21:28 Iki gozgalañyñ arasyndaky Eýranyñ saýlawlary | |
IKI GOZGALAÑYÑ ARASYNDAKY EÝRANYÑ SAÝLAWLARY
Publisistika
Eýranly saýlawçylar hamana gozgalañ turuzýan ýaly režimiñ güýjüne zarba urdy. Saýlawçylar saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Gatnaşyk derejesi boýunça resmi çaklamalaryñ we hatda oppozisiýanyñ çaklamalarynyñ bärsinde, her iki çaklamada-da raýatlaryñ aglabasynyñ ýolbaşçyny diñlemeýändigini we isleglerine jogap bermeýändigini görkezýän aç-açan duýduryş bar. Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ aýdyşy ýaly ownuk ideologiki ýa-da bähbitçil diýip boljak topardan daşgaryn bu saýlawçy blogy joşgunly hereket edýän azlyga öwrüldi. Jemgyýetiñ içindäki bu dikligine bölünişigi Eýranda uly toparyñ (ýagny absolýut köpçüligiñ) saýlawlara garşy gidýändigi we çäkli azlygyñam goldaýandygy bilen düşündirip bolar. Saýlawçynyñ ilkinji gozgalañyna, ýagny eýranly şahsyñ öz režimine garşy ilkinji režimine baha berende, şu iki tapgyrdan söz açyp bolar: Birinjisi, oppozisiýa görä 35%-iñ aşagyna düşen gatnaşyk derejesi bilen birlikde saýlawlara gatnaşyk babatdaky höwessizlik. Saýlawlaryñ öñüsyrasy raýatlara ýüzlenen Ali Hamaneýi lapykeçlige uçradanam şu boldy. Hamaneý "Dostlarymyzy begendiriñ, erbet dilegde gezýänleri lapykeçlige uçradyñ. Ses berme babatda ikirjiñlenýänlere aýtjak soñky sözüm şudur: ýagşylyk etmek üçin doga edip düýş görmegiñ hajaty ýok" diýdi. Ikinji tapgyra gelenden soñ bu iki mejlis (Yslamy Şura Mejlisi we Hünärmenler Mejlisi) üçin geçirilen saýlawlarda oppozision gatnaşyjylaryñ gelen netijeleriniñ görkezijisidir. Hasaplanmaga degişli däl edilen sesler hökmünde-de bilinýän goýbolsun edilen sesleriñ prosenti bu saýlawda üns bererlikli görnüşde artdy. Diñe Tähranda goýbolsun edilen sesleriñ sany ýarym milliona ýetdi. Munuñ saýlawlara gatnaşmagy makul bilenlerden gelen syýasy urgudygyna söz ýom. Olar haýsam bolsa bir tarapy tutandan, hiç bir tarapa goşulmazlygy saýlap aldylar. Mundan öñem birnäce saýlawda edilen bu jezalandyryjy ses bermeler režime garşydaş eýranly syýasy akymlaryñ saýlawçylary tarapyndan amala aşyrylan strategiki emeldi. Şoña görä saýlawçylar oppozision herekete wekilçilik edýän kandidat ýogam bolsa, garşy ses berip, ýagny häkimiýetiñ hödürlän kandidatyna garşydaş islendik kişä bir ses berýärdi. Bu jezalandyryjy ses berme görnüşi saýlawlary boýkot etmezligi saýlap alan möhüm saýlawçy blogynyñ syýasy pozisiýasynyñ görnetin subutnamasy boldy. Bu blok soñky döwürlerde konstitusion ýollar arkaly üýtgeşmeleriñ bolmagyny goldady. Režimiñ häkimiýeti öz gysymyna almagynyñ, döwletiñ güýjüni we edaralaryny öz isleg-meýilleri üçin ulanmagynyñ yzyndan bolup geçen lapykeçligi bilen agramly saýlawçy blogy "goýbolsun edilen ses" berenini gowy gördi. Bu saýlaw döwresinde goýbolsun edilen sesleriñ derejesiniñ diýseñ köp bolmagy munuñ bilgeşleýin edilýändigini görkezýär. Konstitusiýany Goramak Soweti tarapyndan saýlanan, köpüsi birmeñzeş syýasy we ideologiki gurluşa eýe kandidatlaryñ ýeñişlerini kepillendirme sepgidinde hakyky garşydaşlary aslynda şu goýbolsun edilen seslerdir. Saýlawçylar blogynyñ biriniñ syýasy taýdan näbelli tarapa ses bermegi makul bilmegi-de syýasatçylary geñ galdyrdy. Ikinji gozgalañ bolsa, öñki prezident Muhammet Hateminiñ saýlawlara gatnaşmazlygy netine düwen batyrgaý kararydyr. Hateminiñ ses bermän oturmagy makul bilmegini režimden bölünip aýrylma, režimi reformirleme we hatda režimiñ mirasyny gorama şygarlarynyñ añyrsyna geçen oppozisioner güýçler bilen aç-açan birikmäge tarap ädilen düýpli ädim hökmünde baha berip bolar. Hateminiñ ses bermän oturma karary iñ uly oppozisionerleriñ we reformistik hereketiñ elitasynyñ režimden üzülip galmagyna ýa-da aýrylmagyna meñzeýär. Örän jygba-jygly wagtda režim häzirki dini liderden soñ geçiş tapgyryndaka, reformistik hereket ýaşyl zonadan çykyp, doly pozisiýa geçdi. Munuñ özi iki ugurly signaldyr: Birinji signal, öñki prezident Hasan Ruhanynyñ ýolbaşçylygyndaky ylymly hereketiñ arasyndaky şärikdeşlere gönükdirilen. Bu signalda Hünärmenler mejlisiniñ ýolbaşçylygyna kandidaturasyny goýmaga päsgelçilik döredilen Ruhana taýagy ýarpy galgatma tapgyrynyñ soñlanandygyna yşarat edilýär. Ikinji signal ýeke-täk syýasy we ideologik struktura öwrülen sistema ýüzlenýär. Saýlawlardan soñ režimiñ, oppozisiýanyñ we raýatlaryñ arasyndaky gatnaşyk öñküsi ýaly bolmady. Syýasy güýç we populýar güýç saýlaw bäsleşigi sebäpli çäkli ýagdaýa geldi. Bärdäki bäsleşik biri-birine meñzeýän iki suratyñ arasyndaky ýedi tapawudy tapmak ýaly zada öwrüldi. Mustafa FAHS. Şenbe, 09.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |