18:58 Russiýada goşun we häkimiýet | |
RUSSIÝADA GOŞUN we HÄKIMIÝET
Publisistika
Putin ýakynda "Wagner"-iñ başlygy bilen başa-baş bolup galanda, ähli emelleri ulanyp, taryhyñ gaýtalanmagynyñ öñüni almaga dyrjaşdy. Häzirki wagtda Owganystan ýeñlişiniñ lapykeçligi Ukrainadaky harby ýolbaşçylaryñ söbügini sypdyranok 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñra Russiýa Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasynyñ gurulmagyndan we 1991-nji ýylda Federal Russiýa Respublikasynyñ gurulmagyndan soñ rus syýasy agakygy harby edaralary häkimiýetden daşlaşdyrmagy başardy. Hiç bir general ýa-da harby iş stažy bolan islendik kişi Kremlde ýaşamady. Şonuñ üçinem rus we sowet generallarynyñ roly döwlet derejesinde uly üstünlikleri gazananam bolsa, rus syýasy durmuşynda çäkli bolup galdy. Sowet döwründe Sowet Soýuzynyñ Kommunistik partiýasynyñ Merkezi Komiteti ýokary düzümli ygtyýarlylaryñ çykýan ýeri we liderleriñ münberi boldy. Merkezi Komitet Gyzyl Goşunyñ generallaryny garnizonlaryndan çykarman saklady we häkimiýete goşulmaklaryna ýol bermedi. Ikinji jahan urşundan soñ SSSR-iñ meşhur diktatory Iosif Stalin general Žukow ýaly urşuñ gahrymanlarynyñ roluny çäklendirip, olary häkimiýetden daşlaşdyrdy. Georgiý Žukow SSSR-iñ KP-nyñ Merkezi Komiteti hiç bir generalyñ häkimiýet başyna gelmegine ýol bermedi. Staliniñ döwrüniñ yzyndan Sowet Soýuzy kontrrazwedka gulluklaryndan gelen we howpsuzlyk karýerasy bolan iki adam (Hruşýow we Andropow) tarapyndan dolandyrylyp, meşhur sowet kontrrazwedka gullugy KGB-niñ başlygy Geýdar Aliýewiñ Gorbaçýowyñ iñ güýçli garşydaşyka ýolbaşçy wezipeden boşadylmagynyñ düýp sebäbi howpsuzlyk karýerasynyñ bolandygy däl-de, slawýan bolmadyk etniki gelip çykyşydy we dinidi. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin 1917-nji ýyl wakalaryny ýurtdaşlaryna ýatladanda, bilgeşleýin ruslaryñ jemgyýetçilik hakydasyny janlandyryp, olary goşunyñ syýasata goşulanda getirjek haosynyñ çökder boljakdygyny ýatladypdy. General Lawr Kornilowyñ 1917-nji ýylyñ aprel aýynda Patyşa Russiýasynyñ goşun bölümlerindäki hereketi boýunça dagy häli-häzirlerem Russiýada taryhçylaryñ arasynda giñ gurşawly çekişmeler dowam edýär. Lawr Kornilow Kornilow şol sagtlar patyşa goşunlarynyñ baş serkerdebaşylygyna bellenip, bolşewistik hereketi ýok etmek üçin paýtagt Sankt-Peterburgyñ gözegçiligini ele almagy makul bilipdi. Edil şol wagt Russiýa Birinji jahan urşunyñ soñky ýylynda Ýaponiýanyñ garşysyna ahyrsoñunda ýeñilip çykjak aldym-berdimli söweşini başdan geçirýärdi. Ruslaryñ taryhy hakydasy Wladimir Leniniñ häkimiýeti eýelemeginiñ yzyndan dörän graždanlyk urşunyñ we patyşa flotiliýasynyñ tanymal admiraly Aleksandr Kolçagyñ birnäçe aýlap dowam eden gozgalañynyñ getiren hasratly epizodlary bilen doludyr. Kolçak merkezi Sibiriñ Omsk şäherinde ýerleşen wagtlaýyn hökümetiñ Goranmak ministridi. Soñabaka bu hökümetiñ garşysyna geçen Kolçak 1920-nji ýylyñ fewralynda ýeñlişe uçradylyp, özi-de ölüm jezasyna höküm edilýänçä aklaryñ gyzyl bolşewiklere garşy urşuna serkerdelik edip, Russiýanyñ iñ ýokary ýolbaşçysyna öwrülipdi. Aleksandr Kolçak Sowet Gyzyl Goşuny dünýäniñ ýarsyny basyp alan äpet goşundygyna we adamzady gorkuzmaga ýeterlik möçberde esgere hem-de harby serişdä eýedigine garamazdan, 1991-nji ýylyñ awgustynda Sowet Soýuzynyñ iñ soñky döwlet ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowa garşy syýasy agdarlyşyk geçirmek üçin degişli güýçleri herekete girizenden soñ Moskwanyñ jümmüşinde üýşen on müñlerçe demonstratyñ öñünde birküç gün hem durup bilmedi. Döwlet agdarlyşygyna synanyşyk Kommunistik partiýanyñ Merkezi Komitetindäki ýokary düzümli işgärler bilen birlikde goşun we hökümet ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylypdy. Kommunistik partiýanyñ baş sekretarynyñ kömekçisi Gennadiý Ýanaýew agdarlyşykçylara baştutanlyk edýärdi. Gennadiý Ýanaýew Agdarlyşykçylar şol wagtlar Adatdan daşady döwlet komiteti hökmünde tanaldylar. Rus taryhçylary üçin bu agdarlyşyk Sowet Soýuzynyñ çagşamagyny çaltlaşdyran iñ uly sebäpleriñ biridi. Şol wagtyñ Sowet Russiýasy respublikasynyñ döwlet ýolbaşçysy Boris Ýelsin ilki agdarlyşyga gatnaşyjylary yza serpikdirdi we birnäçe aý geçenden soñ Gorbaçýowyñ häkimiýetiniñ soñuna nokat goýdy. Bulam Sowet Soýuzynyñ ymykly dargamagyna getirdi. Ukrainadaky urşy kyn şertlerde dowam eden we generallarynyñ heniz harby hereketiniñ maksadyna ýetip bilmedik Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putine gezek gelende bolsa, ol Russiýanyñ taryhynyñ gaýtalanmagyna sebäp boljak haýsydyr bir haosyñ ýa-da konfliktiñ öñüni almak üçin jan aýaman işleýär. Putin Owganystan urşunyñ Sowet Soýuzynyñ çagşamagyna goşant goşan iñ esasy sebäplerden biridigini gowy bilýär. Şol bir wagtyñ özünde 1917-nji ýyldaky döwlet agdarlyşygyna synanşyklaryñ rus imperiýasynyñ ýapon urşunda ýeñilmegine, Russiýanyñ patyşalar döwrüniñ soñlanmagyna we graždanlyk urşunyñ döremegine goşant goşandygyny-da gowy bilýär. Şonuñ üçin Putin ýakynda "Wagner"-iñ başlygy bilen başa-baş bolup galanda, ähli emelleri ulanyp, taryhyñ gaýtalanmagynyñ öñüni almaga dyrjaşdy. Häzirki wagtda Owganystan ýeñlişiniñ lapykeçligi Ukrainadaky harby ýolbaşçylaryñ söbügini sypdyranok. Bular ýaly zadyñ bolup geçen ýagdaýynda, munuñ effekti bu gezek diñe syýasy režimine däl, Russiýanyñ territorial bitewiligine-de uly howp abandyrjakdygy görnüp dur. Mustafa FAHS. Şenbe, 08.07.2023 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||