21:52 Faraon -31: romanyň dowamy | |
DOKUZYNJY BAP Abidosy terk eden Ramses XIII, ozal bolşy ýaly, derýa boýunça ýokarlygyna, biri Niliň gündogar, beýlekisi bolsa günbatar kenarynda oturan Tantaren (Dendera) hem-de Kenne şäherlerine çenli ýüzdi. Tantarende iki gözel ýer bardy: olaryň biri-hä keramatly krokodiller saklanýan howuzdy, beýlekisi-de ýokary žres mekdebi bolan Hator ybadathanasydy. Onda lukmançylygy, aýdym aýtmagy, hudaýa gulluk etmegiň düzgünlerini, iň soňunda-da, ýyldyzçylygy öwredýärdiler. Faraon iki ýerde-de boldy. Keramatly krokodilleriň alnynda hoşboý ys küketmäge özüni mejbur edenlerinde, ol gahardan ýarylaýjak boldy. Sebäbi olary porsy, samsyk jandar hasaplaýardy. Krokodilleriň biri özüne hormat goýulýan mahalynda kellesini suwdan çykaryp, dişi bilen eşiginden tutanda, Ramses onuň kellesine elindäki bürünç kadilo bilen jaýdar ýelmedi. Mahluk birsalym gözlerini ýumşuna, penjesini somaldyp ýaýratdy, soňra hatda aňryň hudaýdan gaýdýan jandaram bolsaň, ýaş hökümdaryň beýle zoňtarlygy bagyşlamajakdygyna düşünen ýaly, götinjekläp, suwa girip gitdi. Faraon ýokary žresden: — Meni dini masgaralan-a däldirin-dä? — diýip sorady. Keramatly ata jogap gaýtarmazyndan ozal gürrüňleriniň diňlenmeginden howatyrlanyp, töweregine göz gytagy bilen seretdi. — Hökümdar, seniň oňa beýle görnüşde hormat goýjakdygyňy bilenligimde, eliňe kadilo däl-de, serdesse tutdurardym. Bu krokodil tutuş ybadathanada iň bir ýaramaz mahluk...Ol bir gezek çagajyk tutdy... — Soňra-da parçaladymy? — Oň ata-enesi razy boldular... Faraon oýa batdy. Soňra: — Siz, akylly adamlar, özüňiziň hiç kim görmeýän mahaly degenekli taýak bilen ýençmäge taýýar haýwanlaryňyza nädip tagzym edip bilýärsiňiz? — diýip sorady. Ýokary žres ýene golaýda gulagyň ýokdugyna göz ýetirensoň, oň sowalyna jogap gaýtardy: — Hökümdar, ýeke-täk hudaýy ykrar edýän adamlaryň haýwanlaryň keramatlydygyna ynanýandyklary sende şübhe döredýän däl bolsaň gerek diýip pikir edýärin...Bu zat garamaýak halk üçin edilýär...Hamala, žresler hormat goýýan ýaly bolup görünýän öküz Apis tutuş Müsürde iň owadan, şeýle-de, biziň mallarymyzyň tohumyny saklaýan öküzdir. Ibisler bilen leglekler biziň meýdanlarymyzy maslyklardan arassalaýarlar. Pişikler syçanlary ýok etmek bilen, biziň bugdaý ätiýaçlyklarymyzy gorap saklaýarlar. Krokodillere bolsa biz Niliň suwunyň gowudygy üçin borçly, eger şolar bolmasa, biz zäherlenerdik. Oýlanmagy bilmeýän, hadan halk bu haýwanlaryň peýdasyna düşünmeýär, eger biz olary dini ýol bilen gorap saklamanlygymyzda, bary-ýogy bir ýylyň içinde gyryp tükederdiler. Ybadathanalaryň haýwanlary sarpalamagynyň, biziň olara tagzym etmegimiziň sebäbi, ine, şu. Biz halkyň diňe özüne peýda getirýändigi üçin hormat goýmaly jandarlaryna hoşboý ys tütedýäris. Faraon Hator ybadathanasynda lukmançylyk mekdebibiň howlusyna çalt aýlanyp çykdy, münejjimleriň bilgiçligini-de haýran galmazdan diňledi. Ýokary žres-münejjim özüne asmanyň kartasy haşamlanyp çekilen altyn tagtany görkezende, faraon ondan: — Siziň ýyldyzlar boýunça öňünden aýdýan zatlaryňyzyň hemmesi hasyl bolýarmy? — diýip sorady. — Kämahal hasyl bolýar. — Eger siz agaçlar, daşlar ýa-da suwuň hereketi boýunça öňünden aýtsaňyz, olar hem hasyl bolýarmy? Baş žres aljyrady. — Bize ýalançydyr öýtme. Biz adamlara geljekde näme garaşýandygyny aýdýarys; sebäbi bu olary gyzyklandyrýar, onsoňam, dogrusyny aýtsaň, adamlary ýyldyzçylykda diňe şu özüne çekýär. — Ýeri, onsoň sizi näme özüne çekýär? — Biz ýyldyzlaryň ýagdaýyny, hereketini öwrenýäris. — Ondan näme peýda bar? — Biziň Müsüre eden hyzmatymyz az-küş däldir. Biz jaýlaryň, ýaplaryň gazylmaly ugurlaryny kesgitleýäris. Biziň kömegimiz bolmasa, gämiler kenarlardan daşlaşyp bilmezdiler. Biz, şeýle-de, senenamalary düzýäris, bolup geçmeli asman hadysalarynyň möhletlerini kesgitleýäris. Mysal üçin, ýakyn wagtda Gün tutulmagyna garaşylýar... Ýöne Ramses oň gürrüňini soňuna çenli diňlemedi. Yzyna öwrüldi-de, oň ýanyndan gitdi. Ol: «Heý-de, şeýle çaga güýmenjesi üçin ybadathanalar gurlarmy? Üstesine, altyn tagtalarda nähilidir bir çyzgylar etmek...Keramatly kişiler işsizlikden, garaz, bolgusyz bir zatlary oýlap tapypdyrlar...» diýip oýlandy. Tantarende uzak eglenmedik faraon Niliň beýleki kenaryna, Kenne şäherine ýüzüp geçdi. Ol ýerde meşhur ybadathanalaram, hormatlanyp, alnynda hoşboý ys tütedilýän krokodillerem, ýüzünde ýyldyzlar şekillendirilen altyn tagta-da ýokdy; ýöne şäherde küýzegärçilik sungaty wesöwda gülläp ösendi. Kenneden Gyzyldeňziň ýakalaryna — Koseýr we Berenike şäherlerine iki uly ýol, heýkeller, gurluşyk üçin ullakan daş bölekleri getirilýän Porfir daglaryna-da bir ýol uzaýardy. Kennede finikililer juda köpdi. Olar faraony uly ruhubelentlik bilen garşyladylar we bahasy on talantlyk gymmatbaha zatlary sowgat berdiler. RamsesXII-niň keramatly mumyýasynyň eýýäm Luksor köşgündedigi, jaýlanmagyna garaşýandygy hakda Fiwydan habar gelip gowşansoň, özüniň gadyrly garşylanandygyna garamazdan, ol şäherde bary-ýogy ýekeje gün boldy. Şol zamanda Fiwy ullakan şäher bolup, tas on iki inedördül kilometr meýdany eýeleýärdi. Ol ýerde Müsürde iň beýik ybadathana bolan Amon ybadathanasy, ençeme jemgyýetçilik maksatly we hususy jaýlar ýerleşýärdi.Esasy köçeler inli, göni bolup, olara dörtburç daşlar düşelendi, Niliň kenarlarynyň uzaboýunadört-bäş gatly jaýlar hatara otyrdylar. Her bir ybadathananyň, her bir köşgüň öňünde beýik derwezeler pilonlary bilen howalanyp oturansoň, Fiwy „ýüz derwezeli“ adyny alypdy. Bu şäher ösen senetçiligi, söwdasy bilen bakylygyň bosagasy mysalydy, sebäbi garşyda, Niliň günbatar kenarynda jülgeleriň arasynda žresleriň, tanymal adamlaryň, patyşalaryň san-sajaksyz mazarlary bardy. Fiwi özüniň şanlylygy üçin iki faraona: Amenhotep III-ä ýa-da „ony küpürsäp ýatan toýunka alyp, ony daşdan şähere öwrüp giden“ Memnona hem-de Amenhotepiň başlan gurluşyklarynyň üstüni ýetiren, çygryny giňelden Ramses II-ä minnetdar bolmalydy. Niliň gündogar kenarynda, şäheriň gündogar böleginde haýbatlypatyşa köşjkleriniň, ybadathanalaryň tutuş mähellesi bolup, häzir olaryň harabasynda Luksor şäherjigi otyrdy. Faraonyň jesedi şol ýerde iň soňky däp-dessurlaryň berjaý edilmegine garaşýardy. Ramses XIII gelip ýetende, tutuş Fiwy ony garşylamaga çykdy. Öýlerde — diňe garrylardyr maýyplar, geçelgelerde bolsa — ogrular galdylar. Bärde ilkinji gezek halk atlary faraonyň arabasyndan boşadyp, ony özi çekip äkitdi. Bärde harda faraon ilkinji gezek özüni juda begendiren žresleriň adyna kineli, näletli sözleri, şeýle-de, ýedinji günüň dynç güni bolmalydygy hakda batly ses bilen edilýän talaplary eşitdi. Bu ony oýlanmaga mejbur etdi. Faraon Müsüriň halkyna sowgat etmekçi bolýan zady eýýäm agyzdan-agza geçip, halk onuň gyssagly ýerine ýetirilmegine garaşýandyr öýdüp pikir edenokdy. Geçilmeli aralyk bary-ýogy bir mile golaý bolsa hem, ýörüş birnäçe sagada çekdi. Sebäbi patyşanyň arabasy märekede juda köp saklanmaly bolýardy we onuň hormatlysynyň saýlama goşunyna ýerde ýüzin düşüp ýatan adamlary ýokary galdyrmak başardandan soňra ýoluny dowam etdirip bilýärdi. Ahyry patyşanyň bagyna ýetildi. Uly bolmadyk köşgi eýelän Ramses örän ýadaw bolansoň, şol gün döwlet işleri bilen meşgullanmady. Ertesi gün, baş patyşa köşgünde duran mumyýasynyň öňünde hoşboý ys tütedenden soňra, ol Herihora jesedi mazara geçirmäge ygtyýar edýändigini aýtdy. Ýöne bu iş derrew ýerine ýetirilmedi. Merhumy köşkden Ramsesiň ybadathanasyna geçirdiler. Ol şol ýerde bir gije-gündiz dynç aldy. Soňra ýas ýörüşi dabara bilen Amon-Ranyň ybadathanasyna ugrady. Jaýlanylma dessury edil Memfisdäki ýaly boldy, ýöne indi ol has şowhunlydy. Niliň sag kenarynda, şäheriň gündogar böleginde ýerleşýän patyşa köşklerini onuň demirgazyk böleginde ýerleşýän Amon-Ranyň ybadathanasy bilen ýeke-täk ýol birleşdirýärdi. Ol iki kilometr uzaklykdaky, äpet agaçlaroturdylan, bedeni-hä ýolbarsyňky, kellesi-de ýa-ha adamyňky, ýa-da goýnuňky bolan iki hatar sfinksler goýlan inli bagýodady. Şol sfinksleriň sany ýüzlerçedi. Bagýodanyň iki gapdalynda Fiwydan we daş-töwerekden ýygnanan san-sajaksyz märeke gysmyljyraşyp durdy, olaryň ortasyndan bolsa jaýlama ýörüşi gidip barýardy. Dürli ýygynlaryň orkestrleri, legzeban aýallaryň topary, aýdymçylar hory, şäher senetçilik we söwdagärlik guramalarynyň ählisi, öz hudaýlarydyr baýdaklaryny göteren onlarça welaýatlaryň wekilleri, Müsür bilen gatnaşyk saklaýan ondanam gowrak halklaryňwekilleri geçip barýardylar. Saz yzyna saz, ses edýän aýallar, žres horlary... Patyşanyň jesedini ýene-de altyn gaýykda alyp barýardylar, ýöne ol Memfisdäkä garanda has bezelendi. Sekiz jübüt ak öküz goşulan arabanyň beýikligi iki gat jaýa golaýdy. Olara otagalara, çemenlere gark boldy diýen ýalydy; ony düýeguşuň ýelekleri, gymmatbaha matalar bezeýärdi; ýakymly ysly şepbik ýakylan gapdan göterilýän tüssäniň goýy burugsysy göýä Ramses XII eýýäm hudaý ýaly bolup, öz halkyna bulutlar bilen gelýän deý täsir galdyrýardy. Fiwiniň ähli ybadathanalarynyň pilonlaryndan gök gümmürdisini ýatladýan güpürdi, galyň bürünç tagtalaryň hasratly zaňňyrdysy eşidilýärdi. Jaýlama ýörüşiniň giň, boş bagýodada müsürli harby serkerdeleriň gözegçiliginde juda berk tertip bilen geçýändigine garamazdan, köşgi Amon ybadathanasyndan bölüp aýyrýan iki kilometri geçmek üçin üç sagat gerek boldy. Diňe Ramses XII-niň mumyýasyny ybadathana eltenlerinden soňra, köşkden iki dyzmaç at goşulan altyn arabaly Ramses XIII çykdy. Bagýodanyň uzaboýuna duruşlaryna ýörüş mahaly asudalygy doly berjaý edýän märeke öz hökümdary görnenden howany sesler bilen şeýlebir doldurdy weli, ähli ybadathanalaryň pilonlaryndan eşidilýän gümmürdiler, bürünç tagtalaryň zaňňyrdysy oňa gark bolup gitdi. Şatlyk gurşap alan märeke bagýodanyň ortasyna ylgap baryp, faraonyň daşyny gallamaga taýýardy. Emma Ramses eli bilen yşarat edip adam akymyny saklady we dini dessuryň bozulmagynyň öňüni aldy. Çärýek sagat geçenden soň faraon Müsürde iň beýik ybadathananyň äpet pilonlarynyň öňünde saklandy. Luksoryň şäheriň gündogar çetinde patyşa köşkleriniň mähellesiniň bolşy ýaly, Karnak demirgazykda hudaýlaryň mähellesidi. Amon-Ranyň ybadathanasy Karnagyň merkezidi. Bu ymarat dört morg, ony gurşap alan baglar, howlular bolsa kyrk morga golaý meýdany tutýardy. Ybadathananyň öňünde beýikligi on gat bolan iki pilon durdy. Daşyny sütünler saklaýan galareýa gurşan howly ikimorga golaý,aýratynhukukly toparlar ýygnanýan sütünler zaly bolsa bir morg töweregi ýeri eýeleýärdi. Bu eýýäm aýratyn ymarat däl-de, eýsem, tutuş mähelledi. Şol zalyň ýa-da gipostiliň uzynlygy ýüz elli ädimdenem geçýärdi, ini-de ýetmiş bäş ädimdi. Onuň depesini bir ýüz otuz dört sütün saklap, olardan on iki merkezi sütüniň hersiniň ýogynlygy on bäş ädimdi, beýikligi-de alty gatly jaýa deňdi!.. Ybadathanada pilonlaryň ýanynda we keramatly howzuň depesinde ýerleşdirilen heýkeller degişli ölçegdedi. Faraona örän beýik derwezeleriň öňünde şol ybadathananyň ýokary žresi hormatly Herihor garaşýardy. Daşyny žresler gurşan Herihor hökümdary ulumsylyk bilen garşylady, öňünde hoşboý ys tütedýän mahaly hatda onuň ýüzüne seretmedem. Ol soňra faraony howlynyň içi bilen gipostile alyp gitdi we wekilleri ybadathananyň germewiniň çägine goýbermegi emir etdi. Gipostiliň ortasynda içinde merhum hökümdaryň jesedi goýlan gaýyk, onuň iki gapdalynda-da biri-birine bakyp, birmeňzeş beýiklikdäki iki tagt durdy. Olaryň birine daşyny harby serkerdeler, häkimler gallan Ramses XIII, beýlekisine-de töweregini žresler alan Herihor geçdi. Mefres Herihora Amenhotepiň mitrasyny berdi. Ýokary žresiň kellesinde patyşa hökmürowanlygynyň alamaty bolan altyn ýylany ikinji gezek görýän ýaş faraonyň gany depesine urup, ýüzi agardy. Ol: «Ureýi seň kelläň bilen bilelikde çykarmaly bolsam gerek!» diýip oýlandy. Emma Müsüriň bu iň beýik ybadathanasynda Herihoryň tüýküren tüýküligi ýere gaçmaýan hojaýyndygyny, hudaýlara deňdigini, tas faraonyň özündenem ýokarda durýan hökümdardygyny bilensoň, sesini çykarmady. Şol wagt märeke howlyny doldurdy, ybadathananyň beýleki bölegini garamaýak adamlardan bölüp aýyrýan goýy gyrmyzy perdäniň aňyrsynda arfanyň sesi ýaňlandy, ýuwaş aýdylýan aýdym eşidildi. Ramses töweregine seretdi. Depesinden düýbüne çenli suratlar bilen örtülen kuwwatly sütünleriň tutuş tokaýy, syrly ýagtylyk, ybadathananyň hol ýokarda asylyp duran depesi oňa ýürek gysdyryjy täsir edýärdi. Ol: «Aşgarly kölüň golaýynda duşmany ýeňeniň näme ähmiýeti bar? Şeýle ymarat gursaň, ine, bu gahrymançylyk! Muny şular gurupdyr ahyry!..» diýip oýlandy. Ýaş faraon şol pursatda žresleriň toparynyň kuwwatyny duýdy. «Eýsem, özi, goşuny, hatda tutuş halk şu ybadathanany weýran etmegi başararmyka? Ýöne ymaratyň hötdesinden gelmek kyn düşjek bolsa, heý, ony guranlar eýgedermi?..» Baş žres Mefresiň sesi ony ýakymsyz pikirleriň içinden çykardy: — Hökümdar, sen, hudaýlaryň hormata mynasyp syrdaşy (ol Herihora tagzym etdi), siz, häkimler, mürzeler hem-de ýönekeý halk! Şu ybadathananyň hormata mynasyp ýokary žresi Herihor bizi gadymy däbimize görä, merhum faraonyň Ýerdäki işlerini seljermek, onuň jaýlanylmaga mynasypdygyny ýa-da däldigini aýan etmek üçin çagyrdy... — diýdi. Faraonyň bu sözlere ýeňsesi gatady. Özüne bärde äsgermezlik bilengaraýanlary azmyka, olar kakasynyň işini seljermäge, jaýlanylmagy hakdaky meseläni çözmäge neneň het edip bilýärler? Ýöne ol özüni ele aldy. Sebäbi bu edil Müsür nebereleri ýaly gadymy dessur bolup, aslynda kazyýet seljerilmesi däl-de, merhumy öwmekdi. Ýokary žresler Herihoryň yşaraty boýunça oturgyçlarda ornaşdylar. Ramsesiň tagtynyň daşyny gallan häkimler ýer ýetmänsoň, öňküleri ýaly dik durmaly boldular. Faraon bu kemsidilmäni-de düwünçegine düwüp goýdy; ýöne ol özüne şeýlebir erk edýärdi weli, golaý adamlarynyň kemsidilişine üns berip-bermändigini ýüzünden aňjak gümanaň ýokdy. Keramatly Mefres ýogalan hökümdaryň ömrüni seljerip ugrady: — Ramses On ikinji kyrk iki günäniň hiç birini etmedi, şonuň üçin hem, hudaýlaryň kazyýeti oňa merhemetli höküm çykarýar. Patyşanyň mumyýasynyň žresleriň aýratyn aladasy netijesinde ähli dogalar, maslahatlar bilen üpjün edilendigi sebäpli, aradan çykan faraonyň eýýäm hudaýlaryň mesgeninde, Osirisiň ýanyndadygyna şübhe bolup bilmez. Onuň özi —Osiris. Ramses On ikinjiniň hudawy tebigaty eýýäm onuň Ýerdäki durmuşynda ýüze çykypdy. Ol otuz ýyldan gowrak patyşalyk sürdi, halka uzak, mizemez asudalyk berdi, ençeme ybadathanalary ýa-ha özi gurdy, ýa-da gurlup başlananlaryny soňuna çenli alyp bardy. Mundan başga-da, onuň özi ýokary žres bolupdy, özüniň takwalygy bilen olaryň arasyndaky iň bir dindar adamlardanam rüstem gelipdi. Onuň patyşalyk eden döwründe hudaýlary şöhratlandyrmak hem-de keramatly žresler toparynyň mertebesini galdyrmak hakdaky alada ilkinji orunda durupdy. Munuň üçin asman güýçleri oňa merhemet edipdiler, Fiwiniň hudaýlarynyň biri Honsu bolsa faraonyň haýyşyny bitirmegi özüne kiçilik bilmän, hatda Buhten ýurdunda bolup görüpdi, ýaramaz ruhy kowup, patyşanyň hassa gyzyny aýaga galdyrypdy. Mefres demini dürsgäp, sözüni dowam etdirdi: — Merhemetli Ramses On ikinjiniň hudaý bolandygyny size subut edendigim üçin, «Bu iň ýokary adam näme maksat bilrn Müsür topragyna gelmäge razy bolupdyr hem-de bärde onlarça ýyly geçiripdir?» diýip sorarsyňyz. Ol muny ynamyň gowşamagy sebäpli pese düşen oňat gylyk-häsiýetleri dikeltmäge gelipdir. Sebäbi häzir din hakda kim pikirlenýär? Hudaýlaryň emrini ýerineýetirmek hakda kim alada edýär? Uzakdaky demirgazykda kuwwatly assiriý halky bar. Ol diňe gylyjyň güýjüne ynanýar, özüni pähim-parasatly bolmagy öwrenmäge, hudaýlara gulluk etmäge bagyş etmegiň deregine küýi-köçesi beýleki halklary basyp almak. Bize golaýrakda finikiýler ýaşaýarlar; olar üçin hudaý — tylla, hudaýa gulluk etmegem — ýalançylyk bilen süýthorlyk. Beýleki halklary-da agzaýyn: gündogarda hettler, günbatarda liwiýler, günortada efioplar, Ortaýer deňzinde grekler bolup, olaryň hemmesi wagşy hem-de garakçy. Bular işlemegiň deregine talaňçylyk bilen meşgullanýarlar, pähim-paýhasda kämilleşmegiň deregine içýärler, oýun çöpi oýnaýarlar ýa-da ýadaw haýwan ýaly bolup, kellelerini galdyrman ýatýarlar. Dünýädedindar, akylly ýeke-täk halk müsür halkydyr. Ýöne bärde-de näme bolýandygyna serediň! Hudaýsyz kese ýerlileriň dökülmegi bilen, biziň ynamymyz gowşady. Tanymal hem-de ýokary derejeli adamlar bir küýze çakyryň başynda hudaýlara, baky ömre dil ýetirýärler, halk bolsa keramatly heýkellere hapa zyňýar, ybadathanalarda hudaýýoly berenok. Dindarlygyň ornuny — bol-telkilik, akyllylygyň ornuny — azgynlyk eýeledi. Her kimiň ullakan ýasama saç göteresi, endamyna hoşboý ysly ýag çalasy, zerli matadan tikilen köýnek, öňlük geýesi, altyn bilezik, ýüzüne gymmatbaha daşlar tutulan dür düzümini dakynasy gelýär. Indi ol bugdaýdan bişirilen çörege kanagat edenok, oňa ýany süýtli, bally köke gerek. Ol aýagyny buza bilen ýuwýar, teşneligini bolsa deňizden aňyrdan getirilen çakyr bilen gandyrýar. Ine, şu sebäpli hem, tanymal adamlaryň hemmesi bergili gezip ýörler, halkyň agyr işden sütüni süýnýär, üstesine, ýenjilmelere-de dözýär, eýlede-beýlede gozgalaň tutaşýar. Meniň «eýlede-beýlede» diýip gümansyratmam näme? Soňky wagtlarda Müsüriň hemme ýerinde nätanyş adamlar tarapyndan gižželenilýän halk: «Bize her ýedinji gün dynç beriň! Bizi kazyýetsiz urmaň! Ähli kişä bir bölejik ýeri hususyýetçilige beriň!..» diýip, talap edip ugrady. Bu döwletiň ýumrulmagyna howp salýar, şonuň üçin hem, ýurdy bu beladan halas etmeli. Bizi halas etjegem diňe dindir! Sebäbi din bize halkyň işlemelidigini, hudaýlaryň emrini bilýän keramatly kişileriň olara ýol görkezmelidigini, faraondyr onuň welmožalarynyň bolsa işiň ak göwünden ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmelidigini öwredýär. Hudaýa deň bolan Osiris-Ramses On ikinji ýurdy şu esasda dolandyrypdy.Biz, ýokary žresler bolsa, onuň dindardygyny ykraredip, mazarynda hem-de ybadathanalarda: «Öküz Gor, kuwwatly Apis, iki patyşalygyň täjini birleşdiren altyn gyrgy, gylyç bilen dolandyran, dokuz halky dyza çökeren, Ýokarky we Aşaky Müsüriň patyşasy, iki dünýäniň hökümdary, Amon-Ra tarapyndan eý görlen, ýurduň paýtagty Fiwynyň hojaýyny we hökümdary, Goruň öweý ogly, Gormahis bolup doglan, dokuz halkyň üstünden agalyk sürýän Müsüriň patyşasy, Finikiýanyň hökümdary, Günüň ogly Meri-Amon-Ramses»34diýip ýazarys. Duranlar bu teklibi şowhunly sesler bilen goldadylar. Şol wagtda perdäniň aňyrsyndan tansçy zenanlar atylyp çykyp, daş tabydyň öňünde mukaddes tansy ýerine ýetirdiler, žresler bolsa hoşboý ys tütetdiler. Soňra mumyýany gaýykdan çykardylar w Amonyň ybadathanasyna eltdiler. Indi Ramses XIII-niň ol ýere girmäge haky ýokdy. Basym kilisede ybadat etme tamamlandy, duranlar ybadathanany terk etdiler. Luksora köşgüne dolanyp gelen hökümdar şeýlebir pikire gark bolupdy weli, ne-hä san-sajaksyz märekäni görýärdi, ne-de olaryň seslerini eşidýärdi. Ramses: «Özüňi aldamak nämä gerek? Ýokary žresler meni asla äsgerenoklar; häzire çenli hiç bir faraon şeýle ýagdaýa duçar bolmandy. Olar hatda maňa nädenimde gaýtadan özleriniň merhemetini gazanyp biljekdigimi görkezýärler. Žresler-ä döwleti dolandyrmalymyşyn, menem «lepbeý» diýip, diňe olaryň buýruklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelimişim...Ýok, beýle bolmaz, buýrugy men bererin, siz bolsa ýerine ýetirersiňiz. Hawa, şeýle bolar! Men ýa-haölerin, ýa-da özümiň patyşa aýagymy siziň ýognap giden boýnuňyza goýaryn!» diýip oýlanýardy. Ramses XII-niň keramatly mumyýasy Herihor bilen Mefresden başga hiç kimiň, hatda ýokary žresleriň-de girmäge hukugy bolmadyk mukaddes ýerde iki gün ýatdy. Merhumyň öňünde diňe birje çyra ýanyp, onuň ýalny täsin usul bilen täzelenip durlansoň, asla öçenokdy. Ýokarda kalbyň alamaty bolan adam kelleli guş pelpelleýärdi. Onuň aýratyn mekir gurluşdygyny ýa-da, hakykatdanam, janly guşdugyny aýtmak kyndy. Bir zat şübhesizdi: perdäniň aňyrsyna jyklamaga ýürek edip bilen žresler onuň agzyny açyp, gözlerini oýnakladyp, howada diregsiz asyl-asyl bolup durandygyny görüpdirler. Soňra ýas ýörüşi gaýtadan ýola düşdi. Altyn gaýyk merhumy Niliň beýleki kenaryna alyp gitdi. Žresler, söweşijiler, legzeban aýallar, aýdym aýdýan horlar gurşan köp adamly ýörüş Fiwynyň esasy köçesinden barýardy. Ol tutuş Müsür patyşalygynda iň owadan köçe diýip aýdyp boljakdy: inlidi, tekizdi, iki tarapyna agaçlar oturdylandy. Dört hatda bäş gatly jaýlaryň ýokarsyndan aşagyna çenli mozaika tutulandy, reňklenen barelýefler bilen örtülendi. Göýä şol ymaratlarda söwdagärleriň, senetçileriň, deňizde ýüzüjileriň, uzakdaky ýurtlardyr halklaryň durmuşyny şekillendirýän äpet suratlar ýa-da dürli reňkli halylar asylyp goýlan ýalydy. Bir söz bilen aýdylanda, ol köçe däl-de, adamkärçiliksiz çekilen, reňkleri çakdanaşa bol ulanylan suratlaryň gutarnyksyz galareýasydy. Jaýlama ýörüşi demirgazykdan günorta iki kilometre golaý ýol geçdi. Ol, takmynan, şäheriň ortasynda saklanyp, günbatara Nile tarap öwrüldi. Şol ýerde derýanyň ortasynda uly ada bolup, oňa ýüzýän köpri bilen barylýardy. Ýörüşe ýolbaşçylyk edýän harby serkerdeler heläkçilik bolmaz ýaly, her hatara dört adam goýup, ýörüşi gaýtadan düzdüler; soňra adamlaryň hemmesiniň sazlaşykly gadam urmazdan, juda haýal hereket etmelidigini buýurdylar. Käbir toparlaryň öňüni çekip gelýän orkestler şu maksat bilen, hersi başga bir taktda çaldylar. Aradan birnäçe wagt ötdi; ýörüş ilkinji köprini, soňra adalary, ondan soň ikinji köprini geçip, Niliň çep, günbatar kenarynda peýda boldy. Eger Fiwynyň gündogar ýarysyny hudaýlar bilen patyşalaryň şäheri diýip atlandyryp bolsa, günbatar ýarysy beýik ybadathanalar bilen mazarlaryň şäheridi. Ýörüş merkezi köçe bilen Nilden daga tarap barýardy. Bu ýoluň günortasynda Ramses III-niň ýeňişleriniň hormatyna galdyrylan ybadathana durdy; ybadathananyň diwarlary tabyn edilen halklaryň: hettleriň, ammoreýalylaryň, filistimlileriň, efioplaryň, araplaryň, liwiýleriň şekilleri bilen örtülendi. Birneme aşakda Amenhotep II-ni şekillendirýän, beýikligi bäş gatly jaýa barabar bolan iki ägirt uly heýkel howalanyp durdy. Heýkelleriň biri täsin häsiýete eýedi: dogan Günüň şuglasy depesine düşen mahaly kirişleri ýolunýan arfanyň sesine meňzeş ses çykarýardy. Ýoluň has golaýynda, onuň hem çep tarapynda Ramsesseum – Ramses II-niň gatybir uly bolmadyk, emma owadan ybadathanasy bardy. Oň öňüni heýkeller goraýardylar. Howluda Ramses II-niň dört gatly jaýyň beýikligindäki heýkeli abanyp durdy. Ýol assa-ýuwaş daga golaýlap baransoň, deşikler bilen persala edilip, öýjükli sürteje meňzäp giden dik belentlikler mesaňa-mälim görünýärdi. Olar Müsüriň tanymal adamlarynyň mazarlarydy. Bularyň öňünde, kert gaýalaryň arasynda hudaý aýal Hatasunyň geň galdyrýan ybadathanasy durdy. Ymarat uzynlygyna dört ýüz elli ädimdi. Daşyna diwar aýlanan howludan basgançaklar boýunça sütünler bilen gurşalan, ýerasty ybadathanasy bolaniçki howla aralaşyp bolýardy. Sütünli howludanam ýene basgançaklar gaýada çapylyp edilen ybadathana alyp barýardylar; şol ybadathananyň aşagynda-da ýerasty jaýlar bardy. Şeýlelikde, ybadathana iki gatdan: aşaky we ýokarky gatdan ybarat bolup, olaryňam hersi şeýle gatlara bölünýärdi. Basgançaklar uludy; iki hatar goýlan sfinksler germeçleriň ýerini tutýardylar. Her basgançaga girelgäni biri sag, beýlekisi sol tarapda oturan görnüşdäki iki heýkel goraýardy. Hatasu ybadathanasynyň eteginde hopukdyryjy jülge başlanyp, ol welmožalaryň mazarlaryndan patyşalaryň mazarlaryna alyp barýardy. Bu iki ýeriň arasyndaky çäkde ýokary žres Retemenofyň gaýada çapylyp edilen mazary bardy. Onuň zallary we dälizleri iki morga golaý ýer eýeleýärdi. Ýol daga jülgäniň raýyşlarynyň biri bilen galýardy; egrem-bugramlykdan kert gaýa çykmak agyr düşensoň, adamlar hem-ä arabany çekip barýan öküzlere kömek etmeli, hem-de içi jesetli gaýygy itmeli bolýardylar. Olar ahyry jülgäniň düýbünden on gat jaýdanam artyk belentlikdäki giň meýdana çykdylar. Bu ýerde faraonyň otuz ýylyň dowamynda özi üçin gurduran ýerasty mazaryna girelge bardy. Içinde patyşanyň özi, maşgalasy, hyzmatkärleri üçin otaglar, ýatyş otaglary, suwa düşülýän ýerler, dürli hudaýlara niýetlenen çaklaňja ybadathanalar, iň soňunda-da, guýy bolan mazar giden köşgi ýada salýardy; guýynyň düýbünde ýörite ýer bolup, faraonyň mumyýasy şol ýerde baky uka gitmelidi. Gysga taýaklara berkidilip, ýanyp duran çyranyň ýagtysyna doga-dileglerden, patyşanyň amala aşyran ähli işlerini, güýmenjelerini (patyşanyň awa çykyşy, ybadathanalardyr nowhanalaryň gurluşygy, dabaraly ýörüş, hudaýlaryň hormatyna dabara, duşmanlar bilen söweş, onuň tabynlygyndakylaryň işleýişleri) şekillendirilen suratlardan doldurylan otaglar görünýärdi. Otaglarda diňe bir agaç goşlar, gap-gaçlar, söweş arabalary, güller, her hili kökeler, etdir çakyrlar bolman, eýsem, heýkellerem köpdi. Olar Ramses XII-niň, onuň žresleriniň, hökümet agzalarynyň, aýallaryň, söweşijileriň we gullaryň şekilleridi; sebäbi patyşanyň o dünýäde-de gymmatbaha gap-gaçsyz, datly tagamsyz, wepaly gulsuz oňmajagy bellidi. Jaýlama ýörüşi mazaryň girelgesiniň agzynda saklananda, žresler patyşanyň mumyýasyny daş tabytdan çykaryp, arkasyny gaýa tarap edip, ýerde oturtdylar. Ramses XIII kakasynyň jesediniň öňünde hoşboý ys tütetdi, şa aýaly Nikotrisa bolsa mumyýany gujaklady-da, aglap, sanawaç sanap ugrady: — «Men — seniň aýal doganyň, seniň aýalyň Nikotrisa. Eý, beýik, sen meni taşlama! Sen, näme, meniň hoşgöwün kakam, hakykatdanam, bärden gitmegimi isleýämiň? Eger men gitsem, sen ýalňyz galarsyň-a! Ýanyňda kim boljakmyşyn seniň?..»35 Mundan soň ýokary žres Herihor mumyýanyň öňünde hoşboý ys tütetdi, Mefres bolsa çakyr dökmek dessuryny bitirdi. Ol: — Ýokarky we Aşaky Müsüriň hökümdary, beýik hudaýyň alnynda dindar sesli Osiris-Meri-Amon-Ramses, biz bu sadakany saňa ekiz taýyň meňzeşe getirýäris! — diýdi. Legzeban zenanlar bilen žresleriň hory onuň yzyny alyp göterdiler. Birinjihor: «Hasrat çekiň, hasrat çekiň, aglaň, möňňüriň, ýadamazdan güýjüňizde baryndan ses ediň!» Legzebanlar: «Eý, öz ädimlerini bakylygyň ýurduna gönükdiren belent mertebeli ýolagçy, seni bizden şeýle çalt aýyrýarlar!» Ikinji hor: «Oň bilen bolup geçýän zatlar, gör, nähili ajaýyp, gör, nähili täsin! Ol Fiwydan bolan hudaý Honsuny söýensoň, hudaý oňa öz gullarynyň ugratmagynda Günbatara ýetmäge ygtyýar etdi». Legzebanlar: „«ýän ýerde bolarsyň. Sen, ýuka eşikleri geýen, täze içki eşikleri halan, indi düýnki eşigiňde ýatyrsyň!..» Birinji hor: «Günbatara sag-aman, sag-aman git, eý, biziň jenabymyz! Sag-aman git...Bakylyk güni gelip ýetende biz seni gaýtadan göreris, sebäbi sen ähli adamlary biri-biri bilen birleşdirýän ýurda barýarsyň».36 Iň soňky dessur başlandy. Öküz bilen keýik getirildi. Olary Ramses XII öldürmeli bolsa hem, hudaýlaruyň öňündäki orunbasary, ýokary žres Sem öldürdi. Derejesi pes žresler derrew etileri pudarladylar. Soňra Herihor bilen Mefres olaryň hamyny alyp, mumyýanyň agzyna tutdurdylar. Ýöne mumyýa entek jan girmänsoň, agzy-da ýumuk bolansoň, ony iýmek islemedi. Onsoň Mefres ony arassa suw bilen ýuwdy, hoşboý ys, zäk tütedişine: — «Ynha, meniň kakam dur, ynha, Osiris-Meri-Amon-Ramses dur. Men — seň ogluň, men — Gor, seni arassalamak hem-de saňa ömri gaýtaryp bermek üçin ýanyňa gelýärin...Men seniň bölek-bölek edilen beden agzalaryňy ýene ýerbe-ýer goýýaryn, berkidýärin, sebäbi men — Gor, öz kakamyň aryny alyjy. Sen her säher Rany ýaradýan, her günde edil Ra ýaly edip Meri-Amon-Ramsesi ýaradýanNutdan gelip çykýan Ranyň tagtynda döş gaýşardyp otyrsyň» diýdi.37 Baş žres bu sözleri aýdyp, dogalary mumyýanyň dodagyna, gursagyna, aýagyna degirdi. Ýene hor ýaňlandy. Birinji hor:«Osiris-Meri-Amon-Ramses mundan beýläk hudaýlaryň iýip-içýän zatlarynyň hemmesini iýip-içer. Ol indi şolaryň ýanynda oturar. Ol hudaýlar ýaly sagdyn, güýçli...». Ikinji hor: «Oň ähli beden agzalarynyň güýji dyňzap dur; aç bolup, hiç zat iýip bilmezlik, teşne bolup, suw içip bilmezlik oňa agyr düşýär...». Birinji hor: «Eý, hudaýlar! Osiris-Meri-Amon-Ramsese müň-müňläp küýze çakyr, müňläp egin-eşik, çörek, öküz beriň...». Ikinji hor: «Eý, siz, bärden geçjek ýagty jahanda ýaşaýanlar, eger size ömrüňiz eziz, ölümem ýigrenji bolsa, eger siz öz ýokary derejäňiziňnesilleriňize geçmegini isleýän bolsaňyz, şu ýerde jaýlanan merhuma doga okaň!» Mefres:«Eý, siz, beýikler, eý, siz, pygamberler, şazadalar we knýazlar, faraon we mürzeler, menden million ýyl soňra geljek adamlar, eger siziň araňyzda kimdir biri öz adyny meniň adym bilen çalyşsa, hudaý ony näletlär, ony Ýer ýüzünden süpürip aýrar».38 Bu dogadan soňra žresler gysga taýagyň ujuna berkidilen çyralary ýakdylar, patyşanyň mumyýasyny alyp, ýene gapyrjaga saldylar-da, gapyrjak bilen bilelikde adam bedeniniň görnüşindäki daş tabytda ýerleşdirdiler. Soňra legzeban aýallaryň towuş etmeklerine, garşylyk görkezmeklerine garamazdan, örän agyr tabydy mazara äkitdiler. Çyralaryň ýagtysyna birnäçe dälizi, otagy geçip, ahyry içinde guýy bolan otagyň ýanynda saklandylar. Žresler daş tabydy şol guýa goýberdiler, özleri-de onuň yzy bilen ýeriň astyna girdiler.Şol ýerde daş tabydykiçijik otagjykda goýdular-da, derrew daş örüp, deşiginişeýlebir petiklediler weli, iň bir ýiti gözüňem mazary görjek gümany ýokdy. Soňra olar ýokary çykyp, guýynyň agzyny-da şeýdip berk petiklediler. Žresler bu işi diňe özleri bolup, şaýatsyz, üstesine-de, juda yhlas bilen bitirdiler weli, Ramses XII-niň mumyýasy henize bu güne çenli özüniň syrly mesgeninde baky ukuda ýatyr; ony ne-hä ogrular, ne-de häzirki zamanyň barlagçylary bimaza edýärler. Dokuz ýüzýyllygyň dowamynda patyşa mazarlarynyň telimsi talandy, emma muňa el degren bolmady. Žresleriň bir topary dindar faraonyň jesedini gizlin ýerde petikleýän mahaly, beýleki topar ýerasty otaglary ýagtylandyryp, dirileri nahara çagyrdy. Ramses XIII, şa aýaly Nikotrisa, Sem, onlarça raýat we harby ýokary derejeli adamlar nahar içilýän ýere geçdiler. Otagyň ortasynda üstünde dürli iýmit, çakyr, gül goýlan stollar durdy, diwaryň öňünde bolsa ýurduny täzelän hökümdaryň porfirden çapylyp ýasalan heýkeli otyrdy. Ol gussaly ýylgyryp seredişine, ýygnananlary nahara çagyrýan ýalydy. Dabara mukaddes tans bilen başlandy. Uly žres zenanlaryň biri onuň gapdalyndan aýdym aýdýardy: «Bagtly günleri peýdalanyň, sebäbi ömür diýeniň bir pursatlykdyr. Bagtdan peýdalanyň, sebäbi gabra girseňiz, siz ol ýerde hemişelik ukuda bolarsyňyz we garaňky ýerdäki günleriň soňy gelmez!..». Žres aýaldan soňra gezek pygambere ýetdi. Ol arfanyň owazyna goşup, aýdym bilen gürledi: «Ömür diýeniň hemişelik üýtgemedir, hemişelik täzelenmedir. Şoňa laýyklykda, bir bedeniň harap bolmagy we ýitmegi bilen, oň ýerne başgasynyň gelmegi pelegiň çuň manyly kanunydyr, Osirisiň geň galaýmaly öňünden kesgitlemesidir. Bize çenli ýaşap öten faraonlar öz piramidalarynda baky ukuda ýatyrlar;olaryň bina eden köşkleri hamala ozal bolmadyk ýaly, öňki ýerlerindentapjak gümanaň ýok, ýöne mumyýalarydyr özlerine ekiztaýy meňzeşleri weli saklanypdyrlar... Gam-gussa batma-da, öz islegleriňe, şatlyklaryňa eýer, seniňem ýasyň tutuljak gün gelýänçä ýüregiňe biderek ezýet berme, ýüregi indi urmaýan Osiris bolsa şikaýatlara, haýyşlara gulak asmak islemeýär. Tutuş dünýäniň gaýgy-hasraty gabyrda ýatan adamyň bagtyny gaýtaryp getirip bilmez. Bagtly günleriň hözirini gör, lezzet almaga ýaltanma. Öz emlägini o dünýä alyp gidip biljek adam ýokdur, şol ýere gidip, yzyna dolanyp gelen ýokdur...».40 Nahar iýişlik tamamlandy. Saçak başynda jem bolan sylagly adamlar merhumyň heýkeliniň öňünde ýene bir gezek hoşboý ys tütedip, Fiwä dolandylar. Mazaryň çaklaň ybadathanasynyň ýanynda diňe faraona yzygiderli sadaka bermek üçin žresler hem-de mazary ogrulardan goramak üçin garawullar galdylar. Indiden beýläk gizlin mesgeninde Ramses XII-niň ýalňyz özi bolmalydy. Daşda ýaşyryn goýlan kiçijik penjireden oňa öçügsi ýagty düşýärdi. Öňki hökümdaryň depesinde düýeguşlaryň ýelekleriniň deregine ullakan ýarganatlaryň ganatlary ses edýärdiler. Gije bolsa sazyň deregine syrtlanlaryň goh-galmagaly, aram-aram çölden gabra gelip düşen faraony garşy alýan ýolbarsyň güýçli arryldysy ýaňlanýardy. ONUNJY BAP Faraon jaýlanandan soňra Müsür-ä adaty durmuşyna, Ramses XIII bolsa — döwlet işlerine dolanyp geldi. Taze hökümdar epifi aýynda Fiwynyň aňyrsynda Niliň uzaboýuna ýerleşýän şäherlere aýlandy. Ol senagatyň, söwdanyň gülläp ösen, «ýagtylygyň kalby» diýlip atlandyrylýan hudaý Hnumyň ybadathanasy ýerleşen Sin şäherinde, on gat pilonly, papiruslaryň örän uly kitaphanasyna eýelik edýän ybadathanaly Edfu şäherinde boldy; onuň diwarlarynda häzirki zamanyň geografiýa, ýyldyzçylyk, diniň taglymaty ylymlarynyň belli bir derejede ensiklopediýasy çyzylandy w çekilendi. Ol Hennudaky daş döwülýän ýerde bolup gördi; Nubi ýa-da Kom-Omb şäherine baryp, ýagtylygyň hudaýy Goruň we tümlügiň hökümdary Sobegiň hormatyna sadaka berdi. Gara gaýalaryň arasynda zümerret ýaly bolup ýaşyl öwsüp oturan Abu adasyna baryp gördi. Ol ýerde iň gowy hurmalar ýetişen eken, esasy söwda piliň gyýagyny satmak bolansoň, şäher «pilleriň şäheri» diýlip atlandyrylýardy. Hökümdar Niliň ilkinji bosagasynda ýerleşýän Sunnuşäherine,şeýle-de, ullakan granit we goňrumtyl-sary reňkli daşlar döwülýän ýerlerebardy;adamlar suwa ezilen agaç pahnalar bilen gaýalaryň mähnet daşlaryny goparýardylar. Müsüriň täze hökümdary nirede peýda bolsa hem, raýatlar ony uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýardylar. Hatda daş döwülýän ýerlerde işleýän, yzygiderli ýenjilmeden ýaňa bedenleri ganjaryp duran daş döwüjilerem faraonyň işden üç gün boşatmagy emir edendigi üçin bagtyýardylar. Ramses XIII göwni hoş bolmaga, buýsanmaga haklydy: hiç bir faraonyhatda dabaraly ýörüş mahalynda-da şeýle garşy alan däldirler! Ýogsam bolmanda bu bir täze hökümdaryňkeýpine edýän gezelenji ahyry! Häkimler, mürzeler, žresler halkyň täze faraona bimöçber söýgüsini görüp, öz aralarynda: — Garamaýak halk diýeniň öküzdir, biz bolsa akylly, işeňňir garynjadyrys. Öz sagdynlygymyzdan lezzet almak, öýlerimizi abadan, abat saklamak üçin täze hökümdary hormatlalyň — diýişýärdiler. Şeýlelikde, welmožalaryň sanlyja aý ozal görkezen güýçli garşylygy häzir tabynlyk bilen çalşypdy. Saýry adamlaryň topary, žresleriň topary Ramses XIII-niň alnynda ýüzin düşüp ýatýardylar. Diňe Mefres bilen Herihor boýun egmezekligine galypdylar. Faraon Sunnudan gelen güni baş gaznaçy oňa ýaramaz habar getirdi: — Ybadathanalaryň hemmesi gazna karz bermekden ýüz öwürdiler hem-de özlerinden alnan karzy iki ýylyň dowamynda üzmek hakda görkezme bermegi siziň hormatlyňyzdan örän haýyş etdiler. Faraon: — Düşünýän. Muňa keramatly Mefresiň assyryn hereketi diýerler. Biz olara näçe bergili? — diýip sorady. — Elli müň talanta golaý. — Diýmek, biz iki ýylyň dowamynda elli müň talant tölemeli...Ýene näme aýtmakçy? — Salgytlaryň gelip gowşuşynyň ugry ýok. Ynha, eýýäm üç aýdyr, biz alynmaly salgydyň diňe dörtden birini alýarys. —Näme sebäpden beýle? Gaznaçy aljyrady. — Bi...neme...men haýsydyr bir adamlaryň seniň patyşalygyňda indi salgyt tölemän gezip bilýändiklerini daýhanlara ynandyrandyklaryny eşitdim. Ramses güldi. Batly ses bilen: — O-ho-how! Şol haýsydyr bir adamlaryň aňyrsynda hormata mynasyp Herihor jyklaýap duran ýaly-la! Ol meni açlyk bilen öldürmekçi bolýan-adäldir-dä?..Siz gündelik çykdajylara puly nireden alýarsyňyz? — diýdi. — Hiramyň görkezmesi boýunça finikiýler bize karz berýärler. Biz eýýäm sekiz müň talant aldyk. — Onsoň olara dilhaty berýäňizmi? Gaznaçy uludan dem aldy. — Dilhaty-da berýäris, girew-de goýýarys...Olar: «Bu zatlar hälki bir delil üçin» diýselerem, seniň mülkleriňde ýerleşýärler, daýhanlardan alyp bolaýjak zatlaryň hemmesini alýarlar. Halkyň özüni garşylaýşyna we welmožalaryň amana gelendigine göwni göterilen faraon hatda Herihor bilen Mefrese gaharlanmagyny bes etdi. Gahar-gazabyň döwri ötüpdi, hereket etmegiň döwri gelip ýetipdi. Ine, onsoň Ramses şol günüň özünde etjek işlerini anyklady. Ol ir bilen beýlekilere garanda artyk ynanýan adamlary bolan ýokary žres Semi, pygamber Pentueri, ýegre dosty Tutmosy hem-de finikiý Hiramy ýanyna çagyrdy. Olar jem bolanda: — Ybadathanalaryň meniň baky ýaşaýan kakamyň özlerinden alan karz puluny yzyna gaýtarmagy talap edendikleri, megerem, size mälim bolsa gerek. Borçlaryň hemmesi mukaddes, hudaýlara borjy bolsa meniň beýlekilerden ozal üzesim gelýär...Ýöne hatda salgytlaryňam yzygiderli gelip gowuşmaýandygy sebäpli meniň gaznamyň düýbi görnüp ýatyr. Şol sebäpli men döwlet howp içinde bolup, Ötlem-ötlem jaýda saklanýan hazynalardan almak üçin ýüz tutmaga mejbur bolýar diýip hasap edýärin... — diýdi. Žresler oturan ýerlerinde ynjalyksyz halda gozganyp başladylar. Faraon gürrüňini dowam etdirdi: — Ötlem-ötlem jaýyň ýerzeminlerini açar ýaly, biziň mukaddes kanunlarymyz boýunça meniň buýrugymyň ýeterlik däldigini bilýän. Emma şol ýerdäki žresler maňa näme etmelidigini öwretdiler: men Müsüriň ähli toparlarynyň hersinden öz islegimi tassyklar ýaly on üç wekil çagyrmaly...— faraon bu sözleri aýdýan mahaly kinaýaly gülümjiredi we sözüni jemledi.— Men şu gün sizi toparlaryň wekilleriniň ýygnagyny çagyrmaga ýardam bermäge çagyrdym. Size şu zatlary emir edýärin: sen, hormata mynasyp, Sem, on üç žres, on üç häkim ýygnamaly; sen, dindar Pentuer, dürli welaýatlardan on üç daýhan, on üç senetçi getirmeli; Tutmos on üç serkerde bilen on üç tanymal adam alyp geler; Hiram bolsa on üç söwdagäriň başyny jemlemek bilen meşgullanar. Men şol ýygnagyň mümkin boldugyça basymrak meniň Memfisdäki köşgümde geçirilmegini, boş lakgyldylara wagt ýitirmän, Ötlem-ötlem jaýyň meniň gaznama serişde bermelidigi hakda karar edilmegini isleýän... Baş žres Sem: — Hökümdar, seniň ygtyýar bermegiň bilen, şol ýygnaga hormata mynasyp Herihor bilen hormata mynasyp Mefresiň gatnaşmalydygyny, olaryň Ötlem-ötlem jaýdan hazynanyň alynmagyna garşy bolmaga hukugynyň bardygyny, hatda şeýtmäge borçludygyny ýatladýaryn — diýdi. — Örän oňat. Men muň bilen doly ylalaşýan. Olar öz delilini getirerler, menem — özümiňkini. Ýygnak bolsa döwletiň pulsuz ýaşap biljekdigini ýa-da bilmejekdigini, ýurda gedaýçylyk howp salýan mahalynda hazynalary ýerzeminlerde peýdasyz saklap ýörmegiň akyllylykdygyny ýa-da däldigini çözer — diýip, faraon hyjuwly jogap gaýtardy. — Ötlem-ötlem jaýda saklanýan birnäçe ýakut daşy bilen finikiýlere edilen ähli bergini üzse bolardy!.. Men söwdagärleriň ýanyna ugraýan. Seni goldap ses berjekleriň on üç däl-de, on üç müňüni öňüme salyp gelerin — diýip, Hiram gapdaldan gürrüňe goşuldy. Finikiý faraonyň alnynda ýüzin düşüp ýatdy-da, onuň bilen hoşlaşdy. Hiram gidenden soňra, baş žres Sem: — Bilmedim weli, bu maslahata kese ýerliniň gatnaşmagy ýerliklimikä? — diýdi. Faraon zarply jogap gaýtardy: — Ol hökman gatnaşaýmalydy. Sebäbi ol diňe bir biziň söwdagärlerimize özüniň uly täsirini ýetirenok, eýsem, bize pul tapyp berýändigi üçin, häzir has-da ähmiýetli adam... Dymyşlyk aralaşdy. Ondan peýdalanan Pentuer: — Hökümdar, ygtyýar etseň, men edil häziriň özünde daýhanlardyr senetçileriň başyny jemlemäge ugrajak. Olaryň hemmesi biziň hökümdarymyzyň tarapynda bolup ses bererle, ýöne birgiden adamyň içinden iň akyllylaryny saýlamak gerek — diýdi. Ol faraon bilen hoşlaşyp, çykyp gitdi. Ramses: — Ýeri, sen nädersiň, Tutmos? — diýip sorady. — Meň jenabym, men seniň tanymal adamlaryňa, goşunyňa şeýlebir ynanýan weli, olar barada aýtmagyň deregine saňa özüme dahylly haýyş bilen ýüz tutmaga rugsat bermegiňi soraýan. —Pul sorajaksyň-da? — Ýok. Men...öýlenmekçi bolýan... —Senmi? Hudaýlaryň şeýle bagt peşgeşine mynasyp bolan ol gyz kimkä?–—diýip, faraon geň galyp sorady. Tutmos güldi. — Ol — näzenin Hebron, hormata mynasyp Fiwiniň häkimi Antefiň gyzy. Eger sen, hökümdar, meniň şol abraýly maşgala goşulmagymyň aladasyny etseň...Men saňa hormatym has-da artar diýesim gelýär, ýöne bu ýalan sözledigim bolar, şol sebäpli hem diýjek däl. Faraon oň egnine kakdy. — Bolýar...bolýar...Sensizem ynanýan zadyma meni ynandyrjak bolma. Men ertiriň özünde Antefiň ýanyna giderin, hudaýlardan ant içýän: sanlyja gün geçerem weli, toý tutarsyňyz. Indi bolsa öz Hebronyň ýanyna gidip bilersiň. Sem bilen ikiçäk galan hökümdar: — Seň ýüzüň gamaşyp dur weli, näme, meniň emrimi ýerine ýetirmägetaýýar on üç žresiň tapyljagyna şübhelenýämiň? — diýip sorady. — Ähli žresleriň, häkimleriň Müsüriň bagty hem-de siziň hormatlyňyzyň göwnüniň bitmegi üçin zerur bolan hemme zady etjekdiklerine men ynanýan. Emma, hökümdar, gürrüň Ötlem-ötlem jaýyň hazynahanasy hakda barýarka, gutarnykly netijäni Amonyň çykarmalydygyny unutmagyn... — Amonyň Fiwydäki heýkelimi? — Hawa. Faraon biperwaýlyk bilen elini salgap goýberdi. — Amon — Herihor bilen Mefres ahyry...Olaryň garşy boljakdyklaryny men bilýän. Emma men iki adamyň keçjallygy üçin döwleti howp astyna salmak islämok. — Sen ýalňyşýaň — diýip, Sem agraslyk bilen jogap gaýtardy. — Dogry, hudaýlaryň heýkelleri köplenç öz ýokary žresleri näme isleýän bolsa, şony-da edýärler. Ýöne...hemişe däl...Biziň ybadathanalarymyzda, hökümdar, aram-aram adaty bolmadyk, syrly zatlar bolup geçýär. Hudaýlaryň heýkelleri çendan öz isleýän zatlaryny aýdýarlar, edýärler. Faraon onuň sözüni kesdi: — Eger şeýle bolsa, onda men arkaýyn. Hudaýlar Müsüriň ýagdaýyndan habarly, meniň ýüregimdäkini bilýärler...Men Müsüriň bagtly bolmagyny isleýän, diňe şuny gazanmaga jan edýändigim üçin, hiç bir dana, hoşgylaw hudaý maňa päsgel berip bilmez. — Goý, seniň sözleriň hasyl bolsun! — diýip, ýokary žres pyşyrdady. Semiň hoşlaşmaga gyssanmaýandygyny görüp, faraon ondan: — Sen maňa ýene nämedir bir zat aýtmak isleýäňmi? — diýip sorady. —Hawa, hökümdar. Her bir faraonyň tagta geçen hem-de özünden öňki faraon jaýlanan gününden iki ýadygärligiň: özi üçin mazaryň, hudaýlar üçin ybadathananyň pikirini etmelidigini saňa ýatlatmak meniň borjum bolup durýar. Faraon: — Örän dogry! Men bu barada eýýäm birnäçe gezek kelle agyrtdym, ýöne pulum bolmansoň, görkezme bermäge howlugamok — diýdi. Soňra sözüni joşgunly dowam etdirdi — Sebäbi eger men nähilidir bir äpet uly zat gursam, ol Müsüri meni ýatlamaga mejbur etjek zat bolmaly. — Men özüňe piramida galdyrmak isleýärmiň? — Ýok, dünýä gaýdyp Heopsyňkydan uly piramida, Amonyň Fiwidäki ybadathanasyndan uly ybadathana gurmaz-a. Örän uly işi amala aşyrardan meniň patyşalygym juda gowşak...Şonuň üçin hem, men nähilidir bütinleý täze bir zat etmeli. Sebäbi biziň ýadygärliklerimiz meni halys irizdi. Adamlaryň biri-birine meňzeşligi ýaly, olaryňam hemmesi şeýle, diňe uly adamyň çagadan ölçegde tapawutlanyşy ýaly, ululy-kiçili. — Ýeri, onsoň näme gurdurmakçy bolýaň? — diýip, žres geň galmak bilen sorady. — Men biziň tanymal binagärimiz, grek Dion bilen gürleşdim. Ol meň pikirimi oňlady. Men özüm üçin mazary ozal Babylda bolşy ýaly, daşky basgançakly tegelek diň görnüşinde gurdurmakçy...Mundan başga-da, men ybadathanany Osirisiň ýa-da Isidanyň hormatyna galdyrmakçy däl-de, eýsem, ony ähli müsürlileriň, haldeýleriň, finikilileriň, jöhitleriň uýýan ýeke-täk hudaýyna bagyşlamakçy. Özümem şol ybadathananyň patyşa Assaryň köşgüne meňzeş bolmagyny isleýän. Onuň nusgasyny Sargon meniň kakama getiripdi. Baş žres başyny ýaýkady. — Etmekçi bolýan işiň-ä örän uly eken, meniň hökümdarym. Ýöne ony bitirip bolmasa gerek. Babyl diňleri juda gowşak bolansoň, uzak saklanmaýarlar. Biziň ymaratlarymyz bolsa asyrlaryň dowamynda ýykylman durmaly. Ýeke-täk hudaýa ybadathana galdyrmagam mümkin däl, sebäbi tutuş dünýä öz mesgeni bolansoň, ol egin-eşige-de, iýmite-de, suwa-da mätäçlik çekenok. Şeýle bolansoň sen ony ýerleşdirip biljek ybadathanany nädip gurjakmyşyň? Sen oňa sadakalary berip durmaga ýürek edip biljek žresi nireden tapjakmyşyň? — Hym! Eýle bolsa, ybadathanany Aman-Ra üçin guraýarys. — Ýagşy. Ýöne ol patyşa Assaryň köşgi ýaly bolmaly däl. Sebäbi ol assiriýiňki, bize, müsürlilere bolsa wagşylara meňzemek laýykatly däl... — Seň näme diýjek bolýanyňa düşünemok — diýip, faraon onuň sözüni gaharlyrak kesdi. —Meni diňle, biziň jenabymyz. Ulitka seret — olaryň hersiniň çaňňalagy üýtgeşikdir: biriniňki burum-burumdyr, ýöne ýasydyr; beýkeisiniňki-de burum-burumdyr, ýöne süýnmekdir; üçünjisiniňki gapyrjaga meňzeşdir. Her halk ymaratlaryny öz ukybyna, edim-gylymyna, häsiýetine laýyklykdagurýar.Müsürliler assiriýlerden näçe tapawutlanýan bolsa, jaýlary-da assiriýlerdenşonça tapawutlanýar.Bizde jaýyň esasy görnüşi ähli görnüşleriň iň durnuklysy bolan kesilen piramidadyr. Müsür şoňa meňzeşdir — döwletleriň arasynda iň durnuklysydyr. Assiriýleriň esasy görnüşi bolsa aňsat weýran bolýan kubdur. Gedem, ýeňilkelle assiriý kublary biri-biriniň üstünden goýup, köp gatly jaý gurýar. Toprak onuň agramyna çydaman çökýär. Kiçigöwünli, akylly müsürli bolsa kesilen piramidalary biri-biriniň yzynda goýýar. Şeýle bolansoň, bizde hiç bir zat asmanda asylyp duranok, ähli ymaratlaryň örki ýerdedir. Mundan şeýle many gelip çykýar: biziň ymaratlarymyz ýerde uzaldylyp bina edilensoň, asyrlaryň dowamynda ynjaman durup bilýär; assiriýleriňki bolsa ýokarda uzaldylansoň, edil öz döwletleri ýaly düýbi gowşakdyr. Ol häzir çalt ösýär, birnäçe asyrdan soňra ondan diňe harabaçylyklar galar. Assiriý diýeniň — nadara öwünjeňdir, şeýle bolansoň, öz gurluşyklarynda-da ähli zady — sütünleri, suratlary, heýkelleri — daşyna çykarýandyr. Pespäl müsürli bolsa dananyň beýik pikirleri, duýgulary, islegleri bilen gursagyny, egnini bezemän, eýsem, olary ýüreginiň çuňunda gizleýşi ýaly, özüniň iň owadan heýkelini, sütünlerini ybadathananyň içinde gizleýär. Bizde ähli ajaýyp zatlar gizlenip goýlandyr. Olarda bolsa ähli zat göz üçindir. Assiriý eger başarsa, nähili seýrek iýmitleri iýýändigini dünýä görkezmek üçin öz garnyny ýaýardy... Ramses: — Aýdyber!..Aýdyber!..—diýip batly seslendi. Sem gürrüňini dowam etdirdi: — Meň aýtjak zadym kän däl. Men diňe, hökümdar, seň ünsüňi biziňki bilen assiriýleriň ymaratlarynyň arasyndaky tapawuda çekmekçi bolýan. Mundan köp ýyl ozal, entek Ninewiýada, ysgytsyzlyk bilen asmanadyzaýan assiriý diňlerini synlapdym. Olar maňa gahar-gazapdan ýaňa agyzzyryklaryny çeýnäp, dim-dik bolup duran, hä diýmän güpürdäp gaýtjak, şunlukda öz aýaklaryny döwmeseler razy bolaýmaly atlar ýaly bolup görnüpdi...Siziň hormatlyňyz, haýsydyr bir nokatdan Müsüriň ybadathanalaryna syn etmäge synanyşyp görüň. Ol nämäni aňladýarka? Ýere ýapyrylyp doga okaýan adamy ýatladýandyr. Iki pilon — asmana göterilen iki el; howlyny gurşan iki diwar — egin; sütünler ýa-da«asman» zaly — kelle; «dini açyş» we «hudaýýoly stollary» — gursagy; hudaýlaryň syrly mesgeni ybadathana bolsa — dindar müsürliniň ýüregi. Biziň ybadathanamyz bize nähili ýaşamalydygyny öwredýär. Ol bize; «Goý, seň elleriň pilon ýaly güýçli, egniň bolsa diwar ýaly berk bolsun. Goý, seň aklyň ybadathananyň işigi ýaly hemme zady öz içine alýan hem-de jomartbolsun. Kalbyň «açyş» we «hudaýýoly» zallary ýaly arassa bolsun. Goý, ýüregiňde bolsa, müsürli, öz hudaýyň bolsun» diýýär. Assiri ymaratlary bolsa öz halkyna: «Assiriýaly, hemmeden ýokary bolmaga jan et, başyňy hemmeden belent tut. Eger sen durmuşda hiç hili beýik işi amala aşyrmanyňda-da aýby ýok, bolmanda yzyňda birgiden harabalary galdyrarsyň...»diýýär. Ine, onsoň, hökümdar, bizde assiriý diňlerini galdyrmaga, Müsüriň ýigrenç bilen garaýan halkyna meňzemäge milt edip bilermikäň?.. Ramses oýlandy. Semiň gürrüňine garamazdan, häzirem göwnüne assiriý köşkleri Müsüriňkiden owadan ýalydy. Ýöne ol assirilileri juda ýigrenensoň, muňa şübhelenip başlady. Faraon: — Eger şeýle bolsa, men özüm üçin mazaryň hem-de ybadathananyň gurluşygyny soňa goýaýyn. Siz bolsa, maňa ýagşylyk etmekçi bolýan, danalar, meniň adymy has giç dörejek nesillere-de ýetirjek ymaratlaryň taslamasy hakda oýlanyň – diýdi. Ýokary žres: «Bu ýigdiňsüňňüni adama mahsus bolmadyk buýsanç eýeläpdir!» diýip oýlandy we faraon bilen keýpsiz hoşlaşdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |