14:35 Eýran saýlawlary... Kanuny soraglar | |
EÝRAN SAÝLAWLARY... KANUNY SORAGLAR
Publisistika
Režimiñ görnüşi we tebigaty, şu güni we geljegi hakda köp sanly, uly, garjaşyk we inçe bolan kanuny soraglar bar. Käbir detallarda birden köp jogap baram bolsa, käbir detallarda jogap tapmak kyn. Fundamentalist reformaçy hökmünde-de baha berip boljak, pikiriñi bulaşdyryjy konserwatiw çemeleşmä eýe reformist Mesut Pezeşkiýanyñ ýurduñ içinde we daşynda buýr-bulaşyk şertler astynda prezidentlige saýlanmagy geçen gezekki saýlawlarda (2021ý.) güýç inženerligini edip üstünlik gazanan eýran režiminiñ jemgyýetçilik inženerligini etmekde şowsuzdugyna güwä geçýär. Režimiñ ýeke-täk tebigaty täzeden orta atylmady, emma syýasy plýuralizmiñ öz içine alynmagy belli bir möçberde oñaryldy. Emma syýasy plýuralizmiñ arkasynda nasionalist köpçülik bar. Eýran halky eýranly halklar ýa-da bu saýlawlara köpçülikleýin ýagdaýda gatnaşan parsy bolmadyk birtopar etniki azlyk tarapyndan wekilçilik edilýär. Bu ýagdaý režime bir derejä çenli köpçüluge uýgunlaşma mejburylygyny orta atdy. Režimem Arap-Ahwaz sebitlerinde iñ köp sesi alan konserwatiw, fundamentalist, ejesi kürt azeri reformist Pezeşkiýanyñ şahsy gurluşyndaky etniki, dil, medeni aýratynlyklaryny aç-açan aýdyp bilmegi oña prezidentlik karýerasynda syýasy, sosial, graždan ugruny kesgitledip biler. Şeýle-de, režimiñ onuñ daşyjy gabama, päsgelçilik döretme ýa-da beren sözlerini ýerine ýetirmegine päsgel berme babatda oña ýardam edip biler. Onuñ ýeñşi bilen ylalaşmak režimi gürrüñi gidýän aýratynlyklar bilenem ylalaşmaga mejbur edip biler. Çünki bular diñe şahsy däl. Tersine, režimiñ krizisiniñ, syýasy-ideologiki we nasional merkeziýetçiliginiñ we merkeze öz garaýyşlaryna amal etdirýän taraplar bilen gatnaşygynyñ möhüm parçasyma öwrülen umumy aýratynlyklaryñ aýdyñ yüze çykmasydyr. Saýlawlarda ýa-da ondan öñ rewolýusioner režim iki kynçylygyñ tapawudyny bildi. Bulardan birinjisi eýran jemgyýetiniñ janlylygy bilen ýüzleşip ýetişmänligidir. Her dürli protest çykyşlarynyñ ýañy-ýakynlarda zor bilen basylyp ýatyrylmagy adamlary we toparlary ýa-da hereketleri boýun bolmaga itermedi. Öñki lapykeçliklere, uly tejribeleriñ we esasy adamlaryñ maksatnamalaryny amala aşyryp bilmändigine garamazdan, eýran jemgyýeti aktiwligini saklady, plýurallygyny täzeden kesgitledi we bir gezek özdiýenliligini görkezdi. Häkimiýet gurluşynyñ içinde orta çykan ýa-da özüni görkezen beýleki we has howply kynçylyk bolsa ýeke tebigat ýa-da ýeke daşky gurşaw mejburylygyny orta atmagynyñ režimi goramakda şowsuzlyga uçramagydyr. Emma bu ýagdaý režimiñ kemçiliklerini we howplaryny ýüze çykardy. Ýeke tebigatyñ çaprazlyklary tizara äşgär boldy. Üç ýyldan gysga wagtyñ dowamynda, ýagny prezident Ibrahim Reisiniñ saýlaw işleri bilen aradan çykmagynyñ arasynda ýüze çykdylar. Bu gysga döwür wepaly karargähiñ häkimiýet ugrundaky çaknyşyklaryny oda salmaga ýeterlik boldy. Bu karargähiñ içindäki güýç merlezleriniñ çaknyşyklary ýakyn geljekde režimiñ görnüşine, tebigatyna we nähili dowam etjegine täsirini ýetirmelidi. Goşunyñ we ideologlaryñ arasynfa utgaşykly we deñagramly ýaly görünen zat aslynda tapawutly zatlardy. Geljekde gowşamalatyna getirjek geçiş tapgyryndaky pozisiýalar üçin gazaply bäsleşigi emele getirýärdi. Mahsa Amini konfliktinden we munuñ eýran režiminde galdyran jemgyýetçilik täsirinden başlap, daşardaky komplikasiýalara çenli soñky üç ýyllyk synag içerde we daşarda şowsuzlyk bilen gutardy. Utgaşykly ýa-da birmeñzeş ýeke tebigatly häkimiýet köptaraply tebigata eýe ilkibaşdaky serdarlarynyñ edişi ýaly azajyk bölegini-de çözüp bilmedi. Praktikada režimiñ iki saýlawy bardy. Birinjisi öz içindäki bäsdeşligi çäklendirmekdi. Bu onuñ öz ganatlarynyñ arasynda gorkunç netijeleri boljak gazaplu göreş manysyny añladýardy. Beýlekisi bolsa syýasy reforma maksatnamasyna eýe bolmazlyk şerti bilen reformist kandidaty öñe çykarmakdy. Munuñ birnäçe düşündirişi bar. Bulardan biri režimiñ reformaçylary öz möhüm ugurlaryna ugrarly şahslar hökmünde kabul etmegidir. Emma režim reformaçylaryñ diñe režime däl, rewolýusiýa-da ideologiki ygrarlylyklaryndan şübhelenýändigi üçin olary maksatnama hökmünde ret edýär. Bärdäki rewolýusiýanyñam "režimi goramak üçin içerik seredýän" we "režimi daşyna ýaýmak üçin daşaryk seredýän" iki ýüzi bar. Her iki ýüzünde-de Pezeşkiýan şumada çenli olar üçin haýsydyr bir howp abandyrmaýar. Galyberse-de, bu tapgyrda režim üçin iñ esasy zat içerki işlerini täzeden düzgünleşdirmekdir. Režimiñ esasy üns berýän zady ganatlarynyñ arasynda çaknyşyklaryñ ýüze çykmasynyñ öñüni almak ýa-da geçiş tapgyryny taslana çenli muny gijikdirmek. Çünki režim Pezeşkiýanyñ indi sessiz däl halk köpçüligi tarapyndan goldanýan parahatçylykly güýje öwrülmeginden gorkýar. Mustafa FAHS. Şenbe, 13.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |