22:00 Faraon -32: romanyň dowamy | |
ON BIRINJI BAP Şol wagt Pentuer faraona daýhanlardyr senetcileriň toparlarynyň hersinden on üç wekil saýlap almak, täze hökümdaryň wada berýän özgertmeleri bilen jepakeş halkyň göwünlerini galkyndyrmak üçin Aşaky Müsüre dolanmaga şaýlanýardy. Onuň ynamyna görä, Müsür üçin iň derwaýys medele zähmetkeşleriň ezýet çekýän zady bolan öýke-kinäni, hyýanat etmäni aradan aýyrmakdy. Emma Pentueriň özüniň žresdigi sebäpli, ol öz toparynyň synmagyny islemek-hä beýlede dursun, hatda özüni onuň bilen baglanyşdyrýan sapagy üzmegem islänokdy. Şol sebäpli hem, ol özüniň wepalydygyny görkezmek üçin, Herihoryň ýanyna hoşlaşmaga bardy. Sanlyja wagt ozalam demi daş ýaran welmoža ony ýylgyryp garşylady. — Seýrek myhman! Seýrek myhman! — diýip, Herihor gygyryp diýen ýaly aýtdy. — Hökümdaryň maslahatçysy bolalyň bäri senmenden gaçgaklaýarsyň...Dogry, diňe sen däl...Ýöne bize näme garaşýanam bolsa, hatda sen menden araňy has açsaňam, men seniň hyzmatyňy unutman. — Men biziň jenabymyzyň maslahatçysy däl, meni öz merhemeti blen şu derejä ýetiren siziň hormatlyňyzdanam gaçamok — diýip, Pentuer jogap gaýtardy. — Bilýän, bilýän! Sen ybadathanalaryň heläk bolmagyna ýardam bermezlik üçin ýokary derejäni kabul etmediň. Bilýän, bilýän!..Belki-de,seniň özýanyndan bize ýolbaşçylyk edýän bolup ýören, zynjyrdan boşan agzysarynyňmaslahatçysy bolmadygyň haýpdyr...Sen, mümkin, oňa özüniň başyna ýetjek dönükleri daşyna üýşürmegine ýol bermezdiň. Pentuer bu çylşyrymly meselede gürrüňi dowam etdirmek islemän, özüniň Aşaky Müsüre näme maksat bilen barýandygyny Herihora mälim etdi. — Aý, näme, eger isleýän bolsa, Ramses On üçünji ähli toparlaryň wekillerini jemläp, ýygnak geçirsin. Onuň muňa hukugy bar. Emma şu işe seniň goşulýandygyňa gynanýan. Sen tanalmaz ýaly bolupsyň. Pi-Bailosyň eteginde geçirilen harby hereketde meniň kömekçime näme diýeniň ýadyňdamy? Men ony ýatladaýyn. Sen faraonlaryň hyýanat etmekleriniň hem-de azgynlyklarynyň çäklendirilmelidigini aýdypdyň. Häzir bolsa özüň Müsüriň owal-ahyrda görmedik iň ýakasy belli azgynynyň samsyk talaplaryny bitirjek bolýanlaryň birine öwrülipsiň... — Ramses On üçünji halkyň gün-güzeranyny gowulandyrmak isleýär. Men, daýhanyň ogly, eger oňa bu işde kömek etmesem, akmak hem-de haramzada bolardym. — Onsoň sen onuň bize, žreslere zyýan ýetirip biljekdigi barada oýlanaňokmy? Pentuer geň galdy. — Weý, özüňize degişli bolan daýhanlara sizem ýeňillikleri berýäňiz-ä. Onsoňam maňa beýle işi etmäge siz ygtyýar beripdiňiz. — Näme? O nämäniň ygtyýary? diýip Herihor gaharlandy. — Ýadyňa sal: şol agşam, Setiň ybadathanasynda biz keramatly Beroesi garşylanymyzda, Mefres žres toparynyň öňki täsirini ýitirmegi netijesinde Müsüriň gowşap başlandygyny aýdypdy, menem ýurduň betbagtçylygynyň sebäbiniň halkyň garyplygyndadygyny tassyklapdym. Sen muňa, ýadyma düşüşine görä: «Goý, Mefres žresleriň ýagdaýynyň gowulanmagy, Pentuer daýhanlaryň durmuşy bilen meşgullansynlar. Men bolsa Müsür bilen Assiriýanyň arasyndaky heläkçilikli urşuň öňüni almaga çalşaýyn» diýipdiň. Herihor oň sözüni alyp göterdi: — Ine, gördüňmi, bu seniň Ramses bilen däl-de, eýsem, biz bilen bile bolmalydygyňy aňladýar. — Ol, näme, Assiriýa bilen uruşmak isleýärmi ýa-da žreslere öz pähim-paýhaslartyny artdyrmaga päsgel berýärmi? Ol halk dynç alar ýaly, ýedinji gün işden boşatmak, soňra bolsa her bir daýhana uly bolmadyk ýer bölüp bermek isleýär. Faraonyň nämedir bir ýaramaz zat isleýändigini maňa aýtma. Öz bölejik ýeri bolan erkin daýhanyň gul bilen asla deňeşdirip bolmajak derejede işleýändigini biz ybadathanalaryň mülkleriniň mysalynda bilýäris ahyry — diýip, Pentuer oňa garşy çykdy. Herihor: —Men ýönekeý halka ýeňillik berilmegine asla garşy däl! Men diňe Ramsesiň onuň üçin hiç zat etmejekdigine ynanýan — diýip, Herihor sesini gataltdy. — Eger siz oňa pul bermeseňiz, elbetde, hiç zat etmez. — Biz oňa altyn-kümüşden piramida bersegem, onuň üstüne gymmatbaha daşlary goşsagam, onuň bitirjek işi bolmaz. Ol lälik saklanan çaga ahyry. Assirianyň ilçisi Sargon ony ýöne ýerden kelesaň diýip atlandyrmandy. — Faraonyň ukyby uly... — Ýöne onuň bilýän zady ýok...Hiç zat öwrenmedik. Ýokary mekdebiň ysyny telli-pelli aldy-da, ol ýerden ökje götermäge gyssandy. Ol, ine, şu sebäpli ýurdy dolandyrmak işinde şaşka oýny hakda hiç hili düşünjesi bolmasa hem, ony çekinmän goýýan çagajyk ýaly aňsyz. — Ýöne ol dolandyrýar... — Heý, şundanam bir dolandyrma bolarmy, Pentuer? — diýip, ýokary žres ýylgyryp gepledi. — Dogry, ol täze harby mekdepleri açdy, ýygynlaryň sanyny köpeltdi, tutuş halky ýaraglandyrýar, garamaýak halka baýramçylyklary wada berýär...Ýöne mundan näme çykjakmyşyn? Sen özüňi ondan daşda saklaýarsyň, şonuň üçin hem, hiç zat bileňok, men bolsa onuň buýruk bermek bilen, kimiň näme etjekdigi, oňa ýeterlik serişdäniň bardygy-ýokdugy, soňunyň nähili boljakdygy hakda asla pikir etmeýändigine seni ynandyrýaryn... Seň göwnüňe ýurdy ol dolandyrýan ýalydyr. Ýok, ýurdy men dolandyrýan! Men dolandyrmagy dowam edýän! Men, onuň öz ýanyndan kowan adamy!..Häzir gazna salgytlaryň gelmesiniň azalmagy-da meniň eden işim. Emma daýhanlara höre-köşe edýänem mendirin, ýogsam olar bireýýäm aýaga galardylar. Daýhanlar nowhanalarda, bentlerde, ýollarda işlerini taşlamaýan bolsa, olaryň dilini tapmagy başarýan mendirin. Galyberse-de, Assiriýany bize uruş yglan etmekden iki gezek men sakladym, ýogsam bu telbe öz buýruklary bilen ýurduň işini görjekdi. Ramses ýurdydolandyrýarmyşyn! Onuň baran ýeri bozgaklyk ahyry... Sen onuň Aşaky Müsürde hojaýyn hökmünde özüni nähili alyp barandygyny gördüň-ä: içdi, jalaýlyk etdi, gyzlaryň birini ugradyp, beýlekisini alyp geldi, aralygynda-da, hälki bir göz üçin, hiç zada düşünmese hem, welaýatlaryň dolandyrylyşy bilen gyzyklanan boldy. Iň erbedi hem, özüni heläkçilige itekleýän finikililer, lüt galan tanymal adamlar, her hili dönükler bilen arany sazlady. Pentuer: — OnAşgarly köllerdäki ýeňşi näme? — diýip sorady. — Men oň gujurlydygy, harby işi gowy bilýändigi bilen ylalaşýan. Onuň artykmaç ýeri diňe şu! Hany, çynyň bilen aýt: seniň kömegiň, beýleki žresleriň kömegi bolmanlygynda, ol Aşgarly köllerde ýeňiş gazanypbilermidi? Liwigoşunynyň her bir hereketi hakda oňa habar ýetirip durandygyňyzy menbilýän ahyry...Indi bolsa özüň pikir et: Ramses hatda siz kömek beräýeniňizde-de, meselem, Nitagory ýeňip biljekmi? Nitagor ussatdyr, Ramses bolsa entek nämäniň nämedigine ýaňy düşünip ugran şägirtdir. Pentuer: — Ýeri, onsoň seniň ýigrenjiň nämä alyp barar? — diýip sorady. — Ýigrenjim? — diýip Herihor gaýtalady. — Awçylardan gaçyşyna özüni soňky deminde jülgä atan kelesaňy men nämüçin ýigreneýin? Emma men onuň dolandyrmasynyň Müsüre juda agyr degjekdigini boýun almalydyryn, eger Ramsesiň dogany bolanlygynda ýa-da Nitagor birneme ýaş bolanlygynda, biz häzirki faraony eýýäm pyzyp goýbererdik. — Senem onuň mirasdüşeri bolarmydyň? — diýip, Pentuer ýakymsyz sowaly agzyndan sypdyrdy. Herihor ony ýokuş görmedi. Diňe egnini ýygyrdy. Soňra: — Töwekgellik edip, syýasat bilen gyzyklanyp ugralyň bäri, Pentuer, sen haýran galmaly derejede samsyklaşypsyň. Elbetde, Müsür faraonsyz galan ýagdaýynda men Amon Fiwyliniň ýokary žresi hem-de žresleriň ýokary geňeşiniň başlygy hökmünde hökümeti kabul etmäge borçly bolardym. Ýöne bu meniň nämäme gerek? Eýsem, men on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda faraonyňkydan artyk erk-ygtyýardan peýdalanamokmy? Ýa-da häzir, men, döşünden itilen harby hökümet agzasy, döwletde zerur hasaplaýan zatlarymy edemokmy? Häzir menden gaçýan şol öňki ýokary žresler, gaznaçylar, kazylar, häkimler, hatda harby serkerdeler ýokary geňeşiň meniň möhrüm bilen tassyklanan her bir gizlin buýrugyny barybir ýerine ýetiräýmeli. Müsürde şeýle buýrugy ýerine ýetirmejek adam tapylarmy? Seniň özüň oňa garşy bolmaga ýürek edip bilermidiň? — diýdi. Pentuer başyny aşak goýberdi. Eger Ramses XII-niň ýogalandygyna garamazdan, žresleriň gizlin ýokary geňeşi saklanyp galan bolsa, onda Ramses XIII ýa-ha olara boýun bolmaly, ýa-da olar bilen aldym-berdimli çaknyşyga girmeli. Faraonyň arkasynda tutuş halk, goşun, birgiden žres, ençeme raýat emeldarlary dur. Geňeş bolsa diňe birnäçe müň adamdan ybarat taraodarlaryna, özüniň baýlygyna hem-de örän oňat ýola goýlan guramaçylygyna bil baglap biljek. Güýçler asla deň däldi. Ýöne barybir çaknyşygyň soňunyň nähili boljakdygy belli däldi. — Diýmek, siz faraony heläklemek kararyna gelipsiňiz-dä? — diýip, Pentuer pyşyrdap sorady. — Ýok, ýok! Biz diňe döwleti halas etmek isleýäs. — Ýeri, onsoň Ramses On üçünji nähili hereket etmeli? — Men ony bilemok. Ýöne kakasynyň nähili hereket edendigini welin bilýän. Ramse On ikinji-de döwleti dolandyryp ugran mahaly nadandy, kejeňekdi. Ýöne pulunyň düýbi görnüp, iň bir yhlasly tarapdarlary-da äsgermezlik bilen garap ugranda, ol hudaýlara ýüz tutdy. Töweregine žresleri ýygnady, olardan öwrendi, hatda ýokary žres Amenhotepiň gyzyna öýlendi...Aradan on-ýigrimi ýyl geçenden soňra onuň özi ýokary žres boldy. Diňe bir dindar däl, eýsem, uly alym hökmünde tanaldy. Pentuer: —Eger faraon bu maslahata gulak asmasa näme? — diýip sorady. Herihor: — Diňlemese, biz onsuz oňaýarys — diýip jogap gaýtardy. Soňra aýdanynyň üsytüni ýetirdi. — Meni diňle, Pentuer. Men seniň faraonyň diňe bir näme edýänini däl, eýsem, näme hakda oýlanýanyny-da bilýän. Entek dabaraly ýagdaýda täç geýdirilip ýetişilmänsoň, ol biziň ýanymyzda hiç kim. Ol žresleri-hä özüniň hyzmatkärleri, özüni-de Müsüriň ýeke-täk hökümdarydyr öýdüp pikir edýär. Ýöne bu diňe bir akylsyzlyk däl, eýsem, dönüklik. Müsüri faraonlaryň döretmän, hudaýlardyr žresleriň döredendigini sen gowy bilýäň-ä. Niliň suwunyň ýokary galjak gününi, beýikliginiň nähili boljakdygyny faraonlar kesgitlänoklar, onuň daşgynyny-da faraonlar sazlanoklar. Halka ekin ekmegi, hasyl ýygnamagy, mal köpeltmegi faraonlar öwretmändiler. Dürli keselleri bejerýänlerem, daşky duşmanlar tarapyndan döwlete howp abanmazlygyna gözegçilik edýänlerem faraonlar däl. Hany, özüň aýt: eger biziň toparymyz Müsüri faraonlaryň eden-etdiligine berse, soňy nähili bolardy? Olaryň iň akyllysynyň bary-ýogy on-ýigrimi ýyllyk tejribesi bardyr. Žres topary bolsa müňýyllyklaryň dowamynda daş-töwerege içgin gözegçilik etdi, öwrendi. Iň bir kuwwatly hökümdaryň diňe jübüt gözi, eli bardyr. Biziň bolsa ähli welaýatlarda,hatda beýleki döwletlerde müňläp gözümiz, elimiz bar...Heý-de, faraonyň işi biziňki bilen deňleşip bilermi? Agzalalyk bolan ýagdaýynda kim kime: «seniňki dogry» diýmeli: bizmi ýa-da ol? Pentuer: — Ýeri, indi men näme etmeli? — diýip sorady. — Şol ýigit özüňe näme emir etse, bitirmek bilen bol, ýöne mukaddes syrlary paş etme. Galanyny...galanyny bolsa wagtyň paýyna goý. Men Ramses On üçünji diýlip atlandyrylýan ýigdiň aklyna aýlanmagyny ak göwünden isleýän. Eger...eger ol eýýäm depesinden hudaýlaryň elleri inen nejis dönükler bilen gatnaşmanlygynda şeýle-de bolardy diýip pikir edýän. Kalbyny hasratly duýgy eýelän Pentuer ýokary žres bilen hoşlaşdy. Emma çaknyşykda ýeňiş žresleriň tarapynda bolaýanda hem, faraonyň ýakyn wagtda halk üçin etjek zatlarynyň dereksiz ýitmejekdigini, galjakdygyny bilensoň, ol ruhdan düşenokdy. Ol: «Iň bir ýaramaz ýagdaýda-da biz öz elimizden gelýän, özümizden talap edilýän zatlary etmeli. Haçandyr bir wagt bularyň hemmesi düzeler, şu günki ekiş öz miwesini berer» diýip oýlandy. Pentuer barybir halky tolgundyrmazlygy makul bildi. Tersine, faraonyň alnynda täze kynçylyklaryň kesermezligi üçin, bisabyr adamlary köşeşdirmäge taýýardy. Birnäçe hepdäniň içinde Pentuer Aşaky Müsüriň çäklerini aýlanyp çykdy; ol faraonyň çagyrjak ýygnagyna wekil hökmünde gatnaşdyrmaga saýlap alar ýaly, ýolda daýhanlardyr senetçilere assyrynlyk bilen syn etdi. Ähli ýerde güýçli tolgunmanyň alamatlary görünýärdi: daýhanlar, işçiler dynç alar ýaly, ýedinji gün işden boşadylmagyny, ozal bolşy deýin, ähli jemgyýetçilik işleri üçin hak tölenilmegini talap edýärdiler. Diňe dürli ybadathanalaryň žresleriniň öwüt-ündewi netijesinde entek gozgalaň turanokdy, iş bes edilenokdy. Mundan başga-da, özüniň bir aý ozal üns bermedik käbir ýagdaýlary ony haýran galdyrdy. Birinjiden, ilat iki topara bölünendi. Biri faraonyň tarapynda bolup, žresleriň duşmanydy; beýlekisi finikiýleriň garşysyna galkmaga taýýardy. Biri žresleriň Ötlem-ötlem jaýyň hazynasyny faraona bermelidigini subut etse, beýlekisi faraonyň gelmişeklere çakdanaşa arka durýandygygyny aýdyp pyşyrdaşýardy. Emma hamala edil tagtdan gyrakladylan öweý dogany ýaly, Ramses XIII-niň hem kellesiniň düzüw däldigi hakda bir näbelli adamyň ýaýradan «myş-myşy« Pentueri aýratyn geň galdyrdy. Pentuer tanyş bilgeleriniň birinden: — Beýle bolgusyz gepi size kim aýdýar? — diýip sorady. Bilge: — Bu bolgusyz gep däl-de, gynançly hakykat. Fiwynyň köşklerindäki baglaryň içindefaraonyň ýalaňaç gezip ýörendigini görenler bar; bir gezek gije bolsa ol şa aýaly Nikotrisanyň penjireleriniň etegindäki agaçlara çykyp, onuň hut özi bilen gürleşipdir — diýip jogap gaýtardy. Pentuer ýarym aý mundan ozal faraony görendigini, onuň sagdygyny aýdyp, bilgäni ynandyrjak boldy, ýöne ol ynanmady. Žres: «Bu eýýäm Herihoryň assyryn hereketi. Onsoňam şeýle habary Fiwiden diňe žresler alyp bilerler» diýip oýlandy. Oň ýygnaga wekilleri saýlap almak höwesi birbada sowasa-da, sähel salymdan tutanýerliligi ýene gaýdyp geldi. Ol öňküsi ýaly öz ýanyndan: «Adatdan daşary ahwalat bolup geçäýmese, halk şu gün utan zadyny ertir ýitirmez» diýip gaýtalaýardy. Memfisiň aňyrsynda, piramidalardyr sfinkslerden demirgazykda, edil çägeleriň çäginde hudaý aýal Nutuň uly bolmadyk ybadathanasy howalanyp otyrdy. Ol ýerde Müsürde meşhur münejjim, şol bir wagtyň özünde-de, alym — oýlap tapyjy, goja žres Menes bolýardy. Ýurtda uly ymaratyň ýa-da täze nowhananyň gurluşygyna başlanan mahalynda Menes şol ýerde peýda bolup, degişli görkezmeleri bererdi. Agşamlaryna ýyldyzlara syn edip, gündizlerine haýsydyr bir enjamlaryň üstünde işleýän garry öz ybadathanasynda ýalňyzlykda, ýetde-gütde günde ýaşaýardy. Pentueriň bu ýerlere birnäçe ýyllap aýagy düşmänsoň, ybadathananyň idegsizligi, gözgyny ýagdaýy ony haýran galdyrdy. Kerpiç diwar opurylyp ugrapdyr, baglygyň agaçlary gurapdyr, howluda gapyrgasyny sanabermeli geçi, birnäçe towuk aýlanyşyp ýördüler. Ybadathananyň howlusynyň ýanynda hiç kim ýokdy. Diňe Pentuer gaty ses bilen adyny tutandan soň, pilondan aýagy ýalaňaç, kirli çeresli, egnine babyryň tüýi düşen derisi oklanan garry çykdy.Onuň göwresini tutuşy öz mertebesini bilýän adamlaryňkydy; akylly ýüzi nuranady. Ol myhmana içgin syn etdi-de: — Göwnümemi ýa-da sen, hakykatdanam, Pentuermi? — diýip sorady. — Hawa, bu men – diýip, jogap gaýtaran Pentuer garryny mähirli gujaklady. - Eý-how! — diýip, Menes gygyrdy. — Görýän weli patyşanyň köşgi seni üýtgeden ýaly-la! Ýylmanak beden, akja eller, boýnuňda altyn zynjyr. Asman ummanynyň hudaýy, ene Nut beýle zynata ýene uzak wagtlap garaşmaly bolar! Pentuer zynjyry aýyrmalkçy boldy, ýöne Menes gülüp, ony saklady. — Gerek däl! Biziň asmanymyzda nähili gymmatbaha zatlaryň bardygyny bilenligiňde, sen altyndan geçmezdiň...Näme, bäri ýaşamaga geldiňmi? Pentuer başyny ýaýkady. — Ýok, men diňe saňa tagzym etmek üçin geldim, gadyrdan halypa. Garry güldi. — Soňra ýene köşgemi? Wah, siz! Köşgüň hatyrasyna akyl-paýhasy äsgermezlik etmek bilen, näme ýitirýändigiňizi bilenligiňizde, sizi gussa gemrerdi. — Sen bärde bir özüňmi, halypa? — Edil çöldäki palma ýalydyryn, aýratynam, şu gün şeýle. Meniň dili lal, gulagy ker hyzmatkärim enemiz Ra, onuň žresi üçin ýagşy adamlardan odur-budur ýygnamaga eli sebetli Memfise gitdi. —Bärde içiň gysanokmy? — Meňmi? – diýip, Menes batly seslendi. — Ikimiziň görüşmedik wagtymyzda men hudaýlardan birnäçe syry çekip aldym. Olary Müsüriň iki täjine-de çalşyp biljek däl. Pentuer: — Gizlinmi? — diýip sorady. — Gizlin nämişlesin! Men mundan bir ýyl ozal Ýeriň ululygyna degişli ölçegleri, hasaplamalary tamamladym... —Muňa nähili düşünmeli? Menes töweregine göz aýlap, sesini peseltdi: — Ýeriň stol ýaly tekiz däl-de, eýsem, üstünde deňizler, ybadathanalar, şäherler bolan äpet şardygy saňa mälim ahyry... — Hawa. — Ýöne hemme adama däl. Bu şaryň nähili uly bolup biljekdigi-hä hiç kime asla-da belli däldi. Pentuer: — A sen bilýärmiň? — diýip, gorkuly diýen ýaly sorady. —Bilýän. Biziň pyýada goşunymyz bir günde otuza golaý Müsür milini41geçýär. Ýer şary şeýlebir uly weli, biziň goşunymyza onuň daşyndan aýlanmak üçin tutuş bäş ýyl gerek bolardy. — Eý, hudaýlar! — diýip, Pentuer sesini gataltdy. — Onsoň saňa şeýle zatlar barada pikirlenmek gorkunç dälmi? Menes egnini ýygyrdy. — Hasaplama geçirmegiň nämesi gorkunç bolsun? Piramidanyň ölçegini hasaplaýaňmy ýa-da Ýeriňkini — näme tapawudy bar? Men has kyn işi-de etdim: Niliň aňyrsyna ýüzüp geçmezden, biziň ybadathanamyz bilen faraonyň köşgüniň aralygyny ölçedim. — Geň galaýmaly! — Geň galar ýaly näme barmyşyn? Ynha, men bir zat açdym, ol, hakykatdanam, hemmäni geň galdyrar. Ýöne bu hakda hiç kimiň ýanynda dil ýaraýmagyn. Paopi aýynda bizde Gün tutular. Gündizine edil gijelik ýaly garaňky bolar. Eger men hasaplamada sähelçe-de ýalňyşan bolsam, goý, açlygymdan öleýin. Pentuer gursagyndaky doga el ýetirip, ony okady. Soňra: — Men adamlaryň keýpini bozup, birnäçe gezek gündiziň edil gije ýaly bolandygyny mukaddes kitaplardan okapdym.Ýöne nämeden şeýle bolýandygyny weli bilemok — diýdi. Menes oňa çöl tarapy görkezip: — Sen şol ýerdäki piramidalary görýämiň? — diýip sorady. — Görýän. — Indi gözleriňi eliňi aýasy bilen ýap. Piramidalary görýämiň? Görýän dälsiň. Gün tutulmasy hem şeýle diýen ýaly: Gün bilen biziň aramyza Aý düşüp, ýagtylygyň atasynyň öňüne perde bolýar-da, ähli ýeri tümlük gaplap alýar. Pentuer: — Dogrudanam, bizde şeýle ýagdaý bolup geçmelimi? — diýip sorady. — Paopi aýynda diýdim-ä. Men biziň hemme kişi tarapyndan unudylan ybadathanamyza odur-budur emlär diýen tama bilen, bu barada faraona ýazdym. Emma ol haty okap, meniň üstümden gülüpdir, ýollan adamyma şol habary Herihora ýetirmegi emir edipdir. — Herihor nädipdir? — Maňa otuz mer arpa iberipdir. Ol Müsürde akyl-paýhasa hormat goýýan ýeke-täk adam. Ýaş faraon bolda ýeňilkelle. Pentuer: — Ondan beýle göwnüň geçmesin, atam. Ramses On üçünji daýhanlardyr işgärleriň hal-ýagdaýyny gowulandyrjak bolýar; olara her ýedinji gün dynç bermekçi, kazyýetiň çözgüdi bolmasa, ýençmegi gadagan etmekçi, ýer bölüp bermegi-de mümkin — diýdi. Menes gaharly jogap gaýtardy: — Men bolsa saňa onuň kelesaňdygyny aýdýan. Oňa iki aý mundan ozal daýhanlaryň agyr zähmetini nädip ýeňledip boljakdygy jikme-jik beýanedilen ýazgy iberdim. Ol...ýene meni ýaňsylapdyr! Ulumsy nadan — ine, ol kim! — Sen ol hakda öňden ters pikirli bolmaly, atam...Hany, sen gowusy maňa öz taslamaň barada gürrüň bersene. Ony ýerine ýetirmekde, belki, meň kömegim deger. — Taslama? — diýip garry gaýtalady. — Ol indi taslama däl-de, taýýar zat. Ol oturgyçdan galdy, Pentuer bilen bilelikde gyrasynda daşyna ugruna seredilmeýän ösümlikler çolanan bassyrma duran howza tarap ugrady. Bassyrmanyň aşagynda kese oka geýdirilen, daşy birnäçe bedreli ullakan çarh bardy. Menes içeri girip, aýaklaryna agram berip ugrady; çarh aýlandy, bedrelerem suwy howuzdan susup alyp, ýokarda duran kersene eňterip başladylar. Pentuer: — Geň desga! — diýdi. — A sen onuň Müsüriň halky üçin näme edip biljekdigini göz öňüne getirýärmiň? — Ýok. — Diýmek, şeýle: edil şunuň ýaly, ýöne göwrümi bäş ýa-da on esse uly bolup, adam däl-de, eýsem, birnäçe jübüt öküz aýlaýan çarhy göz öňüne getir. — Birneme göz öňüne getirýän, ýöne düşünemok... — Weý, bu şeýle ýönekeý ahyry! Şu çarhyň kömegi arkaly öküzler ýa-da atlar Nilden suwy susup alyp, biri-biriniň üstünde ýerleşen nowhanalara akdyryp bilerler. Ine, onsoň häzir «durnalaryň» başynda duran ýarym million adam dynç alar. Adamyň bagty üçin faraonyň däl-de, pähim-paýhasyň köp iş bitirýändigini sen, ynha, görüp dursuň. Pentuer başyna ýaýkady. — Onsoň muňa näçe agaç, näçe öküz, näçe öri meýdan gerek bolar? Meniň pikirimçe, seniň çarhyň ilata dynç almaga beriljek ýedinji günüň ýerini tutup bilmese gerek... Menes egnini ýygyrdy. — Görýän weli, ýokary derejeler seniň peýdaňa bolmadyk ýaly-la. Ýöne sen meni geň galdyryp, üşükliligi ýitirenem bolsaň, saňa ýene-de nämedir bir zat görkezeýin. Belki, sen entek pähim-paýhaslylyga dolanyp gelersiň, men amanadymy tabşyranymdan soňra oýlap tapan zatlarymy kämilleşdirmek, ýaýratmak islärsiň — diýdi. Olar pilona dolanyp geldiler. Menes mis gazanjygyň eteginde birneme ýangyç goýup, ot ýakdy. Suw basym gaýnady. Gazanjykdan agyr daş bilen ýapylan, ujy deşikli kese turbajyk çykyp durdy. Menes: — Şu ýerde, burçda dur-da, bäri seret – diýdi. Ol turbajyga berkidilen tutawajy öwürdi weli, bir pursatda agyr daş ýokary göterilip, jaý gyzgyn buguň burugsysyndan doldy. Pentuer: — Täsinlik! — diýip gygyrdy, şobada hem köşeşip: —Ýeri, onsoň bu daş halkyň hal-ýagdaýyny näme bilen gowulandyrmaly? — diýip sorady. — Daş hiç zat bilen gowulandyryp bilmez — diýip, dana gaharlanybrak jogap gaýtardy. — Ýöne maňa ynan-da, ýadyňda sakla: at bilen öküziň adamyň zähmetininiň ýerini tutjak döwri geler, gaýnag suw bolsa öküz bilen atyň deregine işlär. — Ýöne daýhanlara mundan näme peýda bolmaly? — diýip, Pentuer dananyň ýakasyny goýbermedi. — Beýlede bir dikdüşdi bolar eken-ow! — diýip, Menes kellesini tutup, heňkirdi. — Sen ýa-ha garrapsyň, ýa-da samsyklanypsyň, muny anyk bilemok, ýöne daýhanlaryň seniň üçin tutuş dünýäniň öňüni perdeländigi-hä mesaňamälim bolup dur. Eger danalar diňe daýhanlar barada pikirlenenliginde, olar kitaplaryny, hasaplamalaryny taşlap, çopançylyk etmeli bolardylar. Pentuer ýaýdanjaňlyk bilen: — Her bir iş peýda getirmeli ahyry— diýdi. Menes gyjytly gepledi: — Siz, köşk adamlary, bir tabyňyzy saklap bileňzok: finikiýaly lagyl ýa-da ýakut daşyny getirse, ondan näme peýda boljakdygyny soramazdan, gymmatbaha daşy derrew satyn alyp, sandykda gizleýärsiňiz; dana adam ýanyňyza dünýäniň keşbini üýtgedip biljek öz oýlap tapan zady bilen gelse weli, siz ilki bilen: «Mundan näme peýda bar?» diýip soraýarsyňyz. Siz ähmiýetine aklyňyz ýetmeýän şol zat üçin oýlap tapyjy özüňizden bir gysym arpa talap eder öýdüp howsala düşýän bolsaňyz gerek. — Sen, näme, gaharlanýaňmy, atam? Men seniň keýpiňi bozmak islemedim-ä. — Men gaharlanamok-da, gynanýan. Mundan ýigrimi ýyl ozal biz bu ybadathanada bäş adamdyk. Täze-täze syrlary açmagyň üstünde işleýärdik. Häzir ýalňyz özüm galdym. Eý, hudaýlar! Yzymy ýöretjek-hä beýlede dursun, hatda özüme düşünjek adamlary-da tapamok. — Men seniň ajaýyp pikirleriňi bilmek üçin, megerem, bärde ömürlik galardym. Ýöne sen aýt: men häzir — döwletiň ykbaly, ýönekeý halkyň bagty hem-de öz bagtym çözülýärkä köpe goşulman oturyp bilerinmi? — diýip, Pentuer oňa garşy çykdy. — Döwletiň hem-de millionlap adamlaryň ykbalyna täsir edip biljekmişin... — diýip, Menes ýaňsyly gepledi. — Eh, siz, özlerini mitralar, altyn zynjyrlar bilen bezeýän uly ýaşly çagalar! Nilden suw susup almagy başarýan bolsak, derýanyň suwunyň galmagyny ýa-da peselmegini hem saklap bileris diýip, öz göwnüňizi aldaşyp ýörsüňiz. Süriniň yzyndan barýan goýun-da ony özüm sürüp barýandyryn öýdýär... — Sen ters pikir etmäweri, halypa. Ýaş faraonyň kalby päk, niýeti gowy. Ol halka ýedinji gün dynç almak hukugyny bermek, hatda ýer-de paýlamak, kazyýetiň adalatly bolmagyny gazanmak isleýär. Menes başyny ýaýkady: — Bu zatlar hemişelik däldir. Ýaş faraonlar garraýarlar, halk bolsa...Halk telim gezek ýedinji gün dynç alypdy, öz hususy ýeri-de bolupdy. Soňra bolsa...soňra olary ýitirdi. Wah, şu bir üýtgesedi! Üç müň ýylyň dowamynda Müsürde näçe neberedir žresler çalyşdy, näçe şäherdir ybadathanalar haraba öwrülip, olaryň üstüni Ýeriň täze gatlaklary örtdi! Iki ikiniň dörtdüginden, üçburçlugyň gönüburçlugyň ýarysydygyndan, Aýyň Günüň öňüni tutup bilýändiginden, gaýnag suwuň bolsa daşy ýokary zyňyp bilýändiginden başga ähli zat üýtgedi. Ötegçi dünýäde diňe düşünjelilik üýtgemän galýandyr. Kim edil bulut ýaly geçip gidýän zatlaryň hatyrasyna müdimilik zady terk edýän bolsa, onuň bagtynyň ýatdygydyr! Onuň ýüregi hiç wagtda aram tapmaz, akly bolsa harasat mahalyyndaky gaýyk ýaly edip, ony eýläk-beýläk zyňar. — Seň agzyň bilen hudaýlar gepleýärler — diýip, Pentuer oýlanyp durşuna gepledi. — Emma million adamdan diňe biri olaryň akyl-paýhasyna gap bolup biler.Bu-da gowy. Sebäbi daýhanlar uzynly gije ýyldyzlara seretseler, esgerler hasaplamalar bilen meşgullansalar, ýokary wezipeli adamlardyr faraon ýurdy dolandyrmagyň deregine gaýnag suwuň kömegi arkaly howa daş zyňsalar, nähili bolardy? Aý Ýeriň daşyndan bir gezek aýlanmaga ýetişmänkä hemmämiz açlykdan ölüp giderdik...Hiç bir çarh-da, hiç bir gazan-da ýurdy wagşylaryň dökülmesinden gorap bilmezdiler, kemsidilýänleriň arkasynda adalat bolup durup bilmezdiler.Şoň üçin hem, pähim-parasatlylyk bize Gün ýaly, gan ýaly, dem ýaly geregem bolsa, hemmämiz akyldar bolup bilmeris. Menes bu gezek sesini çykarmady. Pentuer çäge deňziniň, hasylly Nil jülgesiniň görnüşinden lezzet alyp, hudaý Nutuň ybadathanasynda birnäçe gün boldy. Menes bilen bilelikde ýyldyzlary synlady, suw susmaga niýetlenen çarhy gözden geçirdi, aram-aram piramidalara aýlanmaga gitdi. Ol öz halypasynyň gedaýlygyna we dahylygyna haýran galýardy, ýöne:«Menes, gürrüňsiz, ynsan sypatyndaky hudaý, şol sebäpli-de Ýerdäki durmuş hakda pikirlenmeýär. Ýöne onuň çarhy Müsürde derde ýaramaz. Sebäbi, birinjiden, bizde agaç ýetmezçilik edýär; ikinjiden, şeýle çarhy herekete getirmek üçin müňläp öküz gerek. Olar üçin bolmanda Ýokary Müsürde öri meýdany nirden tapjakmyşyň?» diýip içini gepledýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |