15:36 Faraon -10: romanyň dowamy | |
ON SEKIZINJI BAP
Taryhy proza
Ramsesiň Aşaky Müsüre hökümdar bellenen gününden beýläk onuň alnynda şeýle bir kynçylyklar keserdi weli, patyşanyň köşgünde doglup, kemala gelse hem, beýle-beýle zatlar bolar öýdüp ýatsa-tursa kellesine gelmändi. Her hili dilegçiler, dürli jemgyýetçilik gatlagynyň wekilleri oňa sözüň doly manysynda zulum edýärdiler. Edil ilkinji gün biri-birini itekläp, öňe geçmäge dyrjaşyp, öz bagyndaky gülleri basgylap wes-weýran eden, agaçlary döwen, germewi ýykan märekeden haýygyp, mirasdüşer köşgüne garawul çagyrdy. Ýöne üçünji gün ol öz hususy öýünden aralaşmasy kyn ýere – köpsanly goragy hem-de beýik diwary bolan patyşanyň köşgüniň çägine gaçmaly bolupdy. Ramses ýola düşmezinden ozal on günüň dowamynda onuň gözüniň alnyndan tutuş Müsüriň we tas şol wagtky tutuş dünýäniň wekilleri geçipdi. Ozaly bilen onuň ýanyna has ýokary orunlary eýeleýän adamlar goýberilipdi. Şa ogluny gutlamaga ybadathanalaryň ýokary žresleri, hökümet agzalary, finik, grek, iudeý, assiriýa, nubiý ilçileri gelipdiler – olaryň dürli reňkli eşikleri onuň ýadyny garjaşdyrypdy. Soňra goňşy nomlaryň häkimleri, kazylar, mürzeler, Menfi goşun birikmeleriniň uly serkerdeleri we iri ýer eýeleri peýda bolupdylar. Olar hiç zat talap etmändiler, diňe öz şatlyklaryny beýan edipdiler. Emma olary irden günortana çenli, günortandan giç agşama çenli diňleýän şa oglunyň kellesi bulam- bujarlykdan agralýardy, ýadawlykdan halys bolýardy. Soňra aşaky synpyň wekilleri bolan söwdagärler altyny, ýantary, daşary ýurt matalaryny, hoboý ysly ýaglary, iýmitleri sowgat getiripdiler. Gezek pul bilen iş salyşýanlara, süýthorlara ýetipdi. Olardan soňra – binägärler täze desgalaryň meýilnamalary, heýkeltaraşlar heýkellerdir barelýefleriň çyzgylary bilen, daş örüjiler, toýun gap-gaçlary ýasaýan ussalar, agaç ussalary, ýönekeý neçjarlar, agaçdan goşlary ýasaýan ussalar, demirçi ussalar, demir guýujylar, gönçüler, üzüm ösdürip ýetişdirýänler, dokmaçylar, hatda balzamlamak üçin meýdi kesýän parashitler. Gutlaýanlaryň bu dabaraly ýörişi tamamlanmanka, haýyş etmekçi bolýanlaryň – maýyplaryň, dul hatynlardyr ýetimleriň, nepagasynyň aladasy bilen gelenleriň, öz ogullaryny köşkde ýag ýokundyly ýere ýerleşdirmekçi bolýan saýry adamlaryň - uly jemendesi onuň ýanyna dyzapdy. Bilgeler suwlulandyrmagyň täze usullaryny, tebipler dürli keselleriň garşysyna bejeriş serişdelerini hödürläpdiler, gurrandazlar täleýnamalary getiripdiler. Tussag edilenleriň dogan-garyndaşlary jeza çäresiniň ýeňledilmegini ýa-da ölüme höküm edilenleriň günäsiniň geçilmegini, syrkawlar bolsa dertden saplanyp gider ýaly, mirasdüşeriň özlerine galtaşmagyny ýa-da öz tüýküliginden damja bermegini haýyş etmek üçin gelipdiler. Şeýle-de näzenin aýallar we yzyna gyzyny tirkän eneler gelip, kimsi ýuwaşlyk bilen, kimsi bolsa ýüregedüşgünçlik bilen, mirasdüşeriň özlerini öýüne almagyny sorapdylar. Olaryň käbiri-hä päk ahlaklydygy, zehinlidigi bilen öwnüp, hatda saklanylmagy üçin özlerine tölenilmeli puluň mukdarynam aýdypdylar. On günüň içinde ýüzleri yzygiderli üýtgäp duran märekäni görmek kemi galmadyk, diňe tutuş dünýäniň genji-hazynasy we aňrybaş erk-ygtyýarlylyk kanagatlandyryp biljek haýyşlary diňlemek kemi galmadyk Ramses halys ýadapdy. Ukudan mahrum bolan, süňňü süýnen mirasdüşeriň siňegiň wyzzyldysyna-da gany gyzýardy; ol kämahal özüne näme diýilýändigine hem düşünip bilenokdy. Onuň dadyna ýene Herihor ýetişdi: ol şa oglunyň indi hiç kimi kabul etmeýändigini tanymal adamlara ýetirmegi buýurdy, dargamalydygy telim gezek talap edilendigine garamazdan, derwezäniň agzyny saklap oturan ýönekeý adamlaryň üstüne bolsa elleri degenekli taýakly numidiýli esgerleriň uly toparyny ýollady. Şeýdibem, olardan derrew dyndylar - sähel salymdan haýyş edijiler edil tüsse ýaly dagadylar; olaryň käbiri-hä birnäçe günläp kellesine ýa-da bedeniniň başga ýerlerine sowuk mata bölegini goýup ýatmaly boldy. Şu zatlardan soňra Ramsesiň kalbynda adamlara çuňňup ýigrenç döräp, tukatlyga uçrady. Ol ýumşak agaç sekide ellerini ýeňsesinde goýup, ýokarsyna manysyz seredip iki gün ýatdy. Dindar kakasynyň hudaýlaryň altarlarynyň öňünde wagt geçirýändigi indi şa ogluny geň galdyranokdy; ýöne ol Herihoryň diňe bir adamyň güýjünden agyr bolman, eýsem, ony hatda mynjyradyp biljek aňyrsy-bärisi görünmeýän işleriň hötdesinden gelmegi başarýandygyna geň galýardy. "Haýyş edijiler seniň erk-ygtyýaryňy basgylaýarka, pikiriňi küle öwürýärkä, tutuş ganyňy sorýarka, ýeri, sen göwnüňdäki zatlary nädip etjekmişiň?.. Geçeni bary-ýogy on günjük weli, men eýýäm hassa, bir ýyldan-a saňsar bolsam gerek. Ýok, beýle ýerde otursaň, hiç bir etsem-petsem akyla sygjak däl. Däliräp düze çykmasaň kaýyl bolaýmaly!“ Ol özüniň häkim hökmünde şeýle gowşakdygyna ynjalyksyzlanyp, ýanyna Herihory çagyrdy we gam-gussasyny endireýän ses bilen beýan etdi. Hökümet agzasy döwlet gämisiniň ýaş sürüjisiniň arzyny ýylgyryp diňledi. Soňra: - Biziň ýaşaýan äpet köşgümizi diňe Senebi atly bir binagäriň gurandygy saňa mälimmi, şa ogly? Onuň gurluşyk doly tamamlanmanka ýogalandygyny bellemek gerek. Ine, onsoň şol binagäriň ýadamany-ýaltanmany bilmezden, ruhubelentligini ýitirmezden, öz meýilnamasyny nädip ýerine ýetirendigini bilýärmiň?- diýdi. - Nädip? - Sebäbi ähli işi bir özi etmedi: pürsi ýonup-ýylmamady, toýun garmady, kerpiç ýakmady, olary ýokary galdyrmady, örmedi, palçyk bilen berkitmedi. Ol diňe köşgüň çyzgysyny çyzdy. Ýöne bi işde hem onuň kömekçileri bardy. Sen bolsa, şa ogly ähli zady diňe özüň etmek islediň – gelýänleriň hemmesini özüň diňlemekçi, özüň kanagatlandyrmakçy bolduň. Emma bular bir adamyň güýjüniň ýeterinden ýokary ahyry. - Haýyş bilen gelýänleriň arasynda adalatsyz öýkeledilenler ýa-da sylag-serpaýa gezek gelende deňinden aýlanyp geçilenler bardy ahyry, ýeri, onsoň men nädip başgaça hereket edeýin? Herihor: - Sen ýadamazdan, bir günde näçe adamy kabul edip bilersiň? – diýip sorady. - Aý...ýigrimi... - O-how, zor sen! Özüm-ä alty-on adamdan aňry geçip bilemok. Ýöne haýyş edijileri däl-de, ýokary mürzeleri, ýokary iş dolandyryjylary hem-de hökümet agzalaryny diňleýän. Olaryň her biri maňa ownuk-uşak däl-de, eýsem, diňe iň zerur zatlar: goşunda, faraonyň tabynlygyndaky ýerlerde, gämilerde, nomlarda näme bolup geçýändigi, şeýle-de, diniň hem-de Niliň suwunyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Emma meniň ýanyma girmezden ozal, olaryň her birini aşakda duran on mürze diňlemeli; ýokary mürzäniň her bir kömekçisi, her bir dolandyryjy aşakda duran mürzelerden hem-de dolandyryjylardan öňünden maglumatlary alýar; olar bolsa öz gezeginde onlarça has ownuk emeldarlaryň hasabatlaryny diňleýärler. Şeýlelikde, men bilen onuň hormatlysy gün içinde diňe on adam bilen gürrüňleşip, ýurduň hem-de tutuş dünýäniň ýüz müňlerçe ýerinde bolup geçen iň zerur ahwalatlary bilýäris. Onbaşy - tutuş köçäni, ýüzbaşy – tutuş mähelläni, şäher häkimi – tutuş şäheri bilýärler. Faraon bolsa göýä Ptaha ybadathanasynyň beýik pilonynda ýaly, hemmäniň ýokarsynda durýar. Ol ýerden diňe Memfis däl, eýsem, Sehem, On, Herayu, Turra, Tetayi ýaly goňşy şäherler-de, olaryň daş-töweregi-de, günbatar çöllügiň bölegi-de görünýär. Dogry, patyşa şol beýiklikden adalatsyz öýkeledilenleri ýa-da sylag-serpaýa gezek gelende deňinden aýlanyp geçilenleri görmeýär, emma işsizleriň toparyny görýär. Ol garbanyşhanadaky esgeri görmeýär, emma uly ýygynyň türgenleşige çykanyny ýa-da çykmanyny bilýär. Ol haýsydyr bir daýhanyň ýa-da şäherliniň özüne nähili öýlän damagyny taýýarlaýşyny görmeýär, ýöne şäherde tutaşan ýangyny görýär. – Herihor has janygyp gürledi: - Bu döwlet tertip-düzgüni biziň buýsanjymyz, biziň güýjümiz. Ilkinji neberäniň faraonlarynyň biri bolan Snofru žresden özüne nähili heýkel dikmelidigini soranda, ol: "Hökümdar, Ýere inedördül öýjük çyz-da, oňa alty million taraşlanmadyk daş goý – olar seniň halkyň sanyny aňladýandyr. Üstüne ýene altmyş müň taraşlanan daş goý – olar seniň aşaky gullukçylaryňdyr. Üstüne ýene alty müň ýylmanan daş goý – olar seniň ýokary emeldarlaryňdyr. Üstüne ýene gazma nagyşly altmyş müň daş goý – olar seniň golaý maslahatçylaryňdyr, harby serkerdeleriňdir. Iň ýokarda-da altyn Gün şekillendirilen ýekeje daş goý – ol özüňi aňladar“ diýipdir. Faraon Snofru onuň maslahatyna eýeripdir. Biziň döwletimizi dogry suratlandyrýan gadymy basgançak şekilli piramida, ine, şeýdip döräpdir. Galan piramidalar şondan gaýdypdyr. Bular geljekki nesilleri haýrana goýjak müdümülik desgalar bolup, olaryň depesinden tutuş dünýä görnüp durandyr. Şeýle döwlet gurluşy biziň öz goňşularymyzdan rüstem bolmagymyzy üpjün edýär. Efioplaram edil biz ýaly köpsanlydy. Ýöne olaryň patyşasynyň özi mal yzynda gezdi, tabynlygyndakylary özi tommaýly taýak bilen ýençdi, biziň goşunlarymyz üstüne çozan mahaly bolsa, sanynyň näçedigini bilmänsoň, halkyň başyny bir ýere jemläp bilmedi. Ýeke-täk Efiopiýa däl-de, eýsem, adamlaryň san-sajaksyz üýşmegi bardy. Olar indi bize ýapja. Liwiýaly knýazyň hut özi kazyýet işini, aýratynam, baý adamlaryň arasyndaky kazyýet işini geçirmäge juda köp wagt giderensoň, daş-töweregine nazar aýlamaga eli degenok. Ine, onsoň onuň goltugynda dörän garakçyklar ordasyny biz ýok etmeli bolýarys. Ýene-de bir zady bilip goý, jenap: eger Finikiýany nirede näme bolup geçýändiginden habarly ýeke-täk hökümdar dolandyryp, şäherleriň hemmesi ýumsa - ýumrugynda, açsa - aýasynda bolanlygynda, şol ýurt bize ýekeje dreben-de paç tölemezdi. Biziň bagtymyza, Ninewiýa bilen Babyl patyşalarynyň hersiniň bary-ýogy bir esasy maslahatçysy bolup, olar hem soňy gelmeýän işlerden edil sen ýaly ýadaýarlar! Olar ähli zady özleri görmek, ähli zada özleri baha bermek, ähli zada degişli özleri buýruk çykarmak isleýärler. Şeýle bolansoň, döwlet işlerini ýüz ýyllyk bulam-bujar etdiler. Eger şol ýerlere gitmäge guşguny göterilen haýsydyr bir kiçijik orunda oturan müsürli mürze patyşalara ýalňyşlaryny görkezse, olara biziň köpbasgançaklylygymyzy, biziň piramidalarymyzy girizse, on-ýigrimi ýylyň içinde assiriýalylar Iudeýany, Finikiýany öz ellerine alardylar; birnäçe ýyldan soňra bolsa, gündogardyr demirgazykdan, gury ýerdir deňizden bize şeýle bir kuwwatly goşunlar dökülerdi weli, olara hötde gelip biljekdigimiz gümana bolardy. Şa ogly: - Onda ertir giç bolmaz ýaly, olaryň üstüne häzir – baş-başdaklyk höküm sürýärkä çozalyň! – diýip batly aýtdy. Herihor: - Biz entek öňki ýeňişlerimizden özümize gelip bilemzok – diýip, sowuk jogap gaýtardy we Ramses bilen hoşlaşmaga durdy. - Aý, ýog-a, ýeňişlerimiz bizi nähili gowşatsyn? Biz bäri örän köp hazyna getirdik ahyry! – diýip, mirasdüşer agzyndan sypdyrdy. Herihor: - Palta näme, şol hem işleý-işleý kütelýär – diýip, jogap gaýtardy-da, çykyp gitdi. Çäksiz hökümli hökümet agzasy goşunyň başynda duranam bolsa, onuň her edip, hesip edip, uruş-sögüşden daşda durmak işleýändigine Ramses düşündi. - Görübereris – diýip, ol öz ýanyndan pyşyrdady. Ramses ýola düşmezinden birnäçe birnäçe gün ozal kakasynyň ýanyna çagyrylypdy. Faraon dört girelgesini-de nubiý garawullary goraýan mermer zalda otyrdy. Faraonyň kürsüsiniň ýanynda mirasdüşere niýetlenip goýlan oturgyç we stol bolup, onuň üstünde papirusa ýazylan resminamalar ýatyrdy. Zalyň diwarlary ýer işleri şekillendirilen reňkli barelýefler bilen bezelendi, onuň burçlarynda bolsa Osirisiň heýkelleri tutuk ýylgyryp, perwaýsyz seredip durdular. Ramses kakasynyň çagyrmagy boýunça özüne niýetlenen ýere geçdi. Faraon: - Ynha, oglum, şular goşunlara ýolbaşçylygyň hem-de häkimligiň tarhan hatlary. Ýeri, ýagdaýlar nähili? Häkimligiň ilkinji günleri seni ýadadan-a däldir-dä? – diýdi. - Men biziň hormatlymyza hyzmat etmek bilen, güýç toplaryn. - Jypdyrun! – diýip, faraon ýylgyrdy. – Ýadyňda sakla, men seniň ýadamagyňy isleýän däldirin. Wagtyňy hoş geçir. Ýaşlyk şady-horramlygy talap edýändir. Ýöne bu seniň zerur işleriň bolmajakdygyny aňlatmaýar. - Men taýyn. - Ozaly bilen... Ozaly bilen men saňa öz gaýgy-ünjülerimi aýan edeýin. Biziň gaznamyz ýaramaz ýagdaýda; salgytlaryň gelmesi ýylba-ýyl azalýar, aýratynam, Aşaky Müsürden gelşiniň ugry ýok. Munuň tersine, çykdajylar barha artmak bilen. Onsoňam, Ramses, aýallar... aýallar diňe bir ýönekeý adamlardan däl, eýsem, mendenem juda köp pul sorýarlar. Meniň köşgümde olaryň ýüzlerçesi bar, hersi-de öýdeniçerleri, tikinçileri, dellekleri, kejebe üçin gullary, içki otaglar üçin gullary, atbakarlary, gaýykçylary, hatda söýülýän erkekleri, çagalary mümkin boldugyça köpräk saklamak isleýär! Çagalar bolsa... Fiwydan dolanyp gelenimde şol hanymlaryň biri maňa üç ýaşlyja tokarja oglanjygy görkezip, oňa pul bellemegimi talap edýär. Sebäbi men onuň kakasymyşym!.. Göz öňüne getirýärmiň – meniň üç ýaşly oglum barmyşyn!..Elbetde, men aýal bilen agyz deňäp durmadym. Çylşyrymly mesele-dä. Meşhur adama her hili geň-taňlygy kanagatlandyrmak üçin pul tapanyndan sypaýy bolmak ýeňildir. – Ol başyny ýaýkady, uludan dem aldy-da, gürrüňini dowam etdirdi: - Hakykatda bolsa, meniň girdejilerim patyşalyk edip başlalym bäri iki esse azaldy, aýratynam, Aşaky Müsürde şeýle. Men: "Bu ýagdaýy nähili düşündirersiňiz?“ diýip soraýan. Maňa: „Halk gedaý hala düşdi, ilatyň sany azaldy, deňiz-ä demirgazykdan, çöllük-de gündogardan Ýeriň bölegini çäge bilen basdy. Birnäçe ýyl hasyl alyp bolmady“ diýip jogap gaýtarýarlar. Bir söz bilen aýdylanda, betbagtçylyk yzyna betbagtçylyk, gaznanyň bolsa barha düýbi görnüp barýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, senden bu zatlaryň änigine-şänigine ýetmegi haýyş edýän. Töweregiňe ünsli seret, ähli zatdan habarly hem-de ynamdar adamlar bilen tanyş-da, olardan iştopar düz. Ýöne maglumatlar gelip gowşan mahaly papirusa gatybir ynanma-da, olary içgin barla. Sende serkerdäniň ýiti gözüniň bardygyny maňa ýetirdiler. Eger bu dogry bolsa, sen iştoparyň özüňe gowşuran msglumatyna seredeniňden, onuň hakykata näderejede laýyk gelýändigini derrew anyklarsyň. Emma netijä gelmäge gyssanma, iň esasy zat bolsa...ony öz ýanyňda sakla. Şu gün kelläňe haýsydyr bir ähmiýetli pikir gelse, kagyza geçir, birnäçe günden soňra-da ýene bir gezek pikirlenip, ýene kagyza ýaz. Beýle endik saňa pikirleriňde ägä bolmagy hem-de ýagdaýa dogry baha bermegi öwreder. Mirasdüşer: - Ähli zat edil seniň höküm edişiň ýaly bolar – diýdi. - Seniň bitirmeli ikinji işiň ýeňil düşmez. Assiriýada bolup geçýän zatlar meniň hökümetimi birahatlandyryp başlady. Biziň žreslerimiziň gürrüňlerine görä, Demirgazyk deňziň aňyrsynda piramida şekilli dag bolup, onuň aşagy-ha ýaşyl öwüsýärmişin, depesi-de gar bilen örtülenmişin. Hamala, şol dagyň täsin häsiýeti barmyşyn: ol uzak ýyllaryň dowamynda sessiz-üýnsüz oturyp, birden tüsseläp başlaýşyna, sarsýarmyşyn, güwwüldeýärmişin, soňra bolsa özünden Niliň suwundan az bolmadyk suwuk ot çykarýarmyşyn. Şol ot onuň eňňitlerinden uly giňişlige inip, daýhanlaryň azabyny reýgan edýärmişin. Şeýlelikde, gadyrdan oglum, Assiriýa-da häzir şol dag ýaly. Ol ýerde ýüz ýyl bäri parahatlyk, ümsümlik höküm sürüp gelýär. Ýöne birden onuň içinde harasat gopýar-da, nireden peýda bolandygy nämälim ymgyr goşun ýurtdan daşary çykyp, asuda oturan goňşularyny gyran-jyran edýär. Häzir Ninewiýa bilen Babyldan güwwüldi eşidilýär: dag tüsseleýär. Sen onuň bize nähili howp salýandygyny bilmeli hem-de nähili çäreleri görmelidiginiň pikirini etmeli. - Bu maňa eýgerdermikä? – diýip mirasdüşer ýuwaş ses bilen sorady. - Seretmegi hem-de görmegi başar – diýip, faraon sözüni dowam etdirdi: - Hiç wagtda gözüň göreni bilen ynjalma, özgeleri kömege çagyr. Müsürlileriň pikirleri bilen çäklenme, sebäbi her bir halkyň, her bir adamyň öz nukdaýnazary bolup, tutuş hakykaty hiç kim bilýän däldir. Şonuň üçin hem, finikiýalylaryň, iudeýleriň, hettleriň, müsürlileriň assiriýalylar barada nähili pikir edýändiklerini diňle. Olaryň deň gelýän pikirlerini nazarda tut. Eger olaryň hemmesi saňa: „Assiriýa tarapdan howp abanýar“ diýse, sen munuň, hakykatdanam, şeýledigini bilersiň. Eger her hili adamlar her hili pikir aýtsalar, sen şonda-da ägä bol, sebäbi danalyk gowy zada garaşanyňdan ýaramaz zada garaşmalydygyny duýdurýandyr. Ramses: - Eý, patyşa, sen edil hudaýlaryň gepleýşi ýaly gepleýärsiň – diýip pyşyrdady. - Men – garry adam, tagtyň belentliginden bolsa ýönekeý adamlaryň hatda gümanam etmeýän zatlaryny görýärsiň. Eger sen Günden Ýerdäki işler barada nähili pikir edýändigini sorasaň, ol has-da peýdaly zatlary aýdardy. - Meniň Assiriýa barada pikirlerini soramaly adamlarymyň hatarynda sen grekleri ýatlamadyň-la, kaka? – diýip mirasdüşer belledi. Faraon hoşgöwünlilik bilen ýylgyryp, başyny ýaýkady. - Grekler!.. Grekler!.. Beýik geljek degişli bolan halk, ine, şudur. Biz bilen deňeşdirilende olar heniz balaja, ýöne halkyň ruhubelentligini diýsene! Grek heýkeltaraşy meniň şekilimi ýasapdy, ýadyňdamy? Janly adam – ikinji men...Ony bir aýlap köşkde sakladym, ýöne ahyry Fiwydaky ybadathana sowgat berdim. Maňa ynanýamyň, daşdan ýasalan ikinji men oturan ýerinden galaga-da, hökümdarlygy özi bilen paýlaşmagy talap etjek ýaly boldy durdy... Ýüregime gorky aralaşdy... Müsürde, gör, nähili başagaýlyk başlanardy!.. Grekler!.. Sen olaryň ýasaýan dürli gaplaryny, gurýan köşklerini görüpmidiň? Olar toýundyr daşdan meniň garry göwnüme aram berip, keselimi unutmaga mejbur edýän zatlary ýasaýarlar... Olaryň dilini diýsene!.. Ol – sazyň, heýkeliň, suratyň bir ýere jemlenmesi!.. Dogrudanam, Müsüre haçandyr bir wagt adamyň ölşi ýaly ölmek ýazylanlygynda, biziň mirasdüşerimiz grekler bolardy. Üstesine, olar bu görünýän zatlaryň ählisiniň öz ellerinden çykandygyna, biziň dagy halk hökmünde asla jahanda bolmandygymyza tutuş dünýäni ynandyrardylar. Ýogsam bolmanda, olaryň hemmesi biziň başlangyç mekdeplerimiziň okuwçylary ahyry, sebäbi özüňe mälim bolşy ýaly, ýokary danalygy kese ýerlilere geçirmäge biziň hakymyz ýok. - Emma muňa garamazdan, sen greklere ynanmaýan ýaly... - Sebäbi ol aýratyn halk. Finikiýalylara-da, olara-da ynanmaly däl. Finikiýaly, eger islese, hakykaty görerem, aýdaram; emma onuň haçan aýtmak isleýändigini seniň biljek gümanyň ýokdur. Grek diýeniň edil çaga ýaly göwnaçykdyr; özi-de hemişe hakykaty aýtjakdyr weli, ýöne şeýtmek oňa başardýan däldir. Ol dünýäni bize garanda başgaça görýär. Onuň gözüne ähli zat edil Müsüriň asmany hem-de suwy ýaly her hili reňkde öwşün atyp görünýär. Ýeri, onsoň grekleriň pikirine ynanyp bolarmy? Fiwy neberesiniň zamanynda uzakdaky demirgazykda Troýa diýen şäherjik bolupdyr. Bizde şeýle şäherjikleriň müňlerçesi bar. Hawa, şol towuk ketegine her hili grek ýygyndydan ýygnananlary häli-şindi çozuş edip, ýerli ilatyň halys ýüregine düşüpdirler. Ine, onsoň on ýyllyk howsaladan, tolgunmadan soň, olar şäherjigi otlaga-da, başga ýere göç edipdirler. Bir söz bilen aýdylanda, adaty garakçylyk wakasy-da!..Emma şeýle-de bolsa, grekler Troýa söweşi barada, gör, nähili aýdymlary aýdýarlar! Biz şol bolup geçen ahwalatlar barada öz wagtynda iň anyk maglumatlary alandygymyz sebäpli, olaryň geň-taňlygyna, gahrymançylygyna gülüp hezil edýäris. Hawa, biz onuň barypýatan toslamadygyny magat bilýäris, ýöne barybir...körpäniň enekesini agzyny açyp diňleýşi ýaly, olaryň aýdymlaryny diňleýäris, ganjak gümanyň bolmaz!..Ine, olar - grekler nähili: dogabitdi ýalançy, ýöne ýakymly, batyr halk. Olaryň her biri hakykaty aýdanyndan ölenini gowy görer. Özleri-de finikiýalylar ýaly, bähbit üçin däl-de, eýsem, ruhy zerurlyk üçin ýalan sözleýärler. Mirasdüşer: - Men finikiýalylara nähili garamaly? – diýip sorady. - Olar akylly, işjanly, batyr, emma jellap adamlardyr. Olar üçin ömrüň manysy diňe pul toplamakdadyr. Finikiýalylar edil suw ýalydyr: köp getirýändir, köp äkidýändir, ähli ýere-de ýaýraýandyr. Ine, şonuň üçin hem, olara mümkin boldugyça az emlemeli hem-de jaýrygyň arasyndan assyrynlyk bilen sümlüp, Müsüre aralaşmagyna ýol bermeli däl. Eger gowy töleseň hem-de pulunyň köpeljekdigine ynam döretseň, olar ajaýyp jansyz bolup biler. Assiriýadaky gizlin hereketler barada bilýän zatlarymyzy biz şolar arkaly bilýäris. - Jöhitler nähili onsoň? – diýip, şa ogly gözlerini aşak goýberip sorady. - Olar ýiti akylly, emma uçdantutma yňdarma halkdyr. Özleri-de Müsüriň dogabitdi duşmanlarydyr. Olar haçanda öz boýunlarynda Assiriýanyň agyr, aşagyna çüý kakylan sandallaryny duýan mahalynda bizden haraý islärler. Ýöne juda giç bolaýmasa. Olaryň hyzmatyndan peýdalansa bolar. Elbetde, bärde däl – Ninewiýa bilen Babylda. Hökümdaryň ýadandygy görnüp durdy. Ramses hoşlaşyp, onuň alnynda ýüzin ýatdy. Faraon ony ata söýgüsi bilen mähirli gujaklady. Soňra şa ogly ejesiniň ýanyna ugrady. Öz otagynda oturan şa aýaly hudaýlary geýindirmek üçin ýuka polotno dokaýardy, köşk aýallary bolsa köýnek tikmek, keşde çekmek, çemen baglamak bilen gümradylar. Ýaş žres Isidanyň heýkeliniň alnynda hoşboý ys kükedýärdi. - Men bäri saňa minnetdarlyk bildirmäge hem-de hoşlaşmaga geldim, eje. Şa aýaly ýerinden galdy-da, ogluny gujaklady. Gözüne ýaş aýlap: - Sen, gör, nähili üýtgäpsiň!.. Hakyky erkek kişi çykypsyň! Seni juda seýrek göremsoň, eger keşbiň hemişe ýüregimde ýaşamanlygynda, ony unutjagam men. Häý, ýakymsyz diýse!.. Sen haçandyr bir wagt gaharlanmagyňy bes edersiň diýen tama bilen, men patyşanyň häkimini ýanyma alyp, seniň mülküňe telim gezek bardym. Sen bolsa meniň öňümden öz gyrnagyň bilen çykdyň –diýdi. Ramses ejesini ogşap durşuna: - Bagyşla!.. Bagyşla!.. - diýdi. Şa aýaly ony seýrek güller ösüp oturan baga alyp bardy. Ikiçäk galanlarynda: - Men - aýal, şonuň üçin hem, meni aýal hem-de ene gyzyklandyrýar. Sen gideniňde şol gyzy-da ýanyň bilen alyp gitjekmi?..Goh-galmagalyň, hereketiň onuň özüne hem-de çaga zeper ýetirjekdigini ýadyňda sakla. Agyraýak aýallar üçin bar zatdan ozal ümsümlik bilen rahatlyk gerekdir – diýdi. - Sen Sarra barada aýdýarmyň? – diýip, Ramses geň galmak bilen sorady. – Ol, näme, göwrelimi?..Maňa-ha hiç zat aýtmady. - Belki, utanýandyr ýa-da özi bilýän däldir – diýip, şa aýaly jogap gaýtardy.- Nähili bolanda hem syýahat... - Men ony ýanyma almak barada pikirem edemok – diýip, mirsdüşer onuň sözüni zarply kesdi. – Ýöne ol muny nämüçin menden guzleýärkä?.. Hamala, ol meniň çagam däl ýaly... - Müňkür bolma! – diýip, ejesi ony ýazgardy. – Bu zenan maşgalanyň adaty utanjaňlygy ahyry. Belki-de, ol sen özüni taşlarsyň öýdüp gorkýandyr. - Men ony öz ýanyma köşge alyp bilmen-ä! – diýip, şa ogly ejesiniň sözüni şeýle bir gaharly kesdi weli, şa aýalyň gözleri şuglalanyp gitdi. Ýöne ol gözlerini kirpikleri bilen ýapdy. - Özüňi söýýän aýalyň beýdip gödeklik bilen döşünden itip bolmaz. Seniň ony üpjün edeniňi men bilýän. Biz oňa öa tarapymyzdanam ol-bu zatlary bereris. Patyşa ganyndan bolan çaga hiç zada zar bolmaly däldir. - Elbetde. Meniň ilkinji çagam tagtyň hukuklaryna eýe bolmasa hem, soňra men-ä onuň üçin gyzarmaly däl, çaga-da maňa teýene etmeli däl derejede terbiýelenmelidir – diýdi. Ejesi bilen hoşlaşan Ramses Sarranyň ýanyna gitmekçi boldy, emma ilki öz ýerine dolanyp bardy. Ony iki duýgy gurşap alypdy. Biri – Sarranyň nähoşlugynynyň sebäbini özünden gizländigi üçin gahardy; beýlekisi – özüniň basym kaka boljakdygy üçin buýsançdy. Ol kaka bolmaly!.. Bu onuň serkerde hem-de häkim hökmünde ýagdaýyny berkidip, agramyny artdyrjakdy. Kaka, bu indi ululara hormat bilen bakmaly çagajyk däl. Şa ogly hem haýran galýardy, hem tolgunýardy. Onuň Sarrany göresi, ilki käýäp, soňra gujaklasy, şatlygyny paýlaşasy gelýärdi... Emma öz ýerine dolanyp baran mirasdüşere Aşaky Müsürden bolan iki nomarh garaşýan eken. Olar maglumat bilen gelipdirler. Nomarhlary diňlän şa ogly eýýäm özüni ýadaw duýdy. Mundan başga-da, oňa agşamky kabul edişlik hem garaşansoň, gijä galyp barasy gelenokdy. "Men onuň ýanyna ýene baryp biljek däl-dä. Biçärejik meni tas ýigrimi gün görenok“ diýip oýlandy. Ol negri çagyrdy. - Biz patyşany garşylan mahalymyz Sarra saňa kapasa beripdi. Şol sendemi? - Mende. - Bar, ondan bir kepderini al-da, uçuryp goýber. - Kepderiler-ä eýýäm iýildi. - Kim olary iýen? - Men kepderileri Sarranyň berendigini aşpeze aýtdym, ol bolsa pyçakdan geçiräge-de, saňa nahar taýýarlady. Gynanan şa ogly: - Häý, sizi näheň ýuwutsyn! – diýip gygyrdy. Ol Tutmosyň çagyrylmagyny emir etdi. Oňa kepderi bilen bagly wakany gürrüň berip, gyssagly Sarranyň ýanyna ugramagy buýurdy. - Aýagyna, eline dakar ýaly, oňa zümerretden ysyrga, bilezik hem-de iki talant alyp git. Özüniň göwrelidigini aýtmandygy üçin meniň gaharlanýandygymy, ýöne sagdynja, görmegeýje çaga dünýä inse, bagyşlajakdygymy oňa ýetir. Eger oglanjyk dogulaýsa, men oňa ýene bir mülk sowgat bererin!..Onsoň ýene...ol jöhitleriň bolmanda bir bölegini ýanyndan daşlaşdyryp, olaryň ýerine müsürli erkekleri, zenanlary alar ýaly et. Men oglumyň olaryň arasynda dünýä inmegini islämok. Ol, munuň üstesine, soňra jöhit çagalary bilen oýnar-da, olar oňa kakasyna çüýrük hurma hödür etmegi öwrederler – diýip, gülüp sözüni tamamlady. ON DOKUZYNJY BAP Memfisde kese ýerliler üçin mähelle şäheriň demirgazyk – gündogar böleginde, Niliň golaýynda ýerleşýärdi. Ol ýerde ýüzlerçe öý, assiriýalylardan, jöhitlerden, greklerden, şeýle-de, oturanlaryň hemmesinden köp bolan finikiýalylardan ybarat müňlerçe ýaşaýjy bardy. Mähelle şäheriň baý ýeridi. Onuň ortasyndan otuz ädim inlilikdäki, göni, daş plitalar düşelen köçe geçýärdi. Onuň iki tarapynda beýikligi bäş gata çenli bolan kerpiçden, gumdaşdan ýa-da hek daşyndan salnan jaýlar howalanyp otyrdylar.Ýerzeminlerde – ammarlar, birinji gatda – dükanlar, ikinjide – gurply adamlaryň öýleri, ýokarda – dokmaçylyk, aýakgap, zergärçilik ussahanalary, iň ýokarda hem – senetçileriň darajyk öýleri ýerleşýärdi. Bu mähelläniň, şeýle-de, tutuş şäheriň gurluşyklarynyň keşbi, esasan, akdy, ýöne daşdan ymaratlaryň arasynda edil çemenlik ýaly ýaşyl, bugdaýy ýetişen meýdan ýaly sary, asman ýaly gök, gan ýaly gyzyl reňklisi-de duş gelýärdi. Köp jaýlaryň öň tarapy onuň eýesiniň kärini şekillendirýän suratlar bilen bezelendi. Zergäriň öýündäki suratlaryň uzyn hatary onuň eýesiniň altyn zynjyrlary, bilezikleri ýasaýandygyny, önümleri kese ýerli hökümdarlaryň garbap alýandygy sebäpli, ýerli ilatyň inçe işi haýran galyp synlamakdan mahrum bolýandygyny beýan edýärdi. Täjiriň aýratyn duran ullakan jaýynda söwdanyň kyn, töwekgel işdigine şaýatlyk edýän pursatlar şekillendirilendi: deňizde adamlary balyk guýrukly elhenç mahluklar tutupdyr; çölde ganatly aždarha adamlaryň depesinde agzyndan lapladyp ot goýberip dur; uzakdaky adalarda bolsa aýaklary Finikiýanyň gämilerindenem uly bolan äpet adamlar olaryň yzyndan kowup ýetýärler. Tebibiň hassalary kabul edýän jaýynda diňe hereket etmekden galan eli, aýagy öňki durkuna getirilmän, hatda düşen dişleri-de, ýiten ýaşlygy-da gaýdylyp getirilen adamlar şekillendirilipdir. Mähelläni dolandyrýan edara ýerleşýän jaýda adamlar içine altyn ýüzükleri oklap duran çelekleriň, kimdir biriniň gulagyna nämedir bir zat pyşyrdap duran mürzäniň, ýerde serlip ýatan biçäräniň, ony taýaklap duran iki adamyň suratlary çekilipdir. Köçe hemişe adamdan doludy. Diwarlaryň uzaboýuna öz hyzmatlaryny hödürleýän kejebeli, ýelpewaçly adamlar, çaparlar, işgärler durdular. Ortadan eşek ýa-da öküz goşulan ýükli arabalaryň hatary üznüksiz gatnaýardy. Ýanýodalarda arassa suw, üzüm, hurma, kakadylan balyk satýan göze-başa düşýän söwdagärler, şeýle-de, açyk howada söwda edilýän kapasalaryň satyjylary, gül satýanlar, sazandalar hem-de her hili hokgabazlar ikibaka ibirtde-zibirtdi. Dyzyna ýetýän goňur köýnekli, gyzyl we gök zolakly öňlükli, aýagy ýalaňaç, bir gapdalyndan kelte gylyç asan, eli degenekli taýakly tertip-düzgüne gözegçilik edýänler öňe-yza barýan, biri-birini itekleýän, satýan, satyn alýan, dürli sesde gygyryşýan adam akymynyň içinde tapawutlanýardylar. Häkimiýetiň wekilleri kämahal biri-birine söz oklaşyp, ýanýodada eýläk-beýläk gezmeleýärdiler, ýöne köplenç aýaklarynyň aşagynda başagaý bolup ýören adamlary gowy görmek üçin daş belentlikde durýardylar. Şeýle gözegçilikde köçe ogrulary örän mekir hereket etmeli bolýardylar. Adatça olaryň ikisi sene-mene edişip, ýaka tutuşan bolardy. Olaryň daşyna märeke üýşüp, tertip-düzgüne gözegçilik edijiler-de hem-ä uruşýanlary hem-de tomaşaçylary taýaklap ugranlarynda, beýleki ogrular jübüleri boşadyp ýetişerdiler. Merkezi köçäniň edil ortasynda diýen ýaly Tir şäherinden bolan, Asarhaddon atly finikiýalynyň myhmanhanasy bardy. Gözegçilik etmek ýeňil bolar ýaly, ol ýere gelen ýat adamlaryň hemmesi şol myhmanhanada ýaşamalydy. Köp penjireli, ullakan inedördül jaý aýratyn duransoň, onuň daşyndan aýlanyp, çar tarapa syn edip bolýardy. Jaýyň esasy derwezeleriniň depesinde gäminiň şekili, öň tarapynda-da hudaýlaryň ýoluna sadaka berýän we kese ýerlileri kabul edýän (olaryň arasynda finikiýalylar uzyn boýy, açyk gyzyl reňkli teni bilen tapawutlanyp durdy) patyşa Ramses XII suraty bardy. Penjireler insizdi, hemişe açykdy, diňe zerurlyk bolan mahalynda kendir matadan ýa-da dürli reňkdäki taýajyklardan tuty tutulýardy. Hojaýynyň öýi we kireýne ýaşaýanlaryň otagy ýokarky üç gaty tutýardy; aşakda çakyr ýerzemini hem-de garbanyşhana ýerleşýärdi. Deňizçiler, hammallar, senetçiler we beýleki her bir gelenler howluda iýip-içýärdiler. Ol ýerde ýörite gelene-gidene ine-gana syn etmek maksady bilen, polotnodan bassyrma edilip, etegine dürli reňkdäki dörtburç daşlar düşelendi. Jübüsi galyň we asylly ýerden çykan adamlara howlyny gurşap alan galareýada hyzmat edýärdiler. Howluda ýerde, stollaryň deregine ulanylýan daş plitalaryň öňünde oturýardylar. Salkyn galareýalarda çaklaňja stollar, bir we köp adamlyk oturgyçlar, hatda üstünde ymyzganyp boljak pessejik ýumşak sekiler hem goýlandy. Mundanam başga, her galareýada üstünde çörek, etdir balykly mejimeler, şeýle hem, miweler, içi buzaly, çakyrly, suwly uly küýzeler goýlan äpet stol bardy. Negr erkeklerdir aýallar myhmanlara iýmit getirýärdiler, boşan küýzeleri aýyrýardylar, ýerzeminden dolularyny alyp gelýärdiler; stoldan gözüni aýyrman oturan mürzeler bolsa her bölek çöregi, her baş sarymsagy, her kürüşge suwy yhlas bilen ýazýardylar. Howlynyň ortasynda, beýik ýerde iki sany elleri degenekli taýakly gözegçi durdy; olar hyzmatkärlere, mürzelere gözegçilik etmelidi, şeýle-de, taýagyň kömegi arkaly dürli milletden bolan garamaýak myhmanlaryň arasyndaky dawa-jenjeli çözmelidi. Tertip-düzgüniň şeýle berkliginden ogrulykdyr, uruş-sögüş galareýalarda ýygy-ýygydan bolsa-da, bärde seýrek bolýardy. Myhmanhananyň eýesi, şäherde tanalýan Asarhaddon elli ýaşa golaýlan, saç-sakgaly agaryp ugran, egni uzyn köýnekli, ýuka matadan tikilen ýapynjaly adamdy. Ol her kimiň özüne gerek zadyny almagynyň aladasyny edip, myhmanlaryň arasynda aýlanyp ýördi. - Iýiň, içiň, balalarym. Şeýle doňuz etini, buzany size dünýäniň hiç ýerinde bermezler. Men siz Rafiniň golaýynda harasada uçrapsyňyz diýip eşitdim. Siz özüňizi aman saklandygy üçin hudaýlaryň ýoluna bol sadaka bermeli...Memfisde ömürboýy harasat görmän gezse bolýar, ýöne bizde mis deben seýrek bolsa-da, deňizde güwwüldi seýrek bolýan däldir. Mukaddes sadaka üçin mende un-da, bal-da, hoşboý ysly ýaglar-da bar; hol-ha, her burçda hem ähli halklaryň hudaýlary dur. Meniň myhmanhanamda adam iň amatly bahadan özüniň açlygyny hem-de özüniň dindarlygyny kanagatlandyryp bilýändir. - Soňra ol galareýa – täjirleriň ýanyna galdy. - Iýiň, içiň, örän hormatly jenaplar! – diýip, hojaýyn tagzym edip durşuna hoşamaý gepläp ugrady. – Bu bir gowy zamanadyr. Hormata mynasyp tagtyň mirasdüşeri – goý, ol baky ýaşasyn! – ýany örän köp adamly Bubasta barýar, Ýokary patyşalykdan bolsa altyn ýükli gämiler geldiler. Mundan köpiňuiz kisäňizi galňadyp bilersiňiz...Käkilik, diri balyk, dag keýiginiň iýip doýup bolmaýan gowurmasy bar. Maňa Kiprden iberilen çakyry diýsene! Eger bu ajaýyp içginiň kubogy iki drahma degmeýän bolsa, goý, men jöhide öwrüleýin! Ýöne siz meniň ýaşulularym hem-de haýyr iş edijilerim, şu gün onuň hersini bir drahma alarsyňyz. Diňe şu gün! Başlangyç üçin!.. Täjirleriň biri: - Kubogy ýarym drahma berseň, synap göräýeris – diýdi. - Ýarym drahma? – diýip, hojaýyn onuň aýdanyny gaýtalady. – Men şol çakyry ýarym drahma berenimden, Nil Fiwä tarap yzyna aksyn! Ýöne size, hemme kişiniň Sidonyň bezegi hasaplaýan adamsyna, jenap Belesis, soraýan bahaňyzdan bermeli bolar. Eý, gullar, biziň haýyr iş edijilerimize Kipriň iň uly küýzesini getiriň! Ol gidende, Belesis diýlip atlandyrylan täjir öz ýoldaşlaryna: - Eger şu çakyr ýarym drahma degýän bolsa, goý, meniň ellerim gurasyn! Aý, bolýar, bize barybir...Tertip-düzgüne gözegçilik edijileriň demine düşme aladamyz az bolar – diýdi. Dürli milletden bolan we dürli derejedäki adamlar bilen gürrüň etmegi myhmanhananyň hojaýynyna kimiň näme iýip-içenini ýazýan mürzeleri, şeýle-de, hyzmatkärlere we mürzelere, iň esasy zat hem, gelenleriň birine – öňdäki galareýada ýassyklaryň arasynda ornaşyşyna, aýaklaryny ýygnap, öňi bir gysym hurmaly hem-de bir kürüşge arassa suwly ymyzganan adama assyrynlyk bilen esewan bolýan gözegçileri gözden düşürmezlige päsgel berenokdy. Onuň ýaşy kyrk töweregidi; gür saçlydy, şepbik ýaly gara sakgallydy, pikirli garaýan gözlüdi, haýran galaýmaly nurana ýüzi bolsa hiç wagtda gahardan ýa-da gorkudan ýütgejege meňzänokdy. Hojaýyn myhmana gytaklap seredip durşuna: "Bu howply alaka!.. Özi-hä žrese meňzeş, ýöne egninde gara ýapynja bar. Gymmatbaha zatlary, tutuş bir talantlyk altyny maňa saklamaga berdi, emma et iýenok, çakyr içenok... Bu ýa-ha beýik pygamber ýa-da hakyky kezzap bolmaly“ diýip oýlandy. Howla köçeden iki sany ýylanlary boýun egdiriji girdi. Olaryň elinde içinde zäherli jandar bolan halta bardy. Tomaşa başlandy. Olaryň kiçisi tüýdüjekde saz çalsa, ulusy bolsa kiçi hem-de "Gäminiň golaýynda“ diýlip atlandyrylýan myhmanhanada düşlänleriň ählisini göz açyp-ýumasy salymda kowup çykarmak üçin bary-ýogy ýekejesi ýeterlik boljak ullakan ýylanlary öz göwresine orap ugrady. Tüýdüjek düýdüldeýärdi, ýylanlary boýun egdiriji towlanýardy, ýüz-gözüni aýnadýardy, häli-şindi guýruklaryndan çekip, ýylanlaryň gaharyny getirýärdi. Ýylanlaryň biri onuň elinden, beýlekisi ýüzünden çakdy. Jandarlaryň üçünjisini – iň kiçijigini bolsa onuň özi ýuwutdy. Myhmanlaram, hyzmatkärlerem hokgalara birahatlyk bilen seredýärdiler. Duranlaryň hemmesi boýun egdirijiler ýylanlaryň gaharyny getirýän mahaly sandyrapdylar, ýylanlar boýun egdirijini çakan mahaly gorkupdylar, gözlerini çala ýumupdylar, ol ýylanjygy ýuwdan mahaly bolsa, haýran galmakdan güwwüldäpdiler. Diňe öňki galereýada oturan gelmişek öz ýassyklaryndan galmandy, hatda tomaşa-da seretmändi. Diňe boýun egdiriji teňňe soramak üçin ýanyna gelende, ýere iki mis deben taşlap, "golaý gelme“ diýen manyda elini salgapdy. Tomaşa ýarym sagat dowam etdi. Ýylanlary boýun egdirijiler howludan çykandan, myhmanlaryň otagyna hyzmat edýän negr hojaýynyň ýanyna ylgap gelip, endişeli halda oňa nämedir bir zat pyşyrdady. Soňra niredendir bir ýerden tertip-düzgüne gözegçilik ediji peýda boldy. Ol Asarhaddony çola ýere çekip, uzak wagtlap gürrüň etdi. Hormatly myhmanhana eýesi kä gursagyna ýumruklaýardy, kä ellerini biri-birine şarpyldadýardy, kä kellesini tutýardy. Ahyry negriň garnyna hütületdi-de, oňa onbaşa gowrulan gaz bilen bir küýze Kipr çakyryny getirip bermegi buýurdy; özi bolsa öňdäki galereýa – myhmanyň ýanyna ugrady. Onuň gözleri açygam bolsa, ymyzganan ýalydy. Hojaýyn onuň ýanynda dyz epip: - Hormatly jenap, men gynançly habar getirdim – diýdi. Ol: - Hudaýlar özleri makul bilen mahalynda adamlara ýagyş bilen gussa gönderýärler – diýip, parhsyz jogap gaýtardy. Hojaýyn sakgalyny çekeläp oturyşyna sözüni dowam etdirdi: - Biz ýylanlary boýun egdirijilere seredip durkak, ogrular ikinji gata aralaşyp, seniň zatlaryňy – üç haltany, sandygy alyp gidipdirler. Megerem, örän gymmatly bolsa gerek!.. - Sen meniň zatlarymyň ogurlanandygy barada kazyýete habar bermeli bolarsyň. - Kazyýet nämä gerek? – diýip hojaýyn pyşyrdady. – Bizde bu käriň-de öz üýşmegi bar...Olaryň ýolbaşçysyna adam ýollarys, zatlara baha keseris. Sen oňa bahanyň ýigrimi göterimini tölärsiň weli, giden zatlar yzyna gaýdyp geler. Men saňa kömek edip biljek. Gelmişek: - Meniň ýurdumda hiç kim ogry bilen gepleşik geçirmeýär. Menem şeýtjek. Men seniň myhmanhanaňda ýaşaýan, men saňa öz emlägimi ynandym, diýmek, sen oňa jogap berýäň – diýdi. Hormatly Asarhaddon arkasyny gaşady. Soňra sesini peseldip gepledi: - Alys ýurtdan bolan siz – hettler bilen biz – finikiýalylar dogandyrys. Şonuň üçin hem, men wyždanyma eýerip, saňa Müsüriň kazyýetine ýanaşmazlygy maslahat bermekçi. Sebäbi onuň ýeke-täk girilýän gapysy bar-da, çykylýan gapysy ýok. - Bigünä adamy hudaýlar diwardan çykarýandyr – diýip, myhman jogap gaýtardy. - Bigünä!..Bu gullaryň ýurdunda biziň aramyzda kim özüni bigünä saýyp biljekmişin? – diýip hojaýyn pyşyrdady. – Holha, seret, tertip-düzügüne gözegçilik ediji semizje gaz symyşlap otyr. Ony özüm höwesli iýjek weli... A sen meniň oňa gazy näme üçin berenimi bilýärmiň? Sebäbi ol bäri sen bilen gyzyklanyp geldi... Finikiýaly bu sözleri aýdyp, gelmişegiň ýüzüne göz gyýtagy bilen seretdi. Ýöne ol öňküsi ýaly parahat otyrdy. Hojaýyn gürrüňi dowam etdirdi: - Ol menden: „Öňüne bir gysym igde alyp, iki sagat bäri oturan gara geýnen adam kim?“ diýip sorady. Men: „Örän hormatlanýan adam - jenap Phut“ diýip jogap gaýtardym. „Nireden ol?“ – „Hettleriň ýurdundan, Harran şäherinden; ol ýerde üç gatly mazaly jaýy, uly ýer bölegi bar“ – „Ol bäri näme maksat bilen gelenmişin?“ – "Baryp-ha kakasy bir žrese bäş talant karz beren eken, şony almaga gelipdir“. Hormatly jenap, onuň soňra maňa näme diýenini bilýärmiň? „Asarhaddon, seniň faraonyň wepaly guludygyň, seniň saçagyň, çakyryň gowudygy maňa mälim. Şonuň üçin hem, duýdurýaryn – ägä bol!..Hiç kim bilen tanyşmaýan, çakyrdan hem-de her hili keýpi-sapadan gaça durýan, dymýan kese ýerlilerden ägä bol! Phutyň assiriýaly jansyz bolmagy mümkindir“ diýdi. Bu sözleri eşidenimden ýüregim doňdy. – Hatda jansyzdyr öýdülýän aýylganç şübhäniň-de hettiň arkaýynlygyny bozmazlygy hojaýynyň gaharyny getirdi. – Görýän weli, saňa bary bir ýaly-la? Myhman birsalym dymandan soň: - Asarhaddon, men saňa özümi hem-de emlägimi ynandym. Meniň haltalarymy, sandygymy yzyna gaýtaryp getirmegiň pikirini et, ýogsam özüňe niýetlän gazyňy iýen tertip-düzgüne gözegçilik edijä üstüňden arz ederin – diýdi. - Hojaýyn: - Onda...ogrulara seniň goşlaryň bolmanda on bäş göterimini tölemäge rugsat et – diýdi. - Men saňa nämedir bir zat tölemegi gadagan edýärin. - Onda bolmanda otuz drahm ber! - Ýekeje debenem ýok! - Biçärelere on drahm berip bilersiň-ä? - Agyz alardyşmaly, parahatlyk bilen git, Asarhaddon. Hudaýlardanam özüňe akyl-paýhasyňy gaýtaryp bermeklerini sora – diýip, gelmişek şol bir arkaýynlygy bilen jogap gaýtardy. Hojaýyn gahardan boglup, ýassyklardan atylyp turdy. Ol: "Häý, ýigrenji! Ol bäri diňe algysy üçin gelen däldir, gör-de duruber, hökman ýeserlik bilen bir iş gaýrar... Onuň baý täjirdigini ýüregim duýýar. Belki-de, içinde söwda-satygy bolan myhmanhananyň eýesidir? Bärde žreslerdir kazylar bilen agyz birikdiräge-de, meniň goltugymda ikinji myhmanhana açsa bildiňmi?.. Belki, seni Asmanyň ot-ýalny ýakyp-ýandyraýady!.. Belki, seni heýwere keseli gemrip guradaýady!.. Husyt, ýalançy, ogry diýsäni, senden ýaňa arassa adamyň jübüsine zat düşesi ýok-la!“ diýip, gelmişegi ýerden alyp, ýere sokup barýardy. Hormatly Asarhaddon gahardan aýňalyp ýetişmänkä, köçede fleýtadyr depregiň sesi eşidilip, sähel salymdanam howla tas ýalaňaç diýen ýaly dört sany tansçy zenan ylgap girdiler. Hammallardyr deňizçiler olary şatlykly ses bilen garşy aldylar, hatda galareýada oturan hormatly täjirlerem olaryň tarapyna bilesigelijilik li seredişip, tansçylaryň daş sypatyna dahylly söz oklaşdylar. Tansçylar tomaşaçylara elleriniň hereketi we ýylgyryş bilen salam berdiler. Olaryň biri goşa fleýtada saz çaldy, beýlekisi deprekde ony alyp göterdi; iki sany ýaşajyk gyz bolsa ähli myhmanlara özleriniň ýuka örülen boýunsalaryny galtaşdyrmaga çalşyp, näzlene-näzlene tans edýärdiler. Çaklaň stollarda içip oturanlar aýdyma zowladyşyp, gygyryşyp hem-de tansçylary ýanlaryna çagyryp ugradylar; howluda bolsa myhmanlaryň arasynda ýumruklaşma başlap, gözegçiler özleriniň degenekli taýaklaryny işledip, ony kynçylyksyz ýatyrdylar. Haýsydyr bir liwiýaly degenekli taýagy görenden gazaba münüp, bilindäki pyçagy sogrup almakçy boldy, ýöne iki negr okdurylyp baraga-da, iýen zadynyň tölegi üçin birnäçe mis halkany alyp, özüni hem köçä südürläp çykardylar. Şol wagt tansçylaryň biri deňizçileriň ýanynda ornaşdy, ikisi bolsa täjirleriň ýanyna bardy. Olara çakyr, süýji iýmit hödür etdiler. Tansçylaryň iň ulusy stollara aýlanyp, pul ýygnap ugrady. Ol: - Keramatly Isidanyň ybadathanasyna! Dindar kese ýerliler, diri gezip ýörenleriň hemmesine hemaýat edýän Isidanyň ybadathanasyna bagyşlaweriň!..Näçe köp berseňiz, hudaýlar size şonça-da abadanlyk, bagt ýollarlar...Buthana, Isida enäniň ybadathanasyna! – diýip gygyrdy. Onuň depregine mis simiň ýumaklaryny, kämahal bolsa altynyň dänesini oklaýardylar. Haýsydyr bir täjir: „Seniň ýanyňa baryp bolmazmyka?“ diýip soranda, žres zenan ýylgyryp başyny ýaýkady. Ol alynky galareýa galanda, harranly Phut elini gaýyş halta sokup, içinden altyn ýüzük çykardy-da: - Iştar – beýik hem-de açykgöwünli hudaý aýal. Şuny onuň ybadathanasyna al – diýdi. Žres zenan oňa ünsli seredip: - Annael, Sahiel – diýip pyşyrdady. Gelmişegem: - Amabiel, Abalidot – diýip, ýuwaşjadan jogap gaýtardy. - Görýän weli, sen Isida enäni söýýän ýaly – diýip, žres zenan gaty gepledi. - Özüňem baý hem-de sahy bolsaň gerek. Häzir saňa pal atyp bereýin. Ol myhmanyň ýanynda oturdy, birnäçe hurma iýdi, soňra onuň elini alyp, gürläp ugrady: - Sen Bretoryň hem-de Hagitiň58 izak ýurtlaryndan gelipsiň... Ýoluň asuda bolupdyr...- Ol sesini peseldip, aýdanlarynyň üstsni ýetirdi . – Indi birnäçe gün bäri finikiýalylar seni yzarlap ýörler. Sen pul üçin gelipsiň, ýöne täjir...- Ol sesini gataltdy. – Seniň islegiň hasyl bolaýmaly...-Ýene pyşyrdap gepledi. – Men Grobnis köçesinde, "Ýaşyl ýyldyzyň astynda“ öýünde ýaşaýan.- Hormatly Asarhaddonyň özlerini diňleýänini görüp, gürrüňini gaty ses bilen tamamlady. – Ýöne öz baýlygyňa göz gyzdyrýan ogrulardan ägä bol! - Meniň myhmanhanamda eli egri adam bolmaz. Ogrulygy bärdäkiler däl-de, köçeden gelýänler edýändir – diýip finikiýaly herreldi. - Çişmesene, gojajyk. Ýogsam birden boýnuňdan elhenç ölümiň alamaty bolan gyzyl çyzmyk somalyp çykaýmasyn – diýip, žres zenan ýaňsyly ýylgyrdy. Muny eşiden Asarhaddon üç gezek tüýkürinip, ýakymsyz duýduryşyň garşysyna pyşyrdap doga okady. Ol gidende, žres gyz harranly bilen mylakatly gürleşip başlady. Oňa öz otagasyndan bägül berdi, gujaklaşyp hoşlaşybam, beýleki stollara tarap ýöneldi. Gelmişek hojaýyny çagyryp: - Men ýaňky aýalyň ýanynda bolmak isleýän. Ony meniň otagyma eltmeklerini buýur – diýdi. Asarhaddon onuň gözlerine mölerilip seretdi, ellerini şarpyldadyp urup, hahahaýlap başlady: - Tifon59 seniň başyňy aýlapdyr, harranly! Eger meniň öýümde müsürli žres aýal bilen şuňa meňzeş zat bolaýsa, meniň şäherden gümümi çekerdiler. Bärde diňe kese ýerli aýallar bilen duşuşyp bolýar– diýip gygyrdy. Phut: - Eger şeýle bolsa, onda özüm onuň ýanyna gitjek. Ol akylly dindar aýal bolansoň, maňa köp meselede kömek eder. Men ýolda azaşmaz ýaly, Gün batandan soňra meniň ýanyma ýolbelet goşarsyň – diýip jogap gaýtardy. - Seniň ýüregiňi arwah-jyn eýeläpdir. Sebäbi bu duşuşyk saňa iki ýüz drahmdan az düşmez, üç ýüz bolmagy hem mümkin; üstesine, hyzmatkäre-de, ybadathana-da emlemeli bolarsyň. Emma tas şeýle pula, aýdaly, bäş ýüz drahma sen ýaşajyk, päkize gyz bilen – meniň gyzym bilen tanşyp bilerdiň; ol eýýäm on dört ýaşynda, akyllyja gyz bolansoň, özüne bukja ýygnaýar. Gije nätanyş şäherde entäp ýörme; tertip-düzgüne gözegçilik edýänleriň ýa-da ogrularyň eline düşersiň. Sen, gowusy, hudaýlaryň üstüňe öýe ýollanyny peýdalan. Razymyň? - Seniň gyzyň meniň bilen Harrana gidermi onsoň? Hojaýyn oňa haýran galyp seretdi. Ol birden göýä syryň manysyny çöşlän ýaly, maňlaýyna urdy, gelmişegiň elinden tutup, penjiräniň golaýyndaky çola ýere eltdi. Ol: - Men indi hemme zady bilýän!.. Sen aýal söwdasy bilen meşgullanýaň. Ýöne müsürli aýallary äkidýändigiň üçin seni emlägiňden mahrum edip, daş döwülýän ýere ýollarlar. Emma... meni ýanyňa alsaň-a... Maňa bärde ähli ýollar mälim – diýip, tolgunýan ses bilen pyşyrdady. - Eger şeýle bolsa, maňa şol žres aýalyň ýanyna nädip barmalydygyny aýt. Onsoňam Gün batandan soňra, sen meniň ýanyma ýolbelet goşmaly, ertir irden bolsa haltalarymy, sandygymy gaýtaryp bermeli. Ýogsam men kazyýete ýüz tutaryn. Phut şeýle diýdi-de, garbanyşhanadan çykyp, ýokary öz otagyna ýöneldi. Gahardan ýaňa özüni ýitiren Asarhaddon finikiýaly täjirleriň içip oturan stoljygyna baryp, Kuş atly birini ýanyna çagyrdy. - Sen bäri ýagşy-da bir kireýne ýaşaklary ýollaýaň! – diýip, hojaýyn oňa gahardan ýaňa endireýän ses bilen gygyrdy. – Bu Phut diýleni tas hiç zat iýip-içmedi, üstesine, ogrulardan öz zatlaryny satyn almaga meni mejbur edýär; indi bolsa hakyt üstümden gülüp, meniň aýallaryma jomartlyk etmegiň deregine müsürli tansçynyň ýanyna barmakçy bolýar. - Bu ýerde geň galar ýaly näme bar? – diýip, Kuş gülüp durşuna aýtdy. – Finikiýaly aýallar bilen ol Sidonda-da tanşyp bilýär-ä, bärde bolsa göwni müsürli aýallary küýseýär. Kim Kiprde onuň öz öndürýän çakyryny içmän, Tiriň buzasyndan lezzet alýan bolsa, hakyky boşkelle adamdyr. - Hojaýyn onuň sözüni kesdi: - Men saňa onuň howply adamdygyny aýdýan...Ýönekeý şäherlisirän bolýar...Ýöne keşbi žresiňki. - Asarhaddon, senem ýöne bir içinde söwda-satygy bolan myhmanhananyň eýesi, emma daşyňdan ýokary žrese meňzeýäň! Hatda üstüne ýolbarsyň derisi düşelse-de, oturgyç oturgyçlygyna galýandyr. - Ýöne onuň žres zenanyň ýanyna barjak bolmasy nämeden? Men munuň mekirlikdigine, yzgytsyz hettiň aýallar bilen oturylyşyga däl-de, haýsydyr bir dildüwşüjileriň ýygnanyşygyna barjak bolýandygyna ant içmäge taýýar. - Gahar bilen husytlyk senuiň aňyňy bütinleý bulaşdyrypdyr – diýip, Kuş oňa teýeneli aýtdy. – Sen injir agajyndaky injirleri görmän, ol ýerden gawun gözleýäň adama meňzeýäň. Phut öz bäş talantyny almak isleýän bolsa, onuň žresleriň arasyndaky adamlaryň merhemetini gazanmalydygy her bir täjire mälinm. Sen, ynha, şuňa düşüneňok... - Sebäbi bu gelmişegiň onuň hormatlysynyň janyna kast etmekçi bolýan assiriýaly jansyzdygyny maňa ýüregim aýdýar. Kuş Asarhaddona ýigrenç bilen seretdi. - Onda näme, myhmany gözden sypdyrma! Ädimini sanap gez! Birden azabyň ýerine gowuşsa, onuň emläginden saňa-da odur-budur ýetmegi mümkin. - Ine, sen ahyry akylly söz aýtdyň! Goý, bu alaka öz žres zenanlarynyň ýanyna, olardanam islän ýerine gitsin. Men bolsa onuň yzyna hiç zady sypdyrmaýan göz salaýyn! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |