12:26 Faraon -27: romanyñ dowamy | |
DÖRDÜNJI BAP
Taryhy proza
Şeýlelikde, iki dünýäniň hökümdary, bakylygyň eýesi, ömür hem-de her tüýsli şatlyk eçiliji faraon Meri-Amon-Ramses XII otuz dört ýyllap imisala patyşalyk sürenden soňra, atir aýynda amanat jany yzyna gaýtardy. Ol gitdi, sebäbi süýegi gowşap, göwresine edem edip bilenokdy. Ol gitdi, sebäbi baky watanynyň zaryny çekensoň, panydaky hökmürowanlygy ýaş, kuwwatly ellere tabşyrmak isledi. Hawa, oň islegi, emri şeýle boldy. Onuň hudawy ruhy Zeminiň üstünde öwrüm edip, göm-gök giňişlikde gözden ýitýän gyrgy ýaly bolup, uçup gitdi. Oň unudylmaz ömri ynsanyň pany dünýäde az salymlyk ýaşamagy bilen bagly bolan bolsa, oň ölümi hem diňe hudawy durmuşynyň pursatlarynyň biri boldy. Zemin ýüzündäki ömrüniň iň soňky güni Faraon Gün doganda ukudan oýandy we aýdymçy žresleriň daşyny gallap, iki pygamberiň goltgy bermeginde Osirisiň ybadathanasyna ýöneldi. Ol ýerde, hemişe bolşy ýaly, hudaýy direltdi, suwa düşürdi, geýindirdi, hudaýýoly berdi. Soňra doga okamak üçin ellerini galdyrdy. Şol wagt žresler aýdym aýdýardylar. Birinji hor: «Gözýetimde ýokary göterilýän we arşy aýlanyp çykýan, saňa şan bolsun!» Ikinji hor: «Seň täsin ýoluň — ýüzlerine seň şuglaň düşýän adamlaryň abadançylygynyň delilidir...» Birinji hor: «Eý, Gün, menem sen ýaly saklanmazdan, dabaraly ýöriş edip bilerinmi?..» Ikinji hor: «Jenaby bolmadyk uç-gyraksyz giňişligiň beýik ýolagçysy üçin ýüz million ýyl — ýekeje pursatlyk». Birinji hor: «Sen ýeriňe girýärsiň, ýöne ýaşamagyňy dowam edýärsiň. Sen sagatlary, günleri we gijeleri köpeldýärsiň, seň özüň bolsa bakysyň we özüň üçin kanunlary döredýärsiň...» Ikinji hor: «Sen gözýetimde Ranyň keşbinde dogmak bilen, özüňi pida eýleýärsiň, Zemini öz elleriň bilen nurlandyrýarsyň...» Birinji hor: «Eý, gözýetimde dogýan, özüniň nuranalygy bilen beýik şamçyrag – sen öz görnüşiňi özüň ýaradýarsyň...» Ikinji hor: «Hem-de seni hiç kim dogurman, gözýetimde öz-özüňden dogulýarsyň...» Soňra faraonyň sesi eşidildi: «Eý, asmandaky parlak Gün! Maňa bakylyga girmäge, iň ýokary dünýäniň beýik, kämil kölegeleri bilen birleşmäge hem-de olar bilen bilelikde sen öz ejeň Nut bilen birigen mahalyňda ertirine, agşamyna seň ýagtylygyňy synlamaga ygtyýar et. Haçanda sen öz ýüzüňi günbatara öwren mahalyňda, goý, meňellerim daglaryň aňyrsynda baky uka gidýän ömrüň şanyna doga okamak üçinasmana göterilsin...». Fimiamyň tüssesine gurşalan faraon gollaryny asmana göterip, ine, şeýle diýdi. Birdenem sesini kesdi-de, şalkyldap arkan gaýtdy.Yzynda duran žresler ony tutup ýetişdiler. Ol eýýäm jan beripdi. Faraonyň amanadyny tabşyrandygy baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda köşge ýaýrady. Hyzmatkärler öz işlerini taşladylar, gözegçiler gullara esewanetmeklerini goýdular. Saýlama goşun çagyryldy, girelgeleriň ählisinde garawul goýuldy. Esasy köşkde aşpezler, ammarçylar, atbakarlar, faraonyň aýallarydyr çagalary jem boldular. Olaryň biri: «Bu çyn habarmyka?» diýip sorasa, beýlekiler Günüň asmanda nur saçyp duranyna geň galýardylar. Olaryň hemmesi: «Waý, jenap!..Waý, biziň atamyz!..Waý, biziňmähribanymyz!..Seň bizi taşlapgitmegiň, heý,boljakzatmydyr?..OlAbidosa9barýar...Günbatara!..Günbatara!..Dindarlaryň mesgenine. Seň söýen topragyň seň zaryňy çekip sorkuldaýar, dady-perýat edýär!..» diýşipaglaşýardylar.10 Çirkin sesler ähli howlularda, seýilgählerde ýaňlanýardy. Ol sesler gündogar daglara baryp ýetdiler, şemalyň zarbyna uçup, Nilden geçdi, Memfisde howsala döretdi. Şol wagt žresler doga okaşyp, merhumyň jesedini gowy bezelen, dört tarapy-da ýapylan tagtyrowandaýerleşdirdiler. Gölegçileriň başyny sekiz adam çekýärdi, dört kişi düýeguşuň ýeleginden ýasalan ýelpewajy tutýardy, galanlarynyň ellerinde kadilo tüsseleýärdi. Şa aýaly Nikotrisa elemtas bolup geldi we jesediň eýýäm tagtyrowandadygyny görüp, özüni merhumyň aýagujyna oklady. Ol: — Eý, meň ýassykdaşym!..Eý, meň doganym!..Eý, meň söýgülim!..Biziň ýanymyzda gal, öz öýüňde gal! Zemindäki ýaşaýan ýeriňi terk eýleme!.. — diýip, gözýaşa boglup, towuş edýärdi. — Sag-aman, sag-aman Günbatara! — diýip, žresler aýdym aýdýardylar. — Eý, beýik hökümdar! Sag-aman Günbatara git!.. Şa aýaly bozlamagyny dowam edýärdi: — Arman! Sen başga kenara ýüzüp geçmek üçin ötelgä howlugýarsyň! Eý, žresler, eý, pygamberler, beýle gyssanmaň-a, ony goýuň-a! Siz öýüňize dolanyp gelersiňiz, ýöne ol bakylygyň ýurduna gidýär ahyry. — Sag-aman, sag-aman Günbatara! Eger hudaý islese, ebedilik güni biz seni ýene göreris, hökümdar. Sebäbi sen ähli adamlary birleşdirýän ýerebarýarsyň...11 Hormata mynasyp Herihoryň ümlemegi boýunça hyzmatkär zenanlar hanymy faraonyň aýagujyndan aýryp, güýç bilen ümsüm otaga alyp gitdiler. Žresler tagtyrowany göterip, ýola düşdüler. Hökümdar edil diri mahalyndaky ýaly geýindirilendi. Olaryň sagyndan, solundan, öňünden we yzyndan harby serkerdeler, gaznaçylar, kazylar, baş mürzeler, aýpaltadyr ýaýly ýarag göteriji, iň soňundanam ähli derejedäki žresler barýardylar. Howluda öýdençer saç ýaýyp, ýaka ýyrtyp, özüni aşak goýberdi. Esgerler garawul durdular. Surnaýlar göýä diri patyşany garşy alýan ýaly ýaňlandylar. Hakykatdanam, ötelgä tarap göterilip barylýan tagtyrowanda patyşa edil diri ýaly bolup otyrdy. Niliň kenaryna ýetenlerinde, žresler faraon diri mahalynda bolşy ýaly, tagtyrowany altyn çaýylan ýük daşalýan düýbi ýasy gämide, goýy gyrmyzy reňkli çadyryň eteginde goýdular. Soňra olaryň üstüni güle büräp, garşysyndaAnubisiň12heýkelini goýdular we hyzmatkär zenanlardyr köşk aýallarynyň dady-perýady astynda ugradylan patyşanyň gämisi Niliň beýleki kenaryna rowana boldy. Köşkden iki sagatlyk ýolda, Niliň, kanallaryň, hasylly topraklaryň we palma jülgeleriniň aňyrsynda, Memfis bilen «mumyýalylaryň üsti tekiz belentliginiň» aralygynda özboluşly şäher ýerleşýärdi. Oň tutuş gurluşygy merhumlara niýetlenensoň, ol ýerde diňe kolhitler13 we jesetleri mumyýalaýanparashitler ýaşaýardylar. Ol şäher hakyky mazarçylygyň bosagasydy, dirileriň dünýäsini baky uka gidenleriň dünýäsi bilen birleşdirýän köprüdi. Bäri merhumlary getirip, olardan mumyýa edýärdiler. Ol ýerde merhumlar üçin mukaddes sözler ýazylyp, düýrlenen kagyzlar,guşaklar, tabytlar, gap-gaçlar, heýkeller taýýarlanýardy. Memfisden ep-esli daşlykda ýerleşýän şäher birnäçe derwezeleri bolan diwarlar bilen gurşalandy. Faraonyň jesedini alyp gelýän gölegçile ululygy bilen haýran galdyrýan derwezeleriň öňünde aýak çekdiler. Žresleriň biri derwezäni kakdy. — Kim? — diýip içerden soradylar. — Iki dünýäniň hökümdary Osiris-Meri-Amon-Ramses siziň ýanyňyza geldi. Ol siziň özüni baky jahankeşdelige taýýarlamagyňyzy talap edýär — diýip, žres jogap gaýtardy. — Müsüriň çyragynyň öçmegi, heý, boljak zatmydyr? — Onuň islegi şeýle boldy. Hökümdary sylag-dereje bilen kabul ediň, Zemin ýüzündäki hem-de geljekdäki ömrüňizde lagnata galmaz ýaly, ähli hyzmaty bitiriň. Içerden: — Siziň aýdyşyňyz ýaly ähli zady ederis — diýen ses ýaňlandy. Žresler tagtyrowany derwezeleriň agzynda goýdular we şol ýerde ýygnanan jesetleriň arassa bolmadyk demi özlerine öwüsmez ýaly, gyssanmaç ara açdylar. Diňe baş kazynyň we gaznaçynyň baş bolmagynda ýokary derejeli adamlar galdylar. Uzak garaşylandan soňra derwezeler açylyp, olardan başgaby ýüzlerini ýapyp duran žres eşikli birgiden adam çykdy. Kazy olara ýüzlenip: — Size özümiziň hem-de siziň jenabyňyzyň jesedini berýäris. Diniň buýurýan işleriniň hemmesini berjaý ediň, beýik merhum siziň günäňiz bilen o dünýäde özüni oňaýsyz duýmaz ýaly, hiç zady unutmaň — diýdi. Gaznaçyonuň aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: — Biziň hökümdarymyzyň hiç zatda kemi bolman, ähli zady iň ýokaryderejede bolar ýaly, altyny, kümşi, zümerreti, pöwrizäni, şeýle-de, seýrek hoşboý ysly ýaglary gysganmaň. Muny size men — gaznaçy aýdýar. Eger gymmatbaha metallary-ha galp metallar, gymmatbaha daşlary-da Finiki aýnasy bilen çalyşmakçy bolýan myrryh tapylaýsa, elleriniň çapylyp, gözleriniň oýuljakdygyny ýadynda saklasyn. — Edil siziň talap edişiňiz ýaly bolar — diýip, ýüzi ýapyk žresleriň biri jogap gaýtardy. Beýlekiler tagtyrowany göterdiler we «merhumlar şäheriniň» içine girdiler. Olar: «Sen sag-aman Abodosa barýarsyň. Sen sag-aman Fiwi Günbataryna-da ýetersiň...Günbatara!..Günbatara!..Dindarlaryň ýurduna!..» diýip aýdym aýdýardylar. Derwezeler ýapyldy. Baş kazy, gaznaçy we olara ýoldaş bolan ýokary derejeli adamlar köşge dolanyp barmak üçin ötelgä tarap yzlaryna öwrüldiler. Başgaply eşikli žresler tagtyrowany ullakan ymarata — diňe patyşalaryň we faraonyň aýratyn merhemetine mynasyp bolan ýokary derejeli adamlaryň jesetleri mumyýalanýanýere eltdiler. Olar altyndan ýasalan tigirli gaýyk duran girelgede aýak çekdiler we merhumy tagtyrowandan düşürdiler. — Muňa serediň-le! — diýip, žresleriň biri haýran galyp gygyrdy. — Eýsem, olar talaňçylar däl-de, kim?..Faraon Osirisiň ybadathanasynda ýogalypdyr, diýmek, merhum baýramçylyk lybasynda bolmaly, munuň egnindäki bolsa!..Altyn bilezigiň ýerine — mis, altyn zynjyryň ýerine — ýene mis, ýüzüginde-de galp daşlar... — Dogry — diýip, ikinji žres oň aýdanyny tassyklady. — Muny beýle geýindiren kimkä?Žreslermikä ýa-da emeldarlarmyka? — Megerem, žresler bolsa gerek.Häý, elleri guramyş haramzadalar! Özlerinden aňyrda ogry ýok weli, ýene utanman-uýalman, merhuma gowy hyzmat edilmelidigini tabşyran bolýarlar. — Muny olar däl-de, gaznaçy talap etdi. — Aý, hemmesi bir agajyň miwesidir-dä... Merhumyň talanandygyna geň galan mumyýalaýjylar şeýdip gürrüňleşip duruşlaryna, oň patyşa eşigini çykardylar, egnine zer çaýylyp tikilen halat geýdirdiler we jesedi gaýyga geçirdiler. Egni başgap geýimli žreslerden biri: — Hudaýa şükür, indi biziň täze faraonymyz bar. Ol žresleri gysymynda gysyp saklar. Edýän gabahat işleri üçin, baý, jogap bermeli bolarlar-a! — diýdi. —Bo-how! Oň gaty berk tutjak hökümdar boljakdygyny aýdýarlar. Finikililer, onsoňam asylzada däl-de, edil özümiz ýaly garamaýaklaryň içinden çykan Pentuer bilen dostmuşyn. Esgerleri bolsa, eşidişimize görä, oň üçin özlerini oda-suwa urmaga taýýarmyşyn — diýip, beýlekisi oň aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Ol mundan sanlyja gün ozal liwilileriň külüni göge sowrupdyr. — Täze faraon häzir niredekä? Çöldemikä? — diýip, kimdir biri sorady. — Betbagtçylyga uçraman, sag-aman Memfise dolanyp gelewersin! — Arkasynda goşuny durka, kim oňa näme edip biljekmişin? Gäwmişiň bugdaýyň tepbedini okaýşy ýaly, biziň ýaş hökümdarymyz hem žresleriň tepbedini okamasa, mundan gözümi açyp giderin! — Seň samsykdygyňy! — diýip, henize çenli dymyp duran parashit sögündi.– Heý-de, faraon žresleri ýeňip biljekmi? — O nähili ýeňip bilmezmişin? — Sen, heý ýolbarsyň piramidany bölek-bölek edip taşlanyny eşidipmidiň? —Baý, geplediň-ow! — Ýa-da ony gäwmişiň şahy bilen göterenini eşidipmidiň? —Elbetde, eşidemok. — Belki, ony tüweleý ýykýandyr? — Öz sowallaryň bilen şypýapyş bolduň-aý, walla! — Meň aýdýanymy bek bellegin.Faraon žresleri ýeňip bilse, ýolbars, gäwmiş ýa-da tüweleý hem piramidanyň hötdesinden gelip biler.Eger olaryň üçüsi bir göwrede jemlenen bolsa. Şol wagt ýokardan kimdir biri: — Eý, aşakdakylar, merhum taýýarmy? — diýip gygyrdy. Garaňky ýerden: — Taýýar, taýýar, ýöne muň äňi açylan eken — diýlip jogap gaýtayldy. — Zyýany ýok. Hany, ony bäri beriň! Isidanyň wagty çäkli, ol bir sagatdan şähere gitmeli. Içijesetlialtyn gaýyk derrew ýüp bilen ýokary — içki galaraeýa galdyryldy. Birinji otagdan başlanýan girelge diwarlaryna gök reňk çalnyp, ýüzüne sary reňkli ýyldyzlar şekillemdirilen uly zala alyp barýardy. Däliziň tutuş uzynlygyna, diwarlaryň biri bilen ugurdaş ýaý şekilli galareýa uzap gidýärdi. Oň çeti birinji gatyň derejesinde bolsa, ortasy ondan ýarym gat ýokardady. Zal — asmany, galereýa— Günüň asmandaky ýoluny şekillendirýärdi, ýogalan faraon bolsa Osirisi ýa-da gündogardan günbatara hereket edýän Güni aňladýardy. Aşakda dini dessuryň berjaý edilerine garaşyp duruşlaryna, žres erkeklerdir aýallar öz iş-aladalary barada gürrüň edýärdiler. Galareýadan: — Taýýar! — diýip gygyrdylar. Gürrüň ýatdy. Ýokarda kakylan mis böleginden üç gezek ses çykdy we galareýada merhum ýüzüp gelýän Günüň altyn gaýygy peýda boldy. Aşakda Günüň şanyna sena ýaňlandy: «Ynha, ol Asmany Zeminden bölüp aýyrmak, soňra olary ýene birleşdirmek üçin bulutda peýda boldy...Ol islendik zatda elmydama bardyr; ýaşaýanlaryň arasynda ýeke-täk şol arkaly dürli närseler ölmez-ýitmezlige eýe boldular». Gaýyk ýaýyň ortasyna ýuwaşlyk bilen süýşüp gelip, oň ýokarsynda saklandy. Şol wagt ýaýyň aşaky çetinde ogly Gor bilen hudaý aýal Isidanyň lybasyny geýen žres zenan peýda bolup, ol hem şeýle ýuwaşlyk bilen ýokary galyp ugrady. Ol Günüň yzynda hereket edýän Aýyň aňladylmasydy. Osiris – faraonyň gaýygy ýaýyň depesinden günbatara inip ugrady. Aşakda ýene köpçüligiň sesei ýaňlandy: «Ähli närselerde aýdyň şöhlelenýän hudaý, ähli hudaýlarda ýaşaýan ruh Şu. Ol diri adamyň synasydyr, miwe getirýän agajy ýaradyjydyr; ol Zemini tohumlandyrýan daşgynlaryň sebäpkäridir, onsuz Zeminde hiç zat ýaşaýan däldir»14 Gaýyk galareýanyň günbatar çetinde aşak indi. Isida Gor bilen ýaýyň depesinde aýak çekdi. Birnäçe žres gaýyga tarap ylgadylar we faraonyň jesedini çykaryp, göýä Osirisi gündizki hysyrdydan soňra dynç almak üçin goýýan ýaly edip, mermer stolda goýdular. Merhumyň ýanyna hudaý Tifonyň eşigini geýen parashit bardy. Oň ýüzünde elhenç perde, kellesinde hüžžük ýasama saç, arkasynda düz doňzunyň derisi, elinde bolsa daşdan ýasalan hebeşi pyçagy bardy. Ol derrew şol pyçak bilen merhumyň dabanyny kesip ugrady. — Sen ýatana näme edýäň, dogan Tifon? — diýip, Isida ondan galareýada duran ýerinden sorady. Tifonyň eşigini geýen Parashit: — Asmany Ýeriň çaň-tozany bilen hapalamaz ýaly, men doganym Osirisiň aýagyny arassalaýaryn -— diýip jogap gaýtardy. Parashit merhumyň dabanyny kesip aýrandan soňra, egreldilen sim alyp, ony merhumyň burnuna sokdy-da, beýnisini sogrup alyp başlady. Bu işi hem bitirenden soňra, oň garnyny ýaryp, çaltlyk bilen iç goşuny, ýüregini, öýkenini çykardy. Şol wagt Tifonyň kömekçileri hudaýlar Hapeniň, Emsetiň, Duamutfonyň, Kebhesneufyň15kelleleri bilen bezelen dört sany uly gap getirdiler. Olaryň her birine ýogalan faraonyň iç goşundan nämedir bir zat saldylar. — Ýeri, sen indi ol ýerde nämä gümra, dogan Tifon? — diýip, Isida ikinji gezek sorady. — Oňa iň ýokary gözelligi bermek üçin, doganym Osirisi Ýerdäki ähli zatdan tämizleýärin — diýip, parashit jogap gaýtardy. Merhumyň ýatan stolunyň ýanynda içi aşgardan doýgun suwly howuz bardy. Parashitler jesedi arassalap, ony howza goýberdiler. Ol suwda ýetmiş günläp ýatmalydy. Şol wagt Isida tutuş galareýany geçip, parashitiň ýap-ýaňyja faraonyň bedenini açyp, arassalan ýerine —dälize düşdi. Ol mermer stola nazar aýlady, oň boşdugyny görüp, howsala bilen: — Hany, meň doganym? Hany, meň hudaý ýassykdaşym? — diýip sorady. Şol pursatda gök gümmürdedi, tüýdüklerdir kakylýan mis bölekler ýaňlandy. Tifonyň lybasyndaky parashit hahahaýlap gülüp: — Ýyldyzlar bilen bilelikde gijeleri şady-horram edýän, eý, näzenin Isida! Indi seň äriň ýok! Şöhle saçýan Osiris indi hiç wagtda altyndan ýasalan gaýyga münmez, hiç wagtda Gün asmanda görünmez. Muny men etdim – men, Set! Men ony şeýle bir çuň gizländirin weli, tapmak aýratyn hudaýlar-ha beýlede dursun, hatda ählisi jem bolaýanda hem, şolara-da başartmaz!...—diýip gygyrdy. Bu sözleri eşiden hudaý aýal eşigini ýyrtyp, saçyny ýolup, zar-zar aglap ugrady.Tüýdükler, gök gümmürdisi, mis bölekleri ýaňadan ýaňlandylar; erkek we zenan žresleriň arasynda nägilelik başlandy. Birdenem olaryň hemmesi: — Çölüň tüweleýini ýokary galdyrýan, deňzi biynjalyk edýän, gündizki ýagtylygy öçürýän, tümüň haram äteňet ruhy!..Hut hudaýlaryň atasynyň çekip çykaryp bilmejek ýerine — düýpsüz ýere owarraňy tap, bisyrat! Haram äteňet! Lagnat siňen, Set!..Goý, seň adyň adamlara ýigrenji bolsun! — diýşip gygyryşlaryna, Tifonyň üstüne eňdiler. Ony ýumruklap, degenekli taýak bilen saýgylap başladylar; eýläk-beýläk urunýan çypar saçly hudaý ahyry olardan sypdy we dälizden ylgap çykdy. Mis bölegine täzeden üç gezek uruldy — dini dessur tamam boldy. — Ýeri, boldy, besdir! — diýip, baş žres oýnuň soňuny çyna ýazdyryp ugran parashitlere gygyrdy — Isida, sen şähere gidip bilersiň. Galanyňyz bolsa beýleki merhumlaryň ýanyna baryň. Olar size köpden bäri garaşýalar.Siz ýogalan garamaýak adamlara biderek agyz towlaýarsyňyz, sebäbi bize ýaňky üçin näçe tölejekleri belli däl. — Elbetde, köp tölemezler! — diýip, mumyýalaýjy jogap gaýtardy. —Aýtmaklaryna görä, gazna boş ýatanmyşyn, finikililer bolsa: «Eger bize aýratyn hukuk berilmese, karzy bes ederis» diýip haýbat atýarmyşyn. — Siziň finikileriňizi ölüm hem alanok! Olar bizi gysymyna gysdylar, gör-de duruber, basym el serip, olardan arpa köke dilemeli bolarys. — Ýöne olar faraony jaýlamaga pul bermeseler, bizem iki elimizi burnumyza sokup, boş çykarys. Gürrüň ýuwaş-ýuwaşdan ýatyşyp, olaryň hemmesi gök reňkli dälizi boşatdylar. Diňe içinde faraonyň jesedi ýatan howzuň ýanynda garawul galdy. Ýerine ýetirilen bu dessur arkaly Tifonyň (gijäniň we jenaýatyň hudaýy) Osirisi (Güni) öldürendigi hakdaky rowaýat gaýtadan janlandyryldy. Zannyýaman Tifonyň öz doganyny Aşgarly köllere gark edendiginiň alamaty hökmünde merhum aşgardan doýgun suwda ýetmiş günläp ýatdy. Isidanyň lybasyndaky žres zenan şonça günläp hem irden, hem agşam gök reňkli dälize geldi; ýaka ýyrtyp, saç ýaýyp, ol ýerdäkilerden özüniň hudaý ýassykdaşyny we doganyny kimiň görendigini sorady. Bu ýas möhleti geçenden soňra, dälizde özüniň golaý adamlary bilen Osirisiň ogly we mirasdüşeri Gor peýda boldy. Ol: — Men öz kakamyň hem-de doganymyň jesedini şu ýerden gözlemeli bolaýmaýyn? — diýip sorady. Žresleriň batly, şadyýan sesleri, sazyň owazy astynda faraonyň jesedini suwdan çykardylar. Onsoň jesedi daşdan edilen lülä salyp, onuň içinden birnäçe günüň dowamynda gyzgyn howa goýberdiler we guradylandan soňra mumyýalaýjylara berdiler. Indi gezek «merhumlar şäheriniň» baş žresleri tarapyndan amala aşyrylmaly iň esasy, iň möhüm dessuryňkydy Faraonyň kellesi günorta bakdyrylyp goýlan jesediniň daşyny mukaddes saýylýan suw, içini bolsa palma şeraby bilen ýuwdular. Kül sepilen ýerde oturan hakyna tutulan legzebanlar saçlaryny penjeläp, ýüzlerini dyrnaçaklap, merhumyň agysyny aglaýardylar. Hudaýlaryň lybasyny geýen žresler: faraon täçli ýalaňaç Isida, şagal kelleli Gor, guş kelleli, elinde jedweljikleri saklaýan hudaý Tot we başga-da birnäçe adam merhum ýatan düşegiň daşyny galladylar. Bu ýokary derejeli mähelläniň syn etmeginde mumyýalaýjylar doga okaýyşlaryna, jesediň içki boşlugyny ýiti ysly ot-çöpler, ýonuşga bilen dolduryp ugradylar, şeýle-de, oňa hoşboý ysly şepbik guýdular. Merhumyň hakyky gözleriniň deregine mis çarçuwaly aýna gözleri oturtdylar. Soňra bedeniň üstüne aşgar ürgünini sepelediler. Bu iş tamamlanandan soňra täze žres gelip, merhumyň bedeniniň Osirisiň bedenidigini, ähli aýratynlyklaryňam Osirisiň aýratynlyklarynyň esasydygyny duranlara mälim etdi. «Oň çep çekge süňküniň haýran galdyrýan güýji — hudaý Tumuň16 çekge süňküniň güýjüdir, sag gözi — özüniň ýagtysy bilen tümlügi böwüsýän Tumuň gözüdir, çep gözi — ähli janly zatlary doňduryp taşlaýan Goruň gözüdir.Oň ýokarky dodagy — Isidadyr, aşakysy bolsa — Neftisdir17; merhumyň boýny — hudaýdyr, elleri —hudaýlaryň ruhudyr, barmaklary — asman ýylanlarydyr — hudaý Salkitiň18 ogullarydyr. Oň ýanbaşy — Amonyň iki ýelegidir, oňurgasy —Sibunyň19 oňurga süňküdir, garny — hudaý Nuedir». Başga bir žres: «Agzym maňa — geplemek, aýaklarym — ýöremek, ellerim — duşmanlarymy jesede öwürmek üçin berlendir. Direlýärin, ýaşaýaryn, asmany açýaryn, özüme Memfisde buýrulan zatlary edýärin» diýip, yglan etdi Şol wagt mumyýalananyň boýnuna gymmatbaha daşdan ýasalan, skarabeýtomzagyň şekilini geýdirdiler. Onda: «Eý, meň ejemden alan, Zeminde ýaşaýarkam göteren, ýüregim! Meň garşyma baş götermäweri we kyýamat güni men barada ýaman zatlara şaýat bolmaweri, ýüregim!» diýen ýazgy bardy. Soňra žresler mumyýalananyň ellerini, aýaklaryny, barmaklaryny ýüzüne doga-dileg ýazylan talas bilen saradylar. Talaslar— adatça şepbikdir mumyýa bilen ýelimlenýärdiler. « — Meň öňümde hiç bir Hudaý böwet bolmaz. Bu kim? Bu —öz galkany bilen gelen Tum, bu — asmanyň gündogar çetinde peýda bolýan, öz galkany bilen gelen Ra. — Men — Düýn, maňa Ertirem mälim. Bu kim? Düýn — Osiris, Ertir — asmanyň hökümdarynyň duşmanlaryny kül-peýekun etjek we öz ogly Gory gurban bermäge getirjek gündäki Ra. Başgaça aýdylanda, Osirisiň tabydyny ýolda öz kakasy Ranyň garşylajak güni. Ol Amenti dagynyň jenaby Osirisiň emri boýunça hudaýlary ýeňer. Bu näme? Amenti — Amenti dagynyň jenaby Osirisiň emrine laýyklykda, hudaýlaryň ruhlarynyň ýaradany. Başgaça aýdylanda, Amenti — Osirisden dörän gahar-gazap.Ol ýerdebolýan her bir hudaý oň bilen ýekme-ýek söweşe girýär. Men ol ýerde bolýan beýik hudaýyň kimdigini bilýärin. Men bäri öz ýurdumdan, öz şäherimden geldim; men gahar-gazaby ýok edýän, ýaramazlygy ýigrenýän, hapadan tämizlenýän. Asmanda mesgen tutanlaryň ýurduna rowana bolýan, beýik derwezelerden ätleýän. Eý, meň hemralarym, maňa eliňizi beriň, sebäbi menem siziň biriňiz bolmaly» 20diýen sözleri aýdyp, mumyýalananyň gursagyna we boýnuna «Merhumlaryň kitabynyň» doly golýazmasyny goýdular. Merhumyň bedeniniň her bir bölegi doga-dilegli talas bilen saralyp, tumarlar dakylyp, hudaýlaryň ýurdunda baş alyp çykar ýaly, öwüt-nesihatdan ýüki ýetirilenden soňra, gezek oňa şol ýurduň derwezelerini açjak resminama ýetdi. Sebäbi merhumyň mazary bilen asmanyň aralygynda Osirisiň ýolbaşçylygynda kyrk iki sany ýowuz kazy garaşyp, oň Zemin ýüzünde nähili ýaşandygyna seretjekmişin. Diňe adalatyň ähli terezisinde çekilip görlen merhumyň ýüregi hakykat hudaýynyňka deň gelse, merhumyň eden işlerini jedwele ýazýan hudaý Tot olary haýyr işler diýip tassyklasa, diňe şonda Gor kölegäniň elinden tutup, Osirisiň tagtyna alyp gitjekmişin. Şeýle bolansoň, merhum kazylaryň alnynda özüni aklap biler ýaly, mumyýanyň tobasy doly ýazylan papirusa dolanmagy zerur. Mumyýa şol resminama dolanýan mahalynda merhum hiç zady ýadyndan çykarmaz ýaly, žresler ony aýdyň, düşnükli okaýarlar: «Hakykatyň hökümdary, size hakykaty beýan eýleýärin. Men kasamy bozup, hiç bir adama zyýan ýetiren däldirin. Öz golaý adamlarymdan hiç birini betbagt eden däldirin. Hakykatyň öýünde paýyş hem-de ýalan sözlemegime ýol beren däldirin. Ýamanlyk bilen dost bolan däldirin. Özümem kişä ýamanlyk eden däldirin. Ýurduň hökümdary, men öz tabynlygymdaky adamlary güýçýeterden artyk işlemäge mejbur eden däldirin. Hiç kim meň günäm bilen gorkak, maýyp, syrkaw ýa-da betbagt bolan däldir. Men hudaýlar özümden ýüz öwrer ýaly, gabahat iş eden däldirin. Gula jebir eden däldirin. Ony açlyk bilen surnukdyran däldirin. Gözýaş dökmegine sebäp bolan däldirin. Ganyna galan däldirin. Birini ganhorluk etmäge iteren däldirin. Ýalan sözlän däldirin. Ybadathanalaryň emlägine el uran däldirin. Sadakalardan gelýän girdejileri azaldan däldirin. Mumyýalaryň çöregini we biline baglanan guşagyny ogurlan däldirin. Öz ýanymdaky žres bilen günä iş eden däldirin. Oň mülküni elinden alan däldirin, ýerini azaldan däldirin. Galp terezileri ulanan däldirin. Wagşy haýwana mahsus hereketleri eden däldirin. Körpejäni ejesiniň gujagyndan aýran däldirin. Sadaka bermek üçin, biçäre guşlary tor bilen tutan däldirin. Derýänyň daşmasyna zyýan ýetiren däldirin. Nowhanalaryň akymynyň ugruny üýtgeden däldirin. Hudaýlaryň özlerine niýetläp goýan sadakalaryny ogurlan däldirin. Men arassadyryn...Menarassadyryn...Men arassadyryn...»21 Merhum «Merhumlaryň kitaby» arkaly bakylygyň ýurdunda özüni nähili alyp barmalydygyny, bar zatdan ozal hem, kyrk iki sany hudaýyň kazylarynyň alnynda özüni nähili aklamalydygyny bilenden soň, žresler oňa kitabyň ähmiýetini düşündirýärdiler. Şoň üçin hem, faraonyň ýap-ýaňyja taýýarlanan mumyýasynyň daşyna üýşüp duran mumyýalaýjylar gitdiler we ol ýere «merhumlar şäheriniň» baş žresi geldi. Ol merhumyň gulagyna: «Bilgin, şu kitaby özleşdirseň, sen dirileriň kowmundan bolarsyň hem-de hudaýlaryň arasynda aýratyn täsirden peýdalanarsyň. Bilgin, şu kitabyň kömegi bilen, saňa garşy bolmaga, päsgel bermäge hiç kim ýürek edip bilmez. Öz toparyna goşansoňlar, seni gujaklamaga hudaýlaryň özleri geler. Bilgin, şu kitap saňa ozalbaşda näme bolandygyny gürrüň berer. Hiç bir adam ony sesli okan däldir, hiç bir göz gören däldir, hiç bir gulak eşiden däldir. Bu kitap — hakykatyň özüdir, ýöne muny hiç kim hiç wagtda bilen däldir. Goý, ol diňe sen arkaly hem-de ony saňa maslahat beren kişi arkaly äşgär bolsun. Sen oň manysyny tirmek üçin öz hakydaňdan ýa-da göz öňüne getirmäňden haraý isleme. Ol diňe merhumlar mumyýalanylýan dälizdeýazylýandyr.Bu beýik syr bolup, jahan ýüzündäki ýönekeý adamlaryň hiç birine mälim däldir. Bu kitap ruhlaryň başlangyç ýurdunda seň iýmitiň bolar, seň ruhuňa Zeminde bolmaga mümkinçilik berer, baky ömür eçiler hem-de hiç kim seň üstüňdenagalyk sürmez ýaly eder» 22diýip pyşyrdady. Faraonyň jesedini gymmatbaha eşiklere doladylar, ýüzüne — altyn nykap, döşünde gowşurylyp goýlan ellerine ýüzük, bilezik geýdirdiler. Kellesiniň aşagyna piliň gyýagyndan ýasalan, müsürlileriň ýassyk hökmünde ulanýan diregini goýdular. Iň soňundanam jesedi ýazgy bilen örtülen papirusdan, altyn çaýylan kedr agajyndan we mermerden ýasalan üç tabytda ýerleşdirdiler. Olaryň başky ikisiniň ululygy merhumyň göwresine laýykdy. Hatda agajyň ýüzüne oýulyp edilen ýüzi hem meňzeşdi, ýöne ýylgyrýardy. «Merhumlaryň şäherinde» üç aý ýatan faraonyň mumyýasy dabaraly jaýlanylmaga taýýardy. Onsoň ony yzyna — patyşanyň köşgüne alyp gaýtdylar. BÄŞINJI BAP Faraonyň aşgardan doýgun suwda ýatan keramatly jesedini hatyralap, Müsür ýetmiş günläp ýas tutdy. Ybadathanalar ýapyldy. Her hili dabaraly ýörişler bes edildi. Sazyň sesi ýatdy, şady-horramlyklar, meýlisler tamam boldy. Tansçy zenanlar legzebana öwrüldiler, olar tans etmegiň deregine gözýaş döküp, saçlarynypenjelemek arkalygazanç edýärdiler. Ilat şerbet içenokdylar, et iýenokdylar.Ýokary wezipeli adamlaryň egni köne-küşül eşiklidi, aýaklary ýalaňaçdy. Žreslerden gaýry hiç kim başyny syrdyranokdy. Has yhlaslylar-a hatda ýuwnanokdylaram, olar ýüzlerine hapa çyrşap, depelerinden gum sowurýardylar Ortaýer deňzinden ilkinji Nil şaglawudyna çenli, Liwia çöllüginden Sinaý ýarym adasyna çenli ümsümlik, gaýgy-hasrat höküm sürýärdi. Müsüriň Güni ýaşypdy, öz hyzmatkärlerine şatlykdyr ömür eçilen hökümdar olary terk edip, Günbatara gidipdi. Ýokary jemgyýetdegürrüň, hatda tebigata-da täsirini ýetiren umumy gynançdan başlanyp, şoň bilen hem tamamlanýardy. Bir ýokary wezipeli adam beýlekisine: — Sen günler gysgalyp, derrew garaňkyraýandygynaüns berdiňmi? — diýip habar gatýardy. — Hawa. Meň boýun alasym gelmesede, ýöne bu hakykat. Men hatda gije asmanda ýyldyzlaryň azdygyna-da, dolan Aýyň uzak saklanmandygyna-da, täze dogan Aýyň bolsa adatdakysyndan has ýagty saçandygyna-da üns berdim. — Çopanlar öri meýdandaky mallaryň hiç zat iýmän, diňe mäleşip durandygyny aýdýarlar. — Men bolsa hökümdaryň ýasyny tutýan ýolbarslaryň et iýmekden ýüz öwrüp, indi öz awlaryny kowalamaýandygyny awçylardan eşitdim. —Çekip-çydardan çökder günler! Agşam meň ýanyma aýlan, hamr gaýnadyjym degsin suwuny oýlap tapypdyr, bileje degsin edip, uraly... — Bilýän.Megerem, gara Sidon hamry bolsa gerek? — Hudaýlar biziň bilen deň bolmawersinler!Şeýle wagtda şady-horramlyk. Meň hamr gaýnadyjymyň oýlap tapan zady aslyndahamr däl-le...Men-ä ony müşkden hem-de hoşboý ysly ot-çöplerden taýýarlanan şerbede meňzederdim. — Biziň hökümdarymyz howasyna müşkdür mumyýa melhemleriniň ysy ornan «merhumlaryň şäherinde» bolýan wagty tüýs ýerine düşjek içgi. Baý adamlar ýetmiş günläp, ine, şeýdip ýas tutdular. Hökümdaryň jesediniň erginden çykarylandygy, mumyýalaýjylardyr žresleriň eýýäm dessury berjaý etmäge girişendikleri hakdaky „merhumlar şäherinden“ gelip gowşan habar hemmäni şatlandyryp hem-de tolgundyryp, göz açyp-ýumasy salymda tutuş Müsüre ýaýrady. Şol gün adamlar ilkinji gezek ýüzleriniň hapasyny ýuwdular, saçlaryny syrdyrdylar, suwa düşdüler. Dogrudanam, indi ýas baglap ýörere esas ýokdy: Gor Osirisiň jesedini tapypdy, Müsüriň hökümdary mumyýalaýjylaryň sungaty, žresleriň doga-dilegleri we «Merhumlar kitabynyň» kömegi arkaly hem-ä gaýtadan ömre eýe bolupdy, hem-de hudaýlara deň bolupdy. Aradan çykanynyň yzysüre resmi däl Osiris diýlip atlandyrylan merhum faraon Meri-Amon-Ramses şu pursatdan başlap, resmi şeýle atlandyrylýardy. Müsür halkynyň dogabitdi şadyýanlygy gaýgy-hasratdan rüstem geldi. Aýratynam, esgerleriň, senetçileriň we daýhanlaryň arasyndaky şatlygy söz bilen beýan eder ýaly däldi. Eýýämden tutuş halkyň söýgüsini gazanan täze faraonyň daýhanlaryň, işçileriň, hatda gullaryň-da durmuşyny ýeňilleşdirmek isleýändigi baradaky „myş-myşlaryň“ nireden ýaýrap gaýdýandygy belli däldi. Ýurtda ozal görlüp-eşidilmedik zatlar bolup geçýärdi: garbanyşhanada oturan daş örüjiler, neçjarlar, küýzegärler ine-gana iýip-içip, öz hünärleri ýa-da maşgala ýagdaýlary barada gürrüň etmegiň deregine, diňe bir salynýan salgytlaryň batha basmarlaýandygyndan nägile bolmak däl, eýsem, žresleriň halys başyna gidendiginden zeýrenmekdenem çekinenokdylar. Daýhanlar bolsa işden boş wagtlary ne-hä doga okaýardylar, ne-de öten-geçenlerine degsin edýärdiler, başlary jem boldugy her kimiň az-owlak hususy ýeri bolsa we her ýedinji gün dynç alynsa, gowy boljakdygynyň gürrüňini edýärdiler! Esgerler, aýratynam, kese ýerli ýygynlar barada aýdyp oturasy zadam ýokdy. Ol adamlar özlerini saýlama topar saýýardylar ýa-da hä diýmän başlanmaly we şowly tamamlanmaly haýsydyr bir söweşden soňra şeýle boljakdygyna berk ynanýardylar. Oňa derek şäheriň daşyndaky mülklerde ýaşaýan häkimlerdir tanymal adamlar, aýratynam, dürli ybadathanalaryň baş žresleri faraonyň Osiris bolandygyna begenmeli ýaly bolsa hem, tersine, ýogalan hökümdaryň ýasyny has agraslyk bilen tutýardylar. Hakykatda, täze hökümdar henize çenli hiç kime ýamanlyk edenokdy. Häkimlerdir tanymal adamlaryň oda-köze düşmeklerine sebäp bolan zat diňe ýönekeý halky juda begendiren „myş-myşlardy“. Olary öz daýhanlarynyň ýylda elli günläp işsiz-pişesiz boljakdygy, has beteri-de, goý, adam jaýlaýmaly ýaly kiçijigem bolsa, ýeri hususyýetçilige aljakdygy baradaky pikir bimaza edýärdi. Žresler bolsa Ramses XIII-niň eýemsiräp ýörşüne ýüzleriniň ganyny gaçyryp syn edýärdiler, dişlerini gysýardylar we oň özlerine ýüz bermeýändigi üçin gahardan ýarylaýjak bolýardylar. Hawa, şa köşgünde uly öwrülişik bolup geçipdi. Faraon tas ähli otaglaryny diýen ýaly harby serkerdeler eýelän köşk ymaratynyň gapdalyndan goşmaça salnan jaýda ornaşdy. Ol ýerzeminde— ýunan esgerlerini, birinji gatda —saýlama goşuny, aýmançanyň boýy bilen uzap gidýän jaýda hem — hebeşileri ýerleşdirdi. Goşmaça salnan jaýyň töweregini azialylar goraýan bolsa, Ramses XIII bilen bilelikde çölüň içinden Tehennanyň yzyndan kowmaga gatnaşan esgerlerden ybarat atly goşun bölümi oň edil bolýan otagynyň ýanynda garawulçylyk çekýärdi. Munuň üstesine, oň merhemetlisi liwilileriň golaýda baş göterendigine garamazdan, olara ýene geçirimlilik edipdi, hiç kime temmi bermezligi buýrupdy. Dogry, uly köşkde ýaşaýan žresler şol ýerde galdyrylypdy we olar hormata mynasyp Semiň baştutanlygynda dini dessurlary berjaý edýärdiler. Ýöne indi faraonyň ertir naharyna-da, günorta naharyna-da, agşam naharyna-da gatnaşmaýandyklary sebäpli, olaryň iýmiti göz-görtele ýaramazlaşypdy. Keramatly kişiler özleriniň on iki neberäniň öten-geçen hökümdarlaryny we birgiden hudaýy höikman naharlamalydyklaryny ýatlatdylar, emma munuň peýdasy degmedi. Faraonyň ýüregindäkini aňan gaznaçy žreslere: «Hudaýlardyr ata-babalar üçin güller, hoşboý ysly ot-çöpler ýeterlik. Siziň özüňiz bolsa, gadyrly pygamberler, süňňi halallygyň emir edişi ýaly, arpa çöregini iýip, onuň üstünden suw ýa-da şerbet içmeli» diýip jogap gaýtardy. Soňra özüniň gödeksi delillerini berkitmek üçin, gaznaçy bütin ömrüni toba çekip ýaşaýan baş žres Semi, şeýle-de, öz harby serkerdeleri ýaly, esger gazanyndan naharlanýan faraony mysal getirdi. Ýagdaý şeýle bolansoň, köşk žresleri garasöýmez köşgi taşlap, ybadathanalaryň degresinde ýerleşen rahat gaçybatalgalaryna aşmagyň pikirini edip ugradylar. Şeýdilse, hem-ä borçlary ýeňlejek, hem-de garynlary dok boljak. Eger merhemede mynasyp Herihor bilen Mefres köşkde galmagy buýurmanlygynda, olar megerem, şeýle-de ederdiler. Ýöne täze hökümdaryň ýanynda Herihoryň ýagdaýy-da öwerlikli däldi. Ozal häli-şindi patyşa otaglaryna baryp bilýän, demi daş ýaran hökümet agzasy indi şäher daşyndaky öýünde ýalňyzlykda otyrdy. Oň täze faraony telim günläp görmeýän wagty bolýardy. Herihor öňküsi ýaly hökümet agzasydy, ýöne ähli harby işleri faraonyň özi çözensoň, ol indi hiç hili buýruk çykaranok diýen ýalydy. Kömekçileri faraon üçin harby geňeşden zerur bolan resminamalary alýardylar we harby serkerdeleriň maglumatlaryny faraonyň özi okaýardy, gümürtik meseleleri özi çözýärdi. Hormata mynasyp Herihory bolsa hökümdar diňe käýemek üçin çagyrýardy. Ýokary wezipeli adamlaryň hemmesi täze faraonyň köp işleýändigini islese-islemese ykrar edäýmelidiler. Ramses XIII Gün dogmanka ukudan oýanýardy, suwa düşmäge gidýärdi, ýa-da öýde päklenip, Osirisiň heýkeliniň öňünde hoşboý ys tütedýärdi. Soňra ýokary kazynyň, tutuş Müsüriň ammarlarynyň we mal saraýlarynyň baş mürzesiniň, baş gaznaçysynyň, iň soňundanam, köşge jogap berýän hökümet agzasynyň hasabatlaryny diňleýärdi. Bularyň soňkusy artyk kötek iýýärdi, sebäbi köşgi saklamagyň juda gymmat düşýändigini, köşkde juda köp adam bolýandygyny hökümdaryň oňa aýtmaýan güni ýokdy. Hakykatdanam, patyşa köşgünde merhum faraonyň birgiden çagaly ýüzlerçe aýallarydyr hyznatkärleri ýaşaýardy. Hökümdar häli-şindi gulagyny gazalap duransoň, köşge jogap berýän hökümet agzasy her gün ol ýerde mesgen tutanlaryň onlarçasyny çykarýardy, galanlaryna edilýän çykdajyny azaldýardy. Aradan bir aý geçenden soň, hanymlar gözlerinden ýaş döküşlerine, çirkin ses edişip, şa aýaly Nikotrisanyň ýanyna ylgaşyp bardylar we ogluna haý-küş etmegi özelenip ýalbardylar. Merhemete mynasyp ene dessine hökümdaryň ýanyna ugrady we oň alnynda ýüzin düşüp, öz kakasynyň aýallaryna rehimli bolmagy, olaryň mätäçlikden ölmegine ýol bermezligi haýyş etdi. Ony ýüz-gözüni egşidip diňlän faraon mundan beýläk tygşytlylygy bes etmegi köşge jogap berýän hökümet agzasyna buýurdy. Şol bir wagtyň özünde kakasy jaýlanandan soňra aýallaryň köşkdäki otaglardan çykarylyp, mülklerde ýerleşdiriljekdigini ejesine mälim etdi. Ol bu ýagdaýy: — Biziň köşgümizi saklamak üçin ýylda otuz müň talantdanam köp çykdajy etmeli bolýar. Bu bolsa tutuş goşuny saklandanam gymmat düşýär. Men özümi hem-de döwleti tozduryp biljek däl — diýip düşündirdi. Şa aýaly: — Bilşiňçe hereket et. Müsür — seňki. Ýöne kowlan köşk adamlary seň duşmanlaryňa öwrüler öýdüp gorkýan — diýdi. Faraon muňa jogap hökmünde sesini çykarman ejesiniň elinden tutup, ony penjiräniň öňüne eltdi-de, naýzalardan emele gelen tokaýy görkezdi. Ol hökümdaryň köşkde tälim öwredilýän pyýada goşunydy. Faraonyň sessiz hereketi ejesine duýdansyz täsir etdi. Şa aýalynyň gözýaşa dolan gözleri buýsançly ýalpyldady. Ol aşak eglip, oglunyň elinden ogşady-da, tolgunma bilen: — Sen, hakykatdanam, Isida bilen Osirisiň ogly! Men seni Hudaý aýala gowşuryp, gowy edipdirin. Ahyrsoňy Müsürde hakyky hökümdar döredi!.. — diýdi. Şondan soňra merhemeli hanym kimdir biriniň arkasyny tutmakçy bolup, oglunyň ýanyna haýyş bilen barmady. Özlerine hemaýat etmegini soranlara: — Men oň merhemetlisiniň hyzmatkäri, size-de oň buýruklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi maslahat berýärin. Sebäbi oň ähli hereketler Hudaý tarapyn. Hudaýlara bolsa kim garşy durup biljekmişin! — diýip jogap berdi. Faraon ertirlik naharyny edinenden soňra, harby geňeşiň we gaznaçylaryň işi bilen meşgullanýardy, günortan sagat üçde bolsa nökerler bilengurşalyp, Memfisiň daş-töwereginde goş ýazdyran ýygynlaryň ýanyna ugrardy, türgenleşigi nähili geçişlerini synlardy. Iň uly özgerişler döwletiň harby işlerinde bolup geçipdi. Faraon iki aýa ýeter-ýetmez wagtda bäş sany täze ýygyn döretdi, has takygy, öňki patryşalykda ýok edilen ýygynlary gaýtadan dikeltdi. Serhoşluk edýän, «oýun çöpi» oýnaýan, esgerler bilen ýaramaz gatnaşykda bolan serkerdeler boşadyldy. Ozal diňe žresler işleýän harby geňeşiň diwanhanasyna faraon has ukyply kömekçilerini belledi. Olar goşuna degişli resminamalardan baş çykarmagy çalt öwrendiler. Hökümdar harby gulluga degişli bolup, bireýýämden bäri hiç hili harby borçlary ýerine ýetirmän, hojalyk bilen meşgullanyp ýören erkekleriň sanawyny düzmegi emir etdi. Oglanjyklar üçin on iki ýaşdan başlap, täze serkerdeler mekdebiniň ikisini açdy; köne däbi – harby ýaşlaryň ertirlik naharyny diňe hatarlarda we nyzamlarda üç sagatlyk aýak düzülmeden soňra almaklaryny ýola goýdy. Iň soňunda hem, mundan beýläk harby bölümleriň obada durmagyny gadagan edip, olar diňe esgerhanada ýa-da ýörite niýetlenen ýerlerde bolmalydy. Her bir ýygyn üçin okuw meýdançasy bölünip berildi.Esgerler şol ýerde uzynly gün ýa-ha daş zyňýardylar, ýa-da ýüz-iki ýüz ädimlikdäki nyşana ýaýdanpeýkam atýardylar. Şeýle-de maşgaladaky harby borçly erkek göbeklileriň hemmesiniň tertip-düzgünli goşunyň serkerdeleridir ýüzbaşylarynyň ýolbaşçylygynda daş zyňmakda türgenleşmelidikleri hakda görkezmede berildi.Ramses XII aradan çykandan iki aý geçenden soňra Müsür harby düşlege meňzedi. Hatda henize bu güne çenli emeldar, žres bolup oýnaýan obaly we şäherli çagalaram ululara öýkünip, esger bolup oýnap ugradylar. Ähli meýdançalarda, ähli baglarda daň atandan Gün batynça daşlar, peýkamlar ses edýärdiler, bedenlerine şikes ýeten adamlardan kazyýete gelýän arz-şikaýatlaryň yzy üzülenokdy. Müsüri tanar ýaly däldi. Ýas tutýandygyna garamazdan, täze hökümdar sebäpli gaýnap joşýardy. Faraon bolsa tutuş döwletiň öz emrini ýerine ýetirişine buýsanýardy. Ýöne basym ony aýňaldyran ahwalat bolup geçdi. Mumyýalaýjylaryň Ramses XII-niň jesedini aşgarly erginden cykaran güni, adatca bolşy ýaly, oň ýanyna hasabat bermäge gelen baş gaznaçy: — Men-ä nätjegimi bilýän däldirin...Biziň gaznamyzda bary-ýogy iki müň talant bar, merhum hökümdary jaýlamak üçin bolsa azyndan müňden talant zerur... — diýip mälim etdi. — O nähili iki müň? — diýip, faraon geň galdy. — Men döwleti dolandyrmagy ele alan günüm sen ýigrimi müň talant bardygyny aýtdyň ahyry! — Biz oň on sekizsini sarp etdik. — Iki aýyň içindemi? — Çykdajymyz uly boldy-da... — Dogry — diýip, faraon jogap gaýtardy. — Ýöne salgytlar her gün gelip gowuşýar ahyry. — Näme üçin beýle bolýandygyny bilemok, salgytlar meň çak eden mukdarymda gelenok. Muň üstesine, indi öňki pullaram ýok...Siziň merhemetliniň rugsat etmegi bilen, biziň täze bäş sany ýygynymyzyň bardygyny aýdaýyn. Diýmek, sekiz müňe golaý adam hemişelik işlerini goýup, döwletiň hasabyna ýaşaýar. Faraon pikire çümdi. Birhaýukdan: — Täzeden karz almaly. Ybadathanalaryň bize karz pul bermekleri barada Herihor hem-de Mefres bilen gepleş — diýdi. — Men eýýäm gepleşdim...Ybadathanalar bize hiç zat bermeýär. — Pygamberler öýkeläpdirler-ow! — diýip, faraon ýaňsyly ýylgyrdy. —Ýagdaý şeýle bolsa, butparazlara ýüz tutmakdan başga alaç ýok. Meň ýanyma Dagony ýolla. Finikialy süýthor faraonyň ýanyna iňrik garalanda geldi. Ol hökümdaryň alnynda dyza çöküp, ýüzüne gymmatbaha daşlar tutulan altyn kubogy sowgat berdi. Dagon: — Men indi arkaýyn öläýsemem boljak: merhemetli hökümdarym tagta geçipdir! — diýip gygyrdy. Faraon: — Ýöne ölmezden ozal maňa birnäçe müň talant tap – diýdi. Ýa-ha, hakykatdanam, demi agzyna gelip, ýa-da ýalandan şeýden bolup, finikialy: — Siziň merhemetliňiz, gowusy maňa Nilden göwher gözlemegi emir ediň. men-ä ölüp gideýin, meň jenabybam buýrulany bitirmek islemeýändigime müňkür bolmasyn. Ýöne...häzirki wagtda müňläp talant tapmak... —diýip jogap gaýtardy. — O nähili beýle bolýar? — diýip, Ramses XIII geň galdy. — Diýmek, finikialylarda meň üçin pul ýok-da, şeýlemi? — Siziň merhemetliňize gerek bolsa, özümiziňem, çagalarymyzyňam ganyny-da, janyny-da bereris, ýöne pul...Bize pul almaga ýer barmy näme?..Ozal ybadathanalar ýylyna on bäş ýa-da ýigrimi göterimine karz berediler, emma, siziň merhemetliňiz, entek mirasdüşer mahalyňyz Bubastyň etegindäki Hatorybadathanasynda bolanyňyz bäri žresler karz pul bermekden bütinleýboýun towlaýarlar. Olaryň elinden gelse, bizi edil şu günüň özünde Müsürden kowup çykarjak, diňe bir kowmagam däl, ählimizi gyryp çykjak. Wah-eý, biziň olardan ýaňa görýän günümizmi!..Daýhanlar özleri nähili isleseler, haçan isleseler, şeýle-de işleýärler...salgydy nähili makul bilseler, şonuň ýaly-da töleýärler. Birine taýak göterdiň bes — gozgalaň turuzýarlar, biçäre finikialy kazyýete ýüz tutaýsa hem —ýa-ha utulýar, ýa-da ummasyz pul tölemeli bolýar...Biziň basym bu ýerden «gaçan gutular» etmelidigimiz görnüp dur...— diýip Dagon zeýrendi. Ýüzüni bürjeşdiren Faraon:. — Men bu iş bilen meşgullanaryn. Kazylar size adalatly çemeleşerler... Häzir bolsa maňa bäş müň töweregi talant gerek— diýdi. — Biz ony nireden tapmaly, hökümdar? — diýip, Dagon gaýtadan ot aldy. — Siziňmerhemetliňiz, bize alyjylary görkeziň — biz diňe emriňizi ýerine ýetirmek üçin özümiziň tutuş mal-mülkümizi, gozgalmaýan emlägimizi, satmaga taýýar...Ýöne şol alyjylar hany? Biziň emlägimizi arzan bahadan satyn aljak, üstesine-de nagt tölemejek žresler bolaýmasa... — Tire, Sidona adam ýollaň. Bu şäherleriň hersiniň bäş müň däl-de,eýsem, ýüz müň talant karz bermäge güýji ýeter. — Tir, Sidon...Häzir tutuş Finikia assiriler bilen hasaplaşmak üçin altyndyr beýleki gymmatbaha zatlary ýygnaýar. Biziň ýurdumyzda eýýämden patyşa Assaryň ýollan adamlary byzbydyklaşyp ýörler.Olar eger biz her ýylda köp töleg geçirsek, patyşadyr emeldarlaryň bizi gysmak-ha beýlede dursun, gaýtam siziň merhemetliňizden hem-de Müsüriň medetkärlerinden alýan häzirki girdejimizden has artyk girdejini üpjün etjekdikleriniaýdýarlar... Faraonyň ýüzi agardy. Dişini gysdy. Birden hakydasyna bir zat gelen finikialy sözüniň üstüni ýetirmäge gyssandy: — Ýogsa-da, men nämüçin özümiň samsyk gürrüňim bilen siziň merhemetliňiziň wagtyny alyp durun-a? Bärde, Memfisde häzir knýaz Hiram gezip ýör ahyry! Ol size has gowy düşündirer, sebäbi Hiram — dana kişi, biziň şäherlerimiziň Ýokary geňeşiniň agzasy. Ramses janlandy. — Hä, şeýlemi! Çagyr, çagyr bäri, Hiramy!..Sen bolsa men bilen pul saklaýan edaranyň ýolbaşçysy däl-de, edil ýas ýerindäki hakyna tutulan aýal ýaly aglap gepleşýärsiň — diýip jogap gaýtardy. Finikialy maňlaýyny ýere urdy-da, ondan: — Sarpaly Hiram bäri häzir gelse, nähili bolarka? Dogry, wagt giç, ýöne ol žreslerden juda gorkansoň, Size bolan çuňňur hormatyny gije bildirmegi makul bilerdi — diýip sorady. Faraon dodagyny dişledi, ýöne ylalaşdy. Ol hatda Hiramy köşge gizlin girelge bilen getirer ýaly, Tutmosy Dagon bilen ugratdy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |