagdaýy şeýle düşündirip bolar: Petige direlen režim Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy atalaryň ogullaryna we agtyklaryna ýalbarmaga synanyşdy, emma iki maşgala olaryň peýdasyna halka garşy çykyş etmekden ýüz öwürdiler welin, eden ýalbar-ýakarmalary netijesiz gutardy. Munuň özü-de režimiň syýasy we populýar taýdan şu iki kanuny güýjüni ýitirendigini görkezýär: Birinjisi, Homeýniniň mirasdüşerleriniň umuman alanda režime arka durma mümkinçiligi; Ikinjisi – Rafsanjaniniň mirasdüşerleriniň Hamaneýe berjek goldaw mümkinçiligi. Geçen aýyň 23-ne ABŞ-da çykýan “The Wall Street Journal” gazeti eýran režiminiň demonstratlary köşeşdirmek üçin Homeýniniň we Rafsanjaniniň neberelerine Eýranyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň baş sekretary Ali Şemhaniniň arada durmagynda gizlin çagyryş edendikleri barada habar berdi. Habarda iki maşgalanyň režimiň talabyna jogap beren ýagdaýynda “demonstratlaryň talap edýän reformalaryny girizip biljekdigi, emma iki maşgalanyň şeýle çemeleşmäni ret edendigi” aýdyldy. “The Wall Street Journal” gazetiniň beren habarynyň ertesi güni 24-nji noýabrda režimiň öz içinde ýeke galdyrylandygyny teoriýasyny tassyklaýan habar çykdy. “Pyknet” habarlar saýty kakasynyň ofisinde we görkezme beriş merkezlerinde täsirli “Ýol görkeziji” aýatolla Ali Hamaneýiň ogly Müjtebanyň öňki merhum prezident Şeýh Haşimi Rafsanjaniniň gyzy Fatima Rafsanjani bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi. Müjteba Rafsanjaniniň gyzyna apparatdan çetleşdirilendigi üçin ýakyndygyny nygtady Munuň bilen birlikde duşuşykdan syzan maglumatlara görä, Hamaneýiň oglunyň Fatima Rafsanjaniniň protestlerdäki gazaply basyşy ýa-da protestleriň başlanan günlerinde tussag edilen uýasy Faiza boýunça arz etmek islese, kakasy bilen gepleşmäge synanyşdakdygyny, emma Fatimanyň kakasyny görmeginiň mümkin däldigini aýtmagy gyzykly. Öňki prezident Muhammet Hatemi-de režimi “pyçaklanaryň” biri bolup, ol häzirki ýagdaýy inkär etmekden el çekmäge çagyryp, bolýan wakalaryň anarhiýa däldigini nygtady. Hatemi režimiň inkär edijilikli pozisiýadan daşlaşyp, hamana iň soňky duýduryş signalyny berýän ýaly wakalaryň şeýle ýagdaýda dowam eden ýagdaýynda Eýrandaky jemgyýetçilik çöküş alamatlarynyň iki essä çykjakdygyny ýatlatdy. Hatemi gijem bolsa, protestleriň we halk çagyryşlarynyň jemgyýetçilik çöküşiniň ýakynlaşandygyny görkezýändigini, halkyň režimden we Yslam respublikasyny alamatlandyrýan hemme zatdan el çekmeginiň görnetin amala aşandygyny duýdy. Munuň iň bärkije mysaly, eýranlylaryň Katardaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda Eýran Yslam Respublikasynyň (halkyň topary däl) ýygyndy toparynyň ABŞ-nyň ýygyndy toparyndan utulandygyny baýram etmekleridir. Şoňa görä hem Eýran mysalynda Şekspiriň aýdyşy ýaly Brutdan zyýat, režimi ýeke galdyrmagy makul bilen döwleti gurujy we täsirli maşgalalar hem-de halk köpçüligi bar. Mustafa FAHS. Şenbe, 03.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |