10:14 Eýran... Özgerişiñ buşlukçylary | |
EÝRAN… ÖZGERIŞIÑ BUŞLUKÇYLARY
Publisistika
Režimi iñ howatyrlandyrýan zat - protestleriñ belli bir ýaş topary ýa-da halk bilen çäklenmän, 1979-njy ýylda Eýranda režimiñ gurlan wagtyndan bäri görlüp-eşdilmedik we umumy herekete öwrülmegi Ertir üçünji aýyna girýän protestleriñ gysga we orta aralykda eýran režiminiñ tebigatynda düýpli özgerişliklere sebäp bolmagyna garaşylmaýar. Emma Mahsa Amininiñ ölümi bilen başlan we jemgyýetçilik hereketine öwrülen protestler jemgyýetiñ hem-de döwletiñ nähili bolmalydygy hakdaky talaplaryny öñe sürüp başlady. Yrakly ylmy-barlagçy Haýdar el-Huiniñ (Hayder al-Khoei) geçen sişenbe güni "Washington Post" gazetinde sitata alynan twiti eýran jemgyýetinde orta çykan sosial, medeni, syýasy ytagatsyzlygyñ subutnamasyndan başga zat däldi. Režimi iñ howatyrlandyrýan zat - protestleriñ belli bir ýaş topary ýa-da halk bilen çäklenmän, 1979-njy ýylda Eýranda režimiñ gurlan wagtyndan bäri görlüp-eşdilmedik we umumy herekete öwrülmegidir. Haýdar el-Huiniñ iñlis dilinde paýlaşan twitiniñ terjimesi şeýle: "Ýakynda Tährana gitdim. Şäherde rewolýusiýa bolup geçýän ýaly duýlanok, imisalalyk. Emma iññän uly sosial-syýasy öwrülişikleriñ bolup geçendigi belli: aýal-gyzlar köçelerde başýapynjasyz gezip ýörler. Megerem, ahlak polisiýasy iñ bolmanda belli bir wagta çenli dyñkyny çykarman oturar ýaly edilipdir, onuñ hemişelik ýitirim ediläýmegi-de ahmal". "Washington Post" gazetiniñ salgylanan twitiniñ Eýranda soñky iki aý bäri bolup geçýän hereketleriñ dije halk gozgalañy derejesine ýetmedik protest hereketi däldigini, emma daşyndan göräýmäge hem-de düýpli raýat-ytagatsyzlyk hereketine öwrülenligidir. Hawa, eýranly gyz-gelinler, ene-atalar, erkek doganlar we gyz uýalar aýaga galdy. Munuñ özi, maşgalalaryñ, goñşy-golamlaryñ, dogan-garyndaşlaryñ, tanyş-bilişleriñ we dost-ýarlaryñ gatnaşanmagynda režimi ünjä goýan we gowşadan ideologik raýat-ytagatsyzlyk hereketine meñzeýän ýagdaý döredendigini añladýar. Iñ howplusy bolsa, "Besic" güýçleriniñ, Rewolýusion gwardiýanyñ (RG), Içeri işler ministrliginiñ bilelikdäki koordinasiýasynyñ başlanan wagtyndan bir hepde geçensoñ, ýokary okuw jaýlarynyñ berk gysaja alynmagy we režimiñ düzgünlerine garşy baş galdyran talyplary gözegçilige almak üçin öz aralarynda howpsuzlyk ofislerini guranlygydyr. Ýöne näçe çabalansalar-da, protestleri basyp ýatyrmagyñ hötdesinden gelip bilmediler. Gaýtam eýran şäherleriniñ köçeleri we meýdanlary häzirem märekeli hem-de dartgynlylygyñ öýjügi bolmagynda galýar. Bulam demonstratlar bilen režimiñ arasyndaky dartgynlylygyñ režimiñ durnuklylygyna howp salyp biljek görnüşde belli bir wagta çenli dowam etjekdigini añladýar. Aslynda geçen şenbe gününden bäri režim bilen demonstratlaryñ arasyndaky dartgynlylyk kesgitleýji tapgyra girdi. Emma basyş islän maksatlaryna ýetip bilmedi. Eýranly aýal-gyzlary režimiñ kada-kanunlaryna aç-açan garşy çykmakdan we köçelerde bürenjeklerini çykarmakdan saklap bilmedi. Eýrandaky kürtler, araplar, buluçlar ýaly ezilen etniki azlyklary yza tesdirmekden we protestleri soñlandyrmakdan ejiz geldi. Azerileriñ aktiw nasionalistler hökmünde döwlete gatnaşygyny protest hereketine we merkez bilen sferanyñ arasynda, ýagny, Tährandaky merkezi hökümete garşy sebitleýin gozgalañyñ kristallaşmagyna gatnaşyklaryñ dowam etmeginiñ öñüni alyp bilmedi. Tähran, Yspyhan, Şiraz, Töwriz ýaly uly şäherleriñ ýaşaýyş massiwlerindäki howpsuzlyk edaralary protestleriñ soñlanmagyny däl-de, diñe demonstratlaryñ sanynyñ azalmagyny gazanyp bildi. Hökümetoñ howpsuzlyk güýçleriniñ şowsuzlygyna bolan nägileligi bu gezek has ýowuz basyşlary etmek bilen çäklenmez. Protestleriñ şeýle ýagdaýda dowam etmegi ony başgaça ýollara ýüz urdurar. Gaýtam tersine, protestleriñ dowam etmegi we şular ýaly formada gozgalaña öwrülmegi onuñ ýüzüni ýurduñ daşyna gönükdirip, başgaça ýollara ýüz urmaga iterer, eger muny şeýdäýse, öz sosial gurluşyny düýpli krizislere sezewar eder. Demonstrasiýalar ikinji aýyna girenden bäri režim kese ýerli aktýorlary haosa beleñ bermekde aýyplaýar. Eýýäm bir hepde bäri mundan jogapkär daşary ýurtlyny jezalandyrma pikirini öñe sürýär. Munuñ soñy basyşlar şowsuz gutarsa, fronty üýtgedip biler. Azerbaýjanyñ Nakşe-Jahan meýdany bilen serhet konflikti, Demirgazyk Yraga garşy gönükdirilen hüjümler we goñşy ýurduñ jezalandyrylma ähtimallygyndan söz açmagyñ özi kararyñ netijesi nähili gutarjagyna garamazdan, konflikti ýurduñ daşyna bulaşdyrmakdan üçin edilen soñky synanşykdyr. Şoña görä hem Eýranyñ içi gozgalaña tarap barýar, režim bolsa konflikti ýurduñ çäkleriniñ daşyna itip, konflikden ujyz sypaýjak bolýar. Beýleki bir ýandan ýakyn we daş ýurtlar berk saýlaw öwrülişiklerine hem-de bileleşiklere ýanaşmak bilen bir hatarda göreşme mümkinçiligini-de gazanyp biler. Aýratynam, bu babatda ädiljek haýsydyr bir ädim ýa-da içerde bolup geçýänler bir özgerişiñ ýa-da gozgalañyñ başlangyjynyñ buşlukçysy bolup biler. Mustafa FAHS. 05.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |