06:13 Eýran... Reisiniñ we sistemanyñ ykbaly | |
EÝRAN... REISINIÑ we SISTEMANYÑ YKBALY
Publisistika
Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ aradan çykmagynyñ yzyndan Tährandaky režim iki kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Birinjisi wagt, beýlekisi bolsa Reisiniñ ýerine geçmek üçin görkezilen adamlaryñ sanawy. Reisiniñ oruntutarlygy diñe prezident wezipesi bilen çäklenmeýänliginden režimiñ iñ uly dilemmasy haýal-ýagallyk etmäge wagtynyñ ýokdugy wagtlaýyn döwür üçin iñ amatly adamy nähili kesgitlejegidir. Ýurtda bu wezipä añryýany bilen mynasyp üýşüp ýatan adam bolçulygy ýok. Şonuñ üçin belli birini saýlamak üçin çäkli möhlet bermeli bolýar. Merhum prezident iki dürli, ýöne biri-biri bilen baglanyşykly wezipäni ýerine ýetirmek üçin prezidentlige bellenipdi. Birinjisi dolandyrmaga degişlidi. Emma şol bir wagtyñ özünde synaglaýyndy we ony Dini lider wezipesine mynasyp ýagdaýa getirip biljek liderlik ukyplaryny ýüze çykarýardy. Beýlekisi bolsa ynanyşmaga esaslanýardy. Ýagny, häkimiýetiñ täze lidere tabşyrylýan möhletini dolandyrmak meselesinde liderlige ynam berýärdi. Täze prezidente tarap barýan ýolda režimiñ birinji maksady täze Dini lider tapmak. Ondan soñky prezidentini saýlamazdan öñ çözmeli düwün şudur. Prezidentiñ rolunyñ çäklerini haýsy aýratynlyk kesgitlär? Eger ol ruhany bolsa özünden öñki oturanyñ ygtyýarlygyna eýe bolar. Raýat edaralarynda işlän ýa-da harby gullukçy bolsa prezidentiñ mundan beýläk Dini liderlik pozisiýasyna barýan ýolda mejbury ýol däldigini añladýar. Bulam sistemanyñ dini wezipäni mümkingadar çalt ýagdaýda liderlige laýyk görnüşe getirmek üçin işlejegini añladýar. Ýa-da bu iş prezidentiñ oñurgasyny düzýän kollektiw liderligiñ ygtyýarlygyna berlip biler. Şu ýerde bu pozisiýanyñ eýesi we arkasyndaky güýç pozisiýalary häkimiýet ugrundaky göreşde alternatiwlere karar berme ygtyýarlygyna eýe bolýar. Munuñ özi esaslandyryjy Dini lideriniñ gitmeginden soñ Rafsanjani-Hamaneý ikisiniñ öñ synag eden formasynyñ täzeden janlandyrylmagydyr. Rafsanjani Dini lider hökmünde mynasyp derejä göterilýänçä häkimiýeti dolandyrýan güýçli ýolbaşçy modeline ýolbaşçylyk edýärdi. Täze Dini lidere tarap barýan ýolda režimiñ täze prezidente mätäçligi bar. Häzirki wagt režimiñ strukturalary giren gysyr döwresinden ejir çekýär. Bulam režimiñ özüni täzelemegine aç-açan täsirini ýetirýär. Režimiñ başyna gelenleri gaty gijä galynmanka duýlanda, gözegçiliksiz reformadan gaça durmak üçin mejbury çäre hökmünde ekstremizmi saýlap aldy. Şol sanda režim başky bolşuna gaýdyp gelip, köpçülige gapysyny ýapdy. Emma bu gezek tapawutly ýerde we wagtda şeýtmese bolýar. Onsoñam 1979-njy ýylyñ Tährany şu günüñ Tähranyna meñzemeýär. Häzirki wagtyñ ümzügi agram salyjy goldawa we ylalaşyga eýe esaslandyryjy Dini lideriñ döwrüne-de meñzemeýär. Döwrüñ şol wagtky sistemasynyñ belli bir ugry bardy we ösüş ýagdaýyndady. Häzirki režim bolsa döwlete el uran, rewolýusiýany kiçeldenbwe eýranlylary oppozision köpçülik bilen häkimiýetdäki azlygyñ arasynda bölen ýagdaýda. Dini liderden prezidentine, prezidentinden dini liderine çenli ideologiki umumylyjlary paýlaşýan ýüzler hakynda adam atlary we myş-myşlar ýaýrady. Emma atlary ýaýranlaryñ hemmesi öz häkimiýet göreşleri bilen başagaý. Şu temada gürrüñ etmek indi gadagan däl. Emma muny ele almak kartlary täzeden garýar. Köp eýranlynyñ pikiriçe birinje belgili orna añryýany bilen mynasyp biri bar. Häzirki Dini lideruñ ogluny teklip edýän adam halkyñ güýjüne eýe hem-de häzirem rewolýusiýanyñ we döwletiñ wyždanyna wekilçilik edýän esaslandyryjy Dini lideriniñ agtygynyñ ady bilenem gabatlaşyp biler. Ikinji oryn barada aýdanda bolsa, eýranlylaryñ hakydasy ähli kynçylyklara garamazdan, özleri üçin hak-heşdekleri wagtly-wagtynda bermäge dyrjsşýan prezidentler bilen diñe režimiñ bähbitlerini aradan beýlekilerini aýyl-saýyl etmek üçin ýeterlikdir. Şu iki pozisiýa barýan ýolda režim özüni, umumylygyny we gatnaşygyny soñlandyrandan soñ mundan beýläk meseleleri bilen gyzyklanmaýan we roluny häkimiýetini goramak hem-de muny ýöne bir wezipe ýagdaýyna getirmek bilen çäklenýän köpçülikden aýryýan demir diwarlar bilen gurşaýar. Mustafa FAHS. Anna, 24.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |