22:25 Eýran režimi we Günbatardan berk duýduryşlar | |
EÝRAN REŽIMI we GÜNBATARDAN BERK DUÝDURYŞLAR
Publisistika
Eýran režimi şumada çenli Ukrainadaky daşarky düzgün bozulmalar we demonstratlara garşy içerki düzgün bozulmalar bilen baglanyşykly Günbataryň özüne garşy dartgynlylygy artdyrma alamatlaryny duýmady. Eýranda 13 hepde bäri dowam edip gelýän demonstrasiýalar içerki we daşarky ugurlarda nädende eýran režiminiň hötdesinden gelip boljakdygy babatda täze halkara reallygy açyp görkezmegi başardy. Görlüşi ýaly, birinji nobatda Günbatar ýurtlary eýran režimi bilen gatnaşyklarynda “syýasy sowuk-salalyk” sepgidine ýeten onlarça ýyllyk hemişeki maýyşgaklyklaryndan el çekdiler. Häzir ýadro we ýadrodan daşarky meselelerdäki ilkibaşky çemeleşmelerini gözden geçirmäge gyssanýarlar. Şeýle üýtgeşme iki zatdan soň emele geldi. Birinjisi, uçarmansyz hüjüm ediji istrebitelleriň (UHEI) Ýewropanyň howpsuzlygyna howp salmagy. Ikinjisi bolsa, günbatarly liderleriň Eýran şäherleriniň meýdanlarynda we köçelerinde ýaş aýal-erkekleriň azatlyk we adalat talap edip gygyryşlaryna mundan beýläk gulaklaryny ýapyp oturyp bilmezlikleri. Halkara jemgyýetçiliginiň oňlan we goldan şeýle gykylyklarynyň öz ýurtlarynda içerki jemgyýetçilik problemasyna öwrülmegi bilen, günbatarly ýurtlar aýratynam Waşingtondaky we Ýewropadaky käbir karar kabul ediji paýtagtlar mundan beýläk bulara göz ýumup bilmejek ýagdaýa geldi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 4-nji noýabrda amerikan saýlawlarynyň öňüsyrasynda Demokrat partiýanyň tarapdarlarynyň saýlaw mitingleriniň birinde tarapdarlaryna Eýran bilen gol çekilen ýadro ylalaşygynyň güýjüni ýitirendigini aýdýan wideoýazgysynyň ýaýradylmagy eýran meselesiniň ABŞ-da içerki jemgyýetçilik problemasyna öwrülendiginiň subutnamasy hökmünde garap bolar. ABŞ-nyň ýadro ylalaşygynyň güýjüni ýitirendigini aýtmagyndan haýsydyr bir çykalga tapmak üçin diplomatiki ýollardan el çekilendigi manysyny çykarmak mejburyýetinde dälem ýaly bu. Günbatar ýurtlarynyň harby seçgä eýe bolmakdan başga alajynyň ýokdugyny-da aňlatmaýar. Prezident Baýden şol çykyşynda ýurdunyň Eýran bilen ylalaşygynyň güýjüni ýitirendigini resmi taýdan yglan etmejekdigini nygtady. Munuň özi Tährana häzirem gapylaryň açyk galdyrylýandygynyň alamatydyr. Ýöne bu gezek UHEI-lerinden başlap režimiň raýatlaryna gönükdirilen düzgün bozulmalary ýa-da daşardan goşulmalar bilen gutarmaýan dürli-dürli şertler bilen... Prezident Baýdeniň sözleriniň astynda ýatan zat eýran režiminiň ýadro ylalaşygyň syýasy ýa-da ykdysady aýşrtykmaçlyklaryny gazanyp bilmejegidir. Hamana Ak Tamyň gep urşundan şular ýaly režim bilen ylalaşyk baglaşmagyň hiç hili ýolunyň ýokdugy manysy çykýardy. Munuň özi Waşington bilen Tähranyň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklar taryhynda ABŞ-nyň beren iň berk duýduryşy bolup durýar. Bu duýduryşy Waşingtonyň demonstratlary goldamak üçin hakyky çäreler geçirip başlajakdygy we Wena ýadro gepleşiklerinde has köp şerti öňe sürjekdigi görnüşinde terjime edip bolar. Munuň özi Eýranyň içindäki we daşyndaky ýagdaýyň, ýagny, sebitleýin goňşulygynyň we halkara gatnaşyklary bilen ilteşikli ýagdaýynyň öňküsinden üýtgeşik dartgynly stadiýa girjegini aňladýar. Indiden soň režimiň demonstrasiýalary berk gysaja almagy ýa-da basyp ýatyrmagy mümkin däl we halkara jemgyýetçilik Eýranyň hereketine we nägileligine baha berip ýetişibem bilenok. Eýran režimi şumada çenli Ukrainadaky daşarky düzgün bozulmalar we demonstratlara garşy içerki düzgün bozmalar bilen baglanyşykly Günbataryň özüne garşy dartgynlylygy artdyrma alamatlaryny duýmady. Eýranyň daşary işler ministri Emir Abdullahiýan ýurdunda bolup geçýänleri we bular bilen baglanyşykly täze günbatar çemeleşmesini doly inkär edýän ýaly režimiň tekepbir tüýsüne girip ylalaşygyň şertlerine eýerýändiklerini görkezmäge synanyşyp, ýadro ylalaşygynyň uly ýurtlaryň Eýranyň “gyzyl çyzyklaryna” eýeren ýagdabynda janlandyrylyp bilnjekdigini aýtdy. Bu tutum Ýewropa bileleşiginiň Daşarky gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borreli gaharlandyrana meňzeýär. “Bloomberg” habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Borrel Eýrany Ukraina we protest demonstrasiýalary sebäpli ýazgardy hem-de ýadro ylalaşygynyň diňe Eýranyň dünýä güýçleriniň şertlerini kabul eden ýagdaýynda täzeden dikeldiljekdigini nygtady. Žozep Borrelden başlap, Tähranyň Ak Tamdaky sözde dosty Robert Mellä we beýlekilere garşy režim özüni Ukrainada edýän etmişleri we demonstratlara garşy edýän kanun bozulmalary boýunça duýduran ýokary derejeli ygtyýarlylaryň sözlerini eşitmezlige saldy. Tähranyň Ukraina we öz halkyna garşy edýän düzgün bozmalary Robert Mellini, diplomatiýasyny we Eýran bilen aragatnaşyk kanallaryny dowam etdirmek babatdaky hemişeki islegliliginden el çekmäge iterdi. Melli bagyşlap bolmajak iki günäni eden ýaly halka garşy edýän basyşy we Russiýa berýän ýarag kömegi sebäpli eýran režiminiň ýolbaşçylarynyň özlerini düýpsüz girdaba atandyklaryny aýtdy. Mustafa FAHS. Şenbe, 24.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |